17:34 Paramilitar güýçler ýa-da tertipsiz goşunlar | |
PARAMILITAR GÜÝÇLER ÝA-DA TERTIPSIZ GOŞUNLAR
Publisistika
Golaýda Russiýada ýüze çykan "Wagner" güýçleriniñ gozgalañy paramilitar güýçleriñ (ýarym harby güýçleriñ-tertipsiz goşunlaryñ) wagty-sagady gelende özlerini ulanýan syýasy häkimiýetlere garşy nähili howp salýandygyny görkezdi. Bütin dünýä üçin sapak bolan topalañ paramilitar güýçlerden peýdalanmagyñ näderejede howpludygyny ýene bir gezek subut etdi. Bize-de öz taryhymyzdan käbir epizodlary ýatlatdy... • Azat-edijilik urşy we birlikler 1919-njy ýylyñ 15-nji maýynda grek basybalyjylarynyñ çozmagy bilen başlan Milli Azat-edijilik urşunda nyzamly goşun bölümleri bilen bile ulanylan milli (başly-barat, tertipsiz) birlikler ilkibaşda duşmana garşy göreşde we içki topalañlaryñ basyp ýatyrylmagynda köp peýdaly işleri etdiler. Ol güýçleriñ düzüminde ýer alan “Kuwaýy Seýýare” (Göçme güýçler) kuwwatly we hereket edijilik ukyby taýdan öñe saýlanýardy. Ýük haýwanlarynyñ arkasyna ýüklenen top-artilleriýanyñ goldawyndaky pyýadalar bir sebitden birnäçe ýüz kilometr añyrdaky sebite ýyldyrym çaltlygynda baryp, topalañy gysga wagtyñ içinde basyp ýatyrardylar we düzgün-tertibi ýola goýardylar. Bu goşun birliklerinde serkerdeleriñ buýrukdyr görkezmelerine goldaw bermek we nyzamly birlikler bilen sazlaşygy üpjün etmek üçin koordinator ofiserler hem bardy... • Tertipli goşuna geçme karary 1920-nji ýylyñ ahyrlarynda Türkiýäniñ Ýokary Halk Mejlisi harby gullugyñ esasy düzgünlerinden biri bolan "bir bitewi komandowaniýanyñ" ýola goýulmagy üçin milli güýçleriñ nyzamly güýçlere öwürmegi, ýagny düzgün-tertipli goşun bölümlerine geçilmegi makul bildi. Emma "Kuwaýy-Seýýaräniñ" serkerdelerinden Ethem bilen Demirçi Mehmet Epe muña garşy çykdy. Çünki olar mundan beýläk edenlerini edip gezip biljek däldiler. Şonuñ üçinem olar düzgün-tertipli goşun bölümlerine birikmekden ýüz dönderip aýaga galdylar. Üstlerine goşun bölümleri ugradyldy. Ahyrynda Demirçi 1920-nji ýylyñ dekabrynda boýun egdi, Milli Azat-edijilik urşundaky bitiren işleri sebäpli günäsi geçildi... Ethem bolsa 1921-nji ýylyñ ýanwar aýynda kül-peýkun edilensoñ, grek güýçlerinden dalda gözledi. • Gelinen sepgit Bolup geçenlerden görnüşi ýaly, paramilitar güýçler hemme ýerde-de ilkibaşda syýasy häkimiýetleriñ garamagynda hereket edýänem bolsa, şertler özlerine güýçlenme mümkinçiligini berende, hyzmatdaşlyk eden syýasy güýjüñ ýerine geçmek ýa-da şol güýje şärikdeşlik etmek ýa-da ondan ýeñillikli şertleri goparyp almak üçin synanyşma meýlinde bolýar... Düýn we şu gün bolup geçenler-ä şeýle... Ertirem şundan üýtgeşik bolmaýar. Dogu SILAHÇYOGLY. "CUMHURIYET" gazeti, 01.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |