15:07 Nikanyň jemgyýetçilik taryhy | |
NIKANYŇ JEMGYÝETÇILIK TARYHY
Psihologiýa
Nika sözüniň manysyny sadaja dilde beýan etseň, bu nikalaşýan iki tarapyň, ýagny aýal bilen erkegiň matlap-maksadynyň il öňündäki gözden geçirilişi, onuň resmileşdirilmegi diýmekdir. Sebäbi binika duşuşyk – seksual gatnaşyk asyrlaryň dowamynda köpçülik tarapyndan asla oňlanylmaýar. Ine, muňa ýekeje bir mysal alalyň. Türkmeniň gündogar halklarynyň arasynda giňden ýaýran ―Şasenem - Garyp‖ dessanynyň baş gahrymanlary Şasenem bilen Garyp bir-birege aşyk-magşuk. Eseriň käbir epizodynda bolsa, Şasenem öz aşyk ýigidi bolan Garyby gizlin ýagdaýda birnäçe günläp, hatda hepdeläp, aýlap diýen ýaly, öz köşgünde saklaýar. Näme, eýsem şeýle ýagdaýda olara seksual gatnaşygyny, ýagny är-aýallyk işi bolan ýanaşmagy berjaý etmeklige wagt bolan däldir öýdýärsiňizmi? Elbetde, bolandyr. Onuň ýaly işi olar her bir ädimde ýerine ýetirip bilerdiler. Ýöne, ýokarda belläp geçişimiz ýaly, beýle ýagdaýdaky, ýagny binika işi ýerine ýetirmeklik häzirki ýaly, şol döwürlerde-de asla-da halanylmandyr. Şu hili ýagdaý beýleki dessanlarymyz bolan ―Zöhre-Tahyr‖, ―Saýatly-Hemra‖, ―Şirin-Perhat‖, ―Leýli-Mežnun‖ we ş.m. eserlerde-de beýan edilýär. Türkmençilikde, köp halklarda bolşy ýaly, köneden gelýän däbe görä mollanyň we iki sany pyýada kazylaryň gatnaşmagynda nika gyýylýar. Nika gyýma däbine gatnaşýan mollanyň we pyýada kazylaryň kalbynyň halal, teniniň arassa bolmagy hökmandyr. Ynsan ömrüniň iň ähmiýetli we jogapkärli çäresine gatnaşýanlaryň, ýagny mollanyň, pyýada kazylaryň il arasynda abraýynyň uly bolmagy nika öz täsirini ýetirýär diýip düşünilýär. Bu möhüm wezipäni ýerine ýetirýänler ak ýürekden Allatagala uýup, onuň adyndan nika gyýyp, nikanyň halaldygyna güwä geçýärler. Nika gyýlyp durka oglanyň hossarlary şeýtanyň sapagyny gaýçy bilen kesýärler. Ýaşlara ýagşy dilegler aýdylyp, «Süýjülik suwy» içirilýär. Kä kişiler öňden gelýän yryma uýup, ýamanlyk edilmesinden gorkup, «baglaýmasynlar» diýip, toýdan birnäçe gün öňünden gizlinlikde nika gyýdyrýarlar. Toý gijesi guşak çözdürmek üçin ýaşlary jaýa salýarlar. Guşak çözdürilende: Ak-gök geýdirme, arpa çörek iýdirme, Agyzla gapdyrma, toýnakla depdirme – diýen ýaly sözler aýdylýar. Guşak çözülenden soň oglan guşagy alyp töweregindäkileri urup kowýar. Öz saýlany bilen bile galýar – şu gijä-de birinji gije diýilýär. Adatça nika gyýmak üçin sähetli gün bellenilýär. Öňünden ýyldyzlara garap, haýsy günüň bu möhüm wezipe üçin amatly, şowly gün bolýanlygy kesgitlenilýär. Ýaş çatynjalaryň nikadan soňky durmuşy köplenç nika gyýlan güne bagly bolýar diýlip düşünilýär. Eger-de, nika şowly bolup, ýigit we gyz täze maşgalany emele getirip, bagtly ýaşasalar, onda halk arasynda «Sähetli gün gyýlan nika», «ýyldyzlarynyň gowşan güni» diýlip, kanagatlanma bilen bellenilýär. Nika, nikalaşmak ençeme döwri, ençeme ýyllary däl-de, ençeme asyrlary başdan geçiren prosesdir, sebäbi aýal-erkegiň seksual aragatnaşygynyň bar ýerinde nika-da bolaýmalydyr. Ol hakykat ýüzünde şeýle bolup, häzirki zamanda hemmetaraplaýyn ösen her bir jemgyýetde diňe är-aýalyň seksual gatnaşygy aýyp görülmeýär. Eýsem, ol hökman ýerine ýetiriläýmeli kadaly iş hasaplanylýar. Nikadan öň ýa-da binika geçirilýän seksual gatnaşyklaryň hiç biri hem adamlar tarapyndan ykrar edilmeýär, beýle işi kanun hem penalamaýar. Munuň sebäbini seljermekçi bolsak biz taryha – bir ärlilik, bir aýallylyk netijesinde emele gelen maşgalanyň gelip çykyşyna, onuň taryhyna göz aýlamaly bolýarys. Bäş müň ýyllyk taryhy bolan türkmen halkynyň geçmiş durmuşynda-da nika mukaddes hasaplanypdyr. Oguz hanyň öýlenişi, «Gorkut ata» eposynyň gahrymanlarynyň öz ýanýoldaşlaryny saýlaýşy, olaryň belli kada-düzgünlere eýerendigini görkezýär. Özüne laýyk gyzy saýlan ýigit, gyzyň razylygyny alyp nika gyýdyrýar. Köplenç başdaş aýalyň üstüne alnan aýallar hem bolupdyr. Köp aýallylyk hadysalarynyň bolandygyny-da bilýäris. Gündogarda giňden belli bolan «Kowusnama» atly kitapda: «Aýaly asylly maşgaladan almak gerek. Aýal keýp-sapa çekmek üçin däl-de, hojalygy ýöretmek üçin alynýandyr. Keýp-sapa çekmek üçin pul berip bazardan çory hem alsa bolar: bu bir alada-da, ummasyz çykdajy hem talap edip duranok» diýlip bellenýär. Munuň özi nika gyýlyp alnan başdaş aýalyň hormat-mertebesiniň şol döwürde-de belent tutulandygyny subut edýär. 1793-nji ýylda Fransiýada erkek kişiler bilen aýallaryň deňhukuklylygy adamzat taryhynda ilkinji gezek jar edildi. Nikalaşýanlaryň iki tarapynyň hem razylygy, nika bozmagyň kadalary bu kanuna girizilýär, nikaly, binika dünýä inen çagalaryň aratapawudy ýatyrylýar. Ýöne bu üstünligiň, deňligiň ömri juda gysga bolýar. Ol 1794-nji ýylda garşydaşlaryň güýçleri tarapyndan ýatyryldy. Emma wagtyň geçmegi bilen bu deňlik ýene-de dikeldildi. Häzirki döwürde-de binika çagalar dünýä inmän duranok. Elbetde, olaryň köpüsiniň durmuşa jogapkärçiliksiz çemeleşýän, bady-howa oglan-gyzlar tarapyndan dünýä inýändikleri düşnükli bolsa gerek. Häzir ýurdumyzda döwlet tarapyndan resmileşdirilýän nikalaryň iki tarapyň hem razylygy esasynda geçirilýändigini sosiologiki barlaglar subut edýär. Nikalaşmak – bu taryhy taýdan esaslandyrylan, ykrar edilen, erkek adam bilen aýal maşgalanyň öz biri-birlerine, çagalara bolan baglanyşygynyň, aragatnaşygynyň, jemgyýet tarapyndan kadalaşdyrylyp gelnen görnüşidir. Nikalaşmagyň ýuridiki, hukuk taýdan ähmiýetiniň uly bolmagy hökmandyr. Şonuň üçin hem, bu iş, ýagny nikany resmileşdirmeklik döwletiň ýörite edarasynyň – nikalar öýüniň ygtyýaryna berilýär. Nikalaşmak üçin öýlenjek ýigidiňem, durmuşa çykjak gyzyňam meýletin razyçylygy gerek. Nikalaşmak işine üçünji bir adamyň (oglanyň ýa-da gyzyň dogan-garyndaşlaryndan biriniň, şol sanda ene-atasynyň-da) garşy çykmagyna kanun ýol bermeýär. Bardy-geldi nikany başa bardyrmazlyk maksady bilen gyzyň ýa-da oglanyň üçünji bir adamyň, şol sanda hossarlaryndan kimem bolsa biriniň hereket etmegi jenaýat işiniň gozgalmagyna getirip bilýär. Beýle diýilse, täze durmuş gurjaklaryň ata-enesiniň, hossarlarynyň bu işe asla dahyly bolmaly däl diýip düşünmek bolmaz. Ene-ata öz ýerinde, dogan-garyndaş öz ornunda durmuş tejribesi esasynda, ýaşlara ýalňyşmazlyk, nika berkligi, onuň mukaddesligi ýaly ýerlikli maslahatlary berip bilerler. Ýöne baş birikdirmegi ýüregine berk düwen ýaşlar bilen edilen gürrüňleriň, olara berlen maslahatlaryň hiç birinde olaryň ýüregini bulap, aralaryna çöp atyp biljek äheň duýulmaly däldir. Şeýle intrigalaryň – hileleriň ýaşlara erbet täsir etmegi mümkin. Kanun psihiki taýdan näsag, kemakyl adamlaryň nikalaşmagyna ýol bermeýär. Nikalaşmak üçin päsgel berýän bu ýagdaýyň ýuridiki taýdan esasly bolmagy üçin, ýagny onuň (öýlenýäniň ýa-da durmuşa çykýanyň) durmuşa ukypsyzdygyny subut edýän resmi esas bolmalydyr. Bu işi bolsa diňe kazyýet kesgitläp bilýär. Ata tarapyndan hem, ene tarapyndan hem gandüşer garyndaşlygy bolan doganlaryň uýalary bilen, şeýle hem ogullyk alnan oglan bilen gyzlyk alnan gyzyň arasynda nika baglaşmaga kanunda rugsat berilmeýär. Edil şunuň ýaly enebir ata başga ýa-da atabir ene başga doganlara-da nika düşmeýär. Şeýle gadagan etmeler medisina nukdaýnazaryndan (nikalaşýanlaryň bähbidi aralyp) garalyp, mediki-biologik esaslara esaslanylyp, kanuna girizilýär. Munuň asyl sebäbi hem psihiki keselleriň, kemakyllylygyň we ş.m. nesil yzarlaýandygyndan ybaratdyr. Bu babatda biziň eýýamymyzdan ozal baryp IV asyrda musaýylaryň durmuşyny dini esasda düzgünleşdiren Töwratda hem aýdylyp geçilýär. Afrikada ýaşaýan käbir taýpalarda gandüşer garyndaş bilen nikalaşmak ýörgünli däp-dessura öwrülip gidipdir. Şeýle maşgalalar bilen adybir garyndaşlarda emele gelen maşgalalarda önýän çagalar deňeşdirilende, gandüşer maşgalalarda emele gelen çagalarda şizofreniýa keseliniň (däliremäniň agyr görnüşlerinden biri) has agdyklyk edýändigi takyklanylypdyr. Hakykatdan hem, ylmy seljermelere görä, dogan, doganoglan (türkmenlerde daýy-ýegenem), dolananlar ýaly gandüşer garyndaşlar baş birikdirseler, olardan kemli, ýetmez çagalar emele gelip bilýär. Gandüşer garyndaşlyk näçe ýakyn boldugyça, şonça-da nesil yzarlaýan keselleriň howpy artýar. Nikalaşan gandüşer garyndaşlardan emele gelen maşgalalaryň ýagdaýy barlanylyp görlende, şeýle maşgalalarda öli dogýan, çaga aýrylmagyň seýrek bolmaýandygy, diri doganlarynyň bolsa çagalyk, ýetginjek ýyllaryndaky ölüm-ýitimi adybir garyndaşlygy bolmadyk maşgalalardan önen çagalaryňkydan iki esse köpdügi äşgär boldy. Nesil yzarlaýan kesellerden gan keseli, çaga şelligi, dogabitdi kemakyllyk, kerlik, sokur körlük, önelgesizlik ýaly ençeme keseller gandüşer garyndaşlaryň maşgalasynda has köp duş gelýär. Ýewropa şalarynyň durmuşyndan alnyp, toplanylan maglumatlardaky deliller munuň şeýledigine has aýdyňlyk bilen güwä geçýär. Ýewropa şalary diňe bir şazadalary öýlendirmek ýa-da şa gyzlaryny durmuşa çykarmak aladasyny edip oňman, wagty gelip tagta çykjak şazadalaryň ganynyň päkligi (aslynyň arassalygy) barada hem çuňňur oýlanmaly bolupdyrlar, has dogrusy, şa nesliniň ganynyň garamaýagyňky bilen gatyşmazlygynyň hem aladasyny etmeli bolupdyrlar. Ine, şonuň üçin hem gandüşer garyndaş şazadalar nikalaşmaly bolupdyrlar. Olaryň keselleriniň gelip çykyşyny öwrenen genetiklere şazadalar maşgalasynda nesil yzarlaýan keselleriň ençemesiniň ýüze çykyp başlandygyny takyklamak başardypdyr. Şeýle ýagdaý türkmenleriň arasynda hem duş gelýär. Nikalaşmakda ýaşlaryň (aýratyn hem ýigit tarapyň) aslyny seljermek henize bu güne çenli dowam edip gelýär. Aýratyn hem «öwlatlar» («asly pygamberler neberesinden hasaplanylýanlar») «igler», «gullar» bilen guda bolmakdan çeke durýarlar. Olar öz biri-biri bilen guda bolup, gandüşer garyndaş ýaşlaryň başyny çatýarlar. Ine, şonuň üçinem şeýle däbe eýerýänleriň arasynda nesil yzarlaýan keseller az bolmaýar. «Kowusnamada» bolsa: «Kesekini garyndaş ediner ýaly, aýalyňy başga taýpadan algyn, çünki ýakyn ýanyňdakylar seniň garyndaşlaryňdyr» diýilýär. Täze maşgalalar bilen garyndaşlyk açmak agzybirlige, neberäň ýaýrawly bolmagyna getirýär. Garyndaşlaryň çagalarynyň baş birikdirmegi hiç wagt hem oňlanmandyr. Nikalaşmak meselesinde döwlet kanunlary adamynyň meňzine (ol akmeňizmi, sarymeňizmi ýa-da garameňiz) milletine, dinine ähmiýet bermeýär. Kanunda nikalaşmaga demokratik esasda doly hukuk berlişi ýaly, aýrylyşmaga-da rugsat edilýär. «Eger diňe söýşüp nikalaşmak ahlaga laýyk nika bolýan bolsa, onda diňe söýgini özünde dowam etdirýän nika ahlaga laýyk nika hasaplanýar. Emma indiwidual aýal-erkeklik söýgüsiniň dowamlylygy dürli indiwidlerde, ylaýta-da erkek kişilerde örän dürlüdir we bardy-geldi söýgi duýgusy bütinleý gutaraýsa, ol söýgini täze bir hyjuwly söýgi gysyp çykarsa, onda talaklaşmak är-aýal üçin hem, jemgyýet üçin hem haýyr iş bolýar. Ýöne adamlary talaklaşmak prosesiniň bigerek zibiliniň içi bilen geçmek zerurlygyndan halas etmek gerek» diýip, F.Engels belläpdi. Bu ýerde ara sowuklyk düşse, başga biri ýüze çyksa, talaklaşmak är-aýal üçin hem, jemgyýet üçin hem haýyr iş bolýar diýilmesine nähili düşünmeli?! Çünki, şunuň ýaly ýagdaýda äriň hem, aýalyň hem güni anyk bulaşýar. Iki tarap hem durmuşyndan närazylykda ýaşap, tiz göwün şatlygyny – saglygyny, işe ukyplylygyny ýitirýär. Şeýle ýagdaýda öýde – maşgalada asudalyk, mähribanlyk ýitýär. Çagalaryň şatlygy, arkaýynlygy ýok bolýar. Şonuň üçin hem aýrylyşmaga has degerli sebäp ýüze çykanda onuň äre-de, aýala-da amatly boljakdygy bellenilýär. Emma maşgala mukaddesdir, mukaddeslik bolsa, köplenç näçe gymmat düşse-de goralýar. Maddy taýdan özüni oňarýan aýallar köplenç aňyrsyna göz ýetirmän, aýrylyşmaga, nika bozmaga ýykgyn edýärler. Şeýle aýallaryň kinoteatrlarda, telewizorda görkezilýän filmlere tomaşa edip, ondaky hojalyk işlerine kömekleşip ýören erkek kişä ýa-da ýeňil ýaşaýşa syny oturýar. Olarda kem-kemden öz adamsy hem şolara meňzemelidir, näme üçin ol «tur-otur kersen getirim» bolmaly dälmişin. «Eýsem men ondan az gazanç edýänmi» diýen ýalňyş pikirler döreýär. Ýagny, şeýle düşünjä eýerýän aýallar A.S.Puşkiniň «Balykçy we altyn balyk hakyndaky» ertekisindäki kempir bolmagyň kül-külüne düşýär. Nika bozulmagyna sebäp bolýan aýallaryň aglabasynyň soňky ykbaly şol kempiriňkä kybapdaş hem bolýar. 23 Sebäbi «özüni oňaryp» başlan aýalyň kä halatlarda gyýgy ajaýar, iňirdisi artýar, ol maşgalabaşynyň ornuna geçmäge dawa salyp başlaýar. Şeýle ýagdaý käbir maşgalalarda bir gün däl, iki gün däl, aýlap, ýyllap gaýtalanýar. Bu bolsa, elbetde, erkek adamynyň degnasyna degýär. Bu dawanyň (eger erkek adam juda eserdeňlik edäýmese) iň soňy nikalar öýünde gutarýar. Çeşmesi: Artyknur Nohurow, Aşgabat Nohurow. Maşgala psihologiýasy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. Aşgabat, 2011. Alnan saýty: https://kitaphana.net/book/1361/read. 12.12.2022ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |