09:42 Owgan kinomatografiýasy "Usame" çeper filminden soñ janlanypdy... | |
OWGAN KINOMATOFRAFIÝASY "USAME" ÇEPER FILMINDEN SOÑ JANLANYPDY...
Teatr we kino sungaty
Talibanyñ agdarylmagyndan iki ýyl geçensoñ Owganystanda surata düşürilen ilkinji çeper film "Usame" garaşylyşyndanam uly üstünlik gazanyp, ýurdunyñ fundamentalist dinçi režiminiñ serpen öli topragyndan az-owlagam bolsa halas bolup başlandygynyñ signalyny berdi... Owgan režissýory Syddyk Barmagyñ nemes kinoteatrlarynda-da görkezilmegine garaşylýan "Usame" çeper filmi geçen ýyl (2003) Kann we Montreal kinofestiwallarynda-da köp sanly baýraklara mynasyp görüldi. Filmiñ temasy adyna birinji gözi düşenleriñ pikir edişi ýaly "El-Kaidäniñ" terrorçy başlygy Usame bin Ladin barada däl. Barmagyñ senarisini-de ýazan kinofilminde Taliban režimi döwründe Usame atly kiçijik gyzjagazyñ başyndan geçen wakalar gürrüñ berilýär. Režissýor filmiñ temasyny nädip taslandygyny şeýle gürrüñ berýär: "2000-nji ýylda emigrant bolup Päkistanda ýaşap ýörkäm owgan gazetinde Taliban režimi astynda okuwa gitmek isleýän gyzjagaz barada okadym. Taliban döwründe gyzlara mekdebe gitmek gadagandy. Bu gyzam okuwa gitmek üçin oglan tüýsüne girýär, saçyny gysgajyk etdirip, oglan eşiginde okuwa gatnap başlaýar. Emma kän wagt geçmänkä munuñ üsti açylýar we ol mekdebiñ müdiri bilen bilelikde tussag astyna alynýar. Bu hekaýat maña ýiti täsir etdi." • Taliban ýurduñ kinomatografiýa pudagyny-da ýer bilen ýegsan edipdi Owgan režissýor Syddyk Barmak Owganystanda täzeden dörän kinomatografiýa sungatynyñ iñ esasy işgärlerinden. Kyrk bir ýaşly senetkär Moskwanyñ Kinomatografiýa boýunça ýokary mekdebini tamamlandan soñ Taliban režiminiñ gelen wagtyna çenli döwletiñ garamagyndaky kinomatografiýa we telewizion guramasynyñ režissýorlygyny edipdi. 1996-njy ýylda Talibanyñ Kabuly ele geçirmeginden soñ Päkistana gaçan Barmak Taliban agdarylandan soñ öñki ýerine dolanyp bardy we iş meýilnamasyny kino sungatyna geçirmek üçin ýeñini çyzgap işe girişdi, emma uruşdan soñky kyn şertler bilen ýüzbe-ýüz boldy. Syddyk Barmak diñe tehniki üpjünçiligiñ däl, bütin pudagyñ Taliban tarapyndan ýok edilendigini aýdýar we Owganystanda öñem kino sungatynyñ ýagdaýynyñ öwerlikli bolmandygyny ýatladýar. Hakykatdanam Owganystanda häzire çenli düşürilen kinofilmleriñ sany zordan kyrk bäşe ýetýär, bu bolsa diñe Germaniýada bir ýylda surata düşürilen kinofilmleriñ sanyna deñ. • Kiçijik gyzy nädip tapdy? Taliban režimi ähli kinoteatrlary we wideotekalary ýapyp, kinofilmleriñ hem barsyny diýen ýaly ýok edipdi, ýurtdaky teleýaýlymlaram işini bes edipdi. Barmak Taliban režiminiñ eden ýykgynçylygyndan soñ ýurtda kinofilmde oýnar ýaly professional aktýor tapmandygy sebäpli "Usamäni" höwesjeñ aktýorlar bilen düşürmäge mejbur bolupdyr. Aktýor saýlap almak işinde-de, olaryñ birnäçesi tötänlikden gelýär: "Garañky gatlyşansoñ Kabulyñ merkezinde bir naharhananyñ agzynda durdym. Dilegçilik edip ýören kiçijik bir gyzjagazyñ sesini eşitdim. Yzyma gañrylyp seredenimde oña gözüm düşdi: ady Marina eken. Neressejik köçede ýatyp-turýan eken, adatdan daşary owadan gözleri we ajaýyp ýüz keşbi bardy. Ony gören badyma kinofilmimiñ baş roly üçin dogry saýlaw boljakdygyny duýdum. Emma onuñ kinofilme surata düşjegine kepil geçip bilemokdym. Maşgalasy näme diýjek, belli däldi. Özüñiz bilýärsiñiz, Owganystan urp-adatlara mäkäm baglanan ýurt." • "Soñky döwürde oñyn üýtgeşmeler bar" Filmiñ temasy - Taliban režimi döwründe aýal-gyzlaryñ sezewar bolan gysyşlary, fiziki we magnawy (ruhy-psihiki) terror. Syddyk Barmak "Usame" arkaly şol bir wagtda geçmişiñ salan ýaralaryna-da melhem bolmagy maksat edinýär. Barmak soñky döwürde birnäçe oñyn üýtgeşmäniñ bolandygyna ynanýar: - Häzirki ýagdaýy iki ýyl öñki wagt bilen deñeşdirende, arasynda uly tapawut bar. Indi gyzlar mekdebe gatnap başlady, ýokary okuw jaýlaryna girip bilýärler. Kabulda birnäçe ugurda aýal-gyzlaryñ hak-hukuklaryndaky özgerişligi görse bolýar. Ýöne şuny-da ýatdan çykarmazlyk gerek: Kabul - tutuş Owganystany añlatmaýar. Biziñ bu göreldäni beýleki etraplarymyza-da ornaşdyrmagymyz gerek. Aşa radikal bolmadyk ädimler bilen kem-kemden öwrenişdirip, adamlara şuny düşündirjek bolmaly: Gelejegiñiz, ýagty ertäñiz, özüñiz üçin özgeriñ, ösen jemgyýet üçin özgeriñ, kämilleşiñ! 14.01.2004 • "Usame" çeper filminiñ youtoobe-däki fragmenti: https://www.google.com/url?sa=t&source=web&rct=j&url=https://m.youtube.com/watch%3Fv%3D54sKYNvd3CY&ved=2ahUKEwjJwYav8PjyAhVpFVkFHTfdBHUQxa8BegQIBxAF&usg=AOvVaw3g0KqVCUUuDXP0J34CJUsO https://www.google.com/url?sa=t&source=web&rct=j&url=https://okko.tv/movie/osama&ved=2ahUKEwjJwYav8PjyAhVpFVkFHTfdBHUQo7QBegQIDBAB&usg=AOvVaw3V2K2p7PVstF9XEH0si108 1. Doly tomaşa etmek üçin (iñlis dilinde): https://www.google.com/url?sa=t&source=web&rct=j&url=https://kino-teatr.ua/film/osama-2910.phtml&ved=2ahUKEwjJwYav8PjyAhVpFVkFHTfdBHUQo7QBegQIBBAB&usg=AOvVaw3QZcSab5M3FOsdcbisTsTe 2. Türk dilinde: https://www.google.com/url?sa=t&source=web&rct=j&url=https://m.youtube.com/watch%3Fv%3DV89593EaVis&ved=2ahUKEwjR0p6y8_jyAhWuEVkFHXwtDh0Qxa8BegQICxAE&usg=AOvVaw0C1mY0KacMFP6p1H_ZaTCu Tema bilen baglanyşykly "Utanç" ("Utanjyndan ýykylan Budda") çeper filmi: https://www.google.com/search?q=utan%C3%A7+afgan+filmi+izle&oq=utan%C3%A7+afga&aqs=chrome.2.69i57j46i19j0i19j0i19i22i30.9385j0j4&client=ms-android-samsung-gj-rev1&sourceid=chrome-mobile&ie=UTF-8# | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |