MERHUM ÜÇ GÜNDEN SOÑ DIRELDI
Hem şondan soñ ýene 14 ýyl ýaşady.
Ölüp-direlmäni başyndan geçiren zenan ýönekeý dükançy. Din barada pikir hem etmezdi. Onuñ işleýän dükanynyñ garşysynda ybadathana bardy. Şondan çokunyp çykanlary görende Klawdiýa "Haý, nadanlar!' diýip olary ýañsylardy.
Günlerde bir gün zenan agyr syrkawlady. Wraçlar onuñ inçe içegesinde ragyñ bardygyny anykladylar hem-de ony operasiýa etmeli diýen netijä geldiler.
Operasiýa mahaly Klawdiýa birden özüni bedeniniñ üstünde gezip ýören ýaly duýdy. Ol ilki özüne operasiýa edilişiniñ gidişini, soñra jesediniñ morga äkidilişini synlady. Wraçlar onuñ darka ýarylan garnyny doly tikip durman, käbir ýerini çatyp taşladylar.
Şu ýerde zenanyñ ogluna haýpy gelipdir. Ogly hakda oýlanypdyr welin, derrew şonuñ ýanynda peýda bolupdyr. Soñ ol özüniñ ölendigi hakyndaky şahadatnamany hossarlaryna gowşuryşlaryny görüpdir...
Birneme wagt geçenden soñ morgda işleýän onuñ jesediniñ ýanyndan geçende onuñ aýaklarynyñ reñkiniñ öliniñkä meñzemeýändigini görüpdir. Ol merhumyñ aýaklaryny elläp görüpdir ~ ýyp-ýyly. Ýañky hasyr-husyr wraçlara jañ edip: "Ahow, siziñ öliñiz direlipdir!" diýip gygyrypdyr. Wraçlar oña: "Sen azrajyk içmeli ekeniñ!" diýşip gülşüpdirler.
Ol trubkany ýerinde goýup, eýläk-beýläk gezim edip, ýene merhumyñ endamyny barlapdyr. Öli diýlip getirileniñ endamy ýylydy. Ýañky ýene wraçlara jañ edip: "Merhumyñyz, hakykatdanam, direlipdir" diýip habar beripdir.
Şundan soñ wraçlar bärik gaýdypdyr. Olar "serhoşuñkynyñ" dogrudygyna haýran galypdyrlar. Klawdiýany operasiýa edilýän ýere çykarypdyrlar hem-de onuñ garnyny ile meñzeş tikipdirler.
Klawdiýa Ustýužaninanyñ ölendigi hakyndaky hat saklanyp galypdyr. Wraçlar onuñ keseliniñ taryhynda zenanyñ inçe içegesiniñ operasiýa edilendigi, operasiýa mahaly kliniki ölümi başdan geçirişi barada hem ýazypdyrlar.
Wagtyñ geçmegi bilen Ustýužanina Barnauldan Wladimire göçüpdir. Onuñ ogly şol ýerde dini seminariýany we akademiýany gutarypdyr. Ol häzir ruhany. Andreý Ustýužanin öz ejesi barada şeýle gürrüñ berýär:
- Hawa, ejemiñ ölüp-direleni hakykat. Ejemiñ ruhy bedeninden çykyp, özüniñ şu dünýädäki durmuşy bilen baglanyşykly ýerlere aýlanypdyr. Soñ bütinleý nätanyş ýere düşüpdir. Ol nur saçyp duran derwezelere tarap alyp barýan göm-gök öwüsýän künjege ýetipdir. Birdenkä-de ejem özüne tarap gelýän syrdam boýly görmegeý zenany görüpdir. Nätanyş aýalyñ uzyn garamtyl eşigi barmyş. Ýanynda-da ýüzi mähir-muhabbetli ýetginjek durmuş.
Zenan ejemiñ ýanyna gelip, gabaklaryny galdyryp, şeýle diýipdir: "Tañrym, muny nirä äkitmeli?". Şol wagt Biribaryñ sesi eşidilipdir: "Ony yzyna iberiñ. Ol wagtyndan öñ ölüpdir".
Ejem üç günläp öli ýatypdyr. 1964-nji ýylyñ 19-njy fewralynda aradan çykyp, 22-nji fewralynda-da direlipdir. Men öñ ýanyndaky gün ejem bilen hoşlaşypdym. Ertesi gün çagalar bagynda uly topara gatnaýan oglanjyk ýanyma gelip, maña barmagyny çommaltdy-da: "Muñ ejesi ölüpdi, indem direlipdir" diýdi. Şu wakany hiç haçan unudyp bilemok.
Ölüp-direlenden soñ ejem birnäçe günläp töweregindäkileri, şol sanda meni-de tanamady, ýöne o dünýäde özi bilen baglanyşykly bolup geçen wakalary welin, birin-birin aýdyp bilýärdi.
Birnäçe aý geçenden soñ ejem özüni täzeden operasiýa etdirdi. Operasiýa geçenden soń wraç ejemiñ inçe içegesinde raga çalymdaş alamatyñ adynyñ-da ýokdugyny aýtdy. Şundan soñ ejem özüni başky operasiýa eden hirurgyñ ýanyna gitdi. Ejem ondan: "Siz nädip ýalñyşyp bildiñiz?" diýip sorapdyr. Hirurgam oña: "Bärde hiç hili ýalñyşlyk ýok. Ragyñ degen ýerini gözüm bilen gördüm, kömekçilerimem gördi. Analizem şuny tassyklady. Biz senden bir ýarym litr iriñ çykardyk..."
Şundan soñ ejem on dört ýyl ýaşady. Özem ýaman hudaýhon boldy. 1978-nji ýylda-da dünýäden ötdi. Ejem ýüregagyrydan gitdi...
Taryhyñ gatlaryny dörseñ-de, bir esgeriñ on iki günläp ölüleriñ dünýäsinde bolup gelendigi barada aýdylýar. Häzirki zaman meşhur amerikan alymy Moudi 4.000 müñ adamyñ kliniki ölümden soñky ýagdaýyny derñedi. Onuñ tejribesi beýleki döwletlerde-de gaýtalandy. Netijeler birmeñzeş geldi. Şulardan çen tutsañ, ölüp-dirilmegi geñläbem durmaly däl. Megerem, bu gürrüñe "Biribarda gudrat kän" diýlip nokat goýulsa, ýerine düşer.
"Watan" gazetiniñ "Edep" sahypasy,
23.07.1998 ý.
Geň-taňsy wakalar