23:59 Miweli daragtdy | |
MIWELI DARAGTDY
Ýatlamalar
Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýew aramyzda halypalyk edip ýören bolsa, şu günler onuň 75 ýaşy toýlanjak eken. Bary-ýogy 67 ýaşan Baýmuhammet aganyň aradan çykanyna 9 ýyl bolupdyr. Ylym äleminde-de, halypa-şägirt gatnaşygynda-da onuň ýeri oýlup dur. Sebäbi ol türkmen filologiýasynyň uly sütünleriniň biridi. Alym özi hakda söz açylmagyny halamazdy. Hut onuň öz haýyşy bilen ýubileýleri geçirilmändi. Halypa baradaky ýazgylar ol aradan çykandan soň ýazylyp başlandy. Alymyň bitiren hyzmatlary barada Türkmenistan SSR Ylymlar akademiýasynyň B.A.Garryýewiň ömrüne we ylmy döredijiligine bagyşlanan bibliografiýasynda (Aşgabat 1987 ý.) ýeterlik maglumat berilýär. Şol maglumata görä, türkmen filologiýasynyň ösüşini, edebi mirasyň, halk döredijiliginiň il arasyndan ýygnalyp, neşir edilişini, öwrenilişini, bu ugurlar boýunça ylmy kadrlaryň taýýarlanyşyny onuň adyndan aýry göz önüne getirmek mümkin däl. Mysal üçin, kynçylykly uruş döwründe ýerine ýetiren işlerine ser salalyň. Dört ýylda alymyň 28 kitaby, 70-e golaý ylmy makalasy çap edilýär. «Watan we gahrymançylyk hakyndaky aýdymlar», «Şahyrlar sesi», «Gülälek», «Totynyň hekaýalary», «Türkmen halk aýdymlary» atly ýygyndylar, Ýusup Hoja Baky oglunyň «Raý Çyni», Magrupynyň «Seýpelmelek-Metheljemal», «Aly beg we Doly beg», Şabendäniň «Hojamberdi», Şeýdaýynyň «Gül-Senuber», Abdysetdar Kazynyň «Jeňňama» eserleri, «Hüýrlukga-Hemra», «Asly-Kerem» dessanlary, birgiden şahyrlaryň saýlanan şygyrlary şu ýyllarda neşir edilýär. Alymyň ylmy işlerini, ýazan okuw kitaplaryny, metodik gollanmalaryny hasaba almanynda-da, onuň düzen ýa-da çapa taýýarlamaga gatnaşan ýygyndylary ep-esli bar. Birnäçe kitaby bolsa üç-dört gezek neşir edilýär. Ylma bolan höwes Baýmuhammetde ir oýanýar. Ol on ýaşynda oba mekdebini, on bäş ýaşynda hem rus orta mekdebini gutarýar. Dürli edaralarda terjimeçi bolup işleýär. Türkmen dili boýunça Birinji lingwistik gurultaýy (1936 ý.) taýýarlamaga gatnaşýar. M.Gorkiý adyndaky Aşgabat döwlet pedagogik institutynyň dil we edebiýat fakultetini tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar. Soňra şol institutyň taryh fakultetini, 1940-nji ýylda bolsa geografiýa fakultetini wagtyndan ir gutarýar. Dört diplomly alym ylymlaryň kandidaty, doktory diýen alymlyk derejeleri alýar. SSSR YA-nyň akademigi W.A.Gordlewskiý, SSSR YA-nyň habarçy-çleni E.E.Bertels, professor A.P.Poseluýewskiý ýaly görnükli alymlaryň tälimini alýar. Ol halypalarynyň göreldesine eýerip, kadr taýýarlamagy özüniň esasy borjy hasaplaýar. Onuň ýolbaşçylygynda iki sany doktorlyk, 32 sany kandidatlyk dissertasiýasy goralýar. Şeýle hem alymyň konsultant, opponent hökmünde gönüden-göni gatnaşmagynda 96 alym ylymlaryň aýry-aýry pudagy boýunça ylymlaryň doktory ýa-da kandidaty diýen alymlyk derejesini almak üçin dissertasiýa goraýar. B.A.Garryýew rus diline suwarady. Ökde stilistdi. Hatda rus milletiniň wekilleri hem ýazan ylmy işlerini B.A.Garryýewe okatjak bolup çalyşýardylar. Ol birnäçe eseri rus dilinden türkmen diline terjime etdi. Türkmen dilindäki folklor eserleriniň aglabasyny bolsa rus diline terjime etdi. Ol ökde filolog, uly türkişynas hökmünde Soýuzymyzda, ondan daşarda-da tanalýardy. Alym beýik atamyz Magtymguly-Pyragynyň eserleriniň rus diline terjime edilmegine aýratyn üns beripdir. Onuň rus dilinde taýýarlan «Magtymguly. Izbrannoe» diýen kitaby birnäçe gezek neşir edilipdi. Alymyň düzen, sözbaşy ýazan Magtymgulynyň eserleriniň çaklaňja tomlugyny ÝNESKO-nyň 1972-nji ýylda Aşgabatda geçirilen konferensiýasynyň guramaçylarynyň biri L. Bazen bilen belli türkişynas P.Baratow fransuz diline terjime edýär. Olaryň terjimesi 1975-nji ýylda ÝNESKO-nyň Pariždäki neşirinde çap edilýär. Alymyň ylmy işleri gazak, özbek, ukrain, rus, fransuz dillerinde ile ýaýradylýar. Akademik B.A.Garryýewiň hyzmatynyň köp taraplydygyny belläsim gelýär. ýöne onuň aýratyn üns beren meseleleri bap. Klassyk edebiýatda Magtymguly, folklorda «Görogly» eposy alymyň ylmy döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Magtymgulynyň döredijiligini ilkinjileriň biri bolup, il arasyndan ýygnamaga we gyzgyny bilen okyjylara ýetirmäge howlugýar. Şahyryň ömrüni, döredijiligini, dil baýlygyny öwrenýär. Şahyryň durmuşyny öwrenmekde ol hakdaky halky eserleriň ähmiýetiniň uludygyny nygtaýar. Onuň «Görogly» hakdaky ylmy işleri bolsa alymy Soýuzymyza belli edýär. Köp ýyllyk ylmy gözlegleriniň esasynda eposyň wersiýalaryny anyklaýar, olaryň emele gelşini, poetikasyny, tipologiýasyny, çeperçilik, estetiki-emosional täsirliligini, taryhylygyny, obrazlar sistemasyny öwrenýär. Alymyň ylmy gözleglerini öz içine alýan monografiýasy «Epiçeskie skazaniýa o Kerogly u týurkoýazyçnyh narodow» («Türki dilli halklaryň «Görogly» hakdaky epiki hekaýatlary») diýen at bilen Moskwada neşir edilýär. Alym ömrüniň soňky ýyllarynda «Görogly» eposyny rus diline terjime etmäge aýratyn üns berýär. Ol terjime üçin kämil diýlip ykrar edilen Pälwan bagşynyň nusgasyny saýlap alýar. Bagşynyň ýerine ýetiriş usulyna, ulanan çeperçilik däpleridir serişdelerine, söz baýlygyna zeper ýetirmän terjime etmäge çalyşýar. On iki şahany içine alýan «Görogly» eposynyň rus hem-de türkmen dilindäki akademiki neşirini Moskwanyň «Nauka» neşirýatyna tabşyrýar. Alym «Görogly» eposynyň ylmy neşirini görüp bilmedi. Onuň işini B.A.Garryýewiň halypalarynyň biri A.P.Poseluýewskiniň ogly E.A.Poseluýewskiý dowam etdirdi. Görnükli alymyň bu tekstologik işi folklorşynaslykda uly waka öwrüldi. Baýmuhammet Atalyýewiç hakdaky bibliografiýany agtaryp otyrkam bu alymyň durmuşynda şeýle wakalaryň häli-şindi bolup durandygyna göz ýetirdim. Ol ýönekeý terjimeçi bolup işe başlaýar, soňra Soýuzymyza belli alym bolup ýetişýär. TSSR YA-nyň hakyky çlenligine saýlanýar. Zähmet Gyzyl Baýdak ordeni, «Beýik Watançylyk urşy ýyllaryndaky zähmet edermenligi üçin», «Zähmet edermenligi üçin» diýen medallar bilen sylaglanýar. Halk magaryfyny ösdürmekdäki we pedagogik kadrlary taýýarlamakdaky hyzmatlary üçin «Halk magaryfynyň otliçnigi» diýen nyşan bilen sylaglanýar. Oňa TSSR-iň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri diýen at dakylýar. Şeýle uly alymyň iş usulyny, gylyk-häsiýetini bilmegiň pedagoglardyr okuwçylar üçin uly ähmiýeti bar. Şu ýerde Baýmuhammet Atalyýewiçi oňat tanandygym, iş bilen baglanyşykly birnäçe gezek söhbetdeş bolakdygym üçin onun häsiýetine mahsus käbir aýratynlyklary belläsim gelýär. Ol işden başga güýmenje bardyr öýtmezdi. Güni iş bilen geçerdi. Maňa-da ir sagat bäşde turup, säher bilen işlemegi maslahat bererdi. Doktorlyk, kandidatlyk dissertasiýalaryny gorajak bolup gyssaga düşenleriň köpüsi onuň hemaýat etmegi bilen ýola düşerdi. Ol adamkärçilik mertebesini saklamagy başarýan alymdy. B.A.Garryýew tankydy hoşgylaw kabul edýärdi. Ýetmişinji ýyllarda Magtymgulynyň ömri bilen baglanyşykly alymyň adresine birnäçe bellikler aýdyldy. Garryýew olara jogap bermedi. Edil şol döwürde onuň «Magtymguly» diýen saldamly monografiýasy çapdan çykdy. Görüp otursak, alymyň kitaby onuň tankytçylara beren jogaby eken. Baýmuhammet Garryýewiň geçen ýoly bize uly mekdep. Türkmen alymlary halypanyň kesbini dowam etdirýärler. Ýeri gelende aýtsak, onuň perzentleri hem şol mekdebiň okuwçylary. Gyzlary Aýna bilen Amangül filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejäni aldy. Bu gowy zat. Ýöne biz uly alymyň öňünde bergidar. Ömrüni ylmy ösdürmäge, kadrlary taýýarlamaga bagyş eden B.A.Garryýewiň henize çenli ady ebedileşdirilenok. Bu babatda alymyň dogduk Gökje obasynyň adamlaram, işlän ýeri —M. Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetem, partiýanyň Aşgabat şäher komitetem henize çenli degişli işi alyp barmaýarlar. Onuň ady köçeleriň birine, mekdebe dakylanok, muzeýi döredilenok. Alym barada düýpli ylmy iş alnyp barlanok. Şu we beýleki zatlar ýerine ýetirilse, biziň halypa alyma goýan hormatymyz bolardy. Ol şeýle hormata mynasyp adamdy. A.BAÝMYRADOW. TSSR YA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň folklor böluminiň starşiý ylmy işgäri. "Mugallymlar gazeti", 22.12.1989 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |