19:33 Nuh pygamberiñ gubury nirede? | |
NUH PYGAMBERIÑ GUBURY NIREDE?
Taryhy ýerler
"Hezreti Nuh erdi tupan şaýady..." Andalybyñ "Oguznama" poemasyndan. ■ Azerbaýjandaky zyýaratgäh Nahçewan awtonom respublikasynyñ günorta sebitinde Könegala diýen ýerde Nuh pygamberiñ mazarydygyna ynanylýan bir kümmet bar. Kümmet VIII asyrda bina edilipdir. Nahçewan bilen baglanyşyklydygy öñe sürülen we şol ýerlerde-de giñden ýaýran "Nuhuñ tupany" rowaýatynda aýdylşy ýaly, Nuh aleýhyssalam Hudaýdan ýer ýüzüni suw basjakdygy barada habary alandan soñ uly gämi ýasaýar, haçan-da ol apy-tupan başlanda, öz maşgalasyny we her janly-jandardan bir jübtüni alyp gämä münüpdir. Ýiolda fämi Nahçewanyñ gündogaryndaky Ilandaga (rowaýatda "Inendag"), Ordubatdaky Alangaza we Araz çaýynyñ boýundaky Kamki dagyna galtaşyp geçipdir, Gämigaýada hem säginip geçipdir. Nuh pygamber gäminiñ galtaşan daglaryna özüçe at dakypdyr. Rowaýata görä Nuhuñ gämisi Gilançaýyñ ýokarky böleginde Gämigaýada labyr taşlap geçipdir. Rawylaryñ aýtmagyna görä gämileriñ galyndysy şol ýerdäki "Aýy çukurydiýen ýerdedir. Başga bir rowaýatda bolsa Nuh pygamberiñ we onuñ aýalynyñ guburynyñ Nahçewandadygy aýdylýar. Bu rowaýatlar "Nuhuñ tupany" hakyndaky gadymy şumer we ýewreý rowaýatlary bilen belli bir derejede gabatlaşýar. Azerbaýjan taryhçysy R.Sultanowyñ öñe sürýän pikirine görä "Nuhuñ tupanynyñ" Agry dagynda wulkan atylandygy sebäpli Tigr we Ýewfrat derýalarynyñ joşmagy netijesinde ýüze çykypdyr. Diýmek Agry dagyna ýakyn ýerde ýerleşen Araz çaýynda, has dogrusy Nahçewanyñ özünde-de güýçli suw joşgunlary bolupdyr. Azerbaýjan taryhçysy A.Hüseýni Gämigaýada Nuh pygambere degişli gadymy ýazgynyñ barlygyny orta atýar. Umuman alanda "Nuh rowaýaty" ilkinji gezek b.e.öñ II müñýyllygyñ ortalaryndan galan şumer ýazuw çeşmelerinde agzalýar. Birnäçe taryhçy we geograf alymyñ pikirine görä waka Nahçewan şäheriniñ düýbüniñ tutulan wagtyna (b.e.öñki 1539-njy ýyl) gabat gelýär. Nahçewanda Nuhdaban atly gadymy şäheriñ galyndylary, Nahajir ("Nuhajir" bolmagy mümkin) dagy häli-häzirem bar. Ermeni taryhçysy M.Çamçyýan, XVI asyryñ arap geografy El-Eşrefi dagylar Nuhuñ gämisiniñ we guburynyñ Nahçewandadygyny ýazypdyrlar. Bu rowaýat esasynda tanymal azerbaýjan suratkeşi Behruz Şiralybek ogly Kengerli "Nuhuñ gubury" atly surat hem çekipdir. Surat häzir Azerbaýjanyñ Döwlet Şekillendiriş sungaty muzeýinde saklanýar. Orta asyrlarda halk köpçüligi Nuh pygamberiñ mazaryna zyýarat edilýän ýerde kümmet galdyrypdyr. Nuh pygamberiñ guburynyñ Nahçewandaky zyýaratgähi Nahçewan awtonom respublikasynyñ Ýokary Mejlisiniñ 2006-njy ýylyñ 28-nji iýulynda çykaran ýörite karary bilen abadanlaşdyryldy we Nahçewanyñ Ministrler kabinetiniñ ýanyndaky Taryhy ýerleri hasaba almak müdirligi tarapyndan hasaba alyndy. ■ Yrakdaky zyýaratgäh Yragyñ Nejep şäherinde hem Nuh pygamberiñ guburynyñ bardygyna ynanylýar. Bu taryhy şäher Nuh pygamberiñ guburyndan zyýada Hezreti Alynyñ (arap dilinde:حرم الإمام علي (Harem el-Ymam Aly), kümmediniñ barlygy bilen has gowy tanalýar. Yragyñ Nejep şäheri yslamyñ şaýy mezhebine uýýan 200 million musulman üçin Saud Arabystandaky Käbeden we Mesjidi-Nebewiden soñky üçünji mukaddes ýer hasaplanýar. Bu ýer Pygamberimiz Muhammet aleýhyssalamyñ (s.a.w) agasynyñ ogly we giýewi, dördünji yslam halyfy, "Dört Çaryýarlaryñ" dördünjisi, On iki ymamlaryñ başy, Hezreti Hasan we Hezreti Hüseýniñ kakasy Hezreti Aly ibn Abu Talybyñ (r.a) jaýlanan ýeridir. Şol sanda şaýy ynanjynda Hezreti Alynyñ ýanynda Hezreti Adam ata bilen How enäniñ, Nuh pygamberiñ jaýlanandygyna ynanylýar. Hezreti Alynyñ guburydygyna ynanylýan ýer Buweýhiogullary nesilşalygynyñ hökümdary Adududdöwle Pena Hysrow (doly ady Azyduddöwle Pena Hysrow ibni Buweýhid-Deýlemi) tarapyndan 977-nji ýylda zyýaratgäh hökmünde illkinji gezek halk köpçüligine açylypdyr. Dörän bir ýangyn zerarly weýran bolandan soñ Seljukly türkmen hökümdary Mälikşa tarapyndan 1086-njy ýylda gaýtadan abatlaýyş işleri geçirildi, 1500-nji ýyldan soñ hem Sefewi türkmen şasy Ysmaýyl Hataýy tarapyndan ikilenç abatlaýyş işleri geçirildi. Pars aýlagy urşundan soñ Yrakda ýüze çykan pitneleri ýatyrjak bolup Saddam Hüseýniñ "Respublikan janpidalary" tarapyndan hökümete garşy gidýän oppozisioner şaýylary metjitde durkalar amana getirmrk maksady bilen metjide ýaragly hüjüm edildi we metjide sygynanlaryñ hemmesi öldürildi. Dinde-ymmatda görülmedik bu zalymlygyñ netijesinde metjide weýran edijilikli zeper ýetýär. Şonuñ üçin Hezreti Alynyñ gubury hem abatlaýyş işlerini geçirmek üçin iki ýyllap zyýaratçylar üçin ýapyk ýagdaýda galýar. Azy ýaran diktator Saddam Hüseýin aýratynam asly pars bolan ýerli şaýylaryñ barsyny Eýrana göçürdýär. ■ Liwandaky zyýaratgäh Kerak, Karak Nuh ýa-da Karak Noah (Arapça: Kerak كرك) Liwanyñ Bekaa etrabynyñ Zahle posýologyndaky bir obada, Baalbege barýan ýoluñ ugrunda hem ýerli ýaşaýjylaryñ Nuh pygamberiñ mazarydygyna ynanyp, zyýarat edýän ýeri bar. ■ Türkiýedäki zyýaratgäh Türkiýäniñ Jizre şäherine golaý Judi dagynda Nuh pygamberiñ düşländigine ynanylýar (Gurhanyñ "Hut" süresiniñ 44-nji aýaty). Bu ynanja görä Nuh pygamber apy-tupan sowlandan soñ Jizräniñ Daggapy raýonynda aradan çykypdyr. Nuhuñ aradan çykan ýerinde ilki sinagog (ýewreý ybadathanasy), soñra buthana gurlupdyr. 639-njy ýylda bu buthana metjide öwrülipdir. Bu metjidiñ ýanynda ýerleşen kümmediñ Nuh pygambere degişlidigine meşhur taryhçy Jizreli Ibnules, Firuzabady, Ewliýa Çelebi, Kätip Çelebi, Ebubekir Helewi we Babylly Beros dagylar doly güwä geçýär. Rowaýat edilmegine görä Jizre şäheriniñ düýbüni tutanam Nuh pygamberdir. Nuh aleýhyssalam pygamberleriñ arasynda iñ uzak ýaşan pygamberdigine garamazdan iñ köp horluk görenidir. Özünden soñky gelen pygamberleriñ ählisi, galyberse-de tutuş adamzadyñ nesli Nuh pygamberden gaýdýandygy üçin adamzadyñ Adam atadan soñky ikinji atasy hasaplanýar. Adamzat onuñ üç oglundan - Hamdan, Samdan we Ýafesden döräpdir. Hakyky Abdylgaffar bolup "täze ata" manysyny añladýan "Nuh" ýa-da "Nowa" atlary oña soñ dakylan atdyr. Aşyr Salyh halypamyzyñ şu saýtda hem berlen "Seýri Şerif" kitabyndan terjime eden başga bir rowaýatynda Nuh pygamberiñ adynyñ Ýeşkurdugy we onuñ bir ite at dakandygy sebäpli Nuh adynyñ galandygy aýdylýar. (Seret: http://kitapcy.ml/news/nowha_rowayat/2018-09-15-2493) Ýurdumyzyñ Bäherden etrabyndaky Manaman dagynda hem Nuh pygamberiñ labyr taşlap geçendigine ynanylýan ýer bar. Rowaýata görä şol dagyñ eteginde ýaşaýan nohurly türkmen taýpasynyñ ady hem gönüden-göni Nuh pygamberiñ ady bilen baglanyşdyrylýar. (Seret: http://kitapcy.ml/news/nohur_rowayatlary/2018-06-11-158) Bu barada şahyr Allaýar Çüriýewde şeýle setirler bar: Nuh döwründe gurlan çaglara gurban, Gadymyýete uzar ýoly obamyñ. (Seret: http://kitapcy.ml/news/nohur_nagmalary/2019-02-16-5283) Türkmen halkynyñ nesilbaşysy we pygamber hasaplanýan Oguz han hem şejere boýunça alanda gönüden-göni Nuh pygamberiñ ýuwlugy bolup çykýar: Nuh→ Ýafes→ Düýp Beýgu→ Gara han→ Oguz han. (Seret: http://kitapcy.ml/news/ezeli_oguz_turkmen_dowletinin_taryhy/2018-12-31-4291) ■ Iordaniýadaky zyýaratgäh Mundan başga-da, Iordaniýada hem Nuh pygamberiñ mazarydygyna ynanylýan ýeriñ bardygyny aýtmak gerek. ■ Goşmaça maglumat üçin seret: Ekrem Bugra EKINJI "Nuhuñ gämisi nirede?" (Saýtda okamak üçin linki: http://kitapcy.ml/news/nuhun_gamisi_nirede/2019-01-14-4650) # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||