19:12 Parodiýaçy / ýumoreska | |
PARODIÝAÇY
Satiriki hekaýalar
Kabinete kürsäp giren Hekgi: - Goşgy ýazdym - diýip, Bekgiñ gaşyndaky ýumşak kürsä özüni goýberdi. - Menem - diýip, Bekgi syçan gözlerini gyrpyldatdy. - Hany onda oka-da, goşgyñy! - Ilki sen oka! - Ýok, sen okarsyñ. Bekgi ýerinden turup: - Aý, meniñ-ä gyssanyp barýan ýerim ýok - diýenden soñ, Hekgi oturyp bilmedi: - Bagda gördüm bir gyzy, Ýöräp bardym ýanyna. Gözlerime seredip, Tas galypdy ganyma. - Bolduñmy? - diýip, Bekgi gomparyp oturan Hekgiñ ýüzüne seredip ýylgyrdy. - Bolan bolsañ, meñkä-de bir gulak sal: - Dagda gördüm bir gyzy, Ylgap bardym ýanyna. Gulak düýbüme goýup, Tas galypdy ganyma. - A-how, munyñ meñkä meñzeş-le. - Ol seniñ göwnüñedir. Sen o gyza bagda duşýañ, men bolsam dagda. Sen onuñ ýanyna ýöne ýörän bolup barýañ, men senden öñ ýetjek bolup, iñ soñkuja wypuska "Žiguli" ýaly, ylgap barýan. Ol señ gözüñe seredýär, meñ bolsa gulagymyñ düýbüne goýýar. Onsoñam ownukçyl bolmazlar. Özlerini şahyr saýyp ýörenleññem, bir-biriniñkä meñzeş goşgulary az däl-ä. - Onyñam-a dogry welin... - diýip, Hekgi gyzardy. - Ýöne gazetde ilki meñ goşgymy çap etdireli. - Meniñ üçin-ä parhy ýok - diýip, Bekgi iş stolunyñ başyna geçdi. - Bu goşgymyñ adyny üýtgedip, "Parodiýa" diýäýmeli borun-da. Silgeldi AKMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |