13:22 Oglunyň gandaryna dözmedik eýranly ene... | |
OGLUNYÑ GANDARYNA DÖZMEDIK EÝRANLY ENE: "ÖÇ MENIÑ ÝÜREGIMI TERK ETDI"
Publisistika
Oglunyň gandaryna rehim edip biljekdigi Samire Alinejata ilkinji gezek düýşünde ýolugan pikir bolupdy. Ýogsam bu onuň ýatsa-tursa diňlejek gepi hem däldi. Abdolla Hoseýnzade 2007-nji ýylyň güýzünde, heniz on sekiz ýaşyndaka bir köçe urşunda pyçaklanyp öldürilipdi. Öz ganlysy bolan Balaly ol gowy tanaýardy. Şol wagt ýetginjek ýaşdan ýaňy saýlanan bu ikisi bile futbol oýnardylar. Abdolla Samiräniň elden gideren ikinji ogludy, ondan kiçisi on bir ýaşly oglanjykka motosiklet heläkçiliginde ýogalypdy. Jany ýanan enäniň pursat geldigi Balaly öz eli bilen asjagy çynydy. Emma Balalyň ölüm jezasynyň möhleti ýakynlaşdygyça Abdollanyň edil janly ýaly keşbi enesiniň düýşüne yzly-yzyna girmäge başlady. “Balalyň jezasyna on gün galanda ýene-de düýşüme giren oglum menden ar almazlygy haýyş edýärdi, emma men ganlynyň janyny bagyşlamaga özümi teý mejbur edip bilmeýärdim” diýip, Samire “Guardianyň” habarçysyna gürrüň berdi. “Jeza gününden iki gije öňünçä men oglumy ýene düýşümde gördüm, emma ol meniň bilen gepleşmekden ýüz dönderdi”. Eýranyň demirgazygynda ýerleşýän Hazar deňziniň ýakasyndaky Mazenderan welaýatyndan telefonda söhbetdeşlik eden Samiräniň aýtmagyna görä, tä Balalyň boýnundan syrtmagy aýyrmagy soralan pursata çenli oňa dözmezçilik etmek niýeti ýok ekeni. Enäniň iň soňky pursatda oglunuň ganlysynyň jezasyny ötmegi bütin Eýranyň we hatda dünýäniň ýüregini sarsdyran uly ynsanperwerligiň beýanydy, emma onuň beýtmegi diňe Balal üçin däl, eýsem Samiräniň özi we onuň ýakynlary üçinem oslanmadyk ýagdaý bolupdy. Jeza gününiň öňünçäki gijesi Samiräniň birgiden ýakyn-ýatlary, dogany we ejesi onuň öýüne ýygnanypdylar. Olaryň hiç birisi ogly öldüreleni bäri ýedi ýyllap ýas baglap, hasrat çekip oturan garyndaşynyň ar almak pikirini üýtgetmäge synanyşjak adamlar däldi. “Ganlynyň jezasyny isleýändigime mende şek-şübhe ýokdy, onsoň olar hem menden oňa rehim etmek diýen zada garaşanokdylar”. Samiräniň adamsy Abdolgani Eýranyň kanunçylygyna laýyklykda Abdollanyň kanuny hossary hökmünde gandaryň ölüm jezasyny ýatyryp bilýärdi, emma ol bu jogapkärçiligi aýalynyň garamagyna goýdy. “Ol gije uklap bilmedik, ertire çenli hemmämiz ýatman oturdyk. Soňky pursata çenli rehim etmek islemedim. Şondan iki gün öňürti hem men adamyma şeýle diýipdim: “Men ol adamyň günäsini ötüp bilemok. Belki ol ýere baramyzda her zat mümkin bolup biler, emma henize çenli-hä muňa özümi hiç mejbur edip bilmedim”. Adamym: “Göreris, Allanyň halany bolar” diýipdi. Geçen duşenbe güni irden Samire adamsy bilen bile “Nur” tussaghanasynyň derwezesiniň öňünde, Balalyň ölüm jezasyna toplanan märekäniň içindedi. Samire adamsynyň şol ýerdäki sözlerini ýatlaýar: “Soňky söz seniňkidir. Sen köp ezýet çekdiň. Biz seniň aýdanyň bilen bolarys”. Kurandan aýat okalandan soň tussaghananyň garawullary gözi daňyly we gollary arakasyna bagly oturgyjyň üstünde duran Balalyň boýnuna syrtmak geçirdiler. Eýranyň jenaýat kodeksi “kasas” (ary ýerine salma) hökmünde pida bolanyň hossarlaryna ganlyny “walli-ye-dam” etmäge, ýagny ony öz eliň bilen jezalandyrmaga rugsat berýär. Häzir bu iş Balalyň duran oturjyjyny itmekden ybarat bolmalydy. Soňky demi bolmaly pursata sekuntlar galanda Balal jany üçin aman diläp, rehim sorap ýalbardy. “Enem-atama bir rehim ediň-ä” diýip gygyrdy – diýip, Samire ýatlaýar. – Meniň gaýtam gaharym gelip: “Nädip bagyşlaýyn? Oglumyň ene-atasyna siz rehim etdiňizmi?” diýip gygyrdym. Bu sahnany gynanç bilen synlaýan märekäniň içinden bu maşgaladan Balalyň janynyň bagyşlanmagyny sorap, haýyş edýän sesler ýaňlanýardy: “Gani aga, ötäý şonuň günäsini, ötäý!” Birden Balalyň ykbaly garaşylmadyk öwrüm aldy. Samire bir oturgyja çykdy-da onuň duran oturgyjyny depmegiň ýerine, gaýtam ýüzüne bir şarpyk çaldy. “Şol pursatdan soň ýüregimdäki gazabyň zym-zyýat bolandygyny duýdum – diýip, Samire gürrüň berýär – Bedenimde ganym täzeden ýöräp başlan ýaly boldy. Gözýaşymy saklap bilmedim. Adamymy çagyryp, Balalyň boýnundan syrtmagy aýyrmagy haýyş etdim”. Birnäçe sekundan Abdolgani syrtmagy aýyrdy we Babalyň günäsiniň geçilendigi yglan edildi. Balalyň enesi Kubra jeza meýdanyny märekeden araçäkleýän germewiň üstünden aşyp, aglap-eňräp gelşine Samiräni gujaklady we onuň aýaklaryny öpmek üçin öňüne ýykyldy. “Muny etmäge yjaza bermedim: ellerinden tutup, ör turuzdym... Niçik bolanda-da olam bir meniň ýaly ene-dä”. Eýran habar agentliginiň suratçysy Araş Hamuşiniň bu adatdan daşary sahnalary sergileýän fotosuratlar tapgyry dünýä möçberinde internet-saýtlary, gazetleri we telewizion kanallaryny doldurdy. Olaryň arasynda iň täsirlisi – ellerini tutuşyp, biri-biriniň ýüzüne ilkinji gezek seredip duran iki enäniň keşbi. “Ol örän bagtyýardy, edil ganat berlen ýaly uçaýjak bolýardy” diýip, Samire ýatlaýar. Bir enäniň çagasyny halas edip, soňurrak ol öz oglunyň mazaryna zyýarata gitdi. Abdolla dindar bir maşgalanyň çagasydy. Samire öý hojalykçy. Abdolgani bolsa ýerli sport klubda futbol tälimçisi bolup ýören pensiadaky işçi. Abdolla bilen Balal şol ýerde top oýnaýardylar. Iki ogluny ýitiren är-aýalyň diňe ýalňyz gyzlary bar. Balal türmede galmagyny dowam etdirýär. Pidanyň hossarlary gandaryň janyny halas edip bilseler-de, türme jezasyny ýatyryp bilmeýärler. Munuň çözgüdi Eýranda kazyýetiň elinde bolup, bu ýurt jezalandyryp öldürmek boýunça dünýäde Hytaýdan soň iň erbet görkezijä eýe bolup durýar. Samire Balalyň maşgalasy bilen “Nur” tussaghanasyndaky duşuşykdan daşary öňde-soňda gepleşmedi. “Şu geçen ýyllaryň içinde olara ýeke agyz sözem aýtmandym, “Oglumy näme üçin öldürdiňiz?” diýip ýüzlerine-de durmandym. Bar öjümi içime salypdym – diýip, Samire aýdýar – Ýöne häzir olar biziňkiler bilen gatnaşýan bolmaly”. “Bilal bir sada oglandy. Adam öldürjeklerden däldi. Emma bir pursat gahary tutan, elinde-de pyçak bolansoň...” Birdenkä bütin dünýäniň ýüzünde adamlar üçin ady ylham çeşmesine öwrülen Samire öz pajygasynyň beýlekiler üçin sapak bolup hyzmat ederine umyt baglaýar: “Ýaşlar köçä çykanlaryna ýanlaryna pyçak almaly däl. Olar birini öldürenlerinde, diňe şonuň özün öldürmän, netijede ene-atasyny hem öldürýärler” diýýär. Özüniň çözgüdiniň köp adamy şatlandyrandygyna hoşaldygyny aýdýar. “Adamlaryň indi maňa “ene” diýip ýüzlenmesine begenýärin”. Babala rehim edenden bir hepde soň Samire oglunyň ölümi sebäpli ýitiren rahatlygyna täzeden gowuşdy. “Çagaňy ýitirmek – bedeniň bir parçasyny ýitirmek kysmy bir zat. Şunça ýyllaryň dowamynda men jansyz göwrämi süýreýän ýaly bolup gezdim – diýip, ol ýatlaýar – Indi bosa men köşeşip, rahatlygyma eýe boldum. Öç meniň ýüregimi terk etdi”. Said KAMALI DEHGAN, "The Guardian", 25.04.2014 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |