00:06 Mihail Kalaşnikow | |
MIHAIL KALAŞNIKOW
Adam ogluna akyl-huş, pähim-paýhas berlipdir, ýokdan bar eden gudraty güýçli Taňry, megerem, ony ynsan balasynyň käbirine has artygrak eçilen bolarly. Şol adamlar özleriniň ýiti zehinleri, ukyp-başarnyklary bilen dürli açyşlary edipdirler, oýlap tapyşlary amala aşyrypdyrlar, şeýdibem, öz atlaryny goja taryhyň gatlaryna ebedilik ýazypdyrlar. Bu aýdylanlar durmuşyň beýleki ugurlary ýaly, harby işe-de, harby söweş sungatyna-da dahyllydyr. Biz has gadym döwürlerde-de edermenligi, gahrymançylygy bilen şöhrat gazanan, öz adyny rowaýata öwren serkerdeleri bilýäris. Bu ugra dahylly adamlaryň ýene bir topary harby ýaraglaryň, tehnikalaryň kämilleşmegine goşan goşantlary, oýlap tapyşlary bilen meşhurlyk gazanypdyrlar. Şeýle adamlaryň biri-de Mihail Timofeýewiç Kalaşnikowdyr. Ol 1919-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Altaý ülkesiniň Kurýa obasynda dogulýar. 19 (on dokuz) ýaşynda Sowet goşunyna çagyrylýar. Tankyň sürüji mehaniklerini taýýarlaýan mekdepde okan döwründe ol oýlap tapyjylyk, konstruktorçylyk başarnygyny görkezýär. 1941-nji ýylyň oktýabrynda Beýik Watançylyk Urşunda Brýanskiniň eteginde bolan söweşde uly seržant M.Kalaşnikowyň dolandyrýan tanky nemesleriň snarýadyna duş gelipdir. Kalaşnikow ýaralanýar we Almata (Gazagystan) iberilýär. Harby keselhanada wagty öz ýoldaş esgerleriniň biriniň: "Näme üçin biziň goşunymyzda, nemes goşunyndaky ýaly ýaraglar ýokka?!" diýen sözi onuň hiç ýadyndan çykmandyr. Hassahanadan çykanyndan soň demir ýol ussahanalarynyň birinde ol täze pistolet-pulemýody döretmäge başlaýar we 1942-nji ýylda “F.E.Dzeržinskiý adyndaky Artilleriýa akademýasyna” synag üçin hödürlenýär. Birnäçe ýetmezçilikler sebäpli ýaraglanyşa kabul edilmeýär. Iki gezek Sosialistik Zähmetiniň gahrymany A.A.Winogradow (1894-1975ý) şeýle diýýär: “Nusganyň özi kabul edilen taktik-tehniki talaplardan çylşyrymlylygy we ýetmezçilikleri taýdan ýaraglanyşa kabul edilmäge teklip ederçe däl, ýöne bu işe sarp edilen seýrek oýlap tapyjylyk, uly işeňňirlik we zähmet birnäçe tehniki meseleleriň çözgüdiniň özboluşlylygy haýran galdyrýar. Mümkin bolsa oňa tehniki bilim almaga mümkinçilik döretmeli. Ýoldaş Kalaşnikow özbaşdak öwrenen zehin hökmünde garamaga mejbur edýär. Egerde ony gerekli ýola gönükdirsek, ondan oňat konstruktor çykjakdygy şübhesizdir”. Bu bellik bilen berlen baha dogry bolup çykdy. Uruşdan soňky ýyllarda ýaş konstruktor ýaraglanyşa Kalaşnikow awtomady (AK-47) 1947-nji ýylda döredilen we XX asyryň iň meşhur oýlap tapylmalarynyň sanawyna girizilen. Soňra awtomady kämilleşdirmek bilen AK-74, AKS-74, AKN-74, PK-74 (PK-Kalaşnikowyň el plemýody) ýaly birnäçe görnüşleri öndürilen. M.T.Kalaşnikowyň ýolbaşçylygynda konstruktorlar topary AK-yň bazasynda awtomatik usulda atylýan ýaraglaryň görnüşleriniň tutuş tapgyryny unifisirledi - nusgasyny döretdi. ýaraglanyşa ARM (AKMS), RPK (PARS), PK, PKT, PKB el pulemýotlary we beýlekiler kabul edildi. Dünýä tejribesinde ilkinji gezek işleýiş usuly birmeňzeş we awtomatiki shemasy bir bolan atýan ýaraglaryň unifisirlenen - ugurdaş-meňzeş nusga getirilen görnüşlerleri döredildi. M.T.Kalaşnikow tarapyndan döredilen atylýan ýarag ygtybarlygy, netijeliligi, ýönekeýligi bilen tapawutlanýar. Awtomatdan awtomatik usul¬da we bir-birden ot açmak bolýar. Awtomatik usulda ok atmak awtomatdan ot açmagyň esasy görnüşidir, ol gysga tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Magaziniň sygymy 30 ok. Söweşjeň çalt atyjylygy tapgyrlaýyn atylanda minutda 100 oka çenli, ýeke-ýekeden atylanda minutda 40 oka çenli atmak bolýar. Awtomatdan atylan okyň has takyk täsir ediş çägi 400 metre çenli, ok atyşyň nyşana uzaklygy 1000 metr. AKM awtomatyň agramy 3,6 kilogram, AKMS-iňki bolsa 3,8 kilogram. Esasan hem bu ýarag Angolada, Wýetnamda we Owganystanda söweş meýdanlarynda ulanylýar. Bu ýarag dünýä belli terrorist Usama bin Ladeniň hem şahsy ýaragyna öwrülen. Ýaragyň ulanmaga oňaýly we aňsatlygy, nyrhynyň arzan bolmagy, söweşde ynamly ýaragdygy onuň şöhradyny hasam belende galdyrdy. Iki gezek Sosialistik zähmetiniň gahrymany (1958,1976ý), SSSR-iň Döwlet baýragynyň eýesi (1949ý), Lenin, Stalin baýraklarynyň eýesi (1964ý), tehniki ylymlarynyň doktory, üç sany Lenin ordeniniň eýesi. Zähmet, Gyzyl baýdak, Gyzyl ýyldyz. Kalaşnikowyň awtomady dünýä ýüzünde iň köp ulanylýan ýaraga öwrülen. Onuň ýasan ýaraglary 55 (elli bäş) ýurtda ýaraglanyşa kabul edildi we 100-den gowrak döwletiniň ýaragly güýçlerinde giňden peýdalanylýar. 6 (alty) döwletiň milli tugrasynda şekillendirilen. 1987-nji ýylda M.Kalaşnikowa Udmurt Respulikasynyň "Hormatly raýaty" diýlen at hem berilen. 75 ýaşa girmegi bilen bolsa, Prezident Ýelsin ony general-maýor harby dereje bilen sylaglapdyr. Kalaşnikowyň awtomatlary onuň adyny taryha ýazdy. M.Kalaşnikowyň awtomatlarynyň köp adamyň ömür tanapyny gyrkmagy dogrusynda hiç hili jogapkärçilik çekmedik. "Meniň maksadym öz Watanymyň serhetleriniň asudalygyny goramak üçin ýarag döretmekden ybaratdy. Ýaragyň köp adamlaryň ölümüne sebäp bolmagy meniň günäm däl. Muňa şol ýaragy ulanýan adamlaryň we döwletleriň syýasatlary günäkär" - diýip Mihail Kalaşnikow aýdypdyr. Mihail Timofeýewiç Kalaşnikow 2013-nji ýylyň 17-nji noýabrynda aşgazan ýarasy bilen keselhana düşýär we şol ýerde hem 94 (togsan dört) ýaşynda aradan çykdy. # "Atamyrat" žurnalynyň 2006ý №3 sany we dürli çeşmelerden peýdalanyldy Taýýarlan: Erkin ÇARYÝAROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |