15:12 Müñ bir many | |
AFORIZMLER
Sözler
Söz berip unutdym diýmek, iki gezek aldamakdyr. * * * Bela iki bulanýan zatdan geler, eliňden ýa-da diliňden. * * * Zyýan çekmeseň ýagşy bolmarsyň, nuruňy dökmeseň ýagty bolmarsyň. * * * Eden ýagşylygyň ýarysy gaýdyp gelse hem, baryndan köpdür. * * * Alladan gorkanyň ýaşy uzalar, adamdan gorkanyň ýaşy üzüler. * * * Ahlagyňy gora, wyždanyňdan sora. Namysy gora, halka görä ýöre. * * * Dünýäde iñ gymmatly iki zat bolsa, biri ynamdyr. * * * Akmagyñ öwgüsinden akyllynyñ käýinji ýagşy. * * * Öwrenmek ruhuñ çeşmesidir. * * * Öwrenmek öwretmekden has peýdalydyr. * * * Wepalylylygy itden öwren, ýöne adamlara wepaly bol. * * * Duşman gulakdan girer agyzdan çykar. * * * Özüñi özüñden özge tanar. * * * Dostuñ goltugyndan tut-- ýykylmasyn, duşmanyñ goltugyndan tut--topulmasyn. * * * Dostuñ hem, donuñ hem könesi ýagşy, dostuñ könesirehimdar bolar, donuñ könesi ýadygär. * * * Ulumsylyk, gedemlik namysjañlyk däldir. Sapardurdy NAZLYÝEWIÑ "Müñ bir many" kitabynda. Awtor barada: Sapardurdy Nazlyýew 1957-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda doguldy. 1974-nji ýylda orta mekdebi tamamlady. 1975–1977-nji ýyllarda harby gullukda boldy. 1984-nji ýyl-da Türkmen oba hojalyk institutynyň agronomçylyk fakultetini tamamlap, alym-agronom hünärine eýe boldy we dürli wezipelerde zähmet çekdi. Sapardurdy Nazlyýew türkmen edebiýaty, döredijilik, pederlerimiziň bize galdyran edebi mirasy, däp-dessurlarymyz, durmuşda ynsan gatnaşyklary ýaly mowzuklar bilen mekdep ýyllaryndan bäri gyzyklanyp, bular babatda serine gelen pikirlerini özüçe ýandepderçesine hemişe bellik edip, toplap, olary gazet-žurnallaryň üsti bilen halk köpçüligine ýetirip geldi. Sapardurdy Nazlyýew häzirki wagtda hormatly dynç alyşda bolmak bilen, Türkmenbaşy şäherinde ýaşaýar. Kitap barada ![]() Jaýdar aýdylan sözler ynsan kalbyna baryp ornaýar. Sapardurdy Nazlyýewiň danalyk bilen aýdan sözlerinden düzülen bu kitap onuň aýdyň mysalydyr. Onda adamyň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli taraplaryna degişli aýdylan sözlere gabat gelinýär. Bu bolsa kitabyň awtorynyň durmuşa synçylygyndan, adam häsiýetlerini beletliginden hem‑de belent adamkärçiliginden habar berýär. Onuňam üstesine-de, bu kitap durmuş tejribesiniň, adamyň köpçülik bilen gatnaşyklarynyň beýanydyr. Kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenilendir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |