13:27 Müsür piramidalaryny kimler gurdy? | |
MÜSÜR PIRAMIDALARYNY KIMLER GURDY?
Taryhy ýerler
• Olar “gelmişeklerem” däl, ýiten Atlantidanyň halkam däl Arheologik gudrat hasaplanýan Müsür piramidalaryny kimiň gurandygy henize bu güne çenli jedelli soraglaryň biri bolup geldi. Bu hakdaky teoriýalaryň birinde gul edilen ýewreýler, başgasynda ýiten Atlantida şäheriniň ýaşaýjylary, ýene birinde bolsa başga planetalardan gelen gelmişekler bu gudratlary bina edenler hasaplanýar. Ýöne bu teoriýalaryň hiç birini goldar ýaly ýeterlik subutnama ýok. • Piramidalary ýewreý gullaryň gurmaga haky ýok Arheologik barlaglaryň netijesine görä, Gizadaky piramidalaryň gurlan wagty bolan 4500 ýyl ozalky Müsürde ýewreýleriň bolandygyny görkezjek arheologik galyndylaryň hiç birisi tapylmady. Şeýle hem, Müsürde gul bolan ýewreýleri gürrüň berýän ýewreý Injilinde “Ramesses” diýen şäher barada gürrüň berilýär. pi- Ramesses atly bir şäher 19-njy dinastiýa (b.e.öň 1295-1186 ý) döwründe düýbi tutulyp, oňa faraon Ramzes II-niň (b.e.öň 1279-1213ý hökümdarlyk eden) ady berlipdir. Bu şäheriň gurlan wagty Müsürde piramidalaryň gurlan wagtyndan soňdur. Bizde irki ysraýyllylaryň Müsürde bolandygy hakda ýeke agyz tutaryk söz ýok: ne ybadathananyň oýulyp ýazylan ýazgylarynda, ne mazar ýazgylarynda, ne-de papiruslarda” diýip, arheologlar Israel Finkelstein bilen Neil Asher Silberman özleriniň “Injiliň üsti açylýar: Gadymy Ysraýyl we onuň mukaddes ýazgylarynyň gelip çykyşy barada täze arheologiki garaýyş” (2001 ý) diýen kitabynda ýazýarlar. Atlantida barada aýtsak, hiç bir taryhy döwürden bu şäheriň bolandygy barada arheologik subutnama tapylmady. Alymlaryň köpüsi bolsa Atlantidanyň toslama ertekidigine ynanýarlar. Gelmişekli gürrüň bolsa düýbünden başga zat. Hakyna seretseň, piramidalary gadymy müsürlileriň gurandygyna ähli subutnamalar şaýatlyk edýär diýip, ýegiptologlar belleýärler. Ýöne olaryň ýaşaýyş we iş şertleri, töleg ýagdaýy we öwez tölegi henizem öwrenilýän syr bolmagynda galýar. • Piramidalar we olaryň gurluşykçylary Müsürde 100-den gowrak piramida bar, ýöne iň meşhurlary faraon Djoseriň höküm süren döwründe (b.e.öň 2630-2611) gurlan ilkinji basgançakly piramida hem-de faraon Snefrunyň hökümdarlygynda (b.e.öň 2575-2551) gurlan ilkinji hakyky piramida, ýagny gapdallary tekiz piramidadyr. Bu hakda Mark Lehner 2008-nji ýyldaky “Piramidalaryň jemi: gadymky syrlary açýarys” kitabynda aýdyp geçýär. Beýik Piramida faraon Khufunyň hökümdarlyk eden döwründe (b.e.öň 2551-2528) Gizada gurlupdyr. Lehneriň ýazmagyna görä, Täze Şalyk döwründe (b.e.öň 1550-1070) faraonlar kem-kemden piramida gurmaklaryny togtadypdyrlar. Oňa derek olar Gizadan 300 mil (483 km) günortada ýerleşýän Şalar Jülgesinde jaýlanmagy saýlapdyrlar. Soňky ýyllaryň dowamynda arheologlar piramidalary kimleriň gurandygy we olaryň nähili ýaşandygy barada täze subutnamalar tapdylar. Biziň günlerimize gelip ýeten ýazgylarda, şol sanda Müsüriň Gyzyl deňiz kenaryndaky Wadi al-Jarfda 2013-nji ýylda tapylan papirus ýazgylarynda uly işçi toparlaryň Giza material getirmäge kömek edendikleri barada ýazylan. Wadi al-Jarfda tapylan papirus ýazgylary Merer atly inspektoryň ýolbaşçylygynda 200 adamdan ybarat işçi topary barada gürrüň berýär. Bu topar Nil derýasynyň üsti bilen Turadan Giza hek daşlaryny daşapdyrlar. Gizada bolsa bu daşlary ýadygärligiň daşky gatyny gurmak üçin ulanypdyrlar. Geçmişde, ýegiptologlaryň pikiriçe, gurluşykçylar möwsümleýin daýhanlar bolup, olar ýylyň oba hojalyk işiniň az wagty piramidalary gurupdyrlar. Emma, munuň dogrudygy-däldigi entäk näbelli. Piramidalaryň taryhyny beýan edýän papiruslary okamak we derňemek işi häzirem dowam edýär. Häzire çenli çykan netijelere salgylansak, Mereriň topary diňe bir gurluşyga kömek etmek bilen çäklenmändirler. Olar Müsüriň köp bölegine, ähtimal Sinai çölüne çenli syýahat edip, özlerine tabşyrylan dürli gurluşyk proýektlerini amala aşyrypdyrlar. Bu ýerden möwsümleýin daýhanlaryň öz ekin ýerlerine dolanyp barjakdygyny, hemişelik professional gurluşykçylaryň bolsa uly proýektleri amala aşyrmaga ukyplydygy baradaky soraglar orta atylýar. Papiruslarda ýazylmagyna görä, işçileriň iýmit berhizine hurma, gök-önümler, guş eti we et degişli bolupdyr. Bu barada papiruslary tapan toparyň ýolbaşçylarynyň biri bolup, olary terjime edýän Pariž-Sorbonne Uniwersitetiniň ýegiptolog professory Pier Tallet Live Science žurnalyna aýdyp berdi. Bu sagdyn berhizden daşgaryn, işçilere şol wagtlar puluň bir görnüşi hasaplanýan dokma önümleri yzygiderli berlipdir. Mundan başga-da, piramidalaryň gurluşygyna gatnaşan ýokary wezipeli çinowniklere ýer peşgeşleriniň berlen bolmagy ähtimal diýip, Massaçusetdäki Gadymy Müsüri Öwrenýän Ýaranlygyň (AERA) direktory Mark Lehner aýdýar. Taryhy ýazgylarda Müsüriň taryhynyň belli-belli döwürlerinde çinowniklere ýer peşgeş berilýän eken. Ýöne, şeýle ýerleriň piramidalaryň gurluşygyna gatnaşan çinowniklere berilendigi heniz belli däl. Lehneriň topary Gizada Menkaur piramidasyny guran birnäçe gurluşykçylaryň ýaşan bir şäherinde gazuw agtaryş işlerini alyp barýarlar. Arheologlaryň häzire çenli tapan subutnamalary bu şäheriň gadymky ýaşaýjylarynyň köp mukdarda çörek bişirendigini, müňlerçe haýwanlary gurban edendigini hem-de köp piwo gaýnadandygyny görkezýär. Şol ýerden tapylan haýwanlaryň süňklerini we işçileriň iýmit zerurlygyny hasaplap, arheologlar işçiler üçin her gün ortaça sygyrlardan, goýunlardan we geçilerden durýan haýwanlaryň 1800 kilogramy öldürilendir diýip çaklaýarlar. Piramidalaryň golaýyndaky mazarlarda jaýlanan işçileriň galyndylary olaryň oňat bejerilen süňklerini, munuň üsti bilen bolsa şol wagtky mümkin bolan medisina kömeginiň işçiler üçin elýeter bolandygyny görkezýär. Piramidalary guranlaryň baý berhizi, lukmançylyk üpjünçiligi we töleg hökmünde dokma önümlerini almagy ýegiptologlaryň olaryň gullar däldigi barada ylalaşmagyna getirdi. Ýöne bu işçileriň ählisiniň deň derejeli öýlerde ýaşandygyny aňlatmaýar. AERA-nyň tapan tapyndylary ýokary derejeli çinownikleriň uly jaýlarda ýaşap, gowy et iýendiklerini görkezýär. Tersine, pesräk derejeli işçiler ýönekeý öýlerde ýa-da piramidalaryň içindäki kabinalarda yatypdyrlar diýip, Lehner aýdýar. Owen ÝARUS. # "Live Science" e-žurnaly. Terjime eden: Güljan ÇARYBERDIÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 9 | ||||||||||
| ||||||||||