08:41 Nika | |
NIKA
Pedagogika we edep-terbiýe
Saparmyrat TÜRKMENBAŞY: Nika ýaşyna ýeten zenan bilen erkek kişiniň biri-biri bilen ylalaşyp, nikalaşmaga hem maşgala gurmaga haky bardyr. Maşgala gatnaşyklarynda är-aýalyň hukuklary deňdir. Mukaddes Ruhnamadan Maşgala mukaddesliginiň iň aýdyň alamaty nikadyr. Nika dini esaslarda durmuş gurjak aýal bilen erkegiň özara ylalaşyk akty diýmekdir. Allatagala nikasyz är bilen aýalyň bile ýaşamagyny «zyna» diýip atlandyrýar. Yslam dini nikaly maşgala gurmagy sagdyn milletiň esasy we sütüni hasaplaýar. Pygamberimiz bir hadysynda şeýle diýýär: «Nika meniň sünnetimdendir. Kim meniň sünnetim bilen amal etmese menden däldir...» (Ibrahim Janan «Kütübi Sitte»). ■ Nikanyň dürs bolmagynyň şertleri: Ijab we kabul – durmuş gurjaklaryň biri-birini är-aýal diýip kabul edendigini şaýatlaryň huzurynda ykrar etmegi. Bu ykrar «kabul etdim» görnüşinde anyk bolmalydyr. Nika gyýlanda, esasan, gyz bilen ýigidiň gatnaşmagy iň gowusydyr. Durmuşa çykjak gyzdan we ýigitden wekillik alyp nika gyýylmagy hem dürsdür. Ýöne wekillik alnanda, wekiliň ýanynda hökman iki şaýat bolmalydyr. Şaýat. Nikanyň dürs bolmagy üçin iki sany erkek şaýat ýeterlikdir. Pygamberimiz: «Iki şaýat bolmasa nika dürs bolmaz» (Buhary) diýipdir. Eger erkek şaýat tapylmasa, bir erkek we iki aýal şaýat bolmalydyr. Nika gyýýan ymamyň özi hem şaýat bolup biler. Şaýatlar musulman, maşgala hukugyna düşünýän we kämillik ýaşyna ýeten kişiler bolmalydyr. Guruljak maşgalanyň berkligi üçin nika zor bilen gyýylmaly däldir. Nika gyýlandan soň gizlemän, yglan edilmelidir. ■ Galyň – mehir Galyň – durmuş gurýanlaryň arasynda gudaçylyk işi başa barandan soň, nikadan öň gyzyň haky hökmünde, oglanyň (erkegiň) öýlenen gyzyna (aýalyna) ak ýürekden berýän zadyna diýilýär. Yslam dininde galyň «mehir» diýip atlandyrylypdyr. Türkmençilikde galyň bermek däbi Yslamdan has öň bardyr. Galyň pul, mal, haryt, gyzyl-kümüş we ş.m. zat görnüşinde bolup biler. Yslamda erkegiň aýala mehir bermegi wajypdyr, ýöne nikanyň şerti ýa-da rüküni däldir. Nika gyýlan wagtynda mehir hakynda hiç zat aýdylmasa-da, nika dürsdür. Şol ýagdaýda aýal «mehri-misil» almaga hukuk gazanýar. Mehriň iň azy on dirhem (30 g.) kümüşdir, ýokary derejesi bolsa çäklendirilmändir. Pygamberimiz aýallaryna ortaça bäş ýüz dirhem kümüş beripdir. Mehriň her döwrüň şertine görä kesgitlenmegi has laýygydyr. ■ Mehriň görnüşleri Mehir nikadan öň ýa-da nika wagty taraplaryň ylalaşmagy göz öňüňde tutulyp «mehri müsemma», «mehri misil», öňünden tölemek ýa-da soňra tölemek taýyndan «mehri muajjel», «mehri müejjel» diýen görnüşleri bardyr. Mehri müsemma – mukdary gudaçylyk başa barandan soň ýa-da nika wagty bellenen mehirdir. Mehri misil – gudaçylyk başa barandan soň ýa-da nika wagty mukdary bellenilmedik mehirdir. Bu ýagdaýda gyz ýakyn garyndaşlaryndan: agasynyň gyzynyň, aýal doganynyň alan mukdaryça mehir almaga hukuklydyr. Mehri muajjel – gudaçylyk başa barandan soň ylalaşylyp, nikadan öň berlen mehirdir. Mehri müejjel – nikadan soň berilmek şerti bilen mukdary ylalaşylan mehirdir. Nika wagtynda mehri muajjeliň we mehri müejjeliň mukdary agzalmalydyr. Mehir we gyz üçin berlen sowgatlar gyzyň malydyr. Gyzyň rugsady we razylygy bolmasa, ene- atasy Şol mala eýe çykyp, harçlap bilmeýär. Gyz durmuşa çykandan soň, islese, alan mehrini ärine bagyşlap biler. ■ Nika gyýmagyň düzgüni Türkmençilikde, şeýle hem şerigatda düzgün boýunça nika toý hepdesi gyýylýar. Häzirki döwürde aýalyň hak-hukugyny goramak üçin resmi nikadan geçilmänkä, dini nika gyýylmasa gowudyr. Nika gyýmak üçin ymam, iki şaýat we gelin bilen giýew taýyn bolmaly. Şaýatlar erkek bolmaly, eger erkek ýok bolsa aýal hem bolsa bolýar, ýöne bir erkek şaýada derek iki aýal bolmaly. Bu şerigatyň hökümi. Türkmençilikde nika gyýyljak wagty eli gaýçyly aýal hem şu taýda taýyn bolýar. Munuň din bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Bu däp oglan bilen gyza erbet doga eden biri bar bolsa oňa täsir etmesin diýip yrym edilýändir. Şonuň üçin yslamda şeýle bet niýetlileriň eden jadysy gyz bilen oglana täsir etmesin diýip, nika gyýylýan wagty içerdäkileriň şu zatlara üns bermekleri maslahat berilýär. Nika gyýyljak otagda kän adam bolmaly däl. Nika gatnaşan adamlar çök düşüp, ellerini iki dyzynyň üstünde goýmalydyr. Nika dabarasy gutarýança, barmaklaryňy çilşirmek, ýüzügiňi çykaryp dakmak, bir zady düwmek bolmaýar. Nika dabarasy gutarýança, otaga girip-çykylmaly däldir. Bular nikanyň edeplerindendir. ■ Dini nika şeýle gyýylýar: Nikany gyýjak kişi gyzyň we oglanyň ady bilen olaryň atasynyň ýa-da enesiniň, şaýatlaryň adyny ýazmaly. Şeýle hem mehriň mukdary anyk belli edilmeli. Eger gyz bilen oglan nika mejlisine gelip bilmese, wekilleriniň ady ýazylýar. Mundan soň şu doga okalýar: Soňra gyza ýüzlenip: «Bismillähi ala milleti Resulillah, Allatagalanyň emri, Pygamberimiz hezreti Muhammet Mustafa sallallahu aleýhi wesellemiň sünneti we mezhep ymamymyz Ymam Agzam hezretleriniň ijtihady we şu ýerde häzir bolan musulmanlaryň şaýatlygy bilen, pylany gyz: araňyzda ylalaşylan galyň (mehri müejjel we mehri muajjel) bilen birlikde siz pylanynyň ogly pylanyny äriňiz diýip kabul etdiňizmi? (Eger gyzyň ýerine wekili bar bolsa, onda wekile: «Siz pylanynyň gyzy pylanynyň wekili hökmünde, ony pylanynyň ogly pylana aýal edip berdiňizmi?») diýip soramaly. «Hawa, kabul etdim» (wekil bolsa «Berdim») diýilýär. Bu üç gezek gaýtalanýar. Soňra erkege ýüzlenip: «Bismillähi ala milleti Rasulyllah, Allatagalanyň emri, Pygamberimiz hezreti Muhammet Mustafa sallallahu aleýhi wesellemiň sünneti we mezhep ymamymyz Ymam Agzam hezretleriniň ijtihady we şu ýerde häzir bolan musulmanlaryň şaýatlygy bilen, pylanynyň ogly araňyzda ylalaşylan galyň (mähri müejjel we mehri muajjel) bilen birlikde siz pylanynyň gyzy pylanyny aýalyňyz diýip kabul etdiňizmi? (Eger oglanyň ýerine wekili bar bolsa, onda wekile: «Siz wekil bolup, araňyzda ylalaşylan galyň (mähri müejjel we mehri muajjel) bilen birlikde pylanynyň gyzy pylanyny – pylanynyň ogly pylanynyň aýaly diýip kabul etdiňizmi?») diýip soramaly. «Hawa, kabul etdim» diýenden soň, bu hem üç gezek gaýtalanýar. Soňra şu doga okalýar: «Allam, huzuryňda nikalanan bu iki juwany ömürleriniň dowamynda bagtly we bagtyýar eýle. Ömürlerine bereket, janlaryna saglyk, ryzklaryna giňlik yhsan eýle. Olara Watanyna, dinine, milletine haýyrly salyh we salyha perzentler ber. Olary we çagalaryny dünýä we ahyrýet sagadatyna ýetir» diýip, ämin edilýär we nika dabarasy gutarýar. Nika gyýlandan soň, ýörite taýýarlanan süýjülik suwundan içirýärler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |