22:22 Muhammetguly Kasymowyñ ýatlamalaryndan | |
MUHAMMETGULY KASYMOWYŇ ÝATLAMARYNDAN
Teatr we kino sungaty
— «Wagtyň salymy ýok» diýleni. Ýurdumyzyň sungat ugrundan tälim berýän ýokary okuw mekdebini tamamlanym bäri ençeme ýyllar geçdi. Şu geçen ýyllaryň içinde maňa ýurdumyzyň belli artistleri bilen bile işleşmek miýesser etdi. Olaryň birnäçesi bilen spektakllarda dürli häsiýetli gahrymanlaryň keşplerini döretdim. Şol bile işleşmek miýesser eden sahna ussatlarynyň arasynda Türkmenistanyň halk artisti Ýelizaweta Garaýewa hem bardy. Şol ýyllarda ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda «Görogly» eposynyň Harmandäli şahasy esasynda spektakl sahnalaşdyryldy. Bu spektaklda Ý.Garaýewa Harmandäliniň keşbini döredýärdi. Täze spektaklyň režissýory A.Alawow biziň, ýagny talyp ýaşlaryň hem köpçülik sahnalaryna gatnaşyp, ukybymyzy görkezmegimizi isleýärdi. Şonda maňa bu spektaklda Keremiň keşbini döretmek ynanyldy. Harmandäliniň keşbini döredýän Ý.Garaýewa hem özüme ynanylan keşbi has ynandyryjy döretmegime ýardam etdi. Artistleriň ýadawsyz tagallasy bilen spektakl tomaşaçylara görkezildi. Şondan soňra biz bu spektakly Moskwa şäheriniň teatr muşdaklaryna hem görkezdik. Artist hökmünde ilkinji döreden keşbim bolansoň, bu keşp meniň kalbyma has ýakyn bolup, häli-şindi diýen ýaly hakydama dolýar. Şol pursat belli teatr we kino artisti Ý.Garaýewanyň nurana keşbi göz öňümde janlanýar. Ýaşan ömrüni milli teatr we kino sungatymyzyň ösmegine bagyş eden halypa artist Ý.Garaýewanyň ilkinji sahna keşbimi döretmekdäki goldaw-hemaýatyny minnetdarlyk bilen ýatlaýaryn. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |