00:24 Meşhur režissýoryň şägirdi | |
MEŞHUR REŽISSÝORYŇ ŞÄGIRDI
Teatr we kino sungaty
Moskwanyň Satira teatrynyň meşhurlygyny aýratyn nygtap oturmaklygyň hajaty ýok. Muňa paýtagta gelen her bir adam göz ýetirip biler. Haýsy teatr kassasyna baryp, şu teatrda gidýän spektakllara bilet almakçy bolsaňyz: “Golaýdaky hepdäň ähli biletleri satyldy” diýen jogaby eşidersiňiz. Ozal şu ýerde bolup, “Tagtabit”, “Fenomenler”, “Onuň alyhezretleri” ýaly spektakllara tomaşa eden bolsaňyz, onda adamlaryň näme üçin bu teatryň her bir oýnuny görmäge howlugýandygyna göz ýetirerdiňiz, bu ýere gaýta-gaýta gelmäge höwesek bolardyňyz. Teatryň goýan her bir täze oýny döredijilik täzeçilligi, sahna obrazlarynyň bütewiligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde Anatoliý Papanow, Andreý Mironow, Mihail Deržawin, Spartak Mişulin ýaly belli aktýorlar zähmet çekýärler. Teatryň aristleriniň bir topary bilen tomaşaçylar mawy ekranda “On üç oturgyç” atly gepleşikde tanşan bolsalar, olaryň bir topary iň gowy sowet kinolarynda surata düşdüler. Eger diňe teatryň spektakllary hakda gürrüň etsek, onda teatryň baş režissýory, SSSR-iň halk artisti, SSSR-iň Döwlet baýragynyň laureaty Walentin Nikolaýewiç Pluçegi agzaman geçmek bolmaz. Teatr özüniň tomaşaçylarynyň arasynda meşhurlygy üçin, ozaly bilen, onuň göz öňüne getirişine, mydama ýumordan, täzelikden, gözleglerden dyňzap duran talantyna minnetdar bolmalydyr. Bular hakda ýaş türkmen ýigidi Rejepmyrat Kabulow heniz Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr sungaty institutynyň režissýorlyk fakultetinde SSSRiň halk artisti Iosif Mihaýlowiç Gumanowdan tälim alyp ýörkä bilýärdi. Okuwa başlan ilkinji ýylyndan bäri ol teatryň repertuaryndaky her bir spektakla, aýratynam Pluçegiň işlerine yzygiderli tomaşa edip gelýär. Uly sahna ussadynyň aktýorlar bilen işleýşi, göräýmäge könelişen pýesany “häzirki zamanlaşdyrmak” meselesini çözüşi Rejepmyrady özüne bendi edýärdi. Megerem, ol şonda Pluçegiň elinde tälim almaklygy ýüregine düwendir. Ýönekeý türkmen işçisiniň ogly üçin teatr ýoly ýeňil düşmeýär. Murgapda orta mekdepde okaýan döwürlerinden başlap, ol çeper höwesjeňler kružoklaryna garnaşyp başlaýar, ýygy-ýygydan Mara, Aşgabada gidip, teatrlarda gidýän oýunlar bilen tanşyp durýar. Onýyllygy gutaransoň, Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr sungaty institutyna girmäge synanyşýar. Okuwa girmegi ony SSSR-iň halk artisti Iosif Mihaýlowiç Gumanowyň huzuryna alyp gelýär. Režissýorçylyk fakultetinde okap ýörkä, oňa institutyň teatrynda goýlan oýunlara birnäçe gezek gatnaşmak miýesser edýär, paýtagtyň teatrlaryna baryp görýär, özbaşdak işlemäge taýýarlanýar. Ol öz diplom işi üçin Marynyň Kemine adyndaky sazly-darama teatrynda Ata Atajanowyň “Dost ýakynmy, dogan” pýesasyny sahnalaşdyrýar. Spektakl tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar, spesialistler oňa ýokary baha berýär. Rejepmyradam eli diplomly Daşhowuz teatryna režissýor bolup işe gelýär. Şeýdibem özbaşdak zähmet ýoly başlanýar, teatryň sahnasynda O.Akmämmedowyň “Kärsizleriň käri”, A.Gurbannepesowyň “Derňewçi-78”, T.Hojakgaýewiň “It gyrkýan hojaýyn” pýesalaryny sahnalaşdyrýar. Soň ony Sowet Goşunynyň hataryna çagyrýarlar. Moskwanyň eteginde gulluk edip ýörkä, her bir boş günleri komandirlerden soraşyp, paýtagtyň teatrlaryna, aýratynam Satira tetatryna gatnap ugraýar. - Walentin Nikolaýewiç bilen gürleşip görmekligi köp wagtlap ýüregimde besläp geldim. Ahyr bir günem harby eşikli onuň ýanyna bardym – diýip, Rejepmyrat Kabulow gürrüň berýär. – Biz esli wagtlap gürrüňleşip oturdyk. Ol durmuş hakda, öýümiz hakda, institutda okaýşym hakda soraşdyrdy. Döwrümiziň teatrynyň ol ýa-da başga ýagdaýlaryna meniň garaýşym, ozalky milli türkmen teatry barada soraşdyrdy. Bilimimi artdyrmak üçin öz ýanyna almagyny haýyş edenimde ol: “Gullugy gutaryp bärik gel, bizde-de iki ýyl işlärsiň” diýdi. R.Kabulowyň Satira teatryndaky şägirtlik wagty paýawlap gelýär. Ol W.N.Pluçegiň elinde tälim alan ilkinji türkmen ýigidi. Geçen ýyl ol öz halypasynyň ýolbaşçylygynda Çärjewiň sazly-drama teatrynyň sahnasynda Nazym Hikmet bilen Wera Tulýakowanyň “Kör patyşa” pýesasyny sahnada goýdy. Spektakl şu günlerem teatryň sahnasyndan düşmän gelýär. Okuw sagatlary yzda galdy. Indi diňe birnäçe ekzamen we “Sahna predmeti teatr sungatynyň täsir ediş serişdesi hökmünde” diýen temadan referat goramak hem-de A.Gulmämmedow adyndaky ýaş tomaşaçylar tetatrynda Rüstem Ibragimbekowyň “Gaplaňa meňzeş” diýen pýesasyny sahnalaşdyrmak, soňra bolsa Çärjewiň sazly-drama teatrynda özbaşdak zähmet ýoluny başlamaklyk galdy. Rejepmyrat Kabulow beýleki ýoldaşlary bilen Riga, Talinne, Wilnýusa gidip, teatrlarda goýulýan oýunlar bilen tanşyp gelýär. Men onuň mugallymy, SSSR-iň halk artisti Walentin Nikolaýewiç Pluçekden türkmen şägirdi barada birki agyz gürrüň bermegini soradym. - Kabulow sap ýürekli, zähmetsöýer, täzeligiň gözlegçisi. Onuň teatr temasynda ýüze çykýan käbir meselelere dogry çemeleşmegi maňa ýaraýar. Ondan gowy režissýor çykarmyka diýýän. Ýöne ýene-de arada Kabulowyň özüne aýdan sözümi gaýtalaýaryn. “özbaşdak işlemek, onda-da has kän işlemek gerek. Diňe zähmet seni kämillige ýetirer”. Men öz okuwçymyň Aşgabadyň teatrynda boljak premýerasyny göresim gelýär. Ýöne wagt tapsam, köp eşiden, gaýybana söýmäge ýetişen, güneşli respublikany görmäge hökman gelerin... – diýip, W.N.Pluçek aýtdy. Boris PARAMONOW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 08.07.1981 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |