16:18 Musulman dünýäsi we çöküşiñ soñky pellesi | |
MUSULMAN DÜNÝÄSI we ÇÖKÜŞIÑ SOÑKY PELLESI
Publisistika
Dünýäniñ iñ baý energetika çeşmelerine eýe... Emma demokratiýa we ösüş ýolunda menzil aşybermeýän ýerdir Orta Gündogar. Orta Gündogar ýurtlary garaşsyzlyklaryny alandan soñam baknalyk düşünjesinden saplanyp bilmeýär. Demokratik döwlet dolandyryşyny we ykdysady ösüşi ýola goýup biljek edaralary-da işledip bilmeýärler. * * * Ýogsam bolmasa, yslam dünýäsi IX-XII asyrlarda Wizantiýadan dagy kän öñdedi. Şol döwür yslamyñ Altyn asyrydy. Faraby, Horezmi, Omar Haýýam, Fahretdin Razy, Rawendi, Ibn Sina, Ibn Roşt ýaly filosoflary, alymlary ýetişdiripdir. Osmanly döwleti alty ýüz ýylyñ dowamynda Ibn Sinanyñ we Ibn Roşdyñ deñinde ýeke filosof ýa alym çykaryp bilmedi. Haremhanalardyr köşk oýunlary, tagt dawalary bilen wagtyny geçirdi. Siwilizasiýa gözüni ýumdy. Ylym-bilime we filosofiýa ýol bermedi. Ýewropalylar bolsa XV-XVI ssyrda Renessansyñ döreden şemalyna atlanyp, ylymda, sungatda we tehnologiýada uly üstünlikleri gazandy. 1450-nji ýylda oýlanyp tapylan çaphana maşyny 300 ýyldan soñ Osmanly döwleti tarapyndan ulanylyp başlandy. Kapyrlaryñ oýlap tapan zadyny ulanmagyñ, kapyr mugallymlardan sapak almagyñ dini taýdan jaýyzdygy ýa däldiginiñ üstünde jedel edilipdir. * * * XX asyryñ ikinji ýarymyndan soñ-a yslam ýurtlary üçin çöküş hasam tizleşýär. Bäş musulman döwlet ýarym million jöhidiñ 1948-nji ýylda Palestinada döwlet gurmagynyñ öñüni alyp bilmändir. 1967-nji we 1973-nji ýyllaryñ Arap-Ysraýyl uruşlarynda Ysraýyldan has güýçlidiklerine garamazdan, Arap ýurtlary asgyn gelipdir. 2024-nji ýyla gelinende, Palestinanyñ tabytynyñ iñ soñky çüýi urulýar. Yrak, Liwiýa, Siriýa böleklenýär. Mezhep uruşlary hem kiparlap gidibermeýär... * * * Iñ esasy sorag: Günbatar ýurtlarynyñ ösmeginiñ düýp sebäbi näme? Jogap: Buthananyñ we döwletiñ biri-birinden aýrylmagy... Jemgyýetiñ dünýewi kanunlar bilen dolandyrylmagy. Musulman ýurtlarda bolsa mukaddesligiñ çeşmesini emele getiren we ýaşaýşyñ hemme ugruny düzgünleşdirýän ýeke-täk kanun şerigat. Günbatarda syýasy häkimiýetler jemgyýete hasap berýär, möhleti ýetende iş başyndan gidýär, çalşyp durýar. Musulman we awtoritar ýurtlarda bolsa syýasy häkimiýetler hiç kime hasap bermeýär. Olaryñ jylawy çekilmeýär. Häkimiýet bir adam ýa-da belli bir topar tarapyndan çäklendirilmedik ygtyýarlykda ulanylýar. Yslam dünýäsinde bary-ýogy bir yurt - Türkiýe Respublikasy döwleti Atatürküñ strategiki öñdengörüjiligi arkaly dünýewiligi ýörelge hasaplaýar. Yslamy konstitusiýadan çykaryp, şerigaty kanuny ulgamyñ daşynda goýýar. Türkiýe musulman ýurtlara nusga bolarlyk şekilde häzirkizaman, döwrebap gurluşa eýe edilýär. Bir ýanda musulman ýurtlarda giñden ýaýran fundamentalist döwlet dolandyryş sistemasy... Beýleki bir ýanda Atatürküñ guran dünýewi, demokratik nusgasy. * * * Musulman ýurtlarda korrupsiýadan we ýaramaz dolandyrylmakdan halas bolmak ugrundaky göreşleriñ netijesi bolmaýar. Söz sözleme we sözlenen sözüñ dogrulygyny-ýalanlygyny barlama azatlygy, aýal-erkek deñligi ýok. Baş egmek medeniýeti kök urupdyr. Atatürküñ dünýewi-demokratik sistemasynda akyl-paýhas we ylym-bilim öñe tutulýar. Aýal-gyzlar jemgyýetde erkekler bilen deñ hukuklara eýe. Baş egmek medeniýeti däl-de, işbaşarjañlyk we sözlenen sözi barlamak medeniýeti ösen. * * * Yslam ýurtlary akyl-paýhasdan we ylym-bilimden daşlaşdygysaýy... "El-Kaide", YŞYD ýaly rehim-şepagatsyz terrorçy toparlary ýetişdirýän öndümli batgalyga öwrüldi. Özgelerden satyn alýan ýaraglary bilen biri-birini öldürýän we başgalaryñ oýlap tapýan dermanlary bilen saglygyny bejertmäge synanyşýan ýurtlara öwrüldi. * * * Atatürküñ mirasyna eýe çykylmaýan häzirki Türkiýäniñ gürrüñine gelsek... Dünýewiligiñ we bürenjegiñ jedellerini etjek derejede pese düşürildi. Aýratynam, soñky ýigrimi ýylda Atatürküñ rewolýusiýalarynda uly yza tesişlik boldy. Hem şindizem... Türkiýe Yraga, Siriýa, Ýemene, Owganystana, Liwiýa öwrülmän galan bolsa... Munuñ ýeke-täk sebäbi Atatürküñ rewolýusiýalarynyñ we saýlap alan dünýewi ýolunyñ saýasyndadyr. * * * Görnüp duran şular ýaly hakykatlara garamazdan... Türkiýe ümzügini Arap geografiýasyna tarap öwürjek bolup her tüýse girýär. Ymmat garaýşyna bolan ýakynlyk ýetjek derejesine ýetdi... Şeýle ýola giren ýagdaýyñda Türkiýäni diñe garañkylyga we böleklenmäge äkitjekdiginiñ görnüp durandygyna garamazdan... * * * Emma... Asyl çöküşiñ soñky pellesine 2024-nji ýylyñ dekabr aýynda gelindi. ABŞ-nyñ we Ysraýylyñ goldan, tälim beren we ýaraglandyran "El-Kaide" toparyna meñzeş topar Siriýany basyp aldy. Häzir muña iñ köp begenýän ýurt Ysraýyl... Emma... Ýeñşiñ şanyna "Emewi" metjidine namas okasaña bolar. * * * Ibn Haldun näme diýipdi? Baryp-ha XV asyryñ başlarynda... "Musulmanlar akyl etmekden (aklyñy işletmekden) el cekdi. Şonuñ üçin zelil hala düşdüler". Bu söz yslam dünýäsiniñ häzirki başdan geçirýän ýagdaýynyñam gysgaça kesgitlemesi bolsa gerek. * * * XVII asyrda ýaşan italýan akyldary Jordano Bruno gürrüñimiziñ soñky nokadyny goýýar. Ol şeýle diýýär: "Hudaý öz hökmürowanlygyny ýola goýmak üçin ýer ýüzündäki gowy adamlary ulanýar, ýer ýüzündäki adamlar bolsa öz hökmürowanlyklaryny ýola goýmak üçin Hudaýy ulanýarlar". Bu sözem musulman dünýäsiniñ nebsagyryjylykly ýolunyñ üýtgewsiz hakykatydyr. • Peýdalanylan edebiýat: - Frensis Fukuýama "Syýasy düzgüniñ kökleri", 2011 ý; - D.Ajemogly, J.A.Robinson "Güýjüñ, bol-elinligiñ we garyplygyñ kökleri", 2013 ý; - Bernard Lewis "Nämede ýalñyşyldy?", 2002 ý. Naim BABÜROGLY. "SÖZCÜ" gazeti, 14.12.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |