19:56 Okamaga gyzyklandyrmagyň 7 sany adaty däl usuly | |
OKAMAGA GYZYKLANDYRMAGYŇ 7 SANY ADATY DÄL USULY
Pedagogika we edep-terbiýe
Çagaňyz eýýäm ulaldy we okamagy öwrenmegiň wagty geldi diýen karara geldiňiz. Ajaýyp Harplyk taýynladyňyz, öz göwnüňize laýyk bolan, internetden birnäçe öwrediji multfilmleri tapdyňyz we çagany okatmaga taýyn. Emma näme üçindir ol taýyn däl. Çaga asla ýanyňyzda oturmak, Harplyga seretmek we barmagy bilen setirleri yzarlamak islemeýär. Maşynjyklar, kubjagazlar, aýyjyklar has gyzykly. Çagany razy edip, gapdalyňyzda oturdyp bilseňizem, onuň nazary oýunjaklara gönüger we ähli pikirleri hem şol ýerde ... Näme etmeli? Çaganyň ähli pikirleri oýun hakda bolsa, nädip okamagy öwredip bilersiňiz? Kitap bilen asla gyzyklanmasa we ümsüm oturmak islemese? Çagany buýruk arkaly öz isleýän zatlaryňyzy etmäge mejbur edip bilersiňiz, ýöne munuň netijesi dawa-jenjellerden we gözýaşlardan başga hiç zat bermez (terj. Gözýaşsyz, dawa-jenjelsiz, diýenediji çagada hem okuwa ýigrenç döräp biler). Hemme zady bolşy ýaly goýup, çaganyň öz islegine görä oýnamagyna rugsat berip bilersiňiz. Emma ol haçan okamagy öwrener? Ene-atalar çaganyň mümkin boldugyça ir okap başlamagyny we ähli garyndaşlaryny bu başarnygy bilen geň galdyrmagyny isleýärler (terj. Waw, pylanyň çagasyna söz ýok. Prosto kruto. Sen bolsa tupoý). Okamagy öwretmegiň köp usuly bar. Çagaňyza zyýan ýetirmezlik üçin – ha özüňiz öwrediň, ha-da çagaňyzy kurslara iberiň – tapawudy ýok, okamagy öwretmegiň düzgünlerini bilmelisiňiz. Çaganyň ösüşinde hiç hili ownuk-uşak zat ýok. Birwagtlar nädogry eden zatlarymyzy yzsyz-sorsuz pozup bolmaz. Ýalňyşlyklarymyz ýatdan çykmajak yz galdyrýar we köplenç, çaganyň soňky uzak ýyllardaky ösüşini bökdeýär. Şonuň üçin ene-atalaryň ünsüni çagaňyza öwretmek üçin bilmeli we berjaý etmeli möhüm düzgünlere çekmek isleýärin. Okamagy öwretmegiň möhüm düzgünleri. • Sesi aýdýarys! Okamagy öwredenimizde "R harpy" ýa-da "R sesi" diýip bileris, ýöne sesiň adyny tutmalydyrys! "Er" däl, "Re" däl, diňe "R"! • Ýazylyşy ýaly okalýar! Rus dilinde harpyň sözdäki we goňşy harplaryň ýerleşişine baglylykda köp harp başgaça aýdylýar. Ulular orfoepiki görnüşde okaýarlar - aýdylyşy ýaly. Çaga okamagy öwrenende, diňe orfografik okaýar, ýagny ýazylyşy ýaly. Diýmek, ulular hem okamagy öwredenlerinde ortografiki görnüşde okamalydyrlar. (terj. Türkmen dilinde) Meselem, “Gözöl owodon gelli” däl-de, “Gözel obadan geldi” ýaly okaýarys. Çaga ýanyňyzda oturanda we kitap okaýşyňyzy yzarlanda şeýdip okamaly. Çagaňyza okamagy öwretmek däl-de, keýpine kitap okap berýän bolsaňyz, onda adaty görnüşde okasaňyz hem bolýar. • Çylgymlar boýunça okamagy öwretmek! Islendik görnüşde okamagy öwredeniňde, çaganyň bogunlarda okap başlaýan wagty gelýär. Uly we kyn bogunlarda okamagy öwretmek prosesi haýallaýar we çylşyrymlaşýar. Şonuň üçin bogunlar bilen däl-de, çylgymlar bilen okamak has gowudyr. Çagalaryň we ene-atalaryň gowy görýän, “Bogna bölüp okaýarys” diýen temada köp kitap bar. Siz bu kitaplardaky sözleri çylgymlara bölmek arkaly ulanyp bilersiňiz. Mysal üçin, kitapda: "Sy-gyr ot iý-ýär" diýilýär. Ýönekeý gara galam bilen sözleri goşmaça, “Sy/gy/r ot iý/ýä/r” ýaly çylgymlara bölüp bilersiňiz. Bu çaganyň okamagyny aňsatlaşdyrýar (terj. bogna bölünmedik kitaplarda hem). • Harplary elipbiý boýunça däl-de, eýsem ulanylyş ýygylygyna we aýdylyşynyň aňsatlygyna görä öwredýäris. Ilki bilen, çaga tanyş sözleri ýazmak üçin zerur bolan harplary okamagy öwredýäris. Meselem, çaganyň ady, ene-atasynyň atlary, halaýan oýunjagy. Umuman, çaga üçin emosional reňk berýän we göwnünden turýan islendik zat bolup biler. • Eşitmegi öwredýäris! Okamagy öwretmek diňe harplary okamak bilen çäklenmeýär. Munuň üçin fonematik ösen eşidiş hem zerurdyr. Şonuň üçin ony ösdürmeli, çaga sözleýişde aýratyn sesleri eşitmegi öwretmeli. • Diňe oýunda okamagy öwretmeli! Elbetde, çagany stola oturdyp: "Oka!" diýmek gaty amatly. Ýöne bu usul bilen düýbünden başga netijäni alyp bilersiňiz - okamaga bolan ýigrenç. Bu seniň isleýän zadyňmy? Okamagy öwretmek üçin, özüňden hem düzmesi kyn bolmadyk harply we sözli dürli oýunlary ulanýarys. • Okamak wagty örän çäklidir! Çaga bilen okaýan bolsaňyz we ilkinji çylgymlary ýa-da sözleri okaýan bolsaňyz, çagaňyz eýýäm mekdep okuwçysy diýen ýaly ýaşda bolsa-da, sapak wagty 5-10 minutdan köp bolmaly däldir. Ene-atalaryň köpüsi çagany 30-40 minutlap mekdebe çenli okamaga ýa-da taýýarlanmaga mejbur edip, ony mekdebe taýýarlaýandyklaryna ynanýarlar, sebäbi mekdepde sapaklar 35-45 minut bolýar. Aslynda beýle däl. 1-nji synpdaky sapagyň dowamlylygynyň 35 minutdygyna garamazdan, bu çagalaryň 35 minudyň hemmesini şo bir zady edip geçirýändigini aňlatmaýar. Sapagyň dowamynda ene-atalaryň öýünde etmeýän dürli işler bilen ýerler çalşyrylyp durulýar, oýunlar we bedenterbiýe minutlary geçirilýär. Hat-da synp otagynda hem çagalar bir iş bilen 5-10 minut meşgullanýarlar. Şoňa laýyklykda, öýde-de edil şonuň ýaly edilmeli. • Okamagy öwretmegiň esasy ýörelgesi “Zyýan ýetirme!” Gaýtadan öwretmek elmydama has kyn, emma çaga aşa köp iş ýüklemek ýa-da nädogry öwretmek sebäpli, okamaga ýigrenç dörese, onda okamak söýgüsini gaýtadan döretmek mümkin däl diýen ýaly. Şonuň üçin okamagy öwredeniňde "az bolsun, uz bolsun" etmeli. Elmydama çaganyň mümkinçiliklerinden we gyzyklanmalaryndan ugur almaly. Eger-de çagaňyza okamagy öwretmek isleseňiz, bu ýönekeý düzgünleri ýerine ýetiriň we netijeler sizi hökman begendirer. Çagaňyza okamagy öwretmekde gyzyklanma döretmäge we çalt netije almaga kömek etmek üçin ýene birnäçe usul. Käbir hereketler size okamak bilen düýbünden baglanyşygy ýok ýaly bolup görünmegi mümkin, ýöne manylaryny düşündirmäge synanyşaryn. Sizem synanyşyp görüň. 1. Monjuk, mozaika, düwmeler, ýagny ownuk zatlar bilen oýnaň. Bu zatlary belli bir tertipde goýmak bilen çagalar yzygiderlilik barada düşünje alýarlar. Bu sözdäki harplaryň belli bir tertipde goýulmalydygyny ýüze çykarmaga kömek eder. 2. Kitap okaň we soňra onuň sýužetini we gahrymanlaryny çagaňyz bilen ara alyp maslahatlaşyň (pikir alşyň). Dowamyny özüňizden pikir edip düzüň. Çagalar sesli okamagy gowy görýärler. Olar kitaplaryň bize planetamyzdaky dürli adamlary, keşpleri, ýerleri tanadyp biljekdigini öwrenýärler. Diňlemek we gürlemek çagalara söz baýlygyny giňeltmäge kömek edýär. Şeýle hem, çagalar ejesiniň okap duran wagty kitapdaky sözleri çepden saga, ýokardan aşak okaýandygyna düşünýärler. Munuň üçin okanyňyzda barmagyňyz ýa-da görkezijiňiz bilen teksti yzarlap gidiň. 3. Birnäçe minutlyk dynç alyşy sazly maşk bilen geçiriň, meselem: elleriňizi ýokaryk galdyryň, aşak, öňe, arkaňyza, çepe, saga. Çagalar ýokary / aşak, öňe / yza, çep / sag ýaly düşünjeleri alýarlar we bu sözleri işjeň sözlüge goşýarlar. Bu düşünjelere düşünmek, sözleriň sahypada nädip okalýandygyny bilmeklige alyp barýar (terj. hem-de tarap düşünjesini berýär). 4. Goşgy okaň, rifmalary oýnaň, täze rifmalary oýlap tapyň. Çagalar fonemalara - sözleriň iň kiçi birliklerine düşünýärler. Bu bolsa üstünlikli okamagyna we ýazmagyna getirýär. 5. Dükan-dükan oýnamak. Bahalyklary ýasaň. Çagalar iş ýüzünde maglumaty görkezmek üçin, ýagny bu ýagdaýda önümleriň ady we bahasy arkaly okamagyň we ýazmagyň nähili ulanylýandygyny görýärler. 6. Söwda sanawyny düzüň. Eger eýýäm başarýan bolsa, çaganyň özi ýazsyn. Soň bolsa dükanda bu sanawy okar. Ine, çagalar maglumatlary beýlekiler bilen ýazuw görnüşde paýlaşmagy şeýdip öwrenýärler. 7. Goý, çaga halaýan hekaýalaryny oýunjaklaryna ýa-da dostlaryna gürrüň bersin. Çagalar öz ukyplaryna bolan ynamy gazanýarlar. Olar hekaýany başyndan soňuna çenli nädip okan bolsa, şol tertip boýunça hem aýdýarlar. Bu makalany tamamlap, mekdebe çenli okamagy öwretmegiň maksadalaýykdygyny aýtmak isleýärin, sebäbi häzirki wagtda okuwçylaryň 90% -i okamagy öwrenip mekdebe gelýär (terj. Bizde bolsa, çaga kösenmezligi üçin diýäýmesek). "1-nji synpdaky üstünlige 10 ädim" atly kitapdan. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |