23:31 Uzyn etekli görmänmidiñ? / ýumoreska | |
UZYN ETEKLI GÖRMÄNMIDIÑ?
Satiriki hekaýalar
- Gözüne gözüm düşende, on iki süññüm lagşaýdy. Näme sorasa, "bar" diýip, ýöne agzymy öweldip durupdyryn. Duranja ýerinde ýüküni tutup ugratdym-ow - diýip, dükanda bile işleýän ýoldaşym Pallaw agyz suwardyp gürrüñ berdi. - Adyny berin soradyñmy, adresini aýtdymy? - diýdim. - Wah, hawa-la. "Ertir doglan günüm, wagt tapsañ, geläýem" diýdi. Ýeke özüm gitmäge utanýan. Nätänyş ýeriñe ýoldaşlyja barsañ gowy bolýar, bileje gideli-le - diýdi. - Ol seni çagyrypdyr ahyry - diýdim. - Menem seni çagyrýan-da, belki, oñatja jorasu dagy bardyr, gidäýeli-dä - diýip, özelenip duransoñ, geregimi artdyryp durmadym. - Ýeri onsoñ, nämejik sowgat ederis? - diýip, Pallaw ýene maña sala saldy. - Altyn sagat al, gyzyl ýüzük al. Aýal maşgalalar şol zeýilli zatlary gowy görýär - diýdim. Pallaw böwrüni diñledi-de: - Beýle gymmat sowgat nämä gerek? Bärkiräk zatlar bolanda bolmaýarmy? Häzir onça zada meniñ gurbumam çatjak däl-le - diýdi. - Gelnejemiñ ýüzükdir sagatlarynyñ birini karz alaý, elbetde, ýeriñ ujuny gök basmandyr, soñ bir gabat gelende alyp berersiñ-dä - diýdim. Pallaw ör-gökden geldi. Soñam töweregine ýaltaklap, pyşyrdap gepledi: - Diliñe bir bek bolaweri, gelnejeñ eşidäýmesin. Başymyza kyýamat inderer ol... - Gelinden gorkýan bolsañ, bu işe ulaşyp nätjekdiñ? - Aý, bu-da bir jahyllykdyr-da, dost jan... Aýtsana, sowgady näderis? - Gül alarys. Zenanlaryñ doýmaz aşy güldür. Sowgadyñ bolsa, göwnüñden tursa, soñ äberibererler - diýdim. Pallaw meniñ soñky maslahatymy makul bildi. Bir desse güli goltuga gysdyryp, belleşilen pursatda ýola düşdük. Belent mertebeli jaýyñ girelgesinden sümüp, basgançakdan ýokary çykyp başladyk. Ahyrsoñy, Pallawyñ makullamagy bilen, bir gapynyñ jañyny basdyk. Elbet, gaýtalap duramyzsoñ, öý eýesiniñ ýüregine düşendiris-dä. Añyrdan aýak sesi eşidildi. Men arkan çekildim. Pallaw gül dessesini ýüzüne tutup ykjamlandy. Aýtjak nutugyny jemledi. Onýança-da gapy açyldy. - Bie bakyşda ýesir eden näzenine... Pallawyñ dili tutuldy. Has dogrusy, öýden çykanyñ ýognas sesi Pallawyñ diline badak boldy. - Ýeri onsoñ, bir bakyşda ýesir eden näzenine-hä güljagaz getiripsiñ, bir bakyşda ýere ýazjak gerçege nämejik getirdiñ? Rejäñ geñ däldigini duýdum-da, basgançakdan aşaklygyna düwdenekledim. Gorksañ dagy, aýagyñam diýen edenok. Iki-üç basgançagy - dagy goşalabam towusýan welin, asyl, ýol önenok. Birhaýukdan Pallawyñ gyryljygrak sesi eşidildi: - Eý, nädýäñ-aý?! Soñ näme-nämeleriñ bolanyny bilemok. Bir görsem, Pallaw düwdenekläp, mendenem öñden barýar. Girelgäniñ gapysynda pete-pet gelen oral aýal bilen tas çakyşypdyk. Ol bizib bolup gelşimizi görüp, allaniçigsi boldy. Ýöne ýakasynu tutup, yza çekilse-de, ol bu ýagdaýa belet eken: - Wah, bu ýurt ýykan bihaýa, bujagaz neresselerem girisine salypdyr-ow. Negözel ýigitleñ başyny aýlap äri bilen şeýdip ýör-dä... Bulañam ýüzüni ýuwmaly däl. Haýsy bir gülüp bakanyń yzyna düşüp ýörjek diý-dä welin, wah, oglan bolýarlar-da. Arta-süýşe zadyñyz bolsa, bala-çagalaryñyza iýdiriñ-de, oturyñ-da tünegiñizde. Näme iliñ aýalynyñ aýagy altyn-da, başy kümüşmi... - diýup, ol yzymyzdan käýinip galdy. Gaty ýangynly gürlänindenmi nämemi, men gañrylyp-gañrylyp ol aýala seretdim. Pallaw ýakamdan tutup: - Ýörsene, agzyñy öweldip durma-da. Näme uzyn etekli görmänmidiñ? - diýdi. Kakamyrat GELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |