MUHAMMET ATAÝEW (1914-1945)
Muhammet Ataýew 1914-nji ýylda Gökdepe etrabynyň Akgoňur obasynda eneden dogulýar. Uruşdan öň ol Serdar (öňki Gyzylarbat) şäherindäki işçi fabriginde, soňra Mary şäherindäki mugallymçylyk kursunda okapdyr we ony tamamlanyndan soň Tejende mugallym bolup işläpdir. Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen öz islegi boýunça Watany goramaga gidipdir. Harby uçilişşäni tamamlanyndan soň M.Ataýew 87-nji agyr tankçylar polkunda tank wzwodynyň serkerdesi bolup, 1-nji Ukrain frontunyň 3-nji armiýasynda gitlerçi basybalyjylara garşy alnyp barylan söweşlere gatnaşypdyr.
Beýik Watançylyk urşunyň ahyrynda nemes basybaljylarynyň öz ýerlerinde, has takygy Breslau şäheri üçin bolan söweşde M.Ataýew aýratyn çydamlylygy we edermenligi görkezipdir. Faşistler her köçe, her jaý üçin aýgytly söweşselerde sowet goşunynyň zarbyna çydaman yza çekilmäge mejbur bolupdyrlar. Söweşde M.Ataýewiň ekipažy nemesleriň 6 (alty) sany «Tigr» kysymly tankyny ýok edip hüjüme geçmegini dowam edipdir. Urşuň aldym-berdimli dowam edýän wagty M.Ataýewiň tanky minanyň üstünden basyp şol ýerde durupdyr. Duşman tarapyndan gabalan tank birnäçe sagadyň dowamynda duşmanyň janly güýjüni we tehnikasyny ýok edipdir hem-de özi goranypdyr.
Deň bolmadyk söweşde M.Ataýew we onuň ekipažy hakyky gahrymançylygy we çydamlylygy görkezipdir. Haçanda faşistler tanky otlanlarynda, M.Ataýewiň ekipažy «Ýesir düşenden ölüm gowudyr» diýip hasap edipdir.
1945-nji ýylyň aprel aýynyň 26-synda Germaniýanyň Kotbus şäheriniň golaýyndaky Freýdorf ilatly nokadynda duşmanyň garşylyklaýyn çozuşyny yza serpikdirmek boýunça aldym-berdimli söweşde gwardiýa leýtenanty M.Ataýewiň ekipažy 4 sagatlap duşman bilen gazaply söweş alyp bardy. M.Ataýewiň tankynyň ýanyna nemestler faust patronlary bilen süýşenekläp gelipdirler we tankyň 150 metr golaýyna 150 mm-lik 2 sany topy getiripdirler. Söweşde M.Ataýewiň ekipažy duşmanyň 2 topyny rasçýody bilen, 7 pulemýot atylýan nokatlaryny, 15-e golaý faust okyny atyjylary, 70-e golaý gitlerçi basybaljylary ýok edipdir. Duşmanyň 2 BTR-ni ýesir alypdyrlar.
Adam we harby tehnikasynada güýjüniň agdyklyk etmegi netijesinde M.Ataýewiň tankyna golaýgelmek duşmana başardypdyr. Muňa garamazdan, ekipaž tabşyrylan söweşjeň wezipäni ýerine ýetirmegi, tankdan atyp duşmanyň janly güýjüni we harby tehnikasyny, ýaragyny ýok etmegi dowam etdiripdir. Duşmana tanky gabamak başardypdyr, 6 nemes esgeri tankyň sowudyna münüp, ýesir düşmegi teklip, edipdir, ýöne M.Ataýew ýesir düşeninden gahrymanlarça wepat bolanyny gowy görüpdir we tankyň pulemýodyndan we topundan atmagy dowam edipdir. Soňra duşmanlar faust oky bilen tanky otlapdyr. M.Ataýew tankyň içinde gahrymanlarça wepat bolupdyr.
Nemes basybaljylary bilen aýgytly söweşde tabşyrylan wezipeler görelde alarlykly ýerine ýetirendigi, edermenlik we gahrymanlyk görkezendigi üçin Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen adyň berilmegine mynasyp bolupdyr.
1945-nji ýylyň aprel aýynyň 29-y.
■ SSSR-iň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1945-nji ýylyň iýun aýynyň 27-sindäki karary bilen gwardiýaçy leýtenant M.Ataýewe Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen at berlipdir.
Taryhy şahslar