OWGANYSTANDA NÄMELER BOLÝAR?
Biziň döwletimiz bilen duldegşir goňşy bolup oturan Owganystan Respublikasynda indi on dört ýyl töweregi wagt bäri dowam edip gelýän gandöküşikli ahwalatlardan habarsyz bardyr diýip bolmaz. Bu döwletiň içindäki söweşlerde garagöz türkmen ýigitleriniňem ençemesi öz şirin janlaryny gurban etdi, bir topary maýyp bolup geldi. Bu ýurtdan sowet goşunlarynyň çykarylany bilenem ýagdaý üýtgäp gidibermedi, gaýtam, dürli syýasy akymlaryň agzalary hüjüm edijilik häsiýetine geçdiler. Garaz, ençeme ýyl bäri asuda durmuşyň hözirini görüp bilmän, agyr urgulara hem ýitgilere sezewar edilýän goňşy owgan halkynyň kyn gününe gyýylman durmak mümkin däl.
Bilşimiz ýaly, şu ýylyň başlarynda, has takygy, fewral aýynyň içinde Owganystan respublikasynyň wise-prezidenti Abdul Rahym Hatefiň ýolbaşçylygyndaky döwlet delegasiýasy Orta Aziýa döwletlerinde, şol sanda Türkmenistanda hem sapar bilen boldy. Saparyň barşynda bu delegasiýa bilen Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow duşuşdy. Biziň Prezidentimiz iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ähmiýetine degip geçmek bilen Owganystan respublikasynda parahatçylygy üpjün etmegiň zerurdygyny aýratyn nygtady. Türkmenistanyň hiç bir ýurduň içerki işlerine gatyşmak meýliniň ýokdugyny tekrarlady. Saparyň barşynda taraplar ilçihanalaryň derejesinde diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak barada protokola gol çekdiler. Şonuň ýaly-da delegasiýanyň agzalary türkmenistanyň dürli edaralary bilen ykdysady hem tehniki hyzmatdaşlyk babatda-da ylalaşyga geldiler. Eýsemde bolsa şondan bäri geçen wagtyň içinde goňşy döwletiň içindäki gandöküşikli söweşleriň öňüni almak, bu ýurtda asudalygy doly güýjünde ykrar etmek babatda näzeýilli işleriň alnyp barylýandygy hakda bilmek, umuman, ol ýerde ýagdaýlaryň nähilidigini duýmak her kim üçinem ähmiýetsiz däl bolsa gerek.
Owganystan Respublikasyndaky ýagdaýa dünýäniň ähli ýurdunyň nazarynyň gönügendiginden, ol ýerde bolup geçýän syýasy wakalardan hiç kimiň çetde durasynyň gelmeýändiginden habarlysyňyz. Bu şeýle-de bolaýmaly, bir ýerde nähak gan döküler-de, ynsan balasy oňa baş galdyrmazmy?! Dünýäde uly halkara abraýy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň hem bu ýurtdaky ýagdaýy kadalaşdyrmak meselesini birjik-de ünsden düşürmeýändigini hakykatyň hatyrasyna aýtmak gerek. Bütin ýer ýüzüniň ak ýürekli adamlary BMG-nyň Owganystan babatda konferensiýa geçirmegi göz öňünde tutýandygy hakdaky habaryny gyzgyn garşyladylar, her kim bu konferensiýanyň Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmaga, gan dökülmeleriň öňüni almaga ýardam etjekdigine umyt bildirýärler. Ýöne BMG-nyň konferensiýasynyň geçirmegiň yza tesdirlip gelinmegi bilen welin hiç bir jähtden ylalaşmaýarlar. BMG-nyň Baş sekretary Butros Galiniň “Ähliowgan assambleýasyny” baradaky hoşniýetli teklibi ilki ferwaly, soň bolsa martyň ortasyny, soňky apreliň başky günlerini göz öňüne tutýardy. Soň başga bir wagt – remezan aýynyň tamamlanmagy, ýagny aprel aýynyň başy saýlanylyp alyndy. Teý ahyr bolsa bu konferensiýany geçirmek apreliň ahyryna-maýyň başyna bellenildi. Hernä bu wagtyň beri gutarnykly boljakdygyna bil baglasyň gelýär.
Ýöne BMG-nyň Owganystan babatda geçirjek konferensiýasy hakdaky teklibini bu ýurduň öz içindäki syýasy akymlaryň, döwlet guramalarynyň deň derejede kabul etmändikleri düýpli biynjalyk döredýär. Şu teklip ara düşenden soň respublikanyň ýolbaşçy işgärleri ýygnanyşyp, olaryň her biri anyk pikirini orta atdy. Hemme taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylandan soň ýeke-täk bir ýol saýlanylyp alyndy: Owganystanyň Prezidentiniň özi “assambleýa” gatnaşmakdan ýüz öwürýär, ýöne geçiş döwri başlanan pursatyndan häkimiýeti dolulygyna geçiş döwrüniň häkimiýetine bermeklik bilen ylalaşýar. BMG-nyň Baş sekretarynyň teklip edişi ýaly, bu hökümet owgan halkynyň birligini hem hopwsuzlygyny üpjün etmeli, ýurduň terriroriýasynyň bütewiligini goramaly. Şonuň bilen birlikde-de, geçiş döwrüniň hökümetiniň öz wezipelerini berjaý etmegi üçin halkara kepillendirmeleri bolmaly. Owganystanyň Prezidenti ilkibaşda owgan halkynyň bähbitlerini öz halkynyň bähbitlerinden ýokary tutýandygyny tekrarlasa-da, häkimiýet başyndan gitmek meselesinden sowa geçendigi üçin ýazgaryldy.
Her näme-de bolsa, Prezident Najibulla ölçerip-döküp, ahyrsoňy BMG-nyň teklip edişi ýaly, häkimiýet başyndan gidip, ony geçiş hökümetine bermäge taýyndygyny mälim etdi, ol bu babatda telewideniýe boýunça halka ýüzlendi. Daşary ýurt habarlar agentlikleri bu habary gyzgyny bilen köpçülige ýetirdiler. Şolaryň sözlerine gulak goýsaň, Owganystanda Moskwanyň düýbüni tutan binýadynyň berbat boljakdygyna gürrüňsiz ynanýmak galýar. Has dogrusy, olaryň habarlarynyň özeni şundan ybarat: häkimiýetiň tozjakdygy gutulgysyz. Şu pikiri öňe sürýänleriň indiki häkimiýet başyna geçjekleriň halkyň asudalygyny gorap biljekdigi ýa däldigi hakda kän bir oýlanyp durmaýandygy böwrüňi diňledýär. Ýöne biziň pikirimizçe, häkimiýet çalşany bilen ähli zat gülala-güllük bolaýsa-ha ne ýagşy! Sebäbi häzirki owgan oppozisionerleriniň aglabasynyň geljekki dert-aladalarynyň neneň-u-niçiksi boljakdygyna öňünden kepil geçmek aňsat däl.
Owanystan Respublikasynyň Prezidenti Najibullanyň häkimiýet başyndan gitmäge taýýardygy hakdaky habaryny Pakistanyň daşary işler döwlet ministri Muhammet Sadyk Kanjunyň uly kanagatlanma bilen garşylandygyny gep ugruna aýdyp geçmek gerek. Ol Owganystanda parahat durmuşyň ýola goýulmagynyň möhümdigine söz ýoklugyny aýratyn nygtap, Prezidentiň gelen kararynyň BMG-nyň öňde goýan wezipelerini çalt amala aşyrmaga ýardam etjekdigini-de belledi. Şunlukda ol geçiş hökümetiniň yslama uýjakdygyna aýratyn umyt bildirýändigini hem ýaşyryp durmady. Pakistanyň şu çaka çenli Owganystan Respublikasyndan syýasy ýagdaýy harby ýol bilen kadalaşdyrmaga ymtylyp gelendigini-de ýatlamak artykmaçlyk etmese gerek. Pakistan Owganystan respublikasyna häzirki ýaly gyzyklanmany hiç wagtam äşgär eden däldir diýmäge doly esas bar. Ýüpek ýolunyň geçen ýurdy bolan bu döwlet söwda çatrygynda ýerleşeni üçin Pakistan oňa berýän ünsüni birjik-de gowşatmak islänok.
Owganystanda halkyň aňyna oppozisionerler hökmünde ornaşan dürli syýasy akymlaryň bu meselä garaýşyny birin-birin beýan etmegem mümkin däl. Herhal, Owganystan Yslam partiýasynyň (OYP) BMG-nyň parahatçylykly maksatnamasyny inkär edýändigini ýaňzytmak hökmanydyr. OYP-nyň Reýter agentligine beren beýannamasynda bu partiýanyň baştutany Gulbeddin Hekmetýaryň belleýşi ýaly, çet ýurtlaryň boýna dakmakçy bolýan hökümetini kabul etmejekdigi çürt-kesik aýdylýar. “Geçiş döwrüniň hökümetiniň neneňsi bolmalydygyny kesgitlemek çet ýurtlulara galmandyr” diýip, OYP-nyň wekili Hutbuddin Helal hem Yslamabatda Reýter agentliginiň üsti bilen öz pikirini ýaýratdy. Gepiň keltesi, OYP-nyň öňbaşçylarynyň BMG-nyň owgan meselesi hakdaky parahatçylykly maksatnamasyny tutuşlygyna inkär edişi haýran galdyrman durup bilmez.
Aslyýetinde wakalaryň gidişi öz tertibi boýunça seljerilip geçilse jüpüne düşerdi. Şu ýylyň mart aýynyň ortasynda BMG-nyň Baş sekreratynyň şahsy wekili Benon Sewan iş sapary bilen Kabula geldi. Ol Owganystan Respublikasynyň goranmak ministri W.A.Watanjar, döwlet howpsuzlygy ministri G.F.Ýakubi, içeri işler ministri R.M.Paktin, daşary işler ministri A.Wekil bilen duşuşyp, owgan meselesini parahatçylykly ýol bilen çözmegiň iň soňky mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Şu duşuşykdan soň owgan krizisiniň düýpgöter üýtgändigini syýasy synçylar örän adalatly belleýän bolsalar gerek. Bu krizis, hakykatdanam, etniki garşylyklaryň ýüze çykmagynyň mümkindigi, narkotiki jisimler ýaýratmak bilen meşgullanýan kontrabandanyň işiniň ýaýbaňlanaýmak gorkusy bilen aýratyn howpludyr. Benon Sewanyň özi-de hut şeýle pikirdedigini şu regiondan Ženewa şäherine dolanyp gelen badyna öz missiýasy bilen baglanyşykly maglumat bilen çykyş edeninde aýdyp geçdi. Ol ýurduň demirgazygynda tire-taýpa bilen baglanyşykly ýüze çykaýjak garşylyklardan ätiýaç edýändigini duýdurdy. Şunuň bilen birlikde B.Sewan geçen ýyl Owganystanda 200 tonna geroin öndürilendigini mysal getirip, bu faktdan heder etmegiň zerurdygyna-da ünsi çekdi.
BMG-nyň Baş sekretary Butros Galiniň mart aýynyň içinde Owganystan Respublikasynyň daşary işler ministri Abbul Wekil bilen duşuşygynyň bolandygyny-da aýtsak, onda BMG-nyň hem-de häzirki owgan ýolbaşçylarynyň çylşyrymly meseleleri parahatçylykly ýol bilen çözmäge doly derejede ymtylýandyklary aýdyň bolar. Ýöne owgan gapma-garşylyklarynyň barha ösýändigi howatyrlanma döretmän durup bilmez. Owgan halkynyň üstüne häzir açlyk howpy abanýar. Häzir şol elhenç beladan sowlup geçmek üçin bu ýurda 100 müň tonna galla gerekdigini hasaplap çykardylar. Häzirki hökümetiň ätiýaçlyk iýmiti ýaragly güýçlerde gulluk edýänlere, döwlet edaralarynda işleýänlere zordan ýetýär. Döwletiň gazansynda gyzyl puluň ýetmezçiligi duýulýar. Şu zatlaryň özi-de owgan halkyna BMG-nyň parahatçylykly maksatnamasyny goldamaga, oňa ynanmaga esas berýär. Hut şu sebäpli-de BMG-nyň Baş sekretary Butros Gali halkara hyzmatdaşlygyna girýän ýurtlara Kabulyň ilaty üçin 30 müň tonna azyk önümlerini ibermek haýyşy bilen ýüzlendi hem-de ähli owgan güýçlerini bu önümleri päsgelçiliksiz paýlamaga hemaýat etmäge çagyrdy. Şunuň yzysüre bolsa onuň şahsy wekili Benon Sewan ýene Kabula iş sapary bilen geldi. Ol owgan ýolbaşçylaryna Eýran Yslam Respublikasynyň BMG-nyň Owganystan meselesi hakda öňde goýan maksadyny ikelläp goldaýandygyny, Eýranyň owgan halkyny azyk hem-de beýleki zerur önümler bilen üpjün etmekde kömek bermäge taýýardygyny kanagatlanmak bilen aýtdy. Şol gün Kabul aeroportuna Pakistandan 16 tonna un ýüklenen üçünji uçar gelip gondy. Pakistan owgan halkyna jemi 10 müň tonna un ibermegi maksat edinýär. Ýöne Owganystanyň ekstremistik partiýalarynyň baştutanlary Gulbeddin Hekmetýar, Ýunus Hales dagy bu doganlyk kömegi näme üçindir goldamazlyga çytraşýarlar.
Kabulda geçiş döwrüniň hökümeti iş başyna geçip Prezident Najibulla iş başyndan gitse, oňa syýasy gaçybatalga hödürlemäge taýýar ýurtlaryňam mälim bolandygyny aýtmak gerek. Pakistan, Hindistan gaçybatalga bermäge taýýardygyny resmi agentlikleriň üsti bilen äşgär etdi. Najibulla bolsa öz partiýasynyň parahatçylykly gepleşiklere hem-de geljekki saýlawlara gatnaşmaga kepil geçilen halatynda iş başyndan gitmäge taýýardygyny aýdýar. Görnüşi ýaly, wakalaryň näderejede hem-de haýsy ugra gönükjekdigini öňünden aýtmagam gaty kyn. Herhal, pikir-paýhasyň üstün çykaryny arzuw edäýmek galýar.
Kabul häkimiýeti hem-de mojahedler bilen gepleşik geçiren BMG-nyň baş sekretarynyň wekili Benon Sewan entek häkimligiň geçiş döwrüniň häkimiýetiniň eline nähili ýol bilen geçjekdigini aýtmakdan saklanýar. Bu babatda Kabuldaky häkimiýet çeşmeleri-de häzirlikçe dymanlaryny kem görmeýäne çalym edýär. Habar beriş agentlikleri mojahedlerden alan maglumatlaryna salgylanyp geçiş döwrüniň häkimiýeti düzülýänçä ýurtda ýerine ýetirijilik hökümetiň wezipesini boýuna aljak ýörite sowet dörediljekdigini habar berýärler. Bu sowete oppozisiýadaky sekiz partiýanyň wekilleri, şeýle hem Kabul häkimiýetiniň wekilleri girer diýip çak edilýär. Milli yslam frontunyň wekili Azim Naser Ziýanyň žurnalislere aýdyşy ýaly, bu wagtlaýyn sowetiň alty agzasy bolup, ol goşunyň, polisiýanyň, howpsuzlyk gullugynyň işine gözegçilik etmegi boýnuna alýar.
Daşary ýurtlaryň syýasy synçylarynyň owgan meselesiniň oňyn çözlmeginiň Waşingtonyň eýeleýän pozisiýasynanäderejede bagly boljakdygy hakdaky tekrarlamasynyňam janynyň bardygyny gep ugruna aýdyp geçmek gerek. Ýöne henize çenli ABŞ aralyk hökümeti maliýe taýdan goldamaga taýýardygyny aýdanok. Ýöne Waşingtonyň şeýle meýli welin häzir gaty derwaýysdyr. Munuň özüniň häzir ABŞ-dan her biri her ýylda 100 million dollar alýan owgan oppozisiýalarynyň liderleri üçinem möhüm bolup durýandygy gümürtiksizdir.
Owganystandaky uzaga çeken ýaragly dawa Türkmenistany hem ynjalykdan gaçyrýar, owgan wakalarynyň biziň döwlet serhetlerimize wehim salman durmaýandygyny görmezlige salyp bolmaz. Bilşimiz ýaly, golaýda Russiýanyň daşary işler ministri A.Kozyrew hem-de Türkmenistanyň daşary işler ministri A.Kulyýew Owganystan boýunça bilelikdäki beýannama gol çekdiler.
- Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy milli ylalaşyk gazanmak, Owganystanyň halkynyň öz geljegini özüniň kesgitlemegine ukybyny üpjün etmek esasynda parahatçylygyň hem-de asudalygyň has çalt dikeldilmegi ugrunda çykyş edýärler – diýlip, bu Beýannamada aýdylýar. – BMG-nyň owganara gepleşiginiň ýola goýulmagy barada tagallalaryny goldaýarlar, ähli owgan taraplarynyň wekilleriniň bitarap territoriýadaky duşuşygy şol tagallalaryň başlangyjy bolmalydyr. Owganystan Respublikasynyň Prezidenti Najibullanyň şu ýylyň 18-nji martyndaky beýannamasy bu ugurda konstruktiw ädim boldy. Parahatçylyk prosesiniň öňe gitmegi üçin amatly şertler döretmek maksady bilen ähli çeşmelerden Owganystana ýarag ibermegi bes etmek zerurdyr. Şu jähtden iki döwlet hem biri-birine garşy göreşýän owgan taraplaryna ýarag ibermegi bes etmek hakyndaky karara özleriniň ýykgyn edýändiklerini tassykladylar.
Hawa, owgan wakalary haýsydyr bir syýasy maksatlar üçin peýdalanylmasa ýagşy, hoşmeýillilik, düşünişmek esasynda çözülen meseleleriň her tarap üçinem bähbitli boljakdygy şübhesizdir. Goňşy owgan wakalarynyň asuda akaba gönükmegi her bir ak ýürekli ynsanyň ýürek telwasydyr.
Kakamyrat BALLYÝEW,
TÜRKMEN PRESS-iň syýasy synçysy.
“Balkan” gazeti, 18.04.1992 ý.
Publisistika