22:59 Aýdogdy Tahyrow | |
AÝDOGDY TAHYROW (1905-1943)
Taryhy şahslar
Aýdogdy Tahyrow Aşgabat oblastynyň (häzirki Ahal welaýatynyň) Kaka etrabynyň Arapgala obasynda garyp daýhan maşgalasynda eneden dogulypdyr. Onuň çagalyk döwri agyr geçipdir, ýaş wagty baýlaryň hojalygynda batrak bolup işläpdir. A.Tahyrow 1926-njy ýylda öz islegi bilen goşun gullugyna çagyrlypdyr. Şondan soň onuň täze durmuş ýoly başlanypdyr. A.Tahyrow gulluk eden döwründe öz bilimini yzygider kämilleşdiripdir. 1928-nji ýylda dogduk obasyna dolanyp gelipdir we ilki mirap, soňra etrap polisýa bölümçesine uly polisýä işgäri bolup işläpdir. 1935-nji ýylda Hywaabat obasynyň ýaşaýjylary A.Tahyrowa uly ynam bildirip, ony Hywaabat oba geňeşliginiň başlyklygyna, soňra «Ynkylap» daýhan birleşigine başlyk saýlapdyrlar. Beýik watançylyk urşunyň başlanmagy bilen A.Tahyrow 87-nji aýratyn türkmen brigadasynyň düzüminde fronta gidipdir. Ol fronta gidenler bilen geçirilen ýygnakda «Öz brigadamyzyň baýdagyna ysnat getirmän, masgaralaman, söweşde gorkyny bilmän duşman bilen mertlerçe söweşjekdigimize ant içýäris...» diýipdir. Ol öz beren sözünde durupdyr. A.Tahyrow Nowgorod şäheriniň eteginde Günbatar-Demirgazyk frontyň goşunlarynda söweşip, ölmez ýitmez gahrymançylygy görkezipdir. Bölümçe serkerdesi A.Tahyrow soňky demine çenli mert we çydamly durupdyr, gahrymanlarça wepat bolupdyr. A.Tahyrowyň dogulan obasy Arapgala oba geňeşligine, başlangyç mekdebe, Kaka şäherçesinde bir köçä onuň ady dakylypdyr. Uly seržant A.Tahyrow 1943-nji ýylyň ýanwar aýynyň 29-ndan 30-na geçilen gije birnäçe esgere ýolbaşçylyk edip, söweşjeň goragda durupdyr. Faşistler minomýotdan güýçli ot açyp A.Tahyrowyň söweşýän bölünmeleriniň üstüne hüjüme geçipdirler. Söweşjeň goragda dururan esgerleriň üstüne faşistleriň bir rota serhoş esgerleri çozupdyr. A.Tahyrow duşmanyň adam sanynyň epesli agdyklyk edýänligine garamazdan, mertlerçe söweşe girişipdir. Söweşjeň goragdaky esgerler bir ädim hem yza çekilmän, faşistlere garşy ot açypdyrlar. Birnäçe wagt söweşenlerinden soň A.Tahyrowyň üç esgeri wepat bolupdyr we köp sanly duşmanyň garşysyna onuň ýeke özi söweşipdir. Ol ýaralanandygyna garamazdan ýaragyndan atmagy dowam edipdir we duşmanyň öňe süýşmegine mümkinçilik bermändir. A.Tahyrowyň awtomadynyň magazinindäki we ýoldaşlarynyň ýaraglaryndaky oklary gutarandan soň, ol ýaralaryndan gan akýandygyna garamazdan eline granat alyp «Watan üçin» diýip gygyryp duşmana topulupdyr. Nemesler ilki yza çekilen ýaly etseler-de, özleri bilen söweşýäniň bir adamdygyny görüp, onuň daşyny gabapdyrlar. A.Tahyrow awtomadyň naýza-pyçagy bilen duşmanyň üstüne topulyp, olara garşylyk görkezipdir we ýene-de birnäçe ýerinden agyr ýaralanypdyr. Nemesler A.Tahyrowy huşsuz ýagdaýda öz garymlaryna äkidipdirler. Bu deň bolmadyk söweşde A.Tahyrow duşmanyň 47 esgerini ýok edipdir. Edermen esgeriň bir özi garşydaşyň rotasynyň hüjümini yzyna serpikdirmegi başarypdyr. A.Tahyrow agyr synaglara, jebir berilmelere sezewar edilse-de, duşmana öz goşunlary, harby syr barada ýekeje söz hem aýtmandyr. Faşistler A.Tahyrowa mikrofonda türkmen esgerleriniň öz taraplaryna geçmegini haýyş edip ýüzlenip gepletjek bolupdyrlar. Emma ol tersine «Ýoldaşlar men öz söweşdeş ýoldaşyňyz Aýdogdy Tahyrow, men faşizm diýen belany öz gözüm bilen gördüm duşmany soňky demiňize çenli gyryň...» diýip mikrofonda aýdýar. Duşmanlar şol ýerde ony atyp öldürýärler. Söweşdeş ýoldaşlary A.Tahyrowyň jesedini tapanlarynda oňa wagşylarça jebir berlendigini, aýagynyň ýüp bilen daňylandygyny, ýaralarynyň küti jisim bilen giňeldilendigini, ýüzünde gan öýmeleriň we gögermeleriň bardygyn, boýnunda bogulandygyny subut edýän barmak yzlaryny görüpdirler. Wepat bolan uly seržant A.Tahyrow Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen adyň berilmegine mynasyp bolupdyr. 1943-nji ýylyň mart aýynyň 27-si. • SSSR-iň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1943-nji ýylyň iýun aýynyň 19-yndaky karary bilen uly seržant A.Tahyrowa wepat bolanyndan soň Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen at berlipdir. Taýýarlan: Erkin ÇARYÝAROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |