15:51 Metal çabga / romandan bölek | |
M E T A L Ç A B G A / syýasy-fantastiki roman
Romanlar
1-nji bölüm. URUŞ BAŞLAÝAR 2007-nji ýylyň 23-nji maýy, sagat 00:10. Kerkugyň demirgazyk-gündogary. Tüm-garaňkylyk misli tebigatyň ýapynjasy ýalydy. Ümsümlige meýmirap ýatan gözýetimde hatda çyrlawuklaryň sesi-de eşdilenokdy. Bu ýerler Yragyň daglyk demirgazyk araçäkleridi. Çölüň gutaraňkyrlaýan ýerinde düzlükler we belentlikler bir-birine sepleşip gidýärdi, şapagyň çyzylyp başlamaly ýerindäki daglyk sebit tümlügiň içinde kölege ýaly salgym atyp durdy. Giň meýdanly düzlükleri aram-aram pessejik depeler kesip geçýärdi. Ýer üçinem, adam üçinem bu ýerler agyr şertli ýerlerdi. Gelejekde köp wakalary başdan geçirmeli dünýäniň kartinasyny görkezip duranam bolsa, erteki günüň gapma-garşylyklaryny içinde saklap durandygy welin, onçakly bildiribem duranokdy. Bu ümsümlik, dek ýaňy kiçijik bir galmagal zerarly bozuldy. Yzyndanam ol düzlükleriň aräçägindäki gaýalyk sebitde aşak togalanan harsaň gaýa daşlarynyň sesi we esger ädikleriniň gürpüldisi eşidildi. Esgerler ylgap diýen ýaly gaýanyň ýarygynyň içinden çykdylar we çaltlyk bilen aşak indiler. Olaryň eşiklerinden başga ýeri palçyga bulanan ýagdaýdady. Ýadawdylar. Eýýäm iki günüň içidir iň az möçberde iýmitlenmäge çalyşýardylar we häzirem öňlerinde duran uzak aralygy gerişlerindäki kyrk kilograma golaý ýükli ylgap geçmäge mejburdylar. Bir ýeňillikli tarapy eňaşaklygyna ylgamakdy, emma başga ýurduň iki kilometr öňdäki harby bölümine görünmezden bu aralygy geçmek ýeňil-ýelpaý iş däldi. On iki esgerden ybarat awangard-aňtawçy toparyň serkerdesi uly leýtenant Alper iň öňde çakganlyk bilen aşaklygyna ylgamaga başlady, onuň yzyna düşüp beýleki esgerlerem öňe atyldylar. Bularyň iki kilometr beýle-de dursun, ýüz metr aralykdanam bardygyny bilmek mümkin däldi. Garaňkylygyň içindäki kölegeler ýel ýaly ýüwürip depeden aşaklygyna gaýtdy, olar düzlüge düşensoňam birsalym ylgamagyny dowam etdirdi. Dişine çenli ýaraglanan harby bölüminiň ştabyna depeden dürbili esewan etdiler, olaryň bardygy bilinäýse, aman sypmaga hiç hili mümkinçilik ýokdy. Ýigrimi minut dowam eden ylgawyň yzyndan uly gaýanyň arkasyna seteran düzüldiler. Toparyň iň ekabyrragy we pulomýotçy Serdar gaýanyň yş düşýän ýerinden çenenip, didiwany öz gelen taraplaryna öwürdi. Uly leýtenant Alper bir dyzynyň üstüne çökdi. Rasiýany saklap duran esger onuň ýanyna gelen badyna şifrli habaryň sesini açdy: - Şahinden Baýguşa, boldy. Olar rasiýadan eşdilýän şygyrdyly sese birsellem gulak salyp durdular: -Şahinden Baýguşa, boldy. Uly leýtenant sabyrsyzlanmaga başlady. - Baýguşdan Şahine. Dowam ediň. Boldy. -Baýguş, Kerkugyň on bäş kilometr demirgazyk-gündogarynda 101-nji pyýada diwiziýa degişlidir öýdülen brigadanyň ululygyndaky harby birligiň merkezi ştabynyň koordinatlary anyklanyldy. “Howsala” komandasy berildi. Habar berýärin... - Baýguşdan Şahine. Sag boluň. Boldy. -Düşündim. Boldy. Alper bagry bilen süýşüp, dürbi bilen karargähe syn edip duran Uýgar atly esgeriň ýanyna geldi. Uýgar oňa dürbini uzadyp, eli bilen iki nokady yşarat etdi. Köne we ak reňkli bir agyr ýük awtomobili ştabyň derwezesinden geçip, uly edip gurulan çadyra tarap barýardy. Çadyra süsňäp giräýjek ýaly edip, edil onuň öňünde säginen awtomobiliň içinden eli ýaragly, boýny polizeýaly birnäçe adam çykdy. Uýgar: “Şular peşmerge* bolsa, kes kellämi!” diýip pyşyrdady. Alper oňa jogap bermedi. Soňky wagtlarda Kerkukda kürt däl ilata garşy hüjümler gitdigiçe artýardy. Ankaranyň duýduryş berlen ne kürt hökümetiniň ýanynda, ne-de ABŞ-nyň ýanynda täsiri galypdy. Amerikan hökümetiniň daşary syýasaty tutuşlaýyn rum, ermeni we ýewreý lobisiniň eline geçene meňzeýärdi. Kipr meselesi hem barha çylşyrymlaşýardy. Demirgazyk Yragyň bulaşmaga başlamagy we ol ýerdäki türkmenleriň bütinleý ýok edilme howpunyň döremegi netijesinde, Türkiýe birwagtlar bermekden ýüz dönderen harby kömegini göýä zoraýakdan bermeli bolan ýalydy. Bütin bu üýtgeşmelere goşmaça maglumat hökmünde gelip gowşan kontrrazwedkanyň habarnamalary bolsa, amerikan güýçleriniň Siriýa girmäge taýynlanýandygyna yşarat edýärdi. Esad hökümeti kyn ýagdaýdady. Syýasy kommentatorlar, belki-de, şu sebäpli ABŞ-nyň türk goşunynyň Demirgazyk Yraga girendigini göz ýummak bilen garşylandygyny aýdýardylar. Esgerleriň ümsümlige öwrenşen gulaklary siňňin gelýän bir sesiň bardygyny duýdy. Bu gitdigiçe ulalyp barýan titremedi. Uly leýtenant Alper birnäçe sekundyň içinde sesiň nämedigini anyklady. Onuň wertolýotdygy anykdy, ýöne ol şu duran ýerlerinden belli bir aralykda öz töweregini ýagtyldyp gelmelidi. Emma ne-hä yşyk, ne-de sudur görünýärdi. Birnäçe minutlap garaňkylyga tiňkesini dikip oturdylar, edil ot açmaga taýyn ýagdaýda duranam bolsalar, ýaraglaryny çenäp duran belli bir ugurlary ýokdy. Az salymdan soň ses uzaklaşyp başlady, emma bu sapar has uzakdan, has-da üýtgeşik sesler eşdilip ugrady. Uly leýtenant Alper pulomýotça has amatly ýerde ornaşmak barada görkezme berdi. Serdar dessine ýoldaşlaryndan bäş-on metr öňde duran harsaň gaýa daşynyň arkasyna ýerleşdi. Bir-birleri bilen ümleşjek bolup durkalar, nyşana alnan iki nokadyň arasy bir demde ýap-ýagty boldy, göýä ýyldyrym çakan ýalydy. Türk Deňiz Güýçleriniň motoatyjylyk brigadasynyň razwedka toparynyň esgerleri nämä uçrandyklaryny duýman galdylar, gözleri gapylan ýaly hiç zat saýgarybam bilmeýärdiler, gulaklaryna gelýän sesler göýä polat turbanyň içinden geçip gelýän ýalydy. Nämäniň bolup geçendigini hiç kim bilmän galdy. Pulomýotçy Serdar bilen beýleki esgerleriň arasyna güýçli partlama boldy. Partlamanyň yzysüre birnäçe ýüz metr öňdäki aýry-aýry nokatlardan ok ýagmaga başlady. Gijäniň garaňkylygyny böwsüp yzly-yzyna çawup gelen oklaryň sesi ümsümlik perdesini ýyrym-ýyrtyk edip taşlady. Alper gözüni açanda, dek ýaňy bolmaly ýerlerinden birnäçe metr öňde durandygyny gördi. Üstündäki egin-başy gara-köýükdi we ýyrym-ýyrtyk bolup sallanyşyp durdy. Ol diňe synasynyň käbir ýerinden gan akýandygyny duýýar diýmeseň, endamynda başga üýtgeşik agyry-yza ýokdy. Öň ýanynda ýerde ýüzin ýatan garantgalary gördi, käbiri dem-düýtsüz ýatanam bolsa, käbiri mejalsyz gymyldaýardy. Ýerinden turmaga hyýallandy. Başartmady. Mundan soň-a oňa daş-töweregini saýgarmak hasam kynlaşdy. Şeýle-de bolsa ol, gurşun gülläniň çawup giden yzlaryny gördi. “Ýaňky wertolýot esger getiren bolmaly” diýip pikirlendi. “Bular köp bolmaly”. Ýene-de wertolýot sesleri gelmäge başlady. Bu gezek sesler bir wertolýotyň sesinden köpdi. Göz açyp-ýumasy salymda irkilip ýetişen uly leýtenantyň öň ýanynda iniňi tisgindiriji gopgun çykdy. Ol adaty adama mahsus bolmadyk çakganlyk bilen dikeldi. Gaýanyň arkasynda bukulyp oturan Serdaram özüni dürsän bolarly, pulomýot gürlemäge başlady. Onuň eli dynman mäşäni gysýardy. Ok atylýan tarapa onlarça oky paýyrdadýardy. Serdar bir pursat gapdalyna bakdy. Uly leýtenant bilen gözi kaklyşyp, köp manyly ýylgyryşdylar. Alper “G-3”-ni ot açmaga taýýarlady we birnäçe gezekde ýaragyň magazinini garşydaş tarapa boşadanda soňra, ýere ýapyryldy. Wagtlaýynam bolsa duşmanyň ot açmasy kesildi. Ol mundan peýdalandy we rasiýaçy esgeriň ýanyna süýşüp ugrady. Rasiýaçy esgere seretdi, emma eline ilen zady görüp, aljyran ýaly etdi-de yza çekildi. Onuň ýagdaýy agyrdy, ok gyýçaklary boýnuny daraw-daraw edip dilipdi. Içinde jany barmy ýa ýokmy, o-da belli däldi. Rasiýany arkasyndan alyp ondan daşlaşdy. Az salym öň ot açanlar jemlenişip, bu gezek Serdary öldürmek üçin gülle ýagdyrýardylar. Uly leýtenant näme etjegini bilmedi. Serdar goragyny ykjam alandygy üçin gülleler oňa tär edip bilenokdy, emma çawup gelýän oklar daş-töweregi dowzaha öwrüp taşlapdy. Ol rasiýany işletmäge çalyşdy. Aragatnaşyk serişdesine ullakan bir zeperem ýetmändi, emma şygyrdyly sese iňlisçe gürleýän adamlaryň sesi garyşýardy. Uly leýtenant garşysyndaky amerikan esgerleriniň judagalagoply ýagdaýdadygyny duýdy. Dynman rasiýadan gygyryşýardylar: - Take’em out, take’em out! ** Uly leýtenant Alper rasiýadan merkez bilen aragatnaşyk gurmaga synanyşdy. Biraz wagt geçenden soň guýynyň düýbünden gelýän ýaly pessay ses eşdildi: - Baýguşdan Şahine, ýagdaýyňyzy mälim ediň. - Şahinden Baýguşa. Ýaňy size beren koordinatlarymyzyň iki kilometr çemesi günorta-gündogarynda ýygy ot açyşyň astynda galdyk. Amerikalylar çar tarapdan ot açýar, esgerlerimiziň köpüsi şehit boldy, serkerdäm. Wertolýot sesleri eşdilýär, haçan raketa bilen atsalar atybermeli. Goranmaga çalyşýarys. Uly leýtenant Alperiň sesi garşy tarapda rasiýany diňläp oturanlar tarapyndan halys çykgynsyzlyga düşen kişiniň sesi hökmünde baha berildi. Deňiz Güýçleriniň motoatyjylyk brigadasynyň Kerkugyň golaýynda ýerleşen merkezi ştabynyň çadyryndaky batalýon serkerdeleri syçrap aýaga galyşlaryna habaryň näme many aňladýandygyny çözjek bolýardylar. Hiç hili duşmançylykly operasiýada bolmadyk garşydaş tarapa, beýle rehimsiz hüjümiň astynda nähili sebäpler bolup bilerkä? Demirgazyk Yrakdaky türk harby bazasy ABŞ Yragy okkupirlän wagtyndan bäri düşünişmezligiň başy bolupdy. Hatda “Çuwal galmagaly” diýip ýatlanýan, konrrazwedka maksatly sebitde ýerleşen, Ýörite Güýçleriň garamagyndaky harby gullukçylaryň tussag edilmegi hem mundan soň bolupdy. Telaferdäki we Kerkukdaky hüjümler gapma-garşylygy güýçlendirse-de, edil bular ýaly derejä gelip ýetmändi. Iki tarapam bir-birine hüşgärlik bilen çemeleşýärdi. Ýeri, bu hüjüm näme sebäpli bolduka? Batalýon serkerdesi wezipesinde oturan maýorlary saklamak kyndy. Hemmesiniňem elinde “Kalaşnikow” awtomaty bardy we hersi özbaşdak sebite gitmäge çytraşýardylar. Brigadanyň serkerdesi general-maýor Yhsan Er rasiýadan Baş Goranyş müdirligi bilen gepleşmäge çalyşýardy. Elektron bulaşyklykdan ýaňa aragatnaşyk zol-zol kesilip durýardy. Şeýle-de bolsa, az salymdan soň ýaňadandan aragatnaşygy ýola goýup bolýardy. Çadyryň içini çilim tüssesi tutupdy, ýokary çinli ofiserlerden başga harby gullukçylar daşary çykarylyp, özlerine-de “Taýýar bol!” komandasy berlipdi. Deňiz Güýçleriniň motoatyjylyk brigadasy türk goşunynyň gözüniň guwanjydy we söweşjeň komanda taýýar bolup duran iň ykjam goşun birligidi. Eger ýalňşyşmaýan bolsalar (ýalňyşmaýandyklaryna ynamlary-da bardy), garşylaryndaky harby birlik “Apaçi” wertolýotlary bilen üpjün edilen ýigrimi müň adamlyk diwiziýanyň awangarg brigadalaryndandy. General-maýor Yhsan Paşa: - Ýigitler, esgerlerimizi öldürip başladylar, indi näme ederis? – diýip, söze başlady. Rota serkerdesi kapitanlardan biri: - Elbetde, olara kömek etmeli! – diýen badyna, Brigadanyň serkerdesiniň orunbasary maýor: - Hawa, haýal-ýagallyga ýol bermeli däldiris! – diýdi. - Baş Goranyş näme diýerkä? – diýen general-maýor çuňňur oýa batdy. Olaryň geljek netijesi öwezini dolup bolmajak hadysalaryň başyny başlaýmagy ähtimaldy. Amerikalylar hem göýä muny göz-görtele isleýän ýaly alkymlaryna gelipdi. Uly güýçler biri-birine ýakynlaşanda öň hatarlaryň arasynda ikitaraplaýyn galtaşmanyň bolmazlygy mümkin däldi we amerikan polkunyň bu hereketi resmi taýdan duşmançylykly operasiýa diýip kabul etmäge ýeterlikdi. - Serkerdäm, hüjüme uçran Baş Goranyş däl, biz ahyryn. 1-nji batalýonyň 2-nji rotasynyň serkerdesi kapitan Hakky Saýynyň gazaply nazarynyň öňünde durar ýaly däldi, ýüzündäki gara menekler ony hasam gorkunç görkezýärdi. Çadyrda maslahat dowam edip durka buýruk berildi we gyssagly ýagdaýda leýtenantlardan, kiçi ofiserlerden we hatarçylardan ybarat ýigrimi adamlyk topar düzmek tabşyryldy. Pulomýotlary we asmana atyjy ýaraglary daşaýan bäş minut geçmänkä çadyryň öňüne ýygnandy. – Rugsat ediň, men tabynlygymdaky ýigrimi esger bilen olara kömege baraýyn. Batalýonyň ähli şahsy düzümini ýada rotany aýaga galdyrmak köp wagty alar. Meniň pikirimçe, batalýonyň derhal goranyş pozisiýasyna geçmegi we biziň bilen aragatnaşykda bolmagy gerek. Koordinatlar belli, sebite howadan hüjüm soramagymyz mümkin. Yhsan Paşa kapitanyň bu sözlerine depesi gök diredi, ol özüni generallar ýaly hyjuwly we paýhasly alyp barýardy. - Bolýa, ýoldaş kapitan. Dessine herekete geçiň we ýoldaşlaryňyzy halas ediň. Ol zannyýamanlary yza serpikdirmegiňizi isleýärin. Biz goranyş pozisiýasyna geçip, Baş Goranyşdan geljek görkezmä garaşyp durubereris. Eger gerek bolsa ähli şahsy düzümi aýaga galdyryp, söweşjeň ýagdaýa geçeris. - Baş üstüne, serkerdäm! Kapitan Hakky Saýynyň şaňňy sesi çadyrdakylaryň gulagyny gapara getirdi. Ol aýtjak sözüni aýtdym edip, çaltlyk bilen daşaryk çykdy we öňräkde duran uly ýük awtoulagyna tarap ylgap gitdi. Esgerlerem onuň şol çakganlygy bilen iki ýük awtolulagyny dolduryp, çaknyşygyň bolýan ýerine tarap ýola çykdylar. Çaknyşygyň bolýan ýeri olardan takmynan kyrk bäş minutlyk ýoldy. Batalýonyň dolandyryş ştaby depeleriň arasynda gurulypdy we awtoulaglar ýolda çaltlyk bilen barýarka, batalýondyr rotalaryň meýdanda pytraňňy ýagdaýda goranyş taýýarlygyna geçendigini görmek bolýardy. Awtoulag çyralarynyň gijäniň tümlügini ýarym-ýarpy ýagtylandyryp barýan gözýetiminde adam sudurlarynyň gaýmalaşýandygy, okop gazýandyklary, ýüzlerindäki kamflýaž maskalaryny çalyşýandyklary göz ilýärdi. Kapitan Hakky öňdäki awtoulagda sürüjiniň gapdalynda barýardy. Onuň eli mäşäni gysmaga taýýar ýagdaýda durdy. Ol galagoply ýagdaýda bolansoňlar ýaş ofiserler we hatarçylar ýüze çykan ýagdaýyň nämäniň alamatydygyna düşünmeýär diýip hasap edýärdi. Olar haýsydyr bir terroristik hüjümi dargatmaga barýandyrys öýdýärlerdi. Aradan otuz minut geçmänkä partlamalary we pulomýot seslerini eşdip başladylar. Kapitanyň ýüzünde birgeňsi we düşnüksiz alamat bardy, dodaklary müňküldeýärdi. Gelýän sesler esgerleri üýşendirdi. Ses barha gatalýardy, nähili çaknyşygyň içine barýarkalar?.. Uly leýtenant Alper häzirem nädip diri galandyklaryna haýran galyp durdy. Hatarçylaryň üçüsi özüni dürsäp ot açmaga başlapdy. Hemmesiniň üsti-başy gyzyl gandy, ýöne olaryň hiç birisi geplemän gülle gelýän tarapa güýç birikdirip ot sowurýardylar. Rasiýa açyk durdy, emma aýdar ýaly zat ýokdy. Garşylarynda duran duşman bäs edip boljak güýçde däldi, ýene az salymdan oklary gutarsa, ýeke-ýeke wepat bolmak ähtimallygy bardy. Hüjümiň duýdansyz başlamagy olary boýun egmäge çagyrjak däldiginiň alamatydy. Bu duýgy bilen az-kem ynjalan uly leýtenant Alper çagalaryny we aýalyny göz öňüne getirdi. Şäherde ýeke özi ýaşaýan enesini ýadyna saldy. Hemme ýakyn hossary birme-bir kino lentasy ýaly aklyndan geçip başlady, indi olar ýokmy, ýa bolmasa özi ýok bolup barýarmy, hiç düşünip bilenokdy. Eliniň aýasyna bakdy, hossarlaryna degen elleri, olary söýgi bilen sypan elleri gana guma bulaşyp ýatyrdy. Bu eller... indi olary hiçhaçan elläp bilmez. Ot açmagyň hiçhili zerurlygy galmandy. Emma tabynlygyndaky birküç sany esger ýeňiş gazanyp bilmejeklerine gözleri ýetip duranam bolsa, atyşmagy dowam edýärdi. - Jem, ýagdaýlar niçik? Öň ýanyndaky stambully esgere seslendi, sesi hyrryldyly we ýarym iňňildili çykdy. - Duşmany mazaly awundyrdyk, serkerdäm. Stambully esger gyzgyn söweşiň galagoplugynyň içindedi. Salym bermän atýan oklarynyň nyşana degýändigini güman edýärdi, emma gülleleriň howanyň ýüzünde çabyraýan ot uçgunlaryndan howpludygyny aýtmak mümkin däldi. Uly leýtenant Alper ýüzi kesim-kesim bolup gatap galan nurana ýüzli esgere seretdi. Kim bilýär kimler onuň harby gullugyny tamamlan badyna maşgalasynyň arasyna dolnamagyna garaşýandyrlar. Özüne meňzäp duran çaga göwünli söýgülisi, güler ýüzli ejesi we oglunyň kär eýesi bolmagyna garaşyp duran mährem kakasy... Emma ol ölüm bilen ýüzbe-ýüz galan pursatynda hem mejlasyz ýagdaýda diri galmaklyga ymtylýardy. Ýene-de bir uly partlama eşidildi. Ýarylan bomba göm-gök we gözüňi gapyp barýan ýagtylyk döretdi. Ýap-ýaňy özlerini dürsän iki esger yzalaryna çydaman iňňildemäge başlady. Olaryň biri Uýgardy. Beýlekisiniň adyny häzir ýadyna salyp bilmedi. Alperiň aňynda birgeňsi üýtgeşmeler bolýardy, ol durmuşynda bolup geçen käbir pursatlary ýadyndan çykarmaga başlady. Ýerde ýatan esgerleriň endam-jany ok gyýçaklary bilen dolupdy. Ol ýoldaşlaryna diňe alaçsyzlyk bilen seretmäge ýarady, uly leýtenant başga hiç hili hereket edip bilmedi. Ýoldaşlary ýerde urnup ýatyrlardy. Soňabaka Alperiň gulaklary güwwüldemäge başlady. Sanlyja minudyň içinde olam ýoldaşlarynyň ýanynda bolaýmalydy. Ol indi şehit düşen esgerdi, ömür bilen ölümiň arasyndaky geçelgäniň üstünde söz bilen beýan edip bolmajak rahatlyk duýdy. Alper gulagyndan gan akyp başlandygyny duýdy, az salym öň başlan güwwüldi çydam edip bolmajak derejä geldi. Bu eýýäm başga sesdi, ýere zarňyldap urulýan nal seslerine meňzeýärdi, hamala ullakan bir söweşjeň goşun daglary-daşlary sarsdyryp gelýän ýalydy... Kapitan Hakky ruldaky esgere "Dur!" diýip buýruk berdi. Belent gaýalygyň bir burçundan ýaňy giripdiler, gaýalygyň üstünde ýek-tük gyrymsy agaç görünýärdi, alaň belentli-pesli bolany üçin olaryň bular ýaly çaknyşygy uzaga çekdirip bilişlerine geň galyp durmady. Ol heniz çaknyşygyň bolan ýerini görmedigem bolsa, gaýalygyň arkasynda bolandygyny anyk bilýärdi. Hakky awtoulagdan böküp düşdi we eli bilen esgerlerine düşüň diýip yşarat etdi. Ýigrimi esger çaltlyk bilen awtoulagdan düşdi. Kapitan sürüjileriňem düşmegini isledi. Ol indi awtoulaglaryň geregi çykmaz diýip diýip pikir etdi. Dessine-de ylgap gaýanyň etegine geldi we öňe boýnuny uzatdy. Beýleki esgerler onuň yzynda bir hatara düzüldiler. Kapitan gözlerine ynanmady. “Allajan!” diýip, tisginip gidenini özem duýmady. Onuň bu tisginjiremesi endamyny titredip gitdi, muny duýan esgerler ýaraglaryna mäkäm ýapyşdylar. Beýleki toparyň serkerdesi uly leýtenant ýanyna gelip, boýnuny öňe uzatdy. Onuňam ýüzi üst-başyndan tapawut edip duranokdy. Duş gelinen görnüşi söz bilen suratlandyrmak kyndy. Ýüzlerçe şöhle el ýaly darajyk ýere ýagýardy we ol ýerdenem ýitip gidýärdi. Nyşana alnan ýer polat eredilýän gazany ýadasalýardy. Atyşygyň has ýygjam dowam edýän ýerinden çawup gelen birnäçe gülläni gören kapitanyň we leýtenantyň bokurdagy doldy. Diri galan birküç sany esger haçan şehit bolsa bolubermelidi. Olaryň duran ýeri çaknyşyk bilen parallelleýin we her iki tarapa-da deň aralykdady. Kapitan esgerleri daşyna üýşürdi: - Ýigitler, biz bärden diri çykmasak gerek, ikirjiňlenýän bar bolsa derhal awtomobile atlanyp ştaba gaýdybersin. Bu jogapkärçiligi üstüme alyp biljek däl. Esgerleriň gözlerine ýaş aýlandy, hiç kimden ses-seda çykanokdy. Wertolýotlaryň sesi güýjäp başlady. Ýene az salymdan goranyş merkezine raketa atyp işi tamamlamakçydylar. - Beýle bolmaz, ýoldaş kapitan! – diýip, hatarçylardan biri batly gygyrdy. Beýlekilerem oňa goşuldy. Gözlerinde hiç bir umyt yşygy bolmasa-da, serkerdelerine otlukly göz bilen seredýärdiler. Hemmesi birden ýaraglarynyň guratlygyny barlap, mäşäni auwa taýýarlap goýdular. Olarda bäş sany pulomýotbardy. Iki esger bolsa raketa ýaragyny ulanmalydy. - Hemmämiz bilelikde gülleleriň gelýän merkezine ot açmalydyrys, ýigitler. Raketalary wertolýotlaryň gelýän tarapyna goýberiň, kölege gaýmalasa oňa tarapam atyň. Ilkinji ot açyşdan soň erkin ýagdaýa geçersiňiz, jigitlerim. Alla gowsuny etsin-d, hernä. Men goranyp oturan esgerlere golaýlaşjak bolaýyn, meni gorajak bolup durmaň-da, ol haramzadalary atyň. - Baş üstüne, ýoldaş kapitan! – diýip, hemmesi birlikde jogap berdiler. Kapitan rasiýany eline aldy we ştab bilen aragatnaşyga geçdi: - Baýguş, bu iň soňky habarymyzdyr. Goranyşdaky esgerlerimiziň ýanyna geldik we duşman güýçlere hüjüm etmegiň öňüsyrasynda durus. Atyşyk gyzgalaňly gidýär, diri dolanyp biljegimiz nägümana. Goranyşa geçiň! Bu güýçler bizden soň siziň üstüňize-de hüjüm etmek ähtimallygy bar. Alla Sizi öz penasynda saklasyn. Ol jogaba garaşman rasiýany ýapdy. Ýanyndakylar uludan dem aldy. Olar näme etmelidigini gowy bilýärdiler, ýöne soňunyň nähili gutarjagyny bilenokdylar. Bir bilýän zatlary bardy, olam az salymdan daş-töweregiň gana çaýkaljagydy. Garşydaş duşmany aljyratmak we ýitgä uçratmak gerekdi, eger muny edip bilseler halas bolmak mümkinçiligi bardy. Kapitan elindäki “M-16” dürbüsi bilen töwerege göz gezdirdi. Ilkinji oky özi atmalydy, ondan soň beýlekiler dowam etmelidi. Ol didiwanyna mündüren amerikan esgerlerini arkaýyn görüp bilýärdi, olar ykjam goranyşdadäldiler. Olar söweşmekden lezzet alýana meňzeýärdiler. Özlerine tarap ok atylmagy azarlaryna-da däl ýalydy, birküçsany ýaraly türk esgeriniň ýagdyrýan güllesi olary hiç hili çekindirenokdy. Kapitan pulomýotyň ýerleşen ýerini nyşana aldy. Iň köp ok şondan ýagýardy. Ol ýerde pulomýotçydan başga-da, ýene iki esger bardy. Olaram aram-aram atyş edýärdiler. Kapitan Hakky gözlerini ýumdy we “Bissimilla” diýdi-de, mäşäni gysdy. “M-16”nyň birinji gezek ýarylmagy bilen kyýamat gopdy, ýanyndaky esgerleriň gulaklary gapylan ýaly boldy, göýä gurruk guýynyň içine düşen ýaly boldular. Ýaňky ruhubelentlikden nam-nyşan galmady, indi ses diýlen zadyň hiç hili manysy ýokdy, her kim öz başyna ýeke galan deý boldy. Kapitanyň paýradan gülleleri amerikan esgerleriniň üstüne ýagdy, şobada hem pulomýot lal-jim açdy. Kapitan öz nyşanasyndan amerikan esgerleriniň çabalanyp ýere serilip gidendigini gördi we ýalňyşmaýan bolsa gulagyna gelýän ahy-nala sesleri hem olaryň sesi bolmalydy. Atyşda oturan üç esgerem urulypdy, ýöne ölmändiler. Olaryň üçüsiniňem demir sowutlary bardy. Her näme-de bolsa, ol tarapdan indi ok ýagmajagy bellidi. Kapitan ýanyndaky esgerleriň nagra dartyp, ýaraglaryndan ot açyp başlandygyny duýdy. Yzyna öwrülip bakdy. Görýän zatlary hiç bir gorkunç kinofilm bilen deňeşdirip bolmajak derejede gorkunçdy. Ýigrimi esgeriň ýaragy öňlerinde duran gaýalyklara tarap dynman ok paýradyardy. Käte nyşana alýardylar, käte bolsa nyşana hem alman çen bilen öňlerini daraýardylar. Pulomýotçylar ýanlaryna Belgiýanyň önümi bolan “FN” pulomýotyny alypdylar. Bu ýarag gorkunç ses çykaryp, dowamly atmaga ukyplydy. Olar duran ýerlerinden amerikan esgerlerine ot sowurdylar. Garaňkylykdan ahy-waýlar, iňňildiler ýokary göterildi. Ýap-ýaňam goranmaga çalyşýan birküç esgere indi ok atylanokdy. Şeýle seredende atyşyk doly tamamlanypdy. 101-nji desant diwiziýasyna degişli esgerler gaýalaryň arasyna siňip diri galmaga çalyşmalydy. Edil şol wagtam gijäniň tümlüginde yzynda goýy tüsse galdyryp asmana tarap zymdyrlyp giden raketa gözden gaýyp boldy. Raketalaryň baryp düşen ýerinde daş-töwerege gaýa bölekleri syçraşyp gidýärdi. Ayyň şuglasy sudurlary aýdyňlaşdyrýardy. “RPG”-leriň töwerege ýagdyrýan gaýa syçrantgylary birnäçe amerikan esgerini ýaralan bolmalydy. Çünki iňňildi sesleri has köp gelip başlapdy. Esgerler ok magazinlerini çalyşan wagtynda, az salymam bolsa atyşyk kiparlady. Kapitan ýoldaşlarynyň geň galyjylyk bilen seredýän nazarlarynyň arasynda keýik ýaly eýläk-beýläk towusdy-da, gözden gaýyp boldy. Ýöne onuň aýak sesi welin eşdilip durdy. Duranlar gaýtadan amerikanlaryň ýerleşýän ýerine bakan ot sowurmaga başladylar. Raketalar ýaňadandan nyşana aldy. 101-nji diwiziýanyň ýaş esgerleri üçin ýagdaý gitdigiçe çylşyrymlaşýardy. Üznüksiz gelýän iňňildi sesleri göýä misli simfoniýany ýatladýardy, oslagsyz ele düşüpdiler. Uly leýtenant Alper düýş görýändirin öýtdi, hasap boýunça ol eýýäm ölmelidi, beýnisinden bolsa umyt berip biljek alamatlar geçýärdi. Birdenem üstlerine ýagyş ýaly ýagyp duran gülle tapba kesildi. Indi özlerine ot sowuran tarapyň öz haý-waýy asmana galdy. Birje pursatlygam bolsa umyt öwüşginjigi ýalpyldap gitdi, ýöne ol muny inkär etdi. Ol indi öňi-soňy gitmeli ýerine gitmekçi bolup durdy, onuň hažyk-hujyklara sarp edere wagty galmandy. Daş-töweregine seretdi, ilkinji atyşykda şehit bolan esgerleriň göwresi bölek-büçek bolup ýatyrdy, olar ýagan güllelerdenem öz paýlaryny alypdylar. Birdenkä garaňkylygyň içinde ulalyp barýan kölegäniň özüne tarap ylgap gaýdandygyny gördi. Ýylgyrmaga çalyşdy. Ahyrsoňy gaýduwsyz biri çykyp, diri galanlary öldürmegi niýetine düwen bolmaly. Ýaragyna elini uzatdy, golunda ysgyn-deramat ýokdy, ýöne ölmänkä bu gaýduwsyz kişini özi bilen bile äkidesi geldi... - Men türk!.. Kapitan Hakky. Balalarym ok atmaň. Ses öz wagtynda gulagyna galtaşdy, sähel gijä galynanda mäşäni gysylýardy. Kölege üstüne abandy. Gözlerine gan öýendigi üçin kimdigini saýgaryp bilmese-de, elinden tutan eliň dostdugyny aňdy. Eýse munuň näme tapawudy bar, indiden soň üýtgeýän zat barmy näme?!. Amerikan esgerleriniň ýerleşýän ýerinden ýylanyň agzyndan çykan ýaly aýylganç ses eşdildi. Şowurdap gelýän ot kapitan Hakkynyň gelen gaýalygynda partlady, çar tarapa uçgun sowruldy. Kapitan Hakky "Alla!!!" diýip, içini çekdi. Partlama onuň esggerlerini goýup gelen ýerinde bolupdy, indi ol tarapdan hiç hili ok atylmaýardy. Az salym sesi ýatan amerikan hüjümi täzeden başlady. Amerikanlar özlerini dürsäp ýetişipdiler, indi olar her iki nokada gönükdirip gülle ýagdyrmaga başladylar. Edil şol wagtam birnäçe ýüz metr aňyrdaky depäniň aňyrsyndan wertolýotyň sudury göründi... Wertolýot çaltlyk bilen depäniň aňyrsyndan çykyşyna 30 mm-lik topy bilen türk esgerleriniň ýerleşýän gaýasyna tarap ot sowurdy. Çaknyşyk meýdany örän dar bolanlygyndanmy näme, wertolýot çar tarapy ýagtyltdy. Kapitan Hakky öňdäki birnäçe amerikan esgeri bilen ýüzbe-ýüz boldy. Manysyz nazarlar biri-birine kaklyşdy. Wertolýot ot açmagy bes etdi we yzyndanam onuň ganatlarynyň astyndan yzly-yzyna ullakan we ýagtyldyjy otly goşa şar aşak gaýtdy. Hakky begiň ýap-ýaňy taşlap gaýdan gaýasy dowzaha öwrülipdi. Ol gözlerin ynanmak islemedi, näçe ynanasy gelmese-de yaralanan türk esgerleriniň yza beriji sesleri gulagyna gelip durdy. Uly leýtenant Alper bilen iki agyz gürleşmäge-de ýetişmedi. Kapitan Hakky onuň ýüzündäki bir pursatlyk ynjalyga gözi düşende, watana bolan borjuny doly ýerine ýetirip bolandygyna düşündi. Wertolýotyň howalaly sesi henizem eşdilip durdy, ajal paýlaýan enjam çaltlyk bilen olaryň duran ýerine öwrülip, gaýtadan ot sowurmaga başlady welin, dek ýaňy ot-ýalyna bürenen gaýa tarapdan atylan raketa wertolýotyň edil böwründe partlady. Gap-gara tüssä bogulan wertolýot duran ýerinde pyrlanmaga başlady. Birnäçe sekuntdan soň bolsa, uzaklardan görülen ot-ýalyn topuna öwrüldi. Bu yz hatardaky amerikan esgerleriniň sussuny basdy. Hakky beg ölümiň bäri ýanyndan gaýtdy, bu onuň ýene birnäçe minut ýaşap biljegini aňladýardy. 101-nji diwiziýanyň desantlary ara wagt salman ot açmaga başlady. Gyzgyn gülleler şuwwuldap gulaklarynyň deňesinden geçýärdi, ýer bagyrtlap gitmeseler çawup gelýän oklar olara degäýmelidi. Alper gözlerini berk ýumup, kellesinde agyry döreden güwwüldä diň salyp ýatyrdy, ýüzünde gülümsireme duýulýardy. Ol uly metal turbanyň içinde, başga bir dünýäde gezip ýören ýalydy. Sesler barha golaýlaşýardy, goh-galmagal öňküsinden üýtgeşikdi. Alperiň nämedir bir zatlary göz öňünde janlandyrdy. Daş aralykdaky garantga ýakynlaşdygyça ulalýardy. Eşdilip duran gümmürdi sesi barha ulalýan we golaýlaşýan garantga hiç hili täsir edip bilenokdy. Sesleri saýgarmaga başlady. At dükürdisi eşdilýärdi, ol göýä müňlerçe nal sesiniň çykarýan simfoniýasyny diňläp ýatan ýalydy. Kalbyndaky gam-gussa duýgusy ýok bolup gitdi, asmanyň suwly tulumy deşilip üstüne suw eňterip duran ýaly ruhy ynjalyk tapdy. Misli ähli päsgelçiliklerden ganat kakyp geçen ýaly boldy. Bokurdakdan “Ýa Alla!” diýip gyryljak ses gopdy. Ýoldaşlaryny görüp, gözlerine ýaş aýlandy. “Özümiziňkiler!” diýip gygyrdy. Atly öňe okdurlyp barýan türk esgerleri hamala uçýana meňzeýärdillidi. Uly leýtenant Alperiň el-aýagy ysanokdy, şonuň üçinem şatlygyny daşyna çykaryp bilmedi. Bütin dünýäde diňe özüne degişli duýgyny başdan geçirýändigini syzdy. Birden ýüzi ýagtylyp gitdi, agzy kepedi. Aňynda ýyldyrym çakdy, hemme ýer gök gümmürdisine meňzeş sesden doldy. Daş-töwerek garaňkylyga bürenmezden öň yza bir seretdi. Ýanlarynda ýarylan raketa hemmeleri öldüripdi. Hakky beg böleklenen aýaklaryna seretdi, iki aýagy-da ýerinde ýokdy. Gülümsiredi, özüne ýakynlaşyp gelýän esgerlere birnäçe gezek ok atdy. Ullakan bir metal jisim çawup maňlaýyna degdi, mundan soň onuň göwresine çuňňur sowuklyk aralaşdy. Gözleri ýere bakyp durşuna doňup galdy, agzynyň içine bolsa çagyl doldy. Iň soňky deminde üstünde gaýmalaşyp ýorenleriň üns bilen daş-töweregi gözden geçirýändiklerini duýdy, olar ölen türk esgerlerini gaýtadan okdan geçirdiler. Gezek kapitan gelende sägindiler, onuň diridigini aňşyrdylar. Onýança aýylganç partlama döredi. __________________________________ *Peşmerge – kürt ýaragly güýçleri. ** Take’em out, take’em out! - Öldüriň olary, öldüriň! Terjime eden: © Has TÜRKMEN. | |
|
√ Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -30: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Bäşgyzyl -35: romanyň soňy - 14.12.2024 |
√ Gala / roman - 08.02.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Köne mülk -15: romanyň soňy - 18.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Dirilik suwy - 17: romanyň dowamy - 17.05.2024 |
√ Köne mülk -7: romanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -27: romanyň dowamy - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |