08:31 Netanýahu-Sinwar-Baýden halkasy | |
NETANÝAHU-SINWAR-BAÝDEN HALKASY
Publisistika
Iñ uly agramy Gaza halky we belki-de Liwan çekmeli bolaýmasa! Gaza urşuna düýpli çözgüt tapma mümkinçiligi ýene bir gezek ýykyldy ýa-da ýykylyp barýar. Ysraýylyñ premýer-ministri Binýamin Netanýahu we "Hamasyñ" başlygy Ýahýa Sinwar her kesişmede uruşdan soñrasy barada real maksatnamalarynyñ ýokdugyny görkezýärler. Taraplaryñ bolup biläýjek atyşygy bes etmek hakdaky ylalaşykdan ýüz öwürmekleri-de gysga wagtlyk syýasy girdaba gysylyp galandyklaryny görkezýär. Ysraýyl bilen "Hamasyñ" arasynda atyşygy bes etmek ylalaşygynyñ ýola goýulmagy üçin birnäçe aý bäri iş geçiren ABŞ-nyñ Prezidenti Jo Baýdeniñ hökümetiniñem Ýakyn Gündogardaky dartgynlylygyñ sebäplerine çözgüt tapmak boýunça real maksatnamasy ýok. Waşingtonyñ edil häzir göz öñüne tutýan ýeke zady uruş boýunça iş bukjasyny ABŞ-daky prezident saýlawlary bäsleşiginiñ baglanyşygyndan çykarmak we Demokratik partiýa üçin ölüm howply wagtda sebitde has-da giñ gerimli urşa goşulmazlykdan başga zat däl. Wagt geçdigiçe Ysraýyldaky syýasy we harby edaralaryñ arasyndaky bölünişigiñ güýçlenmegi we halk protestleriniñ artmagy bilen Netanýahunyñ haýsydyr bir ylalaşyga gelinmegine päsgel berýän şertleri bilgeşleýin orta atýandygy göz-görtele belli bolýar. Beýleki bir ýandan "Hamas" meýdandaky ýykgynçylyklaryñ, öldürmeleriñ, ýerinden-ýurdundan çykarmalaryñ çägindäki gorkunç hakykatlary boýnuna alyp, eglişige gitmek boýunça hiç hili meýil bildirenok. Sinwar real ýagdaýlardan juda üzñe adama meñzeýär. Ol gaýtawuly dowam etdirmäge, urşy beýleki frontlara giñeltmäge hasam köp üns berilmegine çagyrýar. Gaza urşunyñ başlanan gününden bäri ilkinji gezwk Iordaniýa bilen Günbatar Şerianyñ arasyndaky "Allenbi" geçelgesiniñ golaýynda üç ysraýyllynyñ atylyp öldürilmegi onuñ tutaryaryna bolan ynanjyny güýçlendirýän bolmagy mümkin. Mundan añyrda dowam edýän uruş bilen baglanyşykly geñsi ironiýalaryñ biri bolup geçdi. Olam "Hamas" tarapyndan ýakyn aagtsa alty zamunyñ öldürilmeginiñ, hemme babatda aýry pikirde bolup, urşy dowam etdirmäge ilgezik iki tarapa goşa hyzmat hödürlemegidir. Netanýahu we Sinwar nul jemlemeli oýnuñ içine düşdiler. Bu oýunda çaknyşygyñ soñlanmagy syýasy güýçleriniñ gowşamagyna getirer, dowam etmegi-de iki tarapyñam häkimiýetlerini goramagyna mümkinçilik berip, syýasy taýdan ömürlerini dowam etdirmeklerine getirer. Ysraýylyñ harby taýdan öñdeligine garamazdan, Netanýahu "Hamasy" dagy-duwara aýaga galmaz ýaly derejede belli-külli mynjyradyp bilmedi. Çaknyşyklaryñ dowam etmegi bolsa ysraýyl jemgyýetiniñ içindäki bölünişigi hasam güýçlendirdi. Gazadan çykma meselesini ara alyp maslahatlaşmakdan ýüz öwürmesi barada aýdanda, Netanýahunyñ uruş gutarandan soñ ha Gazada bolsun, ha Günbatar Şeriada - palestinalylar bilen gatnaşyklar boýunça düýpli oñyn syýasy maksatnamasy ýok. Aýratynam Sinwar barada aýdanda, häzir haýsydyr bir real ýaraşyk gaýtawul berme nutugyny aradan aýryp, "Hamasyñ" syýasy kapitalyny ýok edip, palestinalylaryñ arasyndaky pozisiýasyny köp möçberde gowşaryp biler. Sinwaryñ Gazäni nädip täzeden gurjagy, ilatynyñ gerek zatlaryny nädip üpjün edip biljegi ýa-da agressiýa döwresinden nädip gutuljagy barada hiç hili strategiýasy ýok. Bulam onuñ serdarlygyny sa:p gaýtawul berme hekgeti bilen ýakyndan baglanyşdyrýar. Bu bolsa Gazada beýle kadalaşmagyñ täzeden ýola goýulmagyna getirjek ylalaşyga gelmek üçin gerekli syýasy pragmatizmiñ ähli utuklaryny ýok edýär. Üstesine Ysraýylyñ harby operasiýalara we ýokary düzümli "hizbullahçy" ýolbaşçylary ýok etmegi göz öñüne tutýan görlüp-eşdilmedik howpsuzlyk operasiýalary bilen birlikde liwan frontyna degişli täze inisiatiwalary amala aşyrmaga taýýarlanýandygy barada artýan alamatlar bar. Netanýahu goşuna demirgazyk frontdaky ýagdaýy üýtgetmegi buýrup, "Hizbullah" toparyna "Eýranyñ güýçli şahasy" hökmünde baha berdi we häzirki ýagdaýy dowam etdirmegiñ mümkin däldigini nygtady. Şol bir wagtyñ özünde Ysraýylyñ Ýaragly Güýçleriniñ Baş ştabynyñ başlygy Hersi Ha-Lewi goşunyñ eýýämden Liwanda alnyp baryljak hüjüm edijilikli operasiýalara taýýarlanýandygyny mälim etdi. Şol bir wagtyñ özünde Maliýe ministri Bezalel Smotriç Liwana garşy täsirlerinden halas bolmasy onlarça ýyla çekjek "ölüm howply zarba" barabar gysga wagtlyk urşa girmäge çagyrdy. Emma iñ düýpli şowsuzlyk ABŞ-nyñ Ýakyn Gündogardaky dartgynlylygyñ çeşmelerini, aýratynam Eýranyñ bütin bu çöküş sahnasynyñ hemaýatkäri hökmünde oýnan roluna üns berýän çözgüdi janlandyryp bilmezliginde galýar. Indi täzeden saýlanma kampaniýasynyñ çäklendirmelerinden sypan prezident Baýden ABŞ-daky saýlawlar üçin amatly pursat döretmegi maksat edinýän täze parahatçylykly ylalaşyklary arzuw etmegiñ ýerine taryhy jogapkärçiligi boýnuna alyp we tegelek stolyñ başyna ygtybarly, bitewileşen Ýakyn Gündogar üçin strategiki teklibi oklap bilerdi. Baýden hökümetiniñ syýasaty sebitde dowam edýän konfliktlere gönükdirilen ýarym-ýarpy çözgütler we ýöntem synanyşyklar bilen Waşingtonyñ liderlik kreditini tükedýär. Hususanam Tähranyñ ha ýaragly militanlary goldama, ha-da goñşy ýurtlaryñ içerki işleri goşulma ýoly arkaly emele getiren howplaryna garşy tutanýerli syýasaty işläp düzmezligi onuñ liderligini agsadýar. Esasynda Ysraýyl tarapynyñ çözgütlere bilgeşleýin päsgel bermegini syýasat hasaplaýan Netanýahunyñ bu syýasat bilen respublikanlaryñ kandidaty Donald Trampa hyzmat etmek isländigini pikir edýän syýasy göz öñüne getirmeleriñ saýasynda, bütin bu zatlaryñ barsy Baýdeniñ işlemeli wezipe möhleti dolmanka ýaraşyk baglaşylmagy ähtimallygy hakdaky şübheleri artdyrýar. Aýratynam Gazadaky çaknyşygyñ çözgüdine gönügen umyt ýalkymlary häzirem garañky. Ýakyn Gündogaryñ howpsuzlygy Sinwaryñ we Netanýahunyñ hasaplary bilen amerikan liderliginiñ çaknyşygy möwjedýän düýpli problemalaryñ garjaşyklygynyñ hötdesinden gelme babatdaky şowsuzlygynyñ ýesiri bolan ýagdaýda. Iñ uly agramy Gaza halky we belki-de Liwan çekmeli bolaýmasa! Nedim KUTEÝŞ, Liwanly žurnalist. Çarşenbe, 11.09.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |