01:35 Paryzdepe: taryhyñ altyn sahypalary | |
Paryzdepe: taryhyň altyn sahypalary Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň milli mirasyny öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga uly üns berilýär. Mähriban Arkadagymyzyň halkymyza «Türkmenistan — Beýik Yüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp kitabyny sowgat bermegi, 2018-nji ýyly «Türkmenistan — Beýik Yüpek ýolunyň ýüregi» diýip yg-lan etmegi türkmen taryhyny öwrenmekde taze sahypalary açdy. Şunun bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 2-nji fewralyndaky Karary bilen tassyklanylan meýilnama laýyklykda, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy ýadygärliklerde arheologik ylmy-barlag işlerini alyp barmak, gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapylan gymmatly tapyndylary ylmy taýdan düýpli öwrenmek meselesi önde goýulýar. Şeýle taryhy ýerleriň biri 2016-njy ýylda hormatly Prezidentimiziň hut özüniň badalga bermeginde ylmy derňewler geçirilip başlanylan Paryzdepe ýadygärligidir. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynda bu ýadygärlik barada giňişleýin durup geçmek bilen, onu#328; bizi#328; eýýamymyzdan öňki V müňýyllykda dörändigini hem-de giçki orta asyrlara çenli ösüşini dowam etdjrendigini belleýär. Mundan başga-da, Paryzdepäniň doganlar Ärsaklaryň baştutanlygynda döredi-len Parfiýa döwleti, şeýle-de Beýik Seljuk türkmen hökümdarlarynyň döwleti bilen baglanyşygyny subut edýän taryhy we lingwistik maglumatlary beýan edýär. Paryzdepeden we onun töweregindäki ýadygärliklerden tapylan külalçylyk önümleri bu sebitde ösen ekerançylygyň, kamil suwaryş ulgamynyň bolandygyny, baý bezeg serişdeleri bilen üpjün edilen binalaryň gurlandygyny görkezýär. Külalçylyk önümlerini — keramikany öwrenmek arheologiýa ylmynyň esasy meselelerinin biridir. Ylmy barlaglarda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň ulanylmagy netijesinde arheologik tapyndylary öwrenmekde-de taze usullara ýüzlenilýär. Taryhy ýadygärliklerde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinin barşynda tapylan zatlar ýörite enjamlaryň kömegi arkaly barlanylýar. Şunda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna alyp beren ýokary derejell barlag enjamlaryndan netijeli peýdalanylýar. Arheologik tapyndylary öwrenmegiň öňdebaryjy usullarynyň biri hi—miki seljermedir. Häzirki döwürde Paryzdepe ýadygärliginden tapylan tapyndylaryň düzümi TYA-nyň Taryh we Himiýa institutlarynda himiki seljerme esasynda kesgitlenilýär. Taryhy ýadygärliklerden tapylýan tapyndylaryň arasynda külalçylyga degişli zatlardan başga-da, halkyň medeni durmuşy, ýaşaýyş aýratynlygy bilen baglanyşykly önümleriň hem duş gelýändigi gyzykly ýagdaýdyr. Köpetdagyň etegindäki ýadygäriikden tapylan mata, ýüplük galyndylary türkmen dokmaçylygynyň taryhynyň juda gadymydygyndan habar berýär. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Yüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda ýurdumyzda mata öndürmegiň gadymy döwürlerde-de giň gerime eýe bolandygyny şeyle belleýär: «Ýerli ussalar şeýle bir ussatlyga ýetipdirler, olar mata-laryň aýry-aýry gömüşlerinden soltanlardyr emeldarlar üçin lybaslar tikipdirler, olaryň bahasy bolsa parça bilen deň ekeni». Hormatly Prezidentimiziň kitabynda XIV asyr wenesiýaly syýahatçy Marko Polonyň: «Bu ýerde, biler bolsaňyz, iň nepis hem owadan halylar öndürilýär, ýene gyzyl, başga reňkde hem kaşan görnüşli, bijaý onat matalar dokalýar, bu ýerde bulardan başga-da köp zatlar öndürilýär» diýen setirleri hem getirilipdir. Paryzdepe ýadygärliginiň töwereginden ikbaşyň tapylmagy ýurdumyzyň çäklerinde müňlerçe ýyl mundan öň hem ýüňüň gaýtadan işlenilendigini, ondan dürli matalaryň, halylaryň dokalandygyny görkezýär. Yüň egirmekde ulanylýan igiň ujuna geýdirilýän ikbaş toýundan ýasalypdyr. Paryzdepe sebitinden tapylan ikbaşyň himiki seljermesi geçirilende onda saklanyp galan ýüňüň bölejikleri tapyldy. TYA-nyň Taryh institutynyň LEA — S 500 lazer analizatorynyň we Himiýa institutynyň gaty gurluşly maddalaryň üstlerinin kiçi gatlaklaýyn çyzykly ululyklaryny ölçemäge, moifologik mukdar seljermelerini geçirmäge niýetlenen JSM—6010LA kysymly skanirleýji elektron mikroskopynyň, şeýle-de gaty, külke hem-de suwuk nusgalarda elementlerin mukdaryny anyklamaga niýetlenen Epsilon 3XL kysymly rentgen spektrometriniň kömegi bilen tapylan mata bölejiginiň sapagyň, ýüňüň himiki düzümi öwrenildi. Olarda bar bolan himiki maddälaryň mukdary yüze çykaryldy. Bu babatda çuňňur ylmy derňewleriň geçirilmegi şol döwürde ýaşan adamlaryň dine bir ýaşaýyş-durmuş, kär-hünär aýratynlygyny däl, eýsem, barlanylýan tapyndylara laýyklykda haýsy himiki maddalaryň gabat gelýändigini, daşky gurşawyň ýagdaýyny kesgitlemäge-de şert döredýär. Taryhy ýadygärliklerden tapylan tapyndylaryň himiki seljermesi geçirilende, hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna alyp beren, ylmyň iň soňky gazananlaryna daýanýan enjamlarynyň ulanylmagy has düýpli ylmy-barlaglaryň amala aşyrylmagyna giň mümkinçilikler berdi. Häzir mähriban Arkadagymyzyň hut özüniň ak pata bermeginde öwrenilmäge başlanylan Paryzdepe ýadygärliginiň täsin syrlary, onuň gatlaklarynda orun alan taryhymyzyň şöhratly sahypalary ylmy jemgyýetçilige aýan bolup başlady. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Yüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyndaky: «Paryzdepäniň taryhyny düýpli öwrenmegiň, onuň durmuşynyň ýyl ýazgysyny, ösen döwürlerini dikeltmegiň möhümdigini bellemek bilen, men bu ugurdan alymlaryň ylmy-barlag derňew işleriniň özüniň talabalaýyk netijesini berjekdigine ynanýaryn» diýen sözleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ugurda iş alyp barýan türkmen alymlaryny çuňňur ylmy derňewleri geçirmäge borçlandyrýar. Mährijemal BEKJÄÝEWA, # turkmenistan_2018 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |