11:48 Nusaýly dilçi alym ibn Omar Taftazany | |
NUSAYLY DILÇI ALYM IBN OMAR TAFTAZANY
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Gadymy medeniyet merkezi, Parfiýa döwletiniň ilkinji paýtagły Nusaý Aşgabat şäheriniň Günbatar tarapynda yerleşýän ähmiyetli taryhy-medeni şäherdir. Yslamy çeşmelerde gadymy Nusaý medeniýeti barada giňişleyin taryhy ýazgylardyr maglumatlar saklanyp galypdyr. Şeýle-de, yslamy çeşmelerde Nusaý şäheri «Nesa» diýlip agzalýar. Orta asyr çeşmelerinde «Nesa» diýlip atlandyrylan Nusaý şäheri Köne we Täze Nusaý galalaryndan ybaratdyr. Miladydan öň III asyrlarda esaslandyrylan Täze Nusaý orta asyr arap çeşmelerinde öz beýanyny giňişleyin tapypdyr. Çünki Täze Nusaý orta asyrlarda Horasanyň ösen şäherleriniň biri hökmünde taryha giripdir. Şonuň üçinem orta asyr taryhçylaryň ünsüni özüne çekipdir. X asyrda arap geografy, taryhçy alym al-Makdysy ''Ahsenut-Takasim fi Marifetil-Akalim'' atly eserinde: «Nusay Horasan şäherlerinden biridir» diyip, orta asyrlarda bu taryhy şäheriň keşbini beyan edipdir. Mundan başga-da, arap taryhçysy, geografy we dilçisi Ýakut al-Hamawy (1179 1228 у.) «Mugjemul-Buldan» («Ýurtlaryň sözlügi») kitabynda Nusay şäheriniň ýerleşişi barada: «OI (Nusaý) şäher Horasandadyr. Nusaý bilen Sarahs arasy iki gün, Merw bilen arasy bäş gün, Abuwert Abuwert bilen arasy bir gün, Nişapur bilen arasy bolsa alty ýa-da yedi gündür diýip, sebitleşýän şäherler bilen araçägini anyk beyan edipdir. Täze Nusaý diňe bir şäher däl, ol şol bir wagtda uly we kiçi göwrümli şäherçeleri, obalary öz içine alýan welaýat bolupdyr. Ýagny Täze Nusaýyň töwereginde oturymly obalaryň onlarçasy bolupdyr. Şonuň ýaly-da, Ýakut al-Hamawynyň kitabynda obalardan söz açan wagtynda onuň «Taftazan Nusaýyň obalaryndan biridir» diýmegi, Nusaý şäheriniň birnäçe şäherçeleri, uly we kiçi obalary içine alýandygy bilen baglanyşyklydyr. Çünki ýokarda hem nygtaýşymyz ýaly, Nusay diňe yöne bir şäher bolman, eýsem ol ençeme irili-ownukly ýaşaýyş nokatlaryny öz içinde jemlän uly bir welayatdyr. Şonuň üçin Nusaý şäheriniň düzümi şäherçeler, obalar hem-de ägirt uly, giň gerimli öri meydanlaryny öz içine almak bilen bilelikde, merkezleşen şäher statusyna eýedigine göz yetirmek bolýar. Öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan Nusaý medeniyeti diňe bir şäher derejesinde ýaşaýan halkyň aňyna öz oňaýly täsirini ýetirmän, şäherçeleridir obalarynda ýaşaýan ilatyň hem aňyna doly ornaşypdyr. Munuň hakykatdan hem şeýledigini orta asyryň taryhy çeşmeleri gözden geçirilen mahaly aýdyń görmek mümkin. Nusaý dünýä medeniýetine saldamly goşant goşan alymlaryň dünýä inen ýeri bolupdyr. Olardan biri hem Nusaý obalaryndan Taftazandyr. Arap çeşmeşynaslaryň eserlerinde getirilýän maglumatlar taftazanly alym Omar at-Taftazany bilen baglanyşykly rowaýatlardyr taryhy hakykatlar köptaraplaýyn öwrenilipdir. Taftazan şäheri bilen baglanyşykly agzalyan maglumatlar, esasan-da, taftazanly alymyň döredijiligi bilen ilteşikde yüze çykmaga hem-de aýdyňlaşmaga başlapdyr. Munuň özi şäheriň XIV asyrdan öňki taryhy geçmişi barada toplanjak maglumatlary belli bir derejede kynlaşdyrýar. Çünki çeşmeleriň aglaba bölegi Omar at-Taftazany bilen çäklenip, şäher barada umumy maglumatlar berýär. Orta asyr edebi we taryhy çeşmelerdäki bu kemterlik biziň şu günki günümizdäki ýazylýan çeşme aýratynlygyna eýe bolan gollanmalara hem täsirini ýetiripdir. Şonuň üçinem maglumatlaryň ýetmezçiligi diňe bir orta asyrlara degişli eserlerde däl, eýsem döwrümizdäki eserleri hem öz içine alýar. Döwrümizde ýazylýan gollanmadyr iri göwrümli eserlerde Taftazan bilen baglanyşykly takyk bir ýer görkezilmeýär. Taryhy çeşmelerde nähili salgy berlen bolsa, şol görnüşde çäkli maglumatlar berilýär. Häzirki döwrümizde döredilýän eserleriň aglaba bölegi Taftazanyň Nusaýa bagly şäherçe ýa- da irimçik oba bolandygyndan başga maglumat berilmeýär. Arap çeşmelerinde ady agzalýan Taftazan şäherçesiniň taryhy geçmişi hakynda biziň häzirki döwrümizdäki eserlerde kän bir söz açylmaýar. Munun özi Taftazany örän az öwrenendigimiz ýa-da mesele hökmünde hiç gozgamandygymyz bilen baglanyşykly bolsa gerek. Ady belli alymlaryň ençemesiniñ dogduk diýary bolan bu taryhy ähmiýete eýe şäherçäniň haýsy ýerde ýerleşýändigi köpsanly milli mirasymyzy öwrenijiniň öňünde çözgüde garaşýan sorag hökmünde galmaklygyna dowam edýär. Taftazanyň Nusaya bagly bir şäherçe bolandygy hakynda taryhy çeşmelerde gapma-garşy bolup biljek maglumatlara gabat gelinmeýär. Emma ''Taftazan şäherçesi Nusaý welaýatynyň niresinde haýsy böleginde yerleşipdir?'' diýen sorag goýulýar. Bu soraga biz Samanynyň ''Kitabul-Ensab'' atly eserine salgylanyp, onun dagyň eteginiň ýakyn goltumynda ýa-da bolmasa dagyň içinde bolandygyny aýtmak bilen jogap bermegimiz mümkindir. Şonun yaly-da pars dilinde yazylan Aly Ekber Dehhodonyň «Lugatnamaýy Dehhodo'' atly ensiklopediýasyna salgylanyp, Taftazanyň Nusaýyň günorta-gündogarynda, hatda Bajgyran tarapynda ýerleşen bir şäherçe bolandygyny aýtmak bolar. Taftazan şäherçesinde jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesi gurlupdyr. Çünki ylmyň kemala gelmegi Taftazan şäherçesinde amala aşyrylan we döredilen jemgyýetçilik özgerişlikler bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Diýmek, Taftazanyň mongol basybalyjylaryndan sonra hem öz ähmiyetini ýitirmedik ylmy-medeni merkez bolandygyny ynamly aýtmak bolar. Sebäbi Taftazan mongol basybalyjylaryndan sonra hem dünýä medeniýetine, ylmyna ägirt uly goşant goşan talantly alymlaryň merkezi hökmünde kabul edilipdir. Taftazany 1322-nji ýylda sapar aýynda Nusaýa bagly Taftazan diýen uly bir şäherçede dünýä inipdir. Muny beyik alym az-Zirikli ''al-Alam'' atly kitabynda ''as-Sad at-Taftazany Mesud ibn Omar ibn Abdullah at-Taftazany, Saduddin: (Horasan ýurdundaky) Taftazanda dünýä indi. Sarahsda ýaşady. Teýmirleň ony Samarkanda iberdi. Ol ýerde aradan çykdy we Sarahsda jaýlandy'' diýip anyklaşdyrypdyr. Taftazan Horasan şäherlerinden biri bolan gadymy Sarahs şäherinde hut özüniň sargydy boýunça 1395-nji ýylda jaýlanypdyr. Nusaýly Omar Taftazany ömrüni ylma bagyş eden beýik şähsyýetlerden biridir. Ol ömür ýolunda häzirki günlerimizde hem öz gymmatyny yitirmän gelen eserleri miras galdyrypdyr. Hakykatdan hem dünýä ylmyna, aýratynam yslamy ylymlary, hususan-da, dil we kelam (teologiýa) ylmyna saldamly goşant goşan hem-de kelam ylmynda ussat hasaplanylan beyik alym Saduddin Mesud ibn Omar ibn Abdullah at-Taftazany ''Şerhul-Akaid'' we ''Şerhul-Makasyd'' atly uly göwrümli kitaplary ýazypdyr. Şeýle-de, belagat, mantyk, metafizika, fykyh we başga ylymlarda tanymal bir alym bolup, Gündogar yslam dünýäsiniň medreselerinde okalan birnäçe eseriň ýazarydyr. Sagduddin Omar Taftazany öz döwründe kelam, pelsepe, logika, dil bilimi, hadys, yslam hukugy, belagat (arap edediýaty), astranomiýa, arifmetika ýaly ençeme ylmy pudaklar boýunça bahasyna ýetip bolmajak ençeme eserlerin döredijisi hökmünde adynyň diňe bir Horasan ya-da Nusaý ýaly gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan we medeniyetiň, ylmyň, senetçilikdir binagärlik sungatynyň ösen şäherlerinde il içinde belli bolman, eýsem ol döwrüniň bilim we tälim merkezlerinden hasaplanylan gadymy Merw, Horezm, Hyrat, Gijduwan, Gülüstan ýaly ençeme ylmyň merkezlerinden kabul edilen şäherlere köpsanly syýahatlar gurnady. Taftazanynyň bu ady belli kitaba ýazan «Şerhul Yzzi» eseriniň birinji we iň takyk redaktirlenen neşiri ilkinji gezek 1968-nji ýylda Stambul şäherinde çapdan çykdy hem-de giň okyýjy köpçüligine hödürlendi. Dil biliminiň iň esasy hem-de kökli pudaklaryndan biri bolan morfologiýa ylmy boýunça ýazylan gymmatyna baha ýetmez bu eseriň mazmuny barada gysgadan düşnükli gürrüň etmekligiň, azda-kände maglumat bermekligiň Taftazanynyň dil bilimine goşan goşandynyň, özünden soň bilim bilen dyngysyz meşgullanan okuwçylaryna, galyberse-de, ussat dilçilere eden unudylmaz täsiriniň aňlanylmagy babatynda örän uly ýardamynyň degjekdigine ynanýarys. Taftazany, Yzzuddin ez-Zenjanynyň «Tasriful-Yzzi» ady bilen döreden kitabynyň mazmunyny düýpleýin we endiganlaýyn özgertmek bilen, kitapda dil biliminiň kadadyr kanunlaryny beýan etmekde ulanylan ähli adalgalaryň (mustalahat) söz hem-de adalga manylaryny jikme-jik düşündürýär, sözlemleri emele getirýän sözleriň özara baglanyşygyny hem morfologiýa ylmynyň hem-de sintaksis ylmynyň üsti bilen ginişleýin demew işlerini alyp baryar, hatda sada okyjynyň ünsüni özüne çekjek, pikirleriň akyşyny birsydyrgynlaýyn hem-de sazlaşykda alnyp barylmagyny amala aşyrjak tärleriň gurnalyşyny amala aşyrmaklygyň artykmajy bilen hötdesinden gelmekligi başarypdyr. Taftazany sözdür sözlemleriň özara baglanyşygynyň üstünde işlemeklik bilen çäklenmän, munuň daşyndan dil bilimi ulgamynyň in esasy bölümlerinden birini emele getirýän etimologiýa hem-de semantika pudagynyň tilsimleridir ulanyş ýollaryny gysgadan düşnükli äheňde teswir edendigini mese-mälim seljermek bolýar. Arap dilinde ulanylýan işlikleriň ýigrimi dört (yigrimi dört syga) bölege bölünişi, olary biri-birinden tapawutlandyrmaklygyň ýörite tilsimleridir usullary; öten, häzirki hem-de geljek zaman işliklerinin formalarynyň ýasalyş düzgünleri; üç harpdan alty harpa çenli bolan işlikleriň emele geliş kadalary ýaly ençeme ähmiýetli meseleleriň üstünde birkemsiz işler alyp barypdyr. Orta asyryň iň görnükli dilçisi, ady sebitlere ýaýran kelam alymy Taftazanynyň «Şerhul-Yzzisinde» alyp barýan usulynyň ýene-de biriniň, ýagny onuň sada ýazylan grammatiki kitaplardan, sintaksisdir morfologiýa, etimologiyadyr semantika ýaly dil biliminiň özenini hem-de binýadyny emele getirýän bölümleriniň çuňňur, ählitaraplaýyn derňelýän ylmy işlerden, belli we kesgitli mowzugy esas alan gollanmalardan, hususan-da, Kufe dil mekdebiniň (akymynyň) dilçi alymlarynyň döreden grammatiki kitaplarynda işlenilmegi adat bolmaýan logiki esaslaryň we mysallaryň örän seýrek ulanylan eserlerinden aýratynlygy hem-de ähmiýetliligi bilen parhlanýar. Adaty dil bilimi eserleriň aglabasy mazmun taýdan derňelende, köp halatlarda, dil biliminiň kada-kanunlarydyr düzgünleriniň adalgalary bilen çäklendirilýändigi görülýän hem bolsa, «Şerhul-Yzziniň» diňe bir dil biliminiň umumy kanunlary esas alynman, eýsem formal logikanyň (suri mantygyň) ähli kadalarynyň boýdan-başa ulanylmaklygy, logiki mysallar getirilmek arkaly adamzat aklynyň we zehininiň elmydama işjeň ýagdaýda alnyp barylmaklygy, gürrüňini edýän alymymyzyň morfologiyadyr sintaksisiň dürli meselelerine köptaraplaýyn hem-de dürlütaraplaýyn garamakdaky ukubynyňdyr, başarnygynyň, orta derejeli okyjynyň hem kynçylyk bilen hötdesinden gelip biljegi mowzuklary ussatlyk bilen beýan etmekligi onuň sebitde dil bilimindaki abraýynyň örän jokary derejede ösendigini subut edýär. Taftazanynyň özüniň hem degişli bolan Basra dil mekdebiniň saýlan ussat dilçi alymlary ýaly dil biliminiň morfologiýa hem-de sintaksis bölümlerini emele getirýän esasy adalgalaryňdyr düşünjeleriň düşündirişiniň üstünde işlän mahaly logiki tilsimleriň, zerurlykly pikirleriň, kadadyr kanunlaryň usullaryň ähli görnüşlerinden peýdalanandygyny, olary bilimiň görkezýän ugry boýunça gyşarnyksyz tükelleýändigini biz onuň grammatiki derňewleriň ýany bilen logiki dernewleriň ugurdaş alnyp barlan «Şerhul-Yzzi», häzirki döwrümize çenli medreselerde ýan kitaby hökmünde bilim öwrenijilerine hyzmat edip gelen «el-Mutawwel», dil biliminiň semantika bölümi boýunça gollanma görnüşinde talyplara we olara çuňňur tälim bermekligi özlerine pişe edinen tälimçilere niýetläp taýýarlan ''Muhtasarul-Meani'' görnüşinde gymmatyna baha ýetmez ençeme naýbaşy eserlerine salgylanan wagtymyz anygyna ýetmäge, belli-külli öwrenmäge, jikme-jik saldarlamak bilen kökli özleşdirmäge mümkinçilik gazanýarys. Beýik taryhçy, ilkinji musulman sosiology, kazylar kazysy hökmünde ady dünýä ýaň salan Abdurrahman Ibn Haldun ady bilen meşhurlyk gazanan beýik dana alymyň Taftazany barada aýdanlaryna ser salnan mahaly, onun ylmy derejesiniň diñe bir Merkezi Aziýadaky ýa-da bolmasa Orta Gündogardaky halklaryň arasynda ýokary göterilmän, eýsem Demirgazyk Afrika döwletleriniň hem-de Ispaniyada mesgen tutan musulmanlaryň hakydasynda hem ägirt uly abraýa eýe bolandygyna göz ýetirmek bolýar. Dünýä belli beýik akyldar Ibn Haldun Taftazany barada özüniň «Taryhul-Iber» atly meşhur eserine giriş hökmünde yazan ''Mukaddime'' kitabynda: «Men Müsür diýarynda syýahatda wagtym asly horasanly bolan, emma Hyrat şäherinde köp wagt ýaşan beýik akyldarlardan biri hökmünde hasaplanan Sagduddin Taftazanynyň dürli ugurlar boýunça ýazan eserleri bilen tanyş boldum. Bu gymmatly eserler onuň kelam, yslam hukugy (fykyh), belagat, pelsepe hem-de beýleki ylmy pudarlarda çuňňur maglumatynyň, ýokary derejeli başarnygynyň we guýmagursak aýratynlygynyň bardygyny anyk görkezýär» diýmekligi, onuň Müsür ülkesinde köpden bäri bilinýändigine, ýazan kitaplarynyň we gollanmalarynyň bolsa ululy-kiçili bilim merkezlerinde okyjylar tarapyndan uzak wagtlardan bäri tanalýandygyna güwä geçýär. Alymyň eserleriniň aglabasy häzirki döwre çenli saklanypdyr we onuň döredijiligini öwrenmek işleri belli bir derejede dowamlylyk häsiýetini alypdyr. Munuň şeýledigine, esasan hem, onuň eserleriniň serleriniň yzygiderli çapdan çykmagyny we dürli dillere terjime edilmegini, şonuň ýaly-da olaryň üstünde alymlaryň alyp baran işlerini görkezmek mümkindir. Çünki Taftazany dil-edebiyaty, taryh ylymlaryny we dini ylymlary düýpli öwrenipdir. Bu bolsa onuň hemmetaraplaýyn beyik alym bolmagyna sebäp bolupdyr. Beýleki ylymlardan aýratynlykda ol dil-edebiyat, taryh, pelsepe we dini ylymlary uly üns bilen öwrenipdir. Bu ylymlardaky dürli ugurlaryň we akymlaryň asyl manysyna düşünmegi başarypdyr. Şol ugurlaryň we akymlaryň belli wekilleriniň döredijiligi bilen ýakyndan gyzyklanmagy netijesinde içgin tanyş bolup, olardan gerekli netijeleri çykarypdyr. Şeýlelik bilen ol öz döwrüniň iň beýik dilçilerinden, teologlaryndan, filosoflaryndan, taryhçylaryndan, edebiýatçylaryndan bir hökmünde öz adyny köp halklaryň arasynda ebedileşdiripdir. Öwezmuhammet ABDYLLAÝEW, Tahyr AŞYROW. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |