22:23 Meniñ "ýazyjy" bolşum / satiriki hekaýa | |
MENIÑ "ÝAZYJY" BOLŞUM
Satiriki hekaýalar
Dynç alýaryn. Edere iş ýok. Nämä güýmenmeli? Ýa ýöne ýatmalymy? Mümkin däl. Adam hereketde bolsa ýagşy. Ýogsam, bilip bolmaz, içiñi ýag tutýar. Hawa, men oýlandym, oýlandym. Hiç bir alaç tapybilmän, şu günki gazete sereden boldum. Gazetiñ eýlesine-beýlesine göz aýlamda, "konkurs" diýen ýazgy ünsümi çekdi. "Iñ gowy romanlar üçin bäş müñ manat" diýen setirleri okamda, hasanaklap galanymy-da duýmadym. - A-how, tapdym! Nämedir bir işe gümra bolup oturan aýalym Gülje hem maña ýaltaklady: - Wiý, näme tapdyñ? - Ýazyjylygy. - Ýazyjylygy?! Waý, eje jan-eý, o näme diýdigiñ? - A-how, heleý, sen bi zatlara añsat düşünmersiñ. Düşünjek bolsañ, birneme kelleli bolmaly. Hälki bi, men kitap ýazjak... Aýalym elindäki işini taşlap, barmagyny agzyna ýetirdi. - Wa-ýeý, ikitap ýazaýjakmy sen? - Weý, ýogsam näme? Kitap ýazmasañ, il saña ýazyjy diýmez. A-how, bi zatlara düşünmek gerek. - Eje jan-eý... şeýdäýseñ-ä uly abraý bordy saña. Ýöne nädip ýazjak, gyw, sen? Aýalymyñ sözleri meniñ temegime ýel berip, dik göwrämi hasam dikgertdi: - A-how, nädip ýazarlar? Häki bir, birneme kelle gerek, kelle. Hymm-m... seret, bi gazete: bir kitaba bäş müñ, hawa, hawa, bäş mîñ manat düşýämiş. - Eje jan-eü, bi-ýä asyl ýöne pul oguşýa! Ikitap ýazsañ, bäş müñ beräýerlermikä? - Ýýak, muñ aýdýanyna sered-ä! Bermeseler, şü gazete ýazarlarmy, heý? - Wa-ýeý , bi-ýä asyl... Şonça puly alaýsañ, "Žiguli" edineris, ä? - Işşallasa. Hökman... Men bu gepleşikden soñ aýalyma: "Maña adam ogly päsgel beräýmesin" diýäge-de, myjman jaýyma geçdim. Ullakan mahmal ýassyga ýaplanyp, gözel halyñ üstünde goýdum kagyz-galamy. Näme hakynda ýazmaly?.. Geçmiş baradamy?.. Ýa-da geçen uruş hakyndamy?.. Wah, okuw kitabyny okan bolaýmasam, geçmişden-ä bilýän zadym ýok. Uruş hakynda-da iki ýerde kino gören bolaýmasam, walla... Men ýazjak zadymy bilebilmän jaýyñ içine ser saldym. Päheý, ýazjak adama sähelçe zadam sebäp ekeni. Hut mundan ýigrimi ýyl öñ är-aýal bolan uçurlarymyzda aýalymyñ bileje düşen suraty meniñ döredijiligime şaýol açaýdy. Daşymdan batly seslendim: - Söýgi-i!.. Men ünsümi surata berip, kellämi pitikledim. Göwnüme bolmasa, geçilen ýol janlandy. Ilkinji duşuşyk. Ilkinji posa... Arman, aramyza Garaçomag-a düşmändi, Babahan-da ýakamyzdan tutmandy. Artykdyr Aýna bolubam gaçmandyk. Galyberse-de, men urşa gitmändim, aýalym-da zar-zar aglap saralmandy. Ana, onsoñ gözümiñ alnynda "Nätmeli?" diýlen sorag alamaty dikelip durdy. Oýlansañ, tapylmaýan zat ýok, how! Hamala, özüm-ä urşa gidýänmişim, aýalymam: "Tiz gel!" diýip, aglap galýarmyş. Bela-beter uruşdan uruşdan eýdip-beýdip galan bir zaññar bolsa aýalyma azar ýamanyny berjek bolýarmyşyn. Emma aýalym özüniñ beýik watançylygyny görkezip, şo näkesiñ ýüzüne tüýkürýärmiş... Gör, how, meniñ fantaziýamy! Şü zatlary ak kagyza geçiribilseñem, goçak kitap boljak, how! Ýylda bir roman çyrşaýan ýazyjysumaklañkydan-a oñat bor bi. Onsoñam, häki bäş müñ... Şundan soñ elimdäki galamyñ öz-özi ýazyberdi, ýazyberdi. Bir sagat geçdi, iki-üç sagat geçdi. Birneme kagyz-a münderlendi. Indi ýazmany goýup, kellä dynç bermeli. - A-how, Güljäm, gök çaý dem-le-e!.. Buýruk şo bada berjaý edildi. Aýalym meniñ öñümdäki petde-petde kagyzlara äñedip, ýyljyraklady. Diýmek, oñam menden göwni hoş ýaly. Men ajy gök çaýy endamyma siñdirip, burçak-burçak derläp, ýene galama ýapyşdym. Bir sagat, iki sagat, üç sagat... - Bä, bolsa-da, ýadatdy-ow... Men ýerimden galamda, gözlerim awuşap durdy, kellämem edil ýenjilen ýalydy. Endamym-da gurşupdyr. Indi, walla, roman ýazmak mümkin däl. Kelläni sazlamaly. Daşary çykdym. Gör, how, wagtyñ çalt ädimläýşini! Roman ýazmaga başlanym-a ertir guşlukdy, eýýäm zyñylan pökgi deý Gün ýere gaçyp barýar. Ajaýyp ýaz!.. Ikindinara hasam ajaýyp bolar ekeni. Işikdäki almadyr-u-erikleriñ gülleriniñ görki diýjekmi, ysy diýjekmi, baý-baý, täsin-ä. Ýöne bu görnüş ne kellämi durlady, ne-de ünsümi çekdi. Emma baglaryñ astynda ýalpyldap duran ýaz suwy meniñ huşumy birdemkä garyş boýluja, dykyzja, özüne-de ýañky dury suwa çalym edýän suwluja "akmämmedi" getirdi. Elbetde, "Özi daýaw, pälwan kişi bolsa-da, işini görüpdir bir garyş çüýşe" diýip, bir şahyryñ aýdany ýadyma düşse-de, elimi şo bada kisä urdum. Kisämde it uwlaýar. - Heleý, aç banky! Yzymdan güjük kowalaýan ýaly, hasanaklap gelşime aýalym howpurgady öýdýän: - Wa-ýeý, saña näm boldy? Döredijilik adamy nerwli edýän bolara çemeli, sesim zarply çykdy: - A-how, p-pul äber diýýän saña! - Waý, näme etjek? Şeýle soragdan soñra heý-de, özüñi "normalnyý" saklap bormy? - Hýek, diýsänim... Sen meñ ýazyjy boljak bolýanymy bileñokmy? Näçe gezek aýtmaly, how! Haçan señ kelläñ meñki bilen deñ işlär?! - Men sesimi kem-kemden peseldip, elimi hereketlendirip, aýalyma düşündirdim. - Ýazyjylañ aýratyn kagyzy üçin-ä... bi häki on manat gerek. Äriñ bäş müñ manat alyp, ýazyjy bolmagyny isleseñ, ýene ho-ol hat ýazýan näm-aý... şo maşynka üçinem, bilýämiñ, ş-şunça pul... Hymm... aý, ony soñ alaýarys. Ýöne şüpille on bir manady al bäri! Aýalym dodagyny gyşardyp, puly göwünsiz uzatdy: - Haý, näbileýin-dä, bäş müñi saña mugt beräýsleri ýok-la. - Eýýämden gohuñ şu bolsa... - Ýeri, ýeri, sen meñ gohuma däl-de, kitap ýazyşyma seret - diýip, men ýeñsämi öwürdim-de, magazine düñk ýasadym. Ýarym sagatdan hemmesi taýýar boldy. Kagyz-galamyñ gapdalynda "akmämmedi" düñküldedägetdin goýamda, gelşäýdi bir hili. Hany, indem bir kelle durlanmasyn! Nädersiñ şu gün agşam bir kitap taýýar bolaýsa! Ýazmak üçin, baý-buw, ilki ruhuñ gökde gezmeli, keýpi köklükden ýyldyza toýnak salmaly. Onam etjek bolsañ, elbetde, içäýmeli. Goý, arak barada "Ak bolsa-da, burny gyzyl, abraýy gara eder" diýseler diýibersinler. Bu sözler medeniýetli içmäni oñarman, bir garyş çüýşeden ýeñilýän ysnatlara degişlidir. Asul akgañlar ýaly roman ýazýana... Men bir bulgury içdim. Bu diñe gözi ýaşardyp, içimi çürüşdirdi. Nepi degmedi. Ikinjini göterdim. Güýji bar ýaly, kelle az-kem sämedi. Emma ýazan romanymyñ gahrymanlarynyñ uruşda aýralyga sezewar boluşlary onçaklu huşa gelmedi. Belki... Men ýaýdanyp durman, üçünji bulgury-da aşgazana ýolladym. Älhepus, zor-a bar-ow! Asyl daýaw kişiler ýöne ýerden ýeñilmeýän ekeni mundan. Elim sandyrap, töweregim hiññildik uçup ugrady. Elimdäki galam ekize döndi. Alla bilsin, dördünji-bäşinji bulgurlar nädip gitdi aşgazana. Meniñ çilim çekesim gelýär. Sermenekläp, çilimi tapdym. Otlandym. Ondan birki gezek sorup, nämedir bir zadyñ üstünde goýdum. Soñra... ...Soñra kimdir biri meniñ ýazýan romanymy otlajak bolýa. "Bäş müñ manady ber-de, otlaý" diýýän. Emma o görip zaññar maña ha-ha-haýlap: "Tapdyñ bi ýerde oýnatgyñy! Haýay bir çyrşan zadyña..." diýägetdin, kitaba topulýa. Päheý, beýle-de bir içigara bor-ow. Şeýle bir nerwim tutdy, şeýle bir... Walla, elime ilen zady aýlap zyñdym. Gulagyma aýal maşgalanyñ: "Waý!" diýen çirkin sesi bilen nämedir bir zadyñ pagşyldysydyr şaññyrdysy eşidildi. Gözüme bolsa... Päheý, çyn oguşýa, o zaññaryñ romanymy otlajak bolşy... Men hasanaklap, gyzyl ot bolup ýanýan kagyzlary bagyrtlap basdym. Özümem uly ilim bilen: "Ýakdyrman!" diýip gygyrýan. Emma agyr göwräm arkan agdy. Üstüme pagşyldap suw döküldi. Agzyma-burnuma ajymtyk tüsse ýerine indi suw girdi. Sowuk suw meni özüme getirdi. Geñirgenip, töweregime esetdim. Aýalymyñ gapdalynda çagajyklarym bilen iki goñşym dur. Bi nä boluş? Üsti-başym gap-gara, ýanan kagyzlar bolsa pytraşyp ýatyr. Kim otladyka?! Kim?? Hä... Eý, Alla! Bi bolýan zatlara serediñ-ä! Kagyzyñ üstünde otly çilimi goýup, tasdan öýümi otlapdyryn. Iñ ýamanam, "romanymy" otlajak bolýan kişä aýlap zyñan çüýşäm aýalymdan sowa geçip, tördäki şifonýere degipdir, aýnasynam kül-pagyş edipdir. Men bu zatlaryñ hem huşda, hemem düýşde bolandygyny bilemden soñra, dogrusy, ýere girmäge hyýal etdim. Gör, how, bir garyş "pälwanyñ" güýjüni! Asyl men-men diýen daýaw kişiler ondan ýöne ýeñilmeýän ekeni. Meni köşeşdiren goñşularym: "Ýeldirgäpdir" diýdiler. "Az-kem ukusyny alsa, oñatlaşar" diýşibem, aýalymy rahatlandyryp gitdiler. Olar diñw bir zady bilmediler öýdýän. Olam bolsa häki... Aýalym ýaka ýyrtyp aglady: - Masgara! Señ ýazyjy bolşuñam şümi? Hawa, şu wakadan bäri men indi aýalymyñ öñünde ýüzügara. Şondan bärem men "ýazyjy" diýen sözi agzamaga utanýan. Hudaýa şükür, henizem meniñ "ýazyjylygym" diñe aýalyma mälim. Eger ulil biläýen bolsa, onda nähili bolardy?.. Amanny ATAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |