12:46 Ondan-mundan çöplenenler | |
ONDAN-MUNDAN ÇÖPLENENLER...
Sözler
"Eger" bilen "Meger" toý edipdirler, "Käşge" atly bir çagalary bolupdyr... ◆ ◆ ◆ Miwesini iýen agajyñ şahasyny kesme... ◆ ◆ ◆ Ýedi sany derwüş bir possuna sygar, iki hökümdar bir dünýä sygyşmaz... ◆ ◆ ◆ Aýna seredeñde öz sypatyñy halamasañ, aýnany däl-de, özüñi çalyş... ◆ ◆ ◆ Men diñe öli ýuwýan. Ol behişde gidýärmi ýa-da dowzaha düşýärmi - oña goşulamok... ◆ ◆ ◆ Arynyñ öýüni balynyñ datlydygy üçin ýykýarlar... ◆ ◆ ◆ Adam gülende başgalaryñ hasabyna, aglanda bolsa öz hasabyna aglaýar... ◆ ◆ ◆ Atalarmyz ekipdir, biz iýýäs. Biz ekeliñ, çagalarymyz iýsin... ◆ ◆ ◆ Çaga üçin mugallymyñ käýinji kakasynyñ öwgüsinden peýdalydyr. ◆ ◆ ◆ Mende şeýtan tüýi ýok, epilýasiýa arkaly bar tüýümi ütdüripdim... ◆ ◆ ◆ Bolar-bolmaz kişilere içiñi dökseñ, dökenleriñi toplamak ýene-de öz paýyña düşer... ◆ ◆ ◆ Men ýitiren zatlarym üçin däl-de, indi gazanjak zatlarym üçin ýaşaýaryn. ◆ ◆ ◆ Şeýle bir doganyñ bolar - öz eneñem dogurmaz. Şeýle bir duşmanyñ bolar - öz eneñden doglan... ◆ ◆ ◆ Sekuntlardan soñra näme boljagyny bilmeýän halymyza, ýyllardan soñky etjek işlerimiziñ hyýalynda gezýäris... ◆ ◆ ◆ Daşymyzda köp adamyñ bolany gerek däl, daşymyzdakylar adam bolsun, bes şol... ◆ ◆ ◆ Geljek adamyñ ady uly harp bilen başlar ýaly, gideniñ yzyndan ullakan nokat goýuñ! ◆ ◆ ◆ Bir adama ondan geçip bilmeýändigiñizi bildirseñiz, onuñ ilkinji geçjek adamy Siz bolarsyñyz! ◆ ◆ ◆ Hiç kimiñ seniñ tarapyñda bolmagyndan arkaýyn bolma, garşyña geçmegi üçin ýekeje ädim, duşmanyñ bolmagy üçin ýekeje sözüñ ýeterlik bolar!.. ◆ ◆ ◆ Hiç kim seniñ gaý-tupanlara, tolkunlara garşy nähili göreşendigiñe seretmez. Gämini porta getirip-getirmedigiñe sereder. ◆ ◆ ◆ Platon meniñ ýakyn dostum, emma Hakykat maña ondanam ýakyn! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |