20:20 Namibiýa syýahat | |
NAMIBIÝA SYÝAHAT
Ýol ýazgylary
Günüñ batyp barýan çaglarynda Namib çölünde bolup, onuñ tebigatyna syn etmek adamda ýatdan çykmajak täsir galdyryar. Dünýäde deni-taýy bolmadyk we adamlary haýran galdyrýan 1500 ýaşly "Welwiçiýa" atly çöl ösümligi, eroziýa zerarly özünde Aýa aýak basan ýaly duýgy döredýän Swakop derýasynyň jülgesi, balyklaryñ şapyrdysy, "Etoşa" atly milli haýwanat bagyndaky tebigy gözellikler we ýyrtyjy haýwanlar bu ýere gelen adamda wagt togtandyr diýen duýgy döredýär. Ynha, 824290 inedördül kilometr meýdany bolan şu toprakda 1800 müň ilatly Namibiya ýerleşýär. Özüniñ dünýäde baý almaz känleri we uran önümçiligi bilen tanalýan Namibiýa respublikasy 1990-njy yylda özüniñ garaşsyzlygyny aldy. Biz bir tomus agşamy Günorta-günbatar Afrikanyň bu ýurduna syýahat etmek üçin kakam bilen Türk howa ýollarynyň (THÝ) Stambul-Ýohannesburg reýsi bilen ýola rowana bolduk. Uçardaky ýokary derejeli hyzmat bize wagtyň nähili geçendigini añdyrmady. Uçar ertir irden Ýohannesburgyň aeroportuna gondy. Biz Namibiýanyň paýtagty Windhuk şäherinden bir awtomobili kireýine tutup, 338 kilometr uzaklykdaky Karosa sary ýola düşdük. Biz Karosa gijäniñ bir wagty geldik. Ertesi irden çadyrymyzy ýygnap, Namib- Naukluft Milli parkynyň giriş nokady hasaplanýan Sesriemden geçip çöle girdik. Bu girelgäniñ bir aýratynlygy onuñ diñe Günüñ dogýan we batýan mahaly açyk bolmagydy. 80 million ýyllyk taryhy bolan Namib çölündäki gum depeleriniň apelsinin reňkindäki öwüşginini we owadanlygyny doly manysynda beýan etmek mümkin däl. Biz 75 kilometr yol geçenimizden soň awtomobilimizi goýup, ýanymyza ýeterlik suw alyp, çöle pyýada gezelenje çykdyk. Guraklyk zerarly tebsiräp, jaýryk-jaýryk bolan takyrlykdan geçenimizden soň, gum depelerine dyrmaşmaga başladyk. Aýagymyzdaky galyň ayakgaplar bize çölüň gyzgynlygyny duyduranokdy we bu ýagdaý biziň keýpimizi göterýärdi. Ýöne biz çölde harasadyň gopmazlygyny, güýçli şemalyň turmazlygyny dileg edýärdik. Depäniň çür başyna çykanymyzda özümizi ägirt uly çöldäki kiçijik nokat ýaly duyduk. Şol gün gijäni Sesriemde geçirip, ertesi irden awtomobilimizi ýangyçdan doldurdyk we sol yerden 230 kilometr uzaklykdaky Atlantik okeanyň kenarynda ýerleşýän Swakopmunda gitdik. Nemesleriň şäherlerini ýadyňa salýan Swakopmundda nemes milletinden bolan bir maşgalanyñ hususy naharhanasynda naharlananymyzdan soñ, düwlen derisinden tikilen aýakgaplar satylýan dükana bardyk. Dükana girenimizde gulagymyza tanyş bir ses eşidildi. Radiodan gelýän bu ses Tarkanyñ aýdymydy. Ertesi irden dünýäde deñi-tayy bolmadyk ajaýyp tebigat täsinligini - "Welwiçiýa" ösümligini görmäge gitdik. Ýene ençeme asyr ýaşajyk 1500 ýaşly bu çöl ösümligini 1859-njy ýylda awstraliýaly botanikaçy, doktor Fridrih Welwiç açypdyr. Soñra bu ösümlige şol alymyň adyny dakypdyrlar. Swakop jülgesi diñe bir bu ösümlik bilen meşhur bolman, eýsem millionlarça ýylyň dowamynda eroziýa zerarly çat açyp, özboluşly görnüşe eýe bolan ýerleri bilen hem meşhurdyr. Soñra biz, düwlenleriň mekany Keýp Krossa, ondan son bolsa Skeleton Koastdaky Milli haýwanat bagyna bardyk. Milli haýwanat bagy skeletleriň mekany hasaplanýar. Sebäbi onda endamyňy jümşüldedýän dürli ululykdaky haywan skeletlerine her ädimde duş gelmek bolýar. Bu ýerden 223 kilometr geçenimizden soň biz Torra Baýa geldik. Bu yerde bir tarapy okean, bir tarapy-da çöl bolan göni ýoluň iki gyrasy skeletlerdir gämilerden doludy. Şol gije Palmwagdaky lagerde ot ýakyp, et bişirip iýdik we nahardan soň çadyr gurap derrew ýatmak bilen bolduk. Sebäbi biz diýseň ýadapdyk. Ýöne gijäniň ýarynda ýakynymyzda eşidilýän pil seslerine oýandyk. Piller hortumlary bilen agaçlaryň şahalaryny döwüp, olary işdämenlik bilen iýýärdiler. Biz sesimizi çykarman piller gidýänçä garaşdyk. Ertesi irden pilleriñ äpet aýak yzlaryny we çadyrymyzyň ýakynynda "Gije lagerde piller aýlanýandyr, üns beriñ!" diyen ýazgynyň asylgy durandygyny gördük. Şondan soň biz Günorta Afrikadaky iñ gadymy taýpalaryň biri bolan himbalary görmek üçin Purrosa ugradyk. 10 kilometr geçenimizden son himbalaryň kiçiräk toparynyň ýaşaýan ýerine geldik. Bizi ilki bilen itler garşylady. Töwerek geçilerdir sygyrlardan doludy. Oba giren badymyza biziň daşymyzy çagalar gurşap aldy. Olar uly gyzyklanma bilen. elimdäki fotoapparata seredýärdiler we ony elläp görmek isleýärdiler. Himbalaryň ýaşaýan ýeri bolan Kaokolandy dünýäniň iň çola we ýatdan çykarylan ýeri hasaplap boljak. Sebitiň ýeke-täk eyeleri bolan himbalar goýun, geçi, sygyr ýaly haýwanlary saklap, olaryň et-süýtlerinden peýdalanmak arkaly ilkidurmuş adamlarynyňka meňzeýän durmuşda yaşaýarlar. Ýarym çarwa hasaplanýan himbalar bir ýylda azyndan 10 gezek dagy göçüp gonýarlar. Himbalar çagalaryny mekdeplere ibermeýärler. Döwlet tarapyndan bu babatda edilýän teklipleri-de "Çagalarymyzy mekdebe bersek, olar gaýdyp yzlaryna gelmezler" diýip, kabul etmeýärler. Himbalar öz aralarynda bir zatlar diýişýärdiler we arasynda geçi sesine menzeş sesler çykaryardylar. "Çako" diýen krem himba aýallarynyň çalynýan in söýgüli serişdesi hasaplanýan eken. Bu krem olaryń bedenlerini yaldyradýar we günden hem-de çybyndan goraýar. Biz himbalara şeker, un, çilim ýaly zatlary berip, olar bilen hoşlaşdyk. Şol gün gijäniñ ýarynda "Etoşa" milli haýwanat bagynyň girelgesi hasaplanyan "Okaukuýežo" diyen ýere bardyk. Haýwanat bagy Gün batanda ýapylandygy üçin gijämizi onuñ daşynda geçirdik. Ertesi irden haýwanat bagyna girdik. Ýolda zebralara, pillere, žirafalara we beýleki haýwanlara tomaşa edip, Halali diýen ýere ýetdik. "Etoşa" sözi yerli ilatyň dilinde "Uly ak ýer" diyen manyny berýär. Bu ýerde millionlarça ýyl mundan ön 4731 inedördül kilometr ululykda uly bir köl bolupdyr. Häzir ol köl gurap galypdyr. Indi ol ýerde dünýäniň ýabany haýwanlardan doly ikinji uly haýwanat bagy ýerleşýär. "Etoşa" gijesine aýdym-sazly mekana dönýär. Ýagny bu ýerdäki haýwanlaryñ sesleri birleşip, üýtgeşik owazlary emele getirýär. Haçan-da biz Namutonä tarap gaýdanymyzda çöl yzda galdy. Paýtagt şäher Windhuga gijäniñ ýarynda geldik. Biz ertesi uçar bilen asmana galanymyzda bolsa Namibiýa biziň üçin ýatlama öwrüldi. Peýri DUKOWIÇ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |