08:08 Nadira Kadyrowanyñ syrly ölümi | |
NADIRA KADYROWANYÑ SYRLY ÖLÜMI
Publisistika
Özbegistanly ýaş gyz eýýäm dört ýyl bäri Türkiýäniñ Adalat we Galkynma partiýasynyñ (AKP) Stambul şäheri boýunça halk deputaty Şirin Ünalyñ Ankaradaky öýünde hyzmatkär bolup işleýärdi. Onuñ 2019-njy ýylyñ 23-nji sentýabrynda işleýän öýünde näbelli ýagdaýda aradan çykmagy birgiden gowry özi bilen bile getirdi. Ankaranyñ içer işler uprawleniýesi wakanyñ "sapança bilen öz janyna kast etme" diýip mälim etdi. Kadyrowanyñ ýakyn joralarynyñ biri Nadiranyñ jañ edendinini we halk deputaty Ünalyñ jynsy zorlugyna uçrandygyny, şonuñ üçin özüni öldürmekçi bolýandygy barada aýdandygyny habar berdi. Wakadan soñky geçirilen derñew işleriniñ dowamynda bolup geçen käbir üýtgeşmeler bolsa türk jemgyýetiniñ bir bölegini "şübhä düşürdi". Ankara şäheriniñ Baş prokuraturasy 2-nji oktýabr güni mälim eden beýannamasynda derñew prosesi bilen baglanyşykly detallary paýlaşdy we derñew işleriniñ ýokary depginde alnyp barylýandygyny aýtdy. Iñlisleriñ ady belli garaşsyz "BBC" habarlar gullugy bolsa Nadira Kadyrowanyñ ölümi baradaky köpçülige mälim edilen habarlary ýekän-ýekän analizlemegi makul bildi. ■ Nadira Kadyrowa kim? Ýañy ýigrimi üç ýaşan özbegistanly ýaşajyk gyz Nadira Kadyrowa dört ýyl öñ Türkiýä gelipdi. Ol bir ýyldan bäri AKP-nyñ mejlisdäki halk deputaty Şirin Ünalyñ Çankaýadaky öýünde hyzmatkär bolup işleýärdi. Ünalyñ aýaly kesellidi we Kadyrowanyñ etmeli işi näsaga seretmekdi. Nadiranyñ hossarlarynyñ berýan maglumatyna görä Kadyrowa Türkiýedäki ýokary okuw jaýlarynyñ birine okuwa girmek üçin pul jemleýeýärdi we ýakyn geljekde ýokary okuw jaýlarynyñ giriş ekzamenlerine taýýarlanmak üçin kursa gatnamagy netine düwüp ýördi. Okuwy gutaransoñ Türkiýede işe galyp maşgala gurmak islän Nadira "hossarlary tarapyndan diýseñ gowy görülýärdi, oña ynanylýardy, görmegeý gyzdy". ■ Nadira Kadyrowa nähili öldi? Waka 2019-njy ýylyñ 23-nji sentýabrynda agşam sagat 21:00 töweregi bolup geçdi. Polisiýa wakany "öz janyna kast etme" diýip tanatdy we waka bolup geçende Ünaldyr onuñ aýalynyñ, gyzynyñ hem-de öýüñ ýene bir hyzmatkäriniñem bolandygyny aýtdy. Beýannamada "wakanyñ bolan ýerine geçirilen ilki kriminalistik barlaglarda öz janyna kast etmeden başga şübhä düşüriji ýagdaýlar hasaba alynmady, hususanam öz janyna edeniñ otagynda onuñ öz janyna kast edendigi bilen baglanyşykly bolup biläýjek ähli predmetler derñew işine çatyldy" diýen jümleler ýer aldy. Ankara prokraturasynyñ aýtmagyna görä "öleniñ otagy içinden kilitländigi sebäpli polisiýa işgärleri bilen halas ediş gullugynyñ işgärleri tarapyndan gapyny döwüp açmaly bolupdyr we ony dessine hassahana äkidipdirler". Nadiranyñ özünden uly erkek dogany Muhammedaly Kadyrow dürli metbugat gulluklaryna beren interwýusynda wakadan bäş minut öñ Şirin Ünal bilen jañlaşandygyny aýtdy: "Waka bolmazdan bäş minut öñ Şirin Ünal maña jañ etdi we "sapançam ýitirim boldy" diýdi. Şirin beý maña "gyz jigiñ sapançany alyp saña beren bolaýmasyn?" diýer öýtdüm. Edil şol wagtam jigim sapançany alyp otagyny içinden ýapypdyr. "Açmaga synanyşýarys" diýdi. Şol wagt Şirin Ünalyñ gyzy Duýgy Ünal gapyny ýumruklaýardy. Añyrdan goh-galmagal eşiduldi. Şol wagtam telefon kesildi. Derhal taksä münüp wakanyñ bolan ýerine geldim. Emma eýýäm iş işden geçen eken... Polisiýa işgärleri meni öýe salmadylar. "Jigim nirede?" diýip sorasam, "Hassahana äkidildi" diýip jogap berdiler. Ýene taksiniñ biline depip şäheriñ Bilkent hassahanasyna geldim. "Meni içeri salyñ, men onuñ agasy" diýsemem, meni içerik salmadylar. Kän wagt geçmänkä lukmanlar çykyp "Yzy ýarasyn" diýdiler. Men duran ýerimde doñup galdym". Ankara şäher prokuraturasynyñ beýannamasynda "wakada ulanylan "Baretta-9mm" sapançanyñ güllesine we güllegabyna seljeriş işleriniñ geçirilendigini, seljerişiñ netijesinde wakanyñ bolan ýerinden alynan gülläniñ "Baretta" sapançasyndan çykandygy anyklandy" diýilýär. ■ Ölüminden bir gün öñ Nadiranyñ dertleşen jorasy Leýlanyñ beren görkezmesi "BBC" habarlar gullugy prokraturanyñ alyp barýan derñew işine çatylan güwäleriñ görkezmelerini gözden geçirdi. Kadyrowanyñ Leýla atly özbegistanly jorasy onuñ wakadan bir gün telefonda gürleşendigini, şonda onuñ aglandygyny we Şirin Ünalyñ özüni zorlandygy barada aýdandygyny habar berýär. Leýla Nyýazowa görkezmesinde şeýle diýdi: "Jañlaşanymyzda ol maña "Hojaýyndan rugsat soradym. Olam berenok. Şeýle bir ýadadym, şeýle bir ýadadym welin, hemme zatdan doýdum, ýaşasymam gelenok" diýen ýaly sözleri aýtdy. Sebäbini soranymda ene-atamyñ adyndan ant içirdi. "Aýtjak zatlarymy ölýänçä adam ogluma aýtmaly dälsiñ" diýip şert goýdy. Özem Nadira bu sözleri maña aglap-aglap aýtdy. Ol şeýle diýip durka "men indi agamyñ ýüzüne nädip bakaryn, ölüp dynaýmasam" diýen sözleri aýtdy. Soñra "bir gün otagynda ýatyrka hojaýyny Şirin Ünalyñ gelendigini, onuñ gapyny içinden kilitläp, yzyndan gelip gujaklandygyny, özüniñem oña garşylyk görkezendigini" aýtdy. Ol munuñ haçan bolup geçendigini aýtmasa-da, deputatyñ Ankaradaky öýünde bolandygyny aýtdy. Men ondan "öýde hiç kim ýokmudy?" diýip soranymda, Şirin Ünalyñ aýalynyn aşakky gatda ýatandygyny, özüniñ bagyra-bagyra gygyrandygyna garamazdan hiç kimiñ eşitmändigini aýtdy". L.Nyýazowa jorasy Nadiranyñ Ünal barada "Men ony agam ýaly gowy görýärdim" diýendigini we Ünalyñ sapançasyny alandygyny-da aýdandygyny düşündirişinde görkezdi: "Men ondan Şirin Ünalyñ başga näme edendigini soranymda, ol "Ýok, başga hiç zat etmedi" diýip jogap berdi. Men ondan gyzlyk perdesiniñ bitinligini soradym. Olam gyzlygynyñ bitindigini we özüne degdirmändigini aýtdy. Aglap "Men ony öz agam ýaly gowy görýärdim ahwetin!" diýdi. Gepleşip durkak ol maña hojaýynynyñ sapançasyny ogrynça alandygyny we bir gülle taýýarlap goýandygyny aýtdy. Men oña "A gyz sen däliräpsiñ öýdýän?" diýdim. Nadira bolsa maña sapançany we gülläni ädiginiñ içinde bukup goýandygyny aýtdy. Men ony hernäçe raýyndan gaýtarjak bolsamam, Nadira zar-zar aglap öz janyna kast etjekdigini, sapança bilen özüni atjakdygyny aýdyp bir sözüni tutup durdy. Menem oña "Şeýdip ula giderer ýaly bolan zat ýog-a, biz entek seniñ toýuñy görmeli, toýuñda tans oýnamaly" diýip pälinden dändermäge çalyşdym. Hatda ol sözüniñ arasynda Abdylla atly bir tanşynyñ adyny agzap "Men oña mynasyp däl" diýen sözleri aýtdy". L.Nyýazowa gürrüñdeşligiñ nähili tamamlanandygyny şeýle beýan etdi: "Hernäçe jibirdesem-de oña diýenimi etdirip bilmedim. Hatda gepi o ýana-bu ýana sowup gülküsi tutaýjak zatlary agzadym. Ol arasynda güldem gülmesine. Soñra aglamasyny goýdy. Soñ ol maña minnetdarlyk bildirdi, "Enşalla ertir görüşeris" diýdi. Men ony köşeşdiremsoñ öz janyna kast ederem öýdemokdym". Leýla Nyýazowa görkezmesinde sülçiniñ beren soragyna: "Nadiranyñ jelepçilige baş goşandygy ýa-da jelepçilik edip gün görendigi baradaky gep-gürrüñleriñ düýbünden ýalandygyny, onuñ Laleli raýonyndan alan dokma önümlerini Özbegistana ugradyp satyp eklenç edýändigini" aýtdy. ■ Agasy Nadiranyñ ölümine nähili garaýar? Nadiranyñ özünden erkek dogany Muhammedaly wakadan soñ habar beriş serişdelerine beren görkezmesinde jigisiniñ haýsydyr bir meselesiniñ bolmandygyny aýtdy. Ol jigisiniñ özünden hiç zady gizlemeýändigini aýtdy: "Jigim Nadirany men gowy tanaýaryn, onuñ menden başga içini ynanyp biljek adamy bolup bilmez. Men onuñ üçin hemmetaraplaýyn iñ ýakyn dosty hökmünde, kakasy hökmünde, agasy hökmünde hiç zadymy gaýgyrmadym. Onuñ agyrýan-ynjaýan ýa-da dermaj ulanaýjak ýagdaýy ýokdy. Onuñ öz janyna kast etjek, özüni atjak güýç-kuwwaty-da ýokdy". M.Kadyrow jigisiniñ jorasy Leýla bilen jañlaşmasy baradaky görkezmesinden soñ şeýle diýdi: "Ol jorasyna "Men agamyñ gözüne nädip bakaýyn, men iñ gowusy hat ýazyp, öýi oda bereýin, özümi-de öldürip dynaýyn" diýipdir". M.Kadyrow goşmaça interwýu bermek baradaky haýyşlara oñyn jogap bermedi we "maşgala agzalarynyñ agyr pursatlary başdan geçirýändigini we indi bu zatlar barada aýdyp habar beriş serişdeleriniñ ünsüni çekmek islemeýändiklerini" aýtdy. ■ Aklawjynyñ pikiriçe biri-birine çapraz gelýän we şübhe oýaryjy üýtgeşmeler nämelerden ybarat hem-de nämeleri etmeli? Derñew prosesine ilkinji nobatda Kämillik ýaşyna ýetmedikler we aýal-gyzlar guramasynyñ başlygy aklawjy Müžde Tozbeý Erden guramanyñ adyndan meýletin synçy hökmünde gatnaşýar hem-de Kadyrowalaryñ maşgalasyny ýuridiki taýdan goldaw berýär. Aklawjy Tozbeý ýaş gyzyñ ölüminiñ şübhe oýaryjy taraplarynyñ bardygyna degişli birnäçe faktlaryñ bardygyna ünsi çekýär: "Nadiranyñ öz janyna kast ediş formasy, bir gün öñ ýakyn jorasyna "jynsy zorluga" uçrandygy baradaky aýdan sözleri, Ankara şäher prokuraturasynyñ iki günüñ içinde kazyýet-medisina seljermesiniñ netijenamasyny gyssagly ýagdaýda alyp Nadiranyñ jesedini Özbegistana ugratmagy, doldurylmaly döwletara resminamalaryñ iki günüñ içinde haýdan-haý taýynlanmagy, onuñ öz janyna kast edendigi barada beýannamalaryñ berilmegi Nadiranyñ ölümi boýunça birnäçe şübheli soraglary döretdi". Aklawjy Tozbeg derñew işleriniñ talabalaýyk alnyp barylmagy üçin şu aşakdaky işleriñ edilmelidigini öñe sürýär: - Nadiranyñ özi bilen birlikde Ünalyñ öýündäkileriñ ählisiniñ ellerindäki we eşiklerindäki gülle galyndysynyñ öwrenilmegi; - Öýde işleýän ähli hyzmatkärler bilen birlikde öýel eýesinden we onuñ maşgala agzalarynyñ görkezmeleriniñ alynmagy; - Nadirany kim tanaýan bolsa, şeýle-de öýde işleýän beýleki hyzmatkär özbek gyzyñ howpsuzlygy üpjün edilip, şaýat hökmünde düşündirişleriniñ alynmagy; - Nadiranyñ teninde "jynsy zorluga" uçrap-uçramandygyny anyklamak üçin sperma, DNK we beýleki seljermeleriñ geçirilmegi. - Nadiranyñ bolan otagyndaky goş-golamlaryñ, içki eşikleriñ, pižamalaryñ we egin-eşikleriñ üstündäki el yzlary, DNK seljermesiniñ, saç, tüý, tüýkülik seljermeleriniñ geçirilmegi; - Öz janyna kast eden kişiniñ sapançanyñ mäşesini gysma mümkinçiliginiñ pesdigi sebäpli mäşäni gysyş pozisiýasy, nyşana alyşy, aralygy babatda-da tehniki seljermeleriñ geçirilmegi; - Nadiranyñ özüne kast edende ulanypdyr diýip görkezilýän sapançasynyñ kysymynyñ, aýratynlyklarynyñ ölümiñ görnüşi bilen deñelende şeýle kysymly ýaragyñ kast etme wakasyny amala aşyrmaha ukyplydygyny ýa-da däldigini öwrenmeli; - Nadiranyñ ölenden soñky düşürilen suratlarynda ýaragyñ içinde magaziniñ ýokdugy hususynyñ öwrenilmegi; - Nadiranyñ özüni öldürendigi aýdylýan sagadynyñ dogrulugyny anyklamak üçin barlaglaryñ geçirilmegi, onuñ el telefonyny ýa-da kompýuterini ulanan sagatlarynyñ öwrenilmegi; - Nadiranyñ tanyşlaryna we doganyna "biriniñ günäsine galýarsyñyz" diýip, olary arz-şikaýat etmäge we güwä hökmünde düşündiriş bermekleriniñ öñüni almaga synanyşan polisiýa işgärleriniñ jogapkärçilige çekilmegi; - Nadiranyñ el telefony, kompýuteri we onuñ ulanan beýleki emläkleri boýunça seljeriş işleriniñ geçirilmegi; - Eger Nadiranyñ otagynda onuñ öz janyna kast etjekdigi barada galdyran ýazgysy bar bolsa, ol hatyñ barlaga alnyp, öz eli bilen ýazylyp-ýazylmandygynyñ anyklanmagy; ■ Prokuratura derñew prosesi boýunça nähili maglumatlary berýär? Fundanur Öztürk derñew prosesiniñ barşy boýunça Ankara kazyýetine iki gezek prokratura statusynda gürrüñdeşlik geçirme teklibini berdi. Diñe Öztürk däl, eýsem beýleki žurnalistleruñ hem teklibini diñlän bolmady. Ankara şäher prokraturasy diñe 2-nji oktýabr gününiñ agşamy waka boýunça metbugat toplanşygyny geçirip, üýtgeşmeleri habar berdi. Prokraturanyñ beren beýannamasynda Şirin Ünal bilen birlikde başga-da birnäçe adamyñ düşündirişiniñ alynandygy, gerekli delilleriñ toplanandygy, şol sanda derñew prosesiniñ entek dowam edýändigi barada aýdyldy. Hususanam şeýle diýildi: "Ölen şahsa degişlidigi görkezilen el telefony, kosmetika gutusy, seljeriş geçirmek üçin alyndy, ölen şahsyñ janyna kast etjekdigi baradaky galdyran ýazgysy seljerişe ugradyldy. Waka bolanda öýde bar Şirin Ünal bilen birlikde ähli şahslaryñ el yzlary alyndy, beýleki seljerişleriñ geçirilmegi üçin gerekli subutnamalar toplandy. Ölen şahsyñ jesedi ekspertiza geçirmek üçin Kazyýet-medisina edarasyna ugradyldy, kazyýet-medisina seljermeleri geçirildi, ilkinji seljerişiñ dowamynda öleniñ öz göwresine ýanap ok atmagy netijesindr döşüniñ 5-6 sm ýokarsyndan giren gülläniñ täsirinden ölendigi anyklandy. Seljerişiñ dowamynda dyrnak, anal, jynsy agzanyñ suwuklygy, gan we beýleki ähli biobölejikler alynyp, kazyýet-medisina edarasyna barlaga ugradyldy. Derñewiñ dowamynda halk deputaty Şirin Ünal bilen bile öýde bar bolan ähli agzalaryñ, aýratynam ölen şahsyñ tanyşlarydygy aýdylýan Abdylla, Leýla, Nigar atly şahslaryñam düşündirişi alyndy". ■ Şirin Ünal kim? Bolup geçip wakada onuñ özüni alyp baryşy nähili boldy? Syýasatçy Şirin Ünalyñ zähmet karýerasy harby gullukçylykdan başlanýar. Ol Harby howa güýçleriniñ institutyny tamamlandan soñ uçarman, flotiliýa serkerdesi, NATO ştabynyñ ofiseri, 5-nji howa hereketi bölüminiñ serkerdesi, Howa Güýçleri komandowaniýesiniñ ofiserler bölüminiñ başlygy wezipelerinde işledi. 2000-nji ýylda brigada generaly (tuğgeneral), 2004-nji ýylda general-maýor (tümgeneral) çinini aldy. Meýilnamalar boýunça hereket ediş bölüminiñ başlygy, 4-nji howa hereketi bölüminiñ serkerdesi, Howa Güýçleri komandowaniýesiniñ Hereket ediş müdirliginiñ başlygy, 1-nji Howa Güýçleri müdirliginiñ başlygynyñ orunbasaet, Baş Goranyş komandowaniýesiniñ Gözegçilik bölüminiñ başlygy wezipelerinde işledi. Ünal 24-nji, 25-nji, 26-njy hökümet düzüminiñ döwründe AKP-den Stambul şäheri boýunça halk deputatlygyna saýlandy. Deputatlyk döwründe Goranmak komissiýasynyñ ýolbaşçy wekili, Meýilnamalaşdyryş we býužet komissiýasynyñ we NATO-nyñ parlamentar assambleýasynyñ türk toparynyñ agzasy bolup işledi. Ankaranyñ syýasatçy ketdeleriniñ arasynda "güýçli we sözi ýerde ýatmaýan kişi" hökmünde tanalýan Ünal häzire çenli waka boýunça kelam agyz dil ýarman geldi. Žurnalist Aýşe Saýyn Türkiýäniñ Ýokary halk mejlisiniñ nobatdaky açylyş dabarasynda Şirin Ünaldan waka boýunça düşündiriş bermegi talap edenem bolsa, ol häzir bu boýunça hiç zat aýtmajakdygyny aýdyp, düşündiriş bermekden ýüz dönderdi. Ünal şeýle-de "BBC"-niñ ýakyn wagtda interwýu bermek hakyndaky talabyndanam boýun towlady. Şol sanda derñewiñ dowam edýän döwründe Ünalyñ ýazmaça düşündirişinin alynyp alynmandygy-da belli däl. Özbekleriñ www.kun.uz internet saýtynyñ berýan habarynda: "Özbegistanly ýaş gyz türk halk deputatynyñ öýünde özüni atdy. Onuñ dogany polisiýanyñ gelen netijesinden şübhelenýär" diýen jümleler ýer aldy. ■ Özbegistan bolup geçen waka boýunça näme işleri etdi? "BBC"-niñ žurnalistlerine adyny aýtmakdan saklanan bir özbek diplomaty Özbegistanyñ Ankaradaky ilçihanasynyñ derñew prosesiniñ alnyp barylyşy boýunça degişli türk gulluklary bilen hyzmatdaşlykdadygyny we derñewiñ talabalaýyk dowam edýändigini habar berdi. Onuñ aýtmagyna görä, "derñewi alyp barýan prokuroryñ sülçüsi bilen duşuşyk geçirildi. Sülçi hemme zady doly gözegçiligine alypdyr we işler kanuna laýyk ýöräp dur. Ýoldaş sülçi "muny ahyryna çenli gözegçiligimden sypdyrmaryn" diýdi. Hemme zady barlaýarlar. Seljerişleriñ netijenamalary, telefon jañlarynyñ sanawy, sms-ler we ş.m. ... Waka boýunça habar beriş serişdelerinde çykyş edenleriñem düşündirişleri alynýar. Derñew doly güýjünde dowam edýär. Alnyp barylýan işler halkara kada-kanunlara we Türkiýäniñ içerki kanumlaryna doly laýyk gelýär. Hemme zat Türkiýe respublikasynyñ adalatynyñ gözegçiligi astynda". Özbek diplomaty Nadiranyñ jesediniñ gyssagly ýagdaýda Özbegistana ugradylandygyny boýun aldy, emma ol munda kada-kanuna ters gelýän hiç zat ýokdugyny nugtady. Şeýle-de BBC-niñ özbek dilinde berilýän bölüminiñ berýän maglumatyna görä, Özbegistanyñ Daşary işler ministrligi waka boýunça ministrligiñ ýörite saýtynda beren beýannamasynda "Özbegistanyñ Türkiýedäki ilçihanasy Nadira Kadyrowanyñ tragiki ölümi bilen baglanyşykly derñew prosesine ýakyndan gözegçilik edýändigini" mälim edipdir. Beýannamada Türkiýede ýaşaýan we waka bilen ýakyndan gyzyklanmak islän özbegistanly raýatlara maglumat edinmek üçin özbek konsullygyna jañ edip biljekdikleri aýdylyp, ilçihananyñ we konsullygyñ telefon belgileri paýlandy. BBC-niñ synçylyk bölüminiñ özbek dilindrn gepleşik alyp barýan bölümçesiniñ habar bermegine görä, Nadira Kadyrowanyñ ölümi Özbegistanda birnäçe gün bäri habar beriş serişdeleriniñ dilinden düşenok. Habarlaryñ ählisi-de türk habar beriş serişdeleriniñ berýän habarlary esasynda taýýarlanyp berilýär. Habarlarda öz janyna kast etme wakasyna sebäp bolan şertleri seljerýän jümlelet agdyklyk edýär. ■ Indi näme bolar? Ankara şäher prokuraturasynyñ beýannamasynda-da "derñewiñ ähli jikme-jiklik we ünslilik bilen dowam edýändigi" aýdyldy. Derñew prosesiniñ talabalaýyk alnyp barylmaýandygyndan nägile Tozbeý bolsa Nadiranyñ iki jorasyndan onuñ jelepçilik bilen meşgullananmy ýa däl diýen soragyñ berilmegini munuñ delili hökmünde görkezýär: "Jelepçiligiñ Nadiranyñ öldürilmegi we jynsy zorluga uçramasy bilen hiç hili baglanyşygy bolup bilmez, hiç kimiñem oña muny ýöñkemäge haky ýok. Galyberse-de, Nadiranyñ jorasyna "agamyñ ýüzüne nädip bakaryn" diýip aglamasy-da, onuñ jynsy zorlugy ýa-da jynsy gatnaşyklary öñ gören gyz däldigini subut edýär. Nadiranyñ jelepçilik edip etmändigi baradaky soragy orta atmagyñ özi, derñew işlerini neresse gyzjagazyñ garşysyna gönükdirjek bolmakdan nyşan. Bu sorag derñewiñ ugruny üýtgetmek maksady bilen orta atylýar". Prokraturanyñ beýannamasynda bu barada "Şaýatlardan Hilalyñ düşündirişinde şaýat Leýla bilen Nadiranuñ arasynda öñden gelýän birnäçe şahsy syr ynanyşma bara.da şaýat Leýladan maglumat soralandygy" aýdylýar. Tozbeý derñewiñ ula giderilmelidigini öñe sürdi. Şol bir wagtyñ özünde Respublikan halk partiýasynyñ halk deputaty Sera Kadygil we Sagadat partiýasynyñ halk deputaty Jihangir Islam Kadyrowanyñ ölümini mejlisiniñ iş tertibine goýdy. Wakanyñ hemmetaraplaýyn kemçiliksiz ýagdaýda öwrenilmeginiñ we bolýan üýtgeşmeleri köpçülige bukman-etmän, ýoýman habar bermegiñ gerekdigini aýdýan Kadygil bu boýunça Adalat ministri Abdylhamyt Gülüñ jogaplamasy üçin sorag meýilnamasyny berdi. Sagadat partiýanyñ deputaty Jihangir Islam hem Prezidentiñ kömekçisi Fuat Oktaý, Adalat ministri Abdylhamyt Gül, Içeri işler ministri Süleýman Soýly dagylaryñ jogap bermesi talaby bilen mejlise sorag meýilnamasyny hödürledi. # BBC habarlar gullugy # Akademi Portal # www.kun.uz | |
|
Teswirleriň ählisi: 6 | ||||||
| ||||||