18:39 Nigeriýaly gyzlaryñ dramasy | |
NIGERIÝALY GYZLARYÑ DRAMASY
Publisistika
Futbol boýunça dünýä çempionatyna tomaşa etmäge Russiýa gitdiler, jelepçilik batgasyna batdylar 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatyna tomaşa etmek üçin Moskwa giden iki müñden gowrak nigeriýaly ýaş gyzyñ görmedikleri görde galdy. Olaryñ birem 19 ýaşly Blessing Obuson. Moskwa ýurdy Nigeriýanyñ futbol duşuşyklaryna tomaşa etmek üçin giden ýaş gyz ýaryşdan soñ Russiýada galyp, iki ýaşly gyzjagazyna we jigilerine pul ugratmagy niýetine düwüpdi. Blessing dükanlaryñ birine satyjy bolup işe girerin öýdüpdi, emma işler onuñ umyt edişi ýaly bolmady. Russiýadaky jelepçilik mafiýasy tarapyndan alnyp gaçylan Blessing özi ýaly nigeriýaly on bir gyz bilen birlikde Moskwanyñ çetiräklerinde bir jaýda zor bilen saklanyp, seks gyrnagy hökmünde ulanyldy. Madam diýip atlandyrylan başga bir nigeriýaly zenan tarapyndan pasportlary ellweinden alynan gyzlar öldürilmek bilen gorkuzyldylar. Jelepçilik mafiýasynyñ başy gyzlara özüniñ 50 müñ dollar bergisiniñ bardygyny we bergisini üzmese, gitmeklerine rugsat bermejekdigini aýtdy. Blessing Obuson we şol ýerde zor bilen jelepçilik batgasyna itilen beýleki nigeriýaly ýaş gyzlar iñlis dilini bilýän we müşderi tüýsüne girip mafiýa bilen gepleşen bir aktiwist tarapyndan halas edildi. Mundan soñ iki sany nigeriýaly raýat adam ogurlamakdan aýyplanyp tussag edildi. Geçen sentýabr aýynda ýigrimi iki ýaşly Alifat Momoh atly nigeriýaly gyz jynsy islegini kanagatlandyrandan soñ pul bermekden ýüz öwren müşderi tarapyndan öldürilipdi. Rus polisiýasy dünýä kubogyny almak ugrundaky futbol çempionatyna gelen nigeriýalylardan 1 müñ 863-niñ häzirem ýurtdan çykmandygyny we bularyñ 2019-njy ýylyñ 1-nji ýanwarynda wizalarynyñ dolýandygyny mälim etdi. Moskwada jelepçilik batgalygyna batan adamlara kömek edýän raýat-jemvyýetçilik guramasynda işleýän Kenni Kehindo häzire çenli kyrk sany ýaş gyzy halas edip, Nigeriýa ugradandyklaryny, emma ýüzlerçesiniñ häzirem seks gyrnagy edilip işledilýändigini aýdýar. Gulçulyga garşy göreşýän "Альтернатива" atly başga bir topar hem Sankt-Peterburgda we çempionatyñ geçirilen beýleki şäherlerinde nigeriýaly aýal-gyzlardan haraý sorap gelýän jañlaryñ san-sajagynyñ ýokdugyny aýdýar. Kehindo we onuñ toparynyñ çaklamalaryna görä, Russiýada iki müñden gowrak nigeriýaly ýaş gyz häzirem jelepçilik batgasynda... Bu beladan täzelikde halas bolan 19 ýaşly Blessing Obuson hem olaryñ aýdanyny gaýtalaýar: "Köp gyz häzirem bu batgalykda..." Kerem JONGAR. "Euronews" habarlar gullugy, 06.03.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |