10:32 Muhammet pygamber -10: romanyň dowamy | |
BÄŞINJI BÖLÜM 1. We Seniň Belent Taňryň seni garyp ýagdaýynda tapdy, soňra hezreti Hatyja Kubranyň maly bilen seni baý etdi. Gurhan. 93-nji süre. 8-nji aýat. Agyr kerwen kümüş jaňjagazyny birsydyrgyndan enaýyja jyňňyrdadyp, Mekgeden Şama bakan gidip barýardy. Töwerekdäki biri-birini ýassanyp ýatan çagyllak baýyrlar, bagryna çenli gatap galan sähra, uzakdan seleňläp görünýän garamtyl-goňur syrçaly daglar çalymtyk, jowzanyň sargylt löderesi çaýkanyp ýatan asman birhili içiňi gysdyrýardy. Adam atanyň döwründen bäri üýtgemän ýatan bu görnüş boýny jaňly hatar-hatar kerweniň hereketine görä, birden janlanana dönüpdi. Kerweniň öňe yrgyldap barşyna goşulyp, bu görnüş hem yza bakan ädim urýan ýalydy. Hatyjanyň wepaly guly Maýsyryň käwagt bir: – Haýt! – diýip gygyrýan ýogyn sesi bu hereketi has hem gyssaýan ýalydy. Şol ýogyn sese ýaňy bir emedeklejek-emedeklejek bolýan ýaly bolup duran sähra birden tisginip gidýärdi. Maýsur bu sapar kerwendenem, öňe garap müňedekläp barýan agyr hatardan hem juda arkaýyndy. Ol bibisi Hatyja banunyň hojalygyna düşeli bäri bu aýaly, onuň öýüni, ojagyny şirin janyna barabar görýärdi. Bu zenanyň mähribanlygy, husny-jemalyna älem-jahanyň näzikliginiň jemlenmegi ap-ak nurana ýüzüne gelşik berip duran kirpikmen, ullakan gözleriniň üýtgeşik röwşeni onuň aklyny haýran edipdi. Hatyja banunyň öýünde gul-gyrnak bolsun, hormatly kuraýyş kişi bolsun, gaty ses bilen gepleýäni ýokdy. Örän asuda içeriniň hakyky hökümdary asudalykdy, mylakatlylykdy. Adam adamy aldajak bolanokdy. Ýalançylyk, galplyk, hilegärlik etjek bolmak, birek-birekden syr saklamak, öýke etmek bu içerä ýatdy. Maýsur öz bibisinden müňde-bir razydy. Käte-de: – Eý, Hudaý, bularyň gowy adamdygyny – diýip, öz ýanyndan razy bolýardy. Yzyndan hem – Eger dünýäde Käbe bolmadyk bolsa, Taňrynyň özem hökman şu öýe myhman düşerdi. – diýip, hyýal ýüwürdýärdi. Ol bu sözleri ýöne ýere aýdanokdy. Hatyja öýüni, içerisini öz köňlüni, rysgalyny ylla, Hakyň üýtgeşik bir ilçisi öýüne bu gün-erte myhman bolup geläýjek ýaly, tämiz hem-de mukaddes saklaýardy. Bibisiniň bu ajaýyp häsiýeti, bu içeriniň mylakatlylygy Hatyjanyň, bu içeride hemişelik ýaşaýan, bibisiniň batyl doganoglany Warakanyň mal-baýlyk diýip ölüp-öçüp ýatmazlygy, içeridäki bol-elin rysgal Maýsura-da öz täsirini ýetiripdi. Ol bu öýde özüni gul hasap edenokdy. Ol özüni bu öýüň hemaýatkäridirin öýdýärdi. Bu öýüň iňňesinden, tä düýesine çenli, ählisini aýap, mukaddes saklamaga çalyşýardy. Onuň özi-de şu öýüň mertebesine laýyk halal, arassa, ynsaply ýaşajak bolýardy. Ýöne, «adam alasy içinde, haýwan alasy daşynda» diýip araplaryň aýdyşy ýaly, öý eýesi arassa, halalzada bolany bilen tutuş Mekge ili arassa, halal däldi. Her iliň öz dälisi, öz ogrusy, öz orramsysy bar diýenleri gaty dogrudy. Mekge söwdanyň öýjügi bolany üçin öz kesbini çemeçillikden, aldaw-hileden aýlap, güzeran görüp ýörenler hem az däldi. Şu işde Hatyjanyň agzynyň bişen ýeri az bolanokdy. Geçen ýylyň başynda-da ol agyr Kerwenini harytdan ýükläp Şam garaplara ugradypdy. Onuň kerwene baş eden adamy: – Hatyja, men kerweni talatdym. Öz başymyzy zordan alyp gaýtdyk. Indem, ine ursaň arkam, alaryn diýseňem başym! – diýip, müzerilip, onuň ähli maýalygynyň soňuna sogan ekip gelipdi. Soň eşidilip oturylsa, ogurlygam bolmandyr. Kerwenem urulmandyr. Ol ynsabyny ýitiren kerwenbaşy Hatyjany aldap, ýükleri ýoldaky obalaryň birinde düşürip, gep-gürrüň ýatyşansoň agyr kerweni harydy-zady bilen öz haýryna geçirip, tüçjar baý bolup galypdyr. Indi şol «Kerwenim talandy, nädeýin» diýen adamyň öz kerweni Müsüre, Şama söwda gatnap ýör. Soň ýöne bir kerweni ýolda garakçylara urduryp geldiler. Şonda Hatyjanyň ädi şeýle haramy adamlardan ýaňa, ýagşy ýanypdy. Ol şonda Maýsury ýanyna çagyrdy. – Maýsur, kerweniň eýesi men. Ýöne sen meniň wekilim bol-da, kerweniň ýanyndan aýrylma. Men kerwenimi saňa tabşyrýan. Ine, şondan soň Hatyjanyň gulagy dynan ýaly bolupdy. Ýöne näme diýseňem, kerwende, söwda işinde henizem gyrp-çyrp, baha, haryt üçin gözboýagçylyk, ownuk dawalar bardy. Emma Hatyja oňa kän bir ünsem berip durmaýardy. Ol bu sapar hem Maýsure söwda gitmek üçin kerwen düzdürdi. Harytlaryny, mallaryny jemleşdirdi. Öň iş salyşyp ýören adamlarynyň birini kerwenbaşam tutdy. Ýöne bu adamyň hem il arasynda oňly gürrüňi edilmeýärdi. Ol halalzada däldi. Ýöne onuň hem başga alajy ýokdy. Ýa kerwen ibermeli däl, ýa-da bu durmuşda töwekgelçilik etmeli. Başga ýol ýokdy. Ýogsa ol adam barada: – Kerweniň içini üzäýýär. – diýip, onuň bilen öň iş salşyp görenler Hatyja gelip aýdýardylar. Ýöne Hatyja ol adamyň: – Eger hakymdan başga zat alsam, onda alanym ölümiň eti bolsun! – diýip ant içip, awy ýalaýardy. – Eger çynym, sen meni kerwenbaşy etseň, lap etdigim däl, doýup galarsyň. – diýip, Hatyjanyň ähli şübhesini aýyrýardy. Soň bolsa kerwende Maýsuranyň boljagyny ýatlap, has arkaýynlaşýardy. Kerwenbaşy bolsa: – Sen näme alsaň al, ýöne meniň kerwenime guluňy goşma. Maňa ynan. Meniň üçin içaly gerek däl. – diýýärdi. Şeýdip, Hatyja iki oduň arasynda galypdy. Ýöne ol öň agzy ýagşy bişeni üçin onuň bu şertini hem kabul edip biljek däldi. Şeýle günleriň birinde onuň arkadaşlaryndan bolan, golaý garyndaş agasy Ebu Talyp Hatyjanyň öýüne geldi. Ebu Talyp Hatyja bilenem, Waraka bilenem gaty gadyrly görüşdi. Olaryň öňüne goýan hödür-tagamyny datdy. Waraka bilen atalary Firden tä Abdyl Mutalyba çenli, gulaklaryny şaňladyp, gürrüň etdiler. – Agam ogly, Siz haşamylar bolsaňyz hem, biziň kökümiz birdir. Ählimiziň kökümiz Fir atamyza daňylgydyr. Şonuň üçin arany uzaklaşdyrmaň. Biz bendäni «naçar» diýip unutmaň. – Dogry aýdýaň, uýam! – diýip, Ebu Talyp onuň sözüni makullady. Hatyjanyň bu mylaýym sözi, hormat-hyzmaty soňky döwürlerde çaga halys basyp, halal rysk ugrunda eňkamy agan, il içinde pukara bolup galan Ebu Talybyň düşeginem, ýüreginem ýumşatdy. Ol öz uýasy ýaly sylagly zenanyň öýünde köp oturdy. – Menem gün-güzeranym üçin bir kerweni Şama ugratsam diýip, aladalanyp ýörün. – Hatyja agasyna öz işleri, aladalary barada gürrüň berip başlady. – Şoňa bir halalzada kerwenbaşy gözläp ýörün. Eziz agam ogly, şeýlerek bir adam bolsa, gözüňizde bolsun. – Dogry gürrüň. – diýip, Ebu Talyp ýüzüni galdyrdy-da, çal sepen başyny sypalady. Soň çynlakaý gürrüňe başlady. – Agam gyzy, men bir adamy salgy bereýin. Eger şol adama kerweniňi ynansaň harydyň, kerweniň, hakyň-heşdegiň ynjamajagyna men kepil geçip bilerin. – Kimkä ol adam? Ebu Talyp juda arkaýyn gürledi. – Ol biziň doganymyz Abdyllanyň ogly Muhammetdir. Muhammediň ady agzalansoň, içeri birbada dym-dyrslyk aralaşdy. Göýä bu içeri perişdeleriň mekanyna öwrülen ýaly boldy. Bir salymdan soň Hatyja banu sülgüniňki ýaly owadan başyny göterdi. – Agam ogly! – diýdi. Soň ap-ak, misli kösük ýaly barmaklary bilen ýere ýazylan rum halysynyň çitimlerini sypalady. – Sen başga bir ýat adamy salgy berenem bolsaň, men «gözüm üstüne» diýerdim. Muhammet bolsa özümiziňk-ä. Ol eger biziň ýumşumyza ýaramagy kyn görmese men-ä başym üstüne, janym bilen kabul ederin. – Ata-babalaryňa rehmet bolsun, agam gyzy! Hatyjanyň hem göwni bitdi. Ol agasyna hoşamaý ýüzlendi. – Başyňyz dik bolsun, agam ogly! Ebu Talyp şonda Hatyjadan juda hoşal bolup, öýüne gaýdypdy. Ol şol gelşine: Ýüzüň togap eden päklener, uýam, Sen aýyň ýalkymy, çeşmäň durusy. Tylla hazynasy edebiň, haýaň, Ýüzüňe düşmesin gamyň buludy... – diýip başlanýan, emma birwagtlar ýitip giden «Hatyja» atly goşgusyny ýazypdy. Ine, şeýdibem, Muhammet bir tötänlik bilen Hatyjanyň agyr ýükli kerwenini Şam ýurduna äkitmäge razylyk beripdi. Muhammediň indi dabarasy Mekge ilinde dag aşyp barýardy. Iller oňa indi Emin (ynamdar) diýip ýüzlenýärdiler. Munuň sebäbi, Muhammet Mekgedäki «Adalat we namys» birleşmesi diýen topara goşulypdy. Ol toplanmada Mekgäniň ynsaply, abraýly, namys-arly adamlarynyň köpüsi bardy. Olar hiç kimiň hakyny iýmezdiler. Öz haklarynam kişä iýdirmezdiler. Olar kişi namysyna çirk ýetjegini bilseler hem arkaýyn oturyp biljek adamlar däldiler. Bir sapar Mekgede öň hiç wagt bolmadyk waka boldy. Mekgäniň atly hem-de gurply adamlarynyň biri bolan ibn Judanyň öýünde toý toýlanýardy. Adamlar toýa üýşüp, şagalaň gyzyşan wagty bir ýat ýerli Ebu Kubaýys diýen täjir daga çykyp gygyryp başlady. – Eý, doganlar! Mekge ilinde adalatyň ýüzüne gülüp bakyp biljek ýekeje adam tapylmazmyka?! Ýa-da indi bu ilde namys, ynsap diýen zat gutardymyka? Heý, maňa kömek eden bolmazmyka! Ol adam janyýangynlylyk bilen gaýta-gaýta gygyrýardy. Onuň ynjyly sesi Mekgäniň her bir mähellesine, her bir öýüne kürsäp girýärdi. Soň bolsa özüne göwni ýetýän, arly-namysly adamlaryň ýüzüne gamçy bolup çawlanýardy. Bu sesi eşiden Muhammet öz çolaja öýünde rahat oturyp bilmedi. Ol agasy Zubaýryň ýanyna baryp bu ýagdaýy habar berdi. Zubaýr bada-bat mekgeli ýaşululary ýygnady-da, häliden bäri janyýangynly gygyryp duran indem halys sesi gyrlara gelen täjiriň ýanyna, dagyň üstüne eltdi. – Näme boldy, ynsan balasy! Ol adam özüni lampa aşak goýberdi-de, arzyny aýdyp başlady. – Men birki günlükde Mekgä haryt getirdim. Onam mekgeli kuraýyşlardan bolan mertebeli kişi kepil geçip, satyn aldy. Emma ol adam maňa ne harydymyň puluny berýär, ne-de özüni. Telim gün bäri yzyna düşüp, halys boldum. – Kim ol? Ol täjir harydyny alan adamyň adyny aýtdy. Bu ýerdäki adamlar Ibn Judanyň öýüne bakan toplanyşyp ugradylar. Geň galmaly ýeri, şolaryň ählisi-de «Adalat we namys» toplanmasyna girýän adamlardy. Muhammedem şolaryň arasyndady. Olar Ibn Judanyň öýünde maslahaty çugdamladylar. Mekge ilinde adam oglunyň mertebesi kemsidilse, biz başymyza selle orap gözip bilmeris. Ýörüň, şol ýakasy gaýyşly kişiden jogap soralmaly gün geldi. Mekge ilinde toý-meýlisiň beýemçisi, illeriň ähli toýuny öz öýünde geçirip ýören Ibn Juda olaryň öňüne düşdi. Olar ady tutulan kişiniň öýüne bardylar. Ondan şol täjir bendäniň harydyny yzyna alyp berdiler. – Sen Mekgäniň halkyny namysa goýup, biziň gül ýüzümize çirk getirip, nädip ile çykjak? Şeýdip, haram ýol bilen iýen çöregiň bokurdagyňa tegek bolmazmy?! Ol kişi ýer ýarylan bolsa, şoňa girjekdi. Emma girere hiç deşik tapmady. Şeýdip, bu topardan betpäl, ogry, bihaýa, kezzap adamlar çekinip başladylar. Muhammet bu topara girmänkä-de, oňa goşulanda-da, ýüzüne garap, «sen beýle» diýip aýdyp bilýän adam ýokdy. Çünki, onuň ýaly arassa, päkize, halalhon belki, Mekge ilinde şol döwürlerde bolan hem däldir. Şeýle-de bolsa, Muhammediň hem ýagysy bardy. Ol hem özli- özlerinden döräpdi. Araplaryň: «Başga ýagyň bolmasa, babadaşyň ýokmydy» diýişleri ýaly, onuň ýagysy agasy Abdyl Uzzady. Abdyl Uzza nämüçindir Muhammedi hemişe yzarlap ýördi. Ol sähel maýyny tapsa oňa igenip, diliniň awusyny pürküp ýördi. Muhammet henizem atasynyň howlusyndaky kakasy-ejesi ýaşan bir otagda ýaşaýardy. Oňa bibisi, Abdyl Mutalybyň iň söýgüli gyzy Atika jan dilden hemaýat edýärdi. Onuň egin-eşigini arassalaýardy. Öýde bişen tagamlardan oňa-da dadyrýardy. Içerini syryp-süpürýärdi. Emma uýasynyň Muhammediň ýaşaýan jaýyna girenini gören Abdyl Uzzanyň myrryhy atlanypdy. Ol Atika agzyna gelenini aýdyp sögdi. Soňam Muhammediň üstünden düşdi. – Şol gedaýdan irdim men. Men maşgalaly, çagaly halyma ýekeje otagda oňňut edip ýörün. Olam pisini aşyryp, kakamyň yzynda galan jaýda, mülk eýesi ýaly bolup ýaşap ýör. Eger namysy bolsa, gitsiň başga ýerden jaý tapyp, şonda ýaşasyn. Şu öýüň ýalyndan ýallanmasa, ajyndan öljegini bilýär ol. Muhammet agasynyň bu igençlerini eşidipdi. Ýöne oňa kän bir ähmiýet bermeli däldigini bilýärdi. Ol agalarynyň mähribanlygyny görüp, olaryň söýgüsini kabul edip, käte aýdýan käýinjini çekmegi-de özüne kiçilik bilenokdy. Ol agasynyň igenjini dogry hasap edýärdi. Abdyl Uzza öň, Muhammet on iki-on üç ýaşlaryndaka kerweni Şama alyp barýan Ebu Talyp düýesine münjek bolup, onuň üzeňňi bagyna aýak basanda: – Agam, sen meni kime goýup gidýäň. Meni ýanyňdan goýma! – diýip özelenipler ýalbarypdy. Şonda Abdyl Uzza: – Ýok. Şol gitmesin. Şony äkitseňiz, menem giderin! – diýip olaryň gapdalyndan çykypdy. Emma Ebu Talyp ony ýanyna almandy. Öz diýenini etjek bolup kerweniň yzyna düşen Abdyl Uzzany bolsa agalary saklap, alyp galypdylar. Şonda-da Muhammediň göwnüne kine gelmändi. Ol agasyna düşünipdi. – Menem alyp gidiň, size haýrym degse deger, zyýanym degmez. – diýip, Abdyl Uzza kerwen düzülip başlandan atasy Ebu Talyba ýalbarybam başlapdy. Emma: – Bolmaz! – diýip, Ebu Talyp şol bir tutanyna, diýenine tutýardy. – Agyr ýollara agzy sary oglany alyp gidip bolmaz. Onsoňam ol ýollarda başyňa nähili belalaryň injegini kim bilýär... Bu söz hemmeler üçin kanundy. Ony diňe ýerine ýetirmelidi. Emma oňa boýun bolnup ýörülýärkä, Abdyl Uzzanyň özünden hem ep-esli ýaş oglan gitmeli bolýar-da, näme üçin Abdyl Uzza galmalymyş. «Oňa derek başga birem bolsa, şeýle diýip öýkelärdi» diýip Muhammet oýlanýardy. «Agamyň bu igençlerem dogry. Menem öz günümi düzedip bilmän ýörün-dä. Şu wagt ýagdaýym bolup, başga bir ýerden jaý alyp, göçsem, agam Abdyl Uzza, onuň ýaňy öýe düşen gelni Umm Jemile birneme giňişräk bolardy. Bu jaýlar indi bize gaty daryşganlyk bolýar. Agam Ebu Talybyň hem öýi çagadan doly. Ol çagalaryň bolsa häzir iýjek-geýjek wagty. Eliňde harjyň bolup, kömek etseň, gözlerine degjek». Muhammet oýlanýardy, ölçerýärdi. Ýöne güzeran agyrdy, durmuş kyndy. Häzir ol işläýin, gazanaýyn diýse-de göwnüne laýyk bir gazançly iş tapyp biljegi gümanady. Ýylda birki sapar kerwene goşulyp Şama, Yraga söwda işine giderdi. Ýöne onda-da düşýän hak ölmez ödidi. Kerwene ýükçi bolanyň näme haky bolsun diýsen-e. Onsoň hem bu ýüzünden nur dökülip duran ýüpek ýaly mele saçy gelşikli sellesinden çykyp, eginlerine dökülip duran juda päkize geýnen, eziz didaryny dim-dik tutup ýören mähriban adamy kim agyr, hapa, kyn işlere dözsün diýsen-e. Oňa her kim guwanyp baksa-da, düşewüntli iş hödür edýän ýokdy. Şama, Ruma gidýän agyr kerwenler hem öz ýanlaryna Muhammedi alanlaryndan başga bir garyp pukarany alanlaryny gowy görýärdiler. Bir tarapdan, Muhammet olar bilen gitse, kerweniň sag-aman dolanyp geljegine kepil geçip bolýardy. Beýleki tarapdan, Muhammet kerwende bolsa hiç hili gyrp-çyrp edip bolanokdy. Ol kerwen ýoldaka, baran ýurtlarynda ýoldaşlaryna şagal mesligini, bolgusyz meýlisleri etdirenokdy. Iň esasy zadam, Muhammedi agyr-agyr işlere salmaga, agyr ýükleri götertmäge hiç kim dözenokdy. Muhammet il keramaty hökmünde aýalyp ýörülmeli mähriban didaryny güjeňläp, gara dere batyp ýük çekip ýörkä, beýlekiler bir agyr günä işe şaýat bolýan ýaly, ýere giräýjek bolýardylar. Ine, şonuň üçinem käbir kerwenbaşy Muhammedi öz alyp gitjek kerwenine gulluga kabul etmese gowy görýärdi. Muhammet indi köp aý bäri işsizdi. Mekge diýen ýerde işiň bolmasa harjyňam bolanokdy. Harjyň bolmasa güzeranyň hem iki aýagy pugta duşaklanyp, sähra kowulan düýe ýaly, isleIşiň ýaly bolanokdy. Ebu Talyp inisiniň ýagdaýyny bilýärdi. Şonuň üçin onuň öz çagalary bir ýaňa, inisi hem bir ýaňady. Ol bu eziz adama dözenokdy. Özi hem güni öz-özünden biminnet dolanyp duran adamlardan däldi. Ol özünden öňküler ýaly, Käbeden gelýän girdejä barmagyny hem batyrmaýardy. Onsoň bir topar çagajyklaryny ölümiň öýünde zordan halal çörek bilen ekleýärdi. Ol günleriň birinde inisi Muhammediň halyndan habar almak üçin onuň ýanyna geldi. Agasy gelende Muhammet öz otagynda boýra düşegiň üstünde agyr oýa batyp otyrdy. Ol agasyny görüp, ýerinden turdy. Ony töre geçirdi. Ebu Talyp bu ýarym garaňky içerini nurdan dolduryp oturan Muhammedi görüp begendi, özem birhili ýigdelen ýaly boldy. – Ahmedim, boýuňa gurban bolaýyn, otyrmyň? Muhammet agasyna mylaýym ýylgyrma bilen jogap berdi. Hiç zady ýok bolany üçin agasynyň öňüne saçak ýazyp, onuň üstüne iki sany hurma goýup bilmedi. Bir bölejik arpa çöregi barada-ha gürrüňem ýokdy. Ebu Talyp inisiniň gününe düşündi. Häzir tutuş Mekge halkynyň güni Muhammediňkiden gowy däldi. Ol inisi bilen gürleşip, ep-esli salym oturdy. – Ahmedim, gaýrat et. Häzir meniň hem harç ýagdaýym düýpden gutardy. Rysgalymyň düýbi deşilene döndi. Wah, hiç bolmanda mende bolsaňy. Ol-a harjym ekeň janym bolsa-da senden gaýgyrmaryn. Men seniň hor-homsy ýaşanyňa bir ölüp bilemok. Ölüp giden atamyň öňünde hyjalat çekýärin. Kakam Abdyl Mutalyp seniň kyn günüňi duýup, göründe dik oturýandyr. Wah, häzir harjym bolsa, men saňa kuraýyşlaryň başam barmagy ýaly gyzlarynyň birini alyp berjek, toýuňy özüm tutjak... Ol ýere garap, agyr oýa batyp oturan inisiniň mähriban didaryna garady-da, elini onuň egnine goýdy. Muhammet başyny galdyrdy-da, ýüzüni agasyna bakan öwürdi. – Kuraýyşlardan öz babadaşymyz Huwaýlidiň gyzy Hatyja Şama kerwen ugratjakmyş. Bu wagt söwda gidýän kerweniň hyrydaram, awçysam juda köp bolýar. Eger şol kerwene daklyşyp bolsa, şeýdip oturanyňdan gowy bolardy. Bu habar Muhammedi gyzyklandyrdy. Ol agasynyň ýüzüne bilesigelijilik bilen garady. Inisiniň ýüzüniň şuglasyndan Ebu Talybyň ýüzi gülgün öwsüp gitdi. – Hawa-la. – diýip, agasy gepini dowam etdirdi. – Näme, iküç aýlap ýolda bolmaly. Içiňi hümledip öýde oturanyňdan-a gowy. Bärden özüň hem olur-budur harytjagaz alyp, ýolda geçen ýerine berip, özüň üçin hem söwda-satyk etseň, olam seniň harjyň bolar. Gelenden soň hakjagazyňy alsaň, olam telim wagtlap güzeranyňy iteklemäge boljak... Muhammet agasynyň bu maslahatyny başyny atmak bilen makullady. – Görýäň-ä, inim. Ýylyň hem rejesi ýagşy däl. Gar, gurakçylyk diňe bir adamlaryň däl, mal-garanyň hem eňkamyny agdardy. Wah, jan inim, Ahmedim, günüm gowy bolanda men saňa beýle agyr ýollary salgy berjekmi?! Muhammet ýöne-de oýa batdy. Ol öňküden hem agraslanypdy. Agasy ony birazajyk arkaýyn görýän ýaly, birneme gyssady. – Seň Ahmedim, Hatyja bint Huwaýlidiň ýanyna bar-da, ondan habar alyp gaýt. Belki, heniz ýeri dolmadyk bolsun-da... Muhammediň ýüzi ýöne-de sallanan ýaly boldy. Ol başyny galdyrdy-da, agasyna ýüzlendi. Ebu Talyp inisiniň ýüzündäki röwşenden, misli güýç alana döndi. – Agam, men heniz adam ogluna dileg salyp göremok. Ol bir aýal adam bolsa, ýa men çekinerin, ýa ol haýa eder. Onsoň biziň maksadymyz başa barman galmasyn. Gowusy, maňa bu işi seniň özüň bitirip berseň! Eger bu barada biz diýenden, onuň özi dil ýarsa, gowy bolaýjak ýaly. Ebu Talyp başyny ýaýkady. – Häk, Ahmedim, meniň gorkýan zadym, Hatyja özüňi görmese, başga birini alar, ýa-da eýýäm alandyr diýen howatyrym bar. Meniň kakam pahyr: «Sag sagynýança, däli ogluny iki öýlendirer» diýerdi. Ol näçe kyn görse-de Hatyja bint Huwaýlidiň ýanyna gitdi. Ýöne ol köp eglendi. Muhammet araplaryň: «Ýumşa giden arabyň eglenenini isle» diýen nakylyna ten berdi. Agasy ony gyssanda Muhammet tasdan hem: «Täleýden gaçyp gitjek ýeriň ýokdur. Äwmek şeýtandan, sabyr rahmandan» diýipdi. Ýöne ol bu sözleri agasy Ebu Talyp gidenden soň gaýtalady oturdy. Soňky döwürlerde Muhammede bir ýagdaý has bildirip ugrady. Onda ata-babalardan bäri gelýän, olaryň başynyň howandary hasap edilen, olaryň mal-döwletiniň eýesi bolan bu daş hudaýlara ýigrenç gaty güýçlenip ugrapdy. Ol Taňry gün berse, her gün Käbä baryp, onuň daşyndan ýedi sapar aýlanyp gaýdýardy. Şonda, iň bärkisi, şol daş hudaýlara gözüniň gytagyny hem aýlamaýardy. Ýüzleri çyrşak-çyrşak, üstünde gurban berlen mallaryň damak gany gatap galan, ebeteýsiz gyşaryşyp, gözgyny hem ýigrenji görünýän bu daşlara her sapar garanda onuň aňyrysy bäri gelýärdi. Şonuň üçin olar tarapa garasam gelenokdy. Bir sapar agasy Ebu Talyp onuň bilen Käbe aýmançasynyň içine girdi. Olar şol daş hudaýlaryň ýany bilen Käbä garap ýöräp gaýtdylar. Soňra gelip, Käbäniň daşyndan aýlandylar-da, yzlaryna gaýtdylar. Şonda Muhammet saklanyp bilmedi. – Eziz agam, aýtsan-a, heý üç ýüz altmyş sanam bir hudaý bolarmy! – diýdi. – Özlerem daşdan, agaçdan... Ebu Talyp onuň ýüzüne närazylyk bilen garady. – Hudaýlara dil ýetirmek gowy däldir. Biz öz ata-babalarymyzdan akylly däldiris. Şolarça bolup bilsek, näme armanymyz bar? Hudaý şolaryňky. Biz ata-babalaryň ýüzüne çirk getirmeli däl... Muhammet agasyna sesini çykarmady. Ebu Talyp bolsa öz kowumlarynyň hudaýy, gollaryny gowşuryp, ýüzüňe jiňkerilip duran gap-gara mermerden emelsizje taslanan Hubala bakan ugrady. – Ýöri, öz hudaýymyza – Hubal jana sejde edeli! Muhammet ýylgyrdy. – Ýok, eziz agam. Ony meniň ýüregim hiç haçan hem kabul etmez. Men öz ynsabyma garşy gidip, daşa hudaý diýip bilmerin. Agasy saklandy-da, «diýmesiz zady aýdyp goýbermäýin» diýýän ýaly, pugta oýlanyp, soň: – Ata-babalarymyzyň-a Hubaldan özge hudaýy ýokdy. Sen şol hudaýdan nädip ýüz öwrüp bildiňkäň?! Ilden çykma, Ahmedim, aýyp bolar. Muhammet başyny galdyrdy. Kimdir biri oňa: «Ahmet, Hudaýdan başga hudaýlar ýokdur!» diýen ýaly boldy. Emma Muhammet ol sözi aňyna jemläbem, agasyna aýdybam biljek däldi. Sebäbi onuň özem heniz Hudaý näme, daş hudaýlar näme, anyk göz ýetirip bilenokdy. Ol şindi öz Hudaýyny tananokdy. Ol-häli agasy bilen oturanda-da, agasy Hubaly çagyryp, oňa sygynyp başlar, özem bolsa agasyna bir ters sözi aýdar, şeýdibem göýene degişme bolar öýdüp gorkupdy. Agasynyň, näme diýseňem, ajy sözi götermegi mümkin. Ýöne, hawa, ol Käbe aýmançasyndaky üç ýüz altmyş hudaýa, ylaýta-da Hubala dil ýetirseň, iki gözüniň birem bolsaň sylap goýmaz... Agşamara işik çalaja açyldy. Soňra Ebu Talyp ýylgyryp işikden girdi. Ol gelip, çyra ýanyp duran içeride agasyny görüp ýerinden turan Muhammedi gujaklady. Soňra begençli: – Alla seniň rysgalyňy agzyňa salyp beripdir, Ahmedim! – diýdi. Soň bolan wakany gürrüň berdi-de, ýolda ýazan şygryny ýadyna saldy. Soň bolsa Hatyja bagyşlap: Ýüzüň togap eýlän päklener, uýam, Sen Aýyň ýalkymy, çeşmäň durusy... Tylla hazynasy edebiň, haýaň, Ýüzüňe düşmesin gamyň buludy – diýen ajaýyp goşgusyny okap berdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |