22:46 Muazzez Ilmiýe Çygyñ missiýasy nämedi? | |
MUAZZEZ ILMIÝE ÇYGYÑ MISSIÝASY NÄMEDI?
Publisistika
Muazzez Ilmiýe Çyg 2024-nji ýylyñ 17-nji noýabrynda Mersinde bejergi alýan hassahanasynda 110 ýaşynda aradan çykdy / Fotosurat AA Ýakynda 110 ýaşynda aradan çykan şumerolog alym Muazzez Ilmiýe Çyg hakda gadymydöwür taryhyny öwreniş ylmyna goşan goşantlary hakda öwgüli sözler ýazylýardy. "12-nji sentýabr" döwründe gurlan firmanyñ eden oýunlary-da aýan boldy welin, firma Çyg hakdaky öwgüli synlaryny doly diýen ýaly öçürip goýberdi. Dogany bilen birlikde guran firmasyna-da Muazzez hanym başlyklyk edipdir. Firma kommunizmi kesel hökmünde görüp, munuñ beýniniñ haýsy böleginde nähili hereketlerden gelip çykýandygyny öwrenmek maksady bilen derman oýlap tapypdyr. Ol muny azatlykdan mahrum edilen tussaglarda barlap görüpdir. Tussaglary äkidip zor bilen tenine derman serişdelerini sanjym edilýändigini gürrüñ berýän bloglar bilen birlikde eksperimentlere pul berilýändigini paş edýän blogam paýlaşylypdy. Bular ýaly hereketi oñlap bolmasa-da, Muazzez Ilmiýe Çygyñ şumer ýazgylaryny okap, taryh ylmyna goşan goşandyny inkär edip bolmaýar. Bu iki çaprazlyk meni Muazzez hanymyñ haýsy täsirler bilen şahsyýetini kemala getirendigi barasynda birnäçe zat aýtmaga iterdi. • Şumerolog alymlygy Muazzez hanym ilki bilen şumer ýazgylary okamak boýunça hünärmen hökmünde tanaldy. Ony bu käre gönükdiren megerem otuzynjy ýyllaryñ resmi taryh garaýşy bolda gerek. Türk taryhy tezisi we ony goldaýan Güneş dili teoriýasy otuzynjy ýyllaryñ başynda orta atyldy. Çyg 1931-nji ýylda pedagogiki instituty okap gutarypdy. Türk taryhy tezisine görä, siwilizasiýanyñ ojagy Orta Aziýa. Siwilizasiýa türk göçhä-göçlükleri sebäpli dünýäniñ çar künjüne ýaýrapdyr, şol ýurtlarda täze medeniýetleriñ emele gelmegine getiripdir. Türk taryhynyñ esasy ugurlarynda bu tezis işlenipdir, 1931-1940-njy ýyllarda liseýlerde okadylan dört jiltlik taryh kitabynda hem bu tezisler giñişleýin berilýär. Şumerler türkleriñ döreden medeniýeti. Ýagny şumerleriñ añyrsy türk. Şol wagtyñ hökümeti Seljukly we Osmanly döwletleriniñ taryhyny bir gyra goýup, gadymy döwür türk taryhyny öwrenmäge girişipdir. 1935-nji ýylda gurlan "Etibank", "Sümerbank" ýaly banklar hem eti we şumer siwilizasiýalarynyñ türkdüklerine nähili ynanylandygyny görkezýär. Güneş dil teoriýasy bolsa ähli dilleriñ enesiniñ türkçedigini öñe sürüpdir. Türk dil gurultaýlarynyñam meselesi holan tezise görä amerikan indeýlerinden başlap grek, latyn, beýleki hindi-ýewropa dilleriniñem köki türkçemiş. Bu tezisler Atatürküñ aradan çykmagyndan soñ resmi dolanyşykdan aýrylandygyna garamazdan, häzirem az hem bolsa tarapdarlary bar (bularyñ biri Kaan Aslanoglydyr we ol "Oda TV" saýtynda tezisini subut etmäge synanyşýar). • Ikinji tolkun: Yslamyýetiñ köki Muazzez hanym otuzynjy ýyllarda şumerologiýa kursunda okap ýörkä megerem entek ünsüne düşmedik başga bir mesele bilen segseninji ýyllarda gabatlaşypdyr we ol bu boýunça tezisleri öñe sürme wezipesini boýnuna alypdyr: Yslamyñ çeşmeleri. Türk intelligensiýasy altmyşynjy ýyllarda ösüp-örñemek we ýetmişinji ýyllarda egrisi biraz peselmek bilen birlikde dowam edýän rewolýusipn göreş segseninji ýyllarda gazaply basyşa sezewar bolansoñ, esasy ugruny üýtgetmäge mejbur boldy. Täze göreşiñ temasy yslamdy. Jemgyýetiñ giñ gatlaklary dindardy we halkyñ ýazylganlyga çykmagynda iñ uly päsgelçilik din (hanapy mezhebi) hasaplandy. Halk köpçüligine şu meselede düşünje bermek boýunça işler ýygjamlaşdy. "Şeýtan aýatlary" gürrüñi şu döwürde orta çykdy. Yslam dini boýunça ýazýan makalalary sebäpli Turan Dursunyñ adynyñ arşa çykmagy hem şu döwürde bolup geçdi. "Şeýtan aýatlary" 1993-nji ýylyñ 4-nji iýulynda Madimak heläkçiligi bilen gutardy. Turan Dursun bolsa ýazýan makalalaryna şirin jany bilen jogap bermeli boldy, ýöne bu tema boýunça işler dowam etdirildi. Hatda Turan Dursunyñ adyna ylmy-barlag baýragy hem döredildi. Bu baýragy almak üçin bäsleşige goýberilen işleriñ içinde çorba çykaryp bolaýjagy ýok diýen ýalydy. Biri Erdogan Aýdynyñ "Nähili musulman bolduk?", beýlekisi Erol Seweriñ "Köphudaýlylyk, hristianlyk we Käbe" atly ylmy işleridir. Bular kitap görnüşinde-de çap edilipdi. Hemmesi "Kaynak" neşirýatynda çap edilen kitaplary bilen Muazzez Ilmiýe Çygyñ ýyldyzynyñ parlamagy-da şu döwre gabat gelýär. Çyg yslamyñ köküniñ şumerlere baryp direýändigini subut etmäge synanyşýardy. • Yslama garşy söweşip halky häkimiýet başyna getirip bolmaýar Meniñ özümem Turan Dursunyñ adyny göterýän baýraga hödürlenýän işleri saýlap-seçmek boýunça komissiýanyñ bäş agzasyndan biridim. Hernä ýalñyş zadyñ nämedigini duýup ýetişdim we 2004-nji ýylyñ 29-njy sentýabrynda Stambulda geçirilen baýrak gowşuryş dabarasynda çykyş etdim. "Intelligensiýa yslam bilen dil tapyşmalydyr" diýip başlan çykyşym myhmanlary geñ galdyrdy. Bir topary meniñ aýdýanlarymy diñläp durka ynjalýanyny duýdum, beýleki ýarsy bolsa pikirlerimi ýalñyş hasaplady. Çykyşym Işçi partiýasynyñ neşir organynda çap edilmek birlikde, partiýanyñ başlygy maña jogap bermek üçin iki egindeşine tabşyryk berdi we bularyñ makalalary-da yzly-yzyna žurnalda berildi. "Zeki Saryhana garşy göreş" yglan edilip, munuñ hiç yzy üzülmedi. Bütin dinleriñ soñky ynanç sistemalaryna täsirini ýetirmegi, özünden öñki ynançlardan we medeni akymlardan täsirlenmegi bolup biläýjek zat. Hernä Hikmet Kywyljymly ýaly din boýunça ylmy-barlaglarynda taryhy materializm usulyny ulanan sosialistler indi ortada görenokdy. Bazar Amerikada ýaşaýan Ilhan Arsel ("Şerigat we aýal, şerigatdan kyssalar") we Arif Tekin ("Kuranyñ köki") ýaly awtorlaryñ elindedi. Dinleriñ we ynançlaryñ köküniñ hemişe filosoflardyr medeniýetiñ taryhyny öwrenijiler tarapyndan öwrenilmegi bolaýmaly zat. Yslam dininiñ tapawutly tarapynyñ ýokduguny we köküniñ şumerlerdigini aýtmak Türkiýede dine ynanmaýanlaryñ sanyny artdyryp bilmedi. Bürenjegiñ Templiýer jeleplerinden galan geýinme formasydygy hakda çap edilen material hem musulman aýal-gyzlaryñ bürenjeklerini çykarmagyna sebäp bolup bilmedi. Filosofiýanyñ etmeli zadyny haýsydyr bir syýasy partiýanyñ etmäge synanyşmagy onuñ halk köpçüliginiñ arasynda ýaýramagyny añsatlaşdyryp bilmeýär. Şeýle-de boldy. Adamlaryñ ynanma zerurlygyny gözden salmazlyk mundaky ýumşamanyñ we üýtgeşmäniñ başga şertlere baglydygyna we uzak wagta çekjekdigine düşünmeli. Dinlere garşy göreş halkçylaryñ programmasy bolup bilmez. Muazzez hanymyñ "Lions" we "Rotari" klublary tarapyndanam goldanmagy (Wikipediýa) az pikirlendirmeýär. • Musulmanlar bilen birlikde Eger ýurdumyzda anti-imperialistik halk ýa-da sosialistik rewolýusiýasyny amala aşyrjak bolsañ, munuñ musulman halk bilen bile edip boljakdygy köre mälim hakykat. Yslama garşy göreşe esaslanýan garaýyş şol bir wagtyñ özünde musulmanlara-da gylyç çekdigi bolýar. Munuñ özi aslyyetine seredilende Tanzimat döwründen bäri türk intelligensiýasynyñ esasy añ-düşünje gurluşuny düzýär. Türk milletparazlygy we yslam duşmançylygy Muazzez Ilmiýe Çygyñ missiýasyna öwrüldi. Bu onuñ okan otuzynjy ýyllarynyñ döwlet ideologiýasydy we segseninji ýyllarda gaýtadan orta atyldy. Dünýewiligi goramak üçin harby gullukçylaryñ amala aşyran 1997-nji ýylyñ 28-nji fewral öwrülişigi-de şeýle meýli ep-esli berkiden bolmaly. Netijede Muazzez Ilmiýe Çyg otuzynjy ýyllary Orta Aziýaçy türk milletçiligi bilen segseninji ýyllarda bir bölek intelligentde beýgelen yslam tankydy akymynyñ utgaşygydyr. Onuñ kitaplaryny we makalalaryny çap edip gelen toparlaryñ syýasy pozisiýalary-da munuñ şeýledigine güwä geçýär. Zeki SARYHAN. Çarşenbe, 27.11.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |