16:27 "Mübariz Ibragimowyñ gahrymançylykly ömri hakynda kinofilm döretmek isleýärin" | |
"MÜBARIZ IBRAGIMOWYÑ GAHRYMANÇYLYKLY ÖMRI HAKYNDA KINOFILM DÖRETMEK ISLEÝÄRIN"
Teatr we kino sungaty
Türkiýäniñ çäginden daşarlarda-da giñden tanalýan kinorežissýor Osman Sinaw Day.Az.report-a interwýu berdi. ■ Osman Sinaw kim? Osman Sinaw 1956-njy ýylda Türkiýäniñ Burdur şäherinde doguldy. 1975-nji ýylda Stambuluñ Döwlet sungat akademiýasynyñ şekillendiriş sungaty, 1977-nji ýylda şol akademiýanyñ tekstil dizaýany bölümlerini tamamlady. Şol bir wagtyñ özünde 1979-njy ýylda şol akademiýanyñ kinomatografiýa institutyny hem okap gutardy. 1984-nji ýylda "Sinegraf Film Yapım/Yönetim Ltd. Şti." şereketini gurup, 500-e golaý mahabat filmlerini döretdi. 1987-nji ýyldan bolsa kinomatografiýa sektoryna gadam basyp ýüzlerçe kinofilmleri we teleseriallary surata düşürdi. Olaryñ arasynda "Ýazyjynyñ ölümi" ("Bir Muharririn Ölümü"), "Hüñkäriñ bir güni' ("Hünkarın Bir Günü"), "Geldi-geçer şapak" ("Yalancı Şafak"), "Kiçijik dünýä" ("Küçük Dünya"), "Söýgä hiç kim ýok" ("Aşka Kimse Yok"), "Super kaka" ("Süper Baba"), "Ýalançy" ("Yalancı"), "Perişde jaýy" ("Melek Apartmanı"), "Mawy hyýallar" ("Mavi Düşler"), "Gyzgyn pursatlar" ("Sıcak Saatler"), "Gerilla", "Däli ýürek" ("Deli Yürek"), "Däli ýürek: Bumerang dowzahy" ("Deli yürek: Bumerang Cehennemi"), "Çörekçi gaýyk" ("Ekmek Teknesi"), "Möjekler mekany" ("Kurtlar Vadisi)" (55-nji bölüme çenli), "Gussaly durmuş" ("Acı Hayat") we başgalar... Edil häzir bolsa Türkiýäniñ "ATV" telekanalynda goýberilýän we millionlarça tomaşaçysy bolan "Sen aýdyp ber, Garadeñiz" ("Sen Anlat Karadeniz") teleserialynyñ režissýorydyr. ● - Şu wagta çenli türk kinomatografiýasynda köp tutumly işleri bitirmegiñ hötdesinden gelipsiñiz. Megerem, azerbaýjan filmleri barada bilýän bolsañyz gerek. Ýogsa-da, Azerbaýjanda kinofilm surata düşürmek hyýalyñyz ýokmy? ● - Biziñ düýp kökümiz bir, medeniýetimiz bir, biz dogan we bir atanyñ çagalarydys. Meniñ Azerbaýjanda gowy görüşýän köpsanly dostlarym bar. Azerbaýjanyñ birnäçe şäherinde bolup görüpdim. Azerbaýjan meniñ watanymdyr, Azerbaýjandaky doganlarymy janymdan eý görýärin. Elbetde, azerbaýjan kinomatografiýasyndan habarym bar. Azerbaýjan kinosynyñ baý taryhy gorlary bar. Azerbaýjan kinofilmleriniñ köpüsine tomaşa edipdim. Men Azerbaýjanyñ milli gahrymany Mübariz Ibragimow hakynda kinofilm surata düşürmek isleýärin. Mübariz Ibragimow Azerbaýjanyñ şu günüdir, häzirki günde şeýle gahrymanlaryñ durmuşy bilen baglanşykly kinofilmler surata düşürip, ýaşlarda watansöýüjilik ruhuny ösdürmek gerek. Taryhy gahrymanlary janlandyrmagyñ deregine, adamlaryñ öz görüp-bilip ýören döwürdeşleri barada kinofilm döretmek has bähbitli bolar. Men aslynda "Däli ýürek" filminde bu prinsipimi amala aşyrmaga çalşypdym. Döwrümize kybap gahrymanyñ keşbini döredipdim. Eger döretmek nesibämde bar bolsa, Mübariz Ibragimow hakynda döretjek filmimem döredijiligimiñ ajaýyp nusgasy bolar. Bu asylly maksadymy amala aşyrmak üçin Azerbaýjana ýene-de gitmeli bolaryn. Bu meniñ ýüregimde beslän arzuwymdyr we mundan azerbaýjanly dostlarymyñam habary bar. ● - Siziñ pikiriñizçe azerbaýjan we türk kinomatografiýasynyñ arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmeklik üçin nähili teklipleriñiz bar? ● - Elbetde, ýurtlarymyzyñ arasynda bu ulgamda hyzmatdaşlyk esasy meseleleriñ biridir. Illkinji nobatda bilelikde döredilýän kinofilmleriñ sanyny artdyrmaly, kinofilmlere her iki ýurduñ aktýorlaryny dahylly etmeli. Maksat aktýorlarymyzyñ tanalmagydyr. Türk tarapy muña islendik wagt taýýar, ýöne bu iş maksatnamalaýyn we ikitaraplaýyn gurnalsa has gowy bolar. ● - Azerbaýjanly aktýorlar türk seriallarynda oýnamak üçin ýüz tutýarlarmy? ● - Elbetde, ýüz tutmalar we telefon jañlary köp bolýar. Edil birküç gün öñem azerbaýjanly aktýorlardan biri bu mesele bilen maña jañ edipdi. Azerbaýjan aktýorlary biziñ kinofilmlerimizde rol almak isleýärler. Munuñ sebäbi bolsa tanymallygyñ çygryny hasam giñeltmek we millionlaryñ söýgülisine öwrülmek isleginden gelip çykýar. ● - Dünýäde türk seriallaryna bolan gyzyklanmanyñ syry nämede? ● - Munuñ aýratyn syry ýok. Belki-de, Türkiýäniñ giñ geografik giñişlikde ýerleşýänligindendir, tranzit ýurt bolmagy-da munuñ sebäplerinden biridir. Mysal hökmünde aýtsam, soñky işim bolan "Sen aýdyp ber, Garadeñiz" serialynyñ 6-njy bölümini Argentina eksport etdik. Bu hadysa türk kinomatografiýasynyñ taryhynda ilkinji gezek boldy, film tamamlanmanka, ýa-da azyndan 13 bölümi düşürilmänkä şeýle geleşige gol çekildi. Argentina türk döwletem-ä däl, ýöne durmuşa bolan garaýyşlarynda umumylyklar bar, bu bolsa olarda biziñ medeniýetimize bolan gyzyklanmany döreden bolmaly. Belki-de, adamzada bolan adamkärçilikli garaýşymyz, gumanizmimiz argentinalylaryñ ünsüni çekendir?!.. ● Indiki etsem-petsemlerim näme? Ýetişdiren şägirtleriñ barmy? ● - Men öz kärimi örän söýýärin, bu kärden başga käri göz öñüne-de getirip bilemok. Çünki režissýorlyk meniñ durmuş pelsepämdir. Häzir men Mimar Sinan adyndaky sungat uniwersitetinde mugallym. Ondan öñ Kipr türk respublikasynda-da uniwersitetde mugallymçylyk edipdim. Häzir zehinli ýaşlar köp. Men türk kinomatografiýasynda saldamly işleri bitiren ýedi režissýor ýetişdirdim. Şeýle-de meşhur "Direliş; Ärtogrul" teleserialynyñ režissýory-da meniñ şägirdimdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |