03:59 Nihal Atsyz | |
NIHAL ATSYZ
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Hüseýin Nihal Atsyz, meşhur türk ýazyjysy, şahyr, pedagog. Türki halklaryñ taryhyna degişli birnäçe edebi eserleri we taryhy monografiýalary bardyr. Nihal Atsyz 12.01.1905-nji ýylda Çiftçiogullary maşgalasyndan Mehmet Nail Begiñ we Kadyogullary maşgalasyndan deñizçi ofiser Osman Fewzi Begiñ gyzy Patma Zehra hanymyñ maşgalasynda eneden dogulýar. Mehmet Nail Beg Osmanly Harby Deñiz güýçlerinde gulluk edipdir we maýor harby derejesi bilen pensiýa çykýar. 1930-njy ýylda aýaly ýogalan Mehmet Beg üç çagasy bilen galýar, şeýle-de bolsa ol ikinji gezek öýlenýär. Nihal Atsyz Kadyköýde dürli mekdeplerde okaýar. Soñra Harby mekdebe girýär. Wagtyñ geçmegi bilen Atsyz türküçilik pikirlerine eýerip başlaýar. Zyýa Gökalpyñ jaýlanan güni türkçüligiñ garşydaşlary bilen dawalaşandygy we asly arap Bagdatly leýtenant Mesut Süreýýa Efendi bilen aralarynda oñuşmazlyk ýüze çykyp, oña harby salam bermändigi üçin 04.03.1925-nji ýylda 3-nji synpda okap ýörkä harby mekdebiñ hataryndan çykarylýar. Üç aý soñra Kabataş Oglanlar liseýinde mugallymyñ kömekçisi bolan Atsyz has soña Deñiz ýollary uprawleniýesiniñ Mahmyt Şewket Paşa portunda kätip bolup işleýär. 1926-njy ýylda Stambul "Darül Fünunyñ" Edebiýat fakultetine we şol okuw jaýynyñ Ýokary Mugallymçylyk bölümine giren Atsyz bir hepde soñra harby gulluga çagyrylýar. Atsyz Stambulyñ Daşgyşla diýen ýerinde 5-nji pyýada goşun batalýonynda 9 aý gulluk edýär. Ahmet Najy atly dosty bilen "Anadolyda türklere degişli ýer atlary"atly makalasyny "Türkiyat" mejmuasynda çykarmagy bilen taryhçy Mehmet Fuat Köprüliniñ ünsini çeken Atsyz 1930-njy ýylda Edirneli Nazmynyñ diwanynyñ üstünde işleýär. Şol ýyl okuwyny hem tamamlaýar. Atsyzyñ bile okan ýoldaşlarynyñ arasynda Tahsin Banguogly, Ziýa Karamuk, Orhan Şaik Gökýaý, Pertew Naili Borataw, Nihad Samy Banarly ýaly tanymal şahslar hem bardy. Okuwyny tamamlandan soñra Edebiýat Fakultetiniñ dekany, professor Mehmet Fuat Köprüli 25.01.1931-nji ýylda ony öz ýanyna assistant edip alyp galýar. Atsyz şol ýyl "Darül Fünunyñ" filosofiýa bölümini tamamlan Mehpare Hanyma öýlenýär, emma onuñ bilen 1935-nji ýylda aýrylyşýar. 15.05.1931-nji ýyldan 25.09.1932-nji ýyla çenli "Atsyz" mejmuasyny çykarýar. Mehmet Fuat Köprüli, Zeki Welidi Togan, Abdylkadyr Inan ýaly beýik edebiýatçylaryñ we taryhçylaryñ jemlenen kollegiýasyndaky bu jurnal ylym, sungat ulgamlarynda uly seslenme döredýär. Respublikanyñ ýañy gurlan döwründe bu türkiçiligiñ ýüzi bolupdy. Atsyz ilkinji makalalaryny "H.Nihal", hekaýalaryny bolsa "Ý.D" ady bilen bu jurnalda çykarýar. 1932-nji ýylyñ iýulynda Ankarada geçirilen Birinji Türk Taryh Konferensiýasynda professor Zeki Welidi Togan we alym Reşid Galyp bilen aralarynda düşünişmezlikler döreýär. 19.09.1932-nji ýylda Reşid Galybyñ Magaryf ministri bolmagy we az wagt geçmänkä hem Mehmet Fuat Köprüliniñ dekanlykdan aýrylmagy bilen Aly Muzaffer Beg dekanlyga getirilýär. "Atsyz" mejmiasyndaky bir makalasyny bahana edip, dekana Atsyzyñ dekanyñ assistanty wezipesinden çetleşdirmäge görkezme berilýär. Uniwetsitetden çykarylan Atsyz birnäçe gün geçenden soñra Edebiýat fakultetiniñ dekany bilen sataşýar we ony çaýhananyñ öñünde suwa salma ýençýär. Munyñ üçin hiç kim Atsyza zat diýmändir. Atsyz soñra Malatýa orta mekdebine türk dili mugallymy bolup işe başlaýar, soñra Edirne liseýine edebiýat mugallymy bolup gidýär. Atsyz Edirnede wagty "Atsyz" mejmuasynyñ dowamy hökmünde aýlyk "Orhon" jurnalyny çykaryp başlaýar. "Orhon" jurnalynda Türk Taryh Guramasy tarapyndan liseýlerde okuw kitaby hökmünde okadylmak üçin çykarylan dört tomluk taryh kitabynda goýberilen ýalñyşlyklary tankyt edendigi üçin 28.12.1933-nji ýylda Ministrler Kabineti tarapyndan "Orhon" jurnaly 9-njy sanyndan soñ çykarylmagyny gadagan edýär. Dokuz aýlap ministrligiñ gözegçiliginde bolan Atsyz soñra 09.09.1934-nji ýylda Kasympaşanyñ Deñiz Gedikli mekdebine türk dili mugallymy edilip bellenýär. Dört ýyldan soñ 01.07.1938-nji ýylda bu işindenem çykarylýar. Soñra Aýratyn ýokary ideal (Özel Yüce-Ülkü) liseýine geçen Atsyz Bosfor liseýinde hem edebiýatdan dersler beripir. Atsyz Bosfor liseýindekä neşirýat müdiri Selim Sarperiñ teklibi bilen "Orhon" jurnalyny ýañadandan çykaryp başlaýar. Ikinji Jahan urşy döwründe ýurtda kommunizme bolan ýakynlaşma bar hasap eden Atsyz "Orhonyñ" üsti bilen "Biziñ üçin türkiçilik bir gan meselesi bolşy kimin, şol derejede hem wyždan we medeniýet meselämizdir" diýip şol wagtyñ premýer ministri Şükri Saraçoglyna açyk ýüzlenmekden çekinmedi. Atsyz 1944-nji ýylda jurnalyñ 16-njy sanynda Ş.Saraçoglyna ikinji gezek ýüzlenip, Ahmet Jewat Emräniñ, Pertew Naili Boratawyñ, Sabahatdin Alynyñ, Sadretdin Jelal Anteliñ marksistik hereketlerde bolýandyklaryny we Bilim ministri Hasan Aly Ýüjeliñ kommunistleri goldaýandygyny öñe sürüp, Bilim ministrini öz islegi bilen işden gitmäge çagyrdy. Bu aç-açan ýüzlenme Stambulda, Ankarada we beýleki şäherlerde antikommunist mitingleriñ geçirilip başlanmagyna badalga boldy. "Orhon" jurnaly ýene-de Ministrler Kabinetiniñ karary bilen ýapyldy. Dosty Orhan Şaik Gökýaýyñ arada durup ýaraşdyrjak bolmagyna garamazdan Sabahatdin Aly Nihal Atsyzyñ üstünden kazyýete arz etdi. Kazyýet mejlisine Atsyzyñ tarapdarlary bolan talyplar köpçüliginin alynmandygy üçin talyplar köçä dökülýärler. 19.05.1944-nji ýylda Prezident Ismet Inöni Atsyzy we tarapdarlaryny tankyt edip çykyş etmegi bilen Atsyz we onuñ 34 egindeşine garşy kazyýetde iş açylýar. Aralarynda Alparslan Türkeş ýaly beýik şahsyýetlerden, professorlardan, mugallymlardan toplanan bu aýyplanýan egindeşler türmelere dykylyp "tabutluk" (odinoçka) kletkalarynda ezýet görendiklerini ýatlaýarlar. "Milletçilik-Turançylyk dawasy" (pantürkizm) berilen bu dawa hepdede üç gün, jemi 65 gezek geçirilen kazyýet mejlisiniñ netijesinde 29.03.1945-nji ýylda 6 ýyl 5 aý azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär. Atsyz bu karar üçin appilýasiýa çykýar we Harby Tribunalyñ 23.10.1945-nji ýyldaky karary bilen bir ýarym ýyldan son tussaglykdan boşadylýar. 05.08.1946-njy ýyldaky "Kenan Öner-Hasan Aly Ýüjel" dawasynda hem 31.03.1947-nji ýylda Atsyzyñ günäsizligine karar berilýär. 1947-nji ýylyñ aprelinden 1949-njy ýyla çenli iş berilmedik Atsyz käbir kitaplaryny satmaga mejbur bolýar. Bir salym "Türkiýe" neşirýatynda işlän Atsyz Russiýa-Türkiýe uruşlary barada söz açýan "Türkiýe asla boýun egmez" atly kitabyny Surury Ermete atly bir şahsyñ adyndan neşir etmäge mejbur bolýar. Atsyzyñ kursdaşlaryndan professor Tahsin Banguogly Bilim Ministri bolandan soñra ony 25.07.1949-njy ýylda "Süleýmaniýe" kitaphanasyna işgär edip belleýär. Demokrat partiýasynyñ häkimiýete gelmegi bilen 25.09.1950-nji ýylda Haýdarpaşa liseýiniñ edebiýat mugallymlygyna bellenýär. 04.05.1952-nji ýylda Ankaranyñ Atatürk liseýinde "Türkiýaniñ azat edilmegi" atly eden çykyşy üçin "Jumhuriýet" gazeti onuñ garşysyna dawa açýar. Emma minisrtlik tarapyndan Atsyzyñ makalasynda aýdylýanlaryñ dogrudygyny subut edýär. Liseýindäku wezipesini taşlap "Süleýmaniýe" kitaphanasyna dolanyp barýar we 01.04.1969-njy ýyla çenli kitaphanada işleýär. Ol 1962-nji ýylda döredilen "Türkçiler" krujogynyñ başlyklygyny ýerine ýetirdi. 1964-nji ýyldan başlap aradan çykýança "Ötüken" jurnalyny neşir etdi. Prezident Jewdet Sunaý döwründe hem kürtleriñ Türkiýäniñ Gündogarynda gizlin marksistik hereketlerde bolýandyklary barada ýazan birnäçe makalalary üçin kazyýet onuñ garşysyna iş açanam bolsa, ýazyjynyñ günäsiniñ ýokdugy barada karar berilýär. Bu gün Atsyzyñ gelejegi öñünden görendigini we nähili mamladygyny Türkiýaniñ Gündogarynda jyrt atýan PKK, PÝD, HPG ýaly birnäçe kürt terrorist guramalaryny göreniñde göz ýetirip bolýar. Hasan Dinçeriñ Adalat ministri bolan döwründe Atsyz ýene jogapkärçilige çekilýär, netijede kazyýet "Ötükeniñ" hojaýyny Atsyzy we jurnalyñ jogapkär müdiri Mustapa Kaýabeki 15 aý tussag edýär. Prokuratura tarapyndan sökülenem bolsa, bu karar soñra oñlanýar. Infarktdan, gan basyşynyñ ýokarlanmagyndan, agyr romatizmadan ejir çekýän Atsyz türmede ýatmaga ýaramsyz haty berilenem bolsa, ol kabul edilmän türmä dykylýar. Karara esaslanan Jezalary ýerine ýetiriş müdirligi 14.11.1973-nji ýylda ony ir bilen öýünden alyp, Toptaşy Toptaşy türmesine getirýär, soñra ol Sagmaljylar türmesine geçirilýär. Atsyz 1 ýyl 6 aýlyk jezasyny çekmek üçin türmä salynanda ýokary okuw jaýlarynyñ mugallymlary we talyplary Prezident Fahry Korutürke hat ýazyp onuñ bagyşlanmagyny haýyş edýärler. Atsyzyñ özi munuñ üçin baş urmadygam bolsa Fahri Korutürk ony türmeden boşatdyrýar. Ibnulemin Mahmyt Kemal Inal aýtmyşlaýyn, "Atlyny atyndan inderip biljek derejede gazaply ýazgylary ýazan" Atsyzyñ okgunly we ýiti uslyby bardy. 10.12.1975-nji ýylda infarkt keseli gozgap başlaýar we ertesi penşenbe güni aradan çykýar. 13.12.1975-nji ýylda Kadyköýiñ Osmanaga metjidinde okalan ikindi namazyndan soñra "Garaja Ahmet" gonamçylygynda jaýlanýar. Türkçüligiñ esasy wekillerinden hasap edilen Atsyz güýçli türkolog hasaplanylýar. Göktürk türkmenleri barada ýazan "Möjekleriñ ölümi" we "Möjekler direlýär" romanlary bilen meşhurlyga eýe bolýar. "Däli Möjek" romany Osmanly imperiýasynyñ başlangyç döwürlerinden söz açýar. ■ Käbir eserleri: 1). "Möjekleriñ ölümi" (roman), 2). "Möjekler direlýär" (roman), 3). "Däli Möjek" (roman), 4). "Ruh adam" (roman), 5). "Ýollaryñ soñy" (goşgular) we ş.m... | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |