17:20 Nury barada ýatlama | |
NURY BARADA ÝATLAMA
Men Nury Halmämmedow bilen 70-nji ýyllarda tanyş boldum. Ol wagt Nury Halmämmedow eýýäm atly kompozitordy. “Şükür bagşy”, “Aýgytly ädim” kinofilmleriniň sazlary, “Dutaryň owazy” atly eseri – bütin milletiň aňyna girip, hemmeleriň şol sazlaryň täsiri bilen ýaşap ýören döwrüdi. Ol wagtlar men sazçylyk uçilişesinde okap ýördüm. Konsertmeýster bilen “Aşgabat” aýdymyny öwrenip durkam, orta boýly adam klasyň gapysyny çalaja açdy-da, ýapdy. Konsertmeýster görüp, ony: “Nury, gir!” – diýip çagyrdy. Kompozitor girip, maňa aýdymynyň ýerine ýetirilişine degişli birnäçe gowy maslahatlary berdi. Şu ýagdaýda, men Nury Halmämmedow bilen tanyşdym. Şondan bäri, ömrüň ahyryna çenli dürli konsertlerde bile çykyş edip, kinolarda meniň sesim üçin ýörite aýdym ýasady. Gurbannazar Ezizow bilen şol döwre laýyk, döwrebap aýdymlary ýazardy. Moskwada şol aýdymlary uly orkestr bilen ýazardyk. Şeýle bir gowy, öçmejek zatlar ýazgy edilen eken. Onuň eserlerinde, hasam wokal sazlarynda, aýdym-romanslarynda halkylyk, millilik bar, halka ýakyn. Beýleki tarapdan seredeniňde, onda gaty belent ýewropa derejeler hem bar. Ýewropanyň akyldar kompozitorlary Şubertiň, Şumanyň täsiri duýulýar. Nury Halmämmedowyň eserleri gaty belent derejede ýazylan. Gitdigiçe, wagtyň geçmegi bilen, olar has hem güýç alýan ýaly, şol sazlaryň täsiri güýçlenilýär. Hakyky klassika bolanda, şonuň ýaly bolýar. Men Nury Halmämmedowyň aýdymlaryny uly höwes bilen ýerine ýetirýärin, ýyl geçdigiçe, olar täzeçe ýaňlanýar. Kompozitoryň öňki aýdan zatlaryna şu wagt men başgaça seredýärin. Ýa adamyň akyly goýolýarmy? Magtymgulynyň, Mollanepesiň goşgularynyň aýratyn täsiri bar. Nury Halmämmedowyň, olaryň çuňňur manyly sözlerine ýazylan eserleri – belent derejedäki eserlerdir. Türkmenistanymyz, türkmen milleti gaty baý millet. Biziň saz sungatymyzda birnäçe zehinli kompozitorymyz bar: Weli Muhadow, Çary Nurymow, Rejep Rejepow, Rejep Allaýarow. Olaryň her haýsynyň öz orny bar, hiç zat bilen çalşyp bolmajak ýeri bar. Şolaryň içinde Nury Halmämmedowyň ajaýyp döredijiligi, biziň üçin gyzyldan gymmatly hazyna. Men özümi gaty bagtly diýip hasap edýärin: Nury Halmämmet bilen döwürdeş bolup duşuşyp, onuň okap gelen ýerinde – Moskwanyň konserwatoriýasynda okap, onuň halkyň aňyna giren eserlerini ýerine ýetirip bilendigime men begenýärin, guwanýaryn. Atageldi GARÝAGDYÝEW, Türkmenistanyň halk artisti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |