19:46 Eýran we Garward uniwersitetiniñ çykyşlary | |
EÝRAN we GARWARD UNIWERSITETINIÑ ÇYKYŞLARY
Publisistika
Liberal çep bilen yslam radikalizminiñ arasyndaky bu çylşyrymly sepleşme geosyýasy ylalaşygyñ çäklerini aşyp, howply ideologiki, psihologiki, strategiki derejelere baryp ýetýär Eýran amerikan ýokary okuw jaýlarynda Gaza urşuna protest bildirmek maksady bilen guralan talyplaryñ çykyşlaryny öwmekde "El-Kaide" bilen birleşdi. Dini lider Ali Hamaneý demonstratlaryñ "taryhyñ dogry tarapyndadygyny" aýdyp, şeýle diýdi: - Ysraýyl garşy (goranyş frontunyñ) başga şahasyny emele getirmegi başardylar. "El-Kaide bolsa, esasy ýolbaşçylygyñ adyndan beýanat bilen çykyş edip: "Günbatarly ýokary okuw jaýlarynda bolýan protestler bilen buýsançly Gazada bolyp geçýän genosidi ret edýändiklerini aýdýan talyplardan emele gelen protest hereketini goldaýarys we üns berýäris" diýdi. Liberal çep bilen yslam radikalizminiñ arasyndaky bu çylşyrymly sepleşme geosyýasy ylalaşygyñ çäklerini aşyp, howply ideologiki, psihologiki, strategiki derejelere baryp ýetýär. Palestin dawasyny goldaýan çepçi talyplar hereketiniñ köplenç adam hukuklaryna we sosial adalar temalaryna üns berýändigi dogry. Emma radikal oppozisiýanyñ imperializmiñ bikanun we wagtlaýyn önümi hökmünde Ysraýyla gönükdiren bölegi "El-Kaide" we Eýran režimi ýaly radikal yslamçylaryñ garaýyşlaryna gabat gelýär. Kartada Ysraýyla ýer goýman "Derýadan deñize azat Palestina" şygary günbatarly ýokary okuw jaýlaryndaky "garadonly" talyplar bilen radikal yslamçylaryñ dini we ideologiki sebäpler bilen Ysraýyly ýok etmegi qada beeýän has giñ gürrüñiniñ arasynda gorkunç sepleşme döredýär. Şu sebäpleriñ başynda-da Günbataryñ täsirini gowşatmak we syýasy yslam modelini güýçlendirmek bar. Şeýlelik bilen günbatarly ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplar, arasynda ýaşaýan, azatlyklarynyñ we okaýan ýerleriniñ hezilini görýän Günbataryñ gowşamagynyñ parçasyna, radikallaryñ medeni we dini garaşsyzlyk baýdagy astynda radikallyklaryny goramagy üçin gurala öwrülýär. Çepçi liberalizmiñ biagyrylygynyñ garşysynda radikal toparlaryñ talyp protestlerini ýoýmagy, bulary öz bet pygyllaryny kanunylaşdyrmak, tarapdar gatlaklaryny giñeltmek, tarapdarlaryny aýaga galdyrmak maksady bilen platforma öwürmek üçin strategiki mümkinçiliklere öwürmekleri ýer alýar. Çepçi liberallaryñ gözlerini kör eden ýagdaý özleri bilen radikal yslamçylaryñ arasyndaky sepleşme bolup biler. Biriniñ beýlekisinden tapawutly sosial we syýasy maksatlar üçin tagalla edýändigine üns bermän, umumy duşmanlara garşy göreşlerinde ahlak-moral taýdan öñdediklerine ynanýarlar. Çepçi liberallar tagallalarynyñ adalat, deñkik, köp dürli medeniýetlik üçindigine ynanýan bolsa, radikallar "korrupsiýa we ahlak çöküşligine garşy mukaddes uruş" şygaryna perdelenip diýdimzor we ýapyk jemgyýetleri döretmek isleýärler. Mysal üçin, liberallaryñ bürenjegi hemmetaraplaýyn goldamagy bu adatdan daşary çykyşyñ gelip ýeten derejesidir. Liberallar bürenjegi hoşniýetliligiñ, köpdürliligiñ we medeni imperializme garşy oppozisiýanyñ simwoly hökmünde öñe sürýän bolsa, syýasy yslam jemgyýetleriniñ liderleri bürenjegi zenana garşy kimlik (aýratynlyk), basyş, diýdimzorluk we boýun egdirme oýnunda ulanýarlar! Emma iki lageriñ arasyndaky ideologiki baglanyşyk ikisiniñem durmuşa geçirmäge synanyşýan maksatlarynyñ we ahyrky netijeleriniñ arasyndaky görnetin tapawutlylyklardan has güýçli bolup görünýär. Iki tarapam radikal üýtgeşme häzirki häkimiýet gurluşlarynyn ýykylma pikirini oñlaýar. Jemgyýetçilik hereketleri, syýasy agzalalyk ýa-da ýaragly göreş arkaly maksatlaryny amala aşyrmak we adyl jemgyýete ýetmekbüçin rewolýusion hereketiñ gerekdigine bolan ynanjy paýlaşýarlar. Iki tarapyñam aýdýan zatlary adalatsyzlyga garşy çykmaga, adalat üçin göreşmäge we global derejedäki güýçlere garşy umumy gyrakladylma duýgularyna üns berýänem bklsa, taraplaryñ her biriniñ öz hereketlerini we strategiýalaryny dogry çykarmak üçin beýlekiniñ beýan ediş çarçuwasyndan peýdalanýandygy sebäpli aralaryndaky dil tapyşma üçin durnukly esaslar emele gelýär. Biraz yza göz aýlasak, Eýranyñ rewolýusuon maksatlaryna ýetmek üçin sosialistik edebiýatlardan we ideologiýalardan strategiku taýdan peýdalanandygyny görýäris. Rewolýusion duýgulary herekete geçirmek üçin özüne anti-imperialistik şygaryñ faktorlaryny goşdy, marksistik-leninistik sosial-ykdysady adalat bilen garyp-gasarlara we ezilenlere arka durmak terminologiýasyny ulandy. Şu manýowr Eýranyñ şa režimine garşy oppozisiýany birleşdirmek maksady bilen Ali Şeriatiniñ pikirlerinden peýdalanyp, çepçi toparlar we alymlar bilen strategiki bileleşikler gurmagynda möhüm rol oýnady. Şu görnüşde liberal çepiñ Günbatar kapitalizminiñ ykdysadybwe sosial netijelerine gönükdiren tankydy bilen syýasy yslamyñ Günbataryñ ahlak çöküşliginiñ netijesi hökmünde gören zadyna eden tankydy munuñ halkara derejesinde kimlik (milli aýratynlyk) çaknyşyklaryny gorjalan syýasatlarda ulanylmagy biri-birine garym-gatym boldy. Liberal çepiñ demokratiýanyñ militarizasiýasyna gönükdiren tankydy bilen syýasy yslamyñ Günbatar bilen umumy gatnaşyklara gönükdiren tankydy biri-biriniñ içinden eriş-argaç bolup geçdi. Syýasy yslamyñ "Günbatar tarapdarlygyny edýän režimleriñ gowşaklygyndan" peýdalanýandygy musulmanlaryñ maddy we medeni güýçlere üstündäki haçparaz agalygy hökmünde garaýandygy üçin Günbatar bilen gatnaşyklaryñ köpüsine gönükdiren tankydy bilen umumy harman döretdi. Munuñ iñ soñky mysaly "El-Kaidäniñ" 2001-nji ýylyñ 11-nji sentýabryndaky Nýu-Ýorka we Waşingtona eden hüjümleri boýunça ýöreden pikirleri Usame bin Ladiniñ tutaryklary bilen gorkunç şekilde gabat gelen dilçi we syýasy aktiwist Noaam Homskidir. Homskiý hüjümleriñ ABŞ-nyñ Ýakyn Gündogarda we beýleki ýerlerde onlarça ýyllap ýöreden harby syýasatynyñ netijesidigini we munuñ gazaply nägileliklere getirendigini öne sürüpdi. Homskiniñ amerikan daşary syýasatyna eden tankydy bellikleri belli bir derejede Bin Ladiniñ ABŞ-nyñ yslam dünýäsiniñ duşmanydygy hakdaky aýdýanlaryna hyzmat etdi. Şol bir wagtyñ özünde Bin Ladiniñ agressiýany we radikalizmi ulanmagy Homskiniñ amerikan syýasatynyñ duşmançylygyñ artmagyna we terrorizmiñ möwjemegine getirýändigi baradaky pikirlerini berkitdi. Nedim KUTEÝŞ, Liwanly žurnalist. Çarşenbe, 05.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |