00:04 Paltaly Hano | |
12 ÝAŞLY OGLY ÜÇIN ÝIGRIMI BIR ADAMY PALTALAP ÖLDÜREN:
Zenan şahsyýetler
▶ PALTALY HANO Osmanly zamanasynda ýakynlaryna dünýäni zyndan eden, 12 ýaşly ogly üçin ýigrimi bir adamy paltalap öldüren Paltaly Hanonyñ täsin hekaýatyny eşdipmidiñiz? Hanzada adyndaky bu aýal Stambulyñ etek raýonlarynyñ birinde ýaşapdyr. Onuñ hekem (kabadayı, ворзакон) gezýän erkegi bolansoñ, özü-de hekemlik edipdir. Ol taryhy resminamalara ady geçen ilkinji zenan hekemdir. Günlerde bir gün onuñ 12 ýaşly ogly ýitirim bolupdyr. Hekem söýgüli oña birdenkä sumat bolan ogluny gözlemäge rugsat bermändir. Iñkise giden Hanzada erkek eşigine girýär-de, assyrynlyk bilen gezýän erkegini yzarlamaga başlapdyr. Yzarlan wagty söýgülisiniñ nagra dartyp, paç toplaýandygyny görüpdir, garañky düşensoñam hammama gidipdir. Hammama giren söýgülisiniñ yzyndan Hanzada-da girýär. Görse, ogly "hammamyñ ýumuş oglany" (hammam hyzmatkäri) edilen bolsa näme! Ýagny, Hanonyñ söýgülisi oglanjygy adamlara satan eken. Hanzadanyñ gahary depesine çykýar. Ol ýakmak üçin üýşürilip goýlan odunlaryñ ýanynda ýatan paltany alýar-da, söýgülisinem, şol ýerde duran ýene ýigrimi adamy duran ýerlerinde paltalap öldürýär. Hanzada ogluny alyp, gan-gajak bolan eşiginde ýaşaýan raýonyna dolanyp gelýär. On ýedi aýlap töweregine gan gusdurýar. Ahyrynda ele salynýar. Paç toplamakda we ýigrimi adamy paltalap öldürmekde aýyplanyp jogapkärçilige çekilýär hem-de oka tutulyp öldürilýär. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |