10:38 Patrik Zýuskind | |
PATRIK ZÝUSKIND
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Patrik Zýuskind 1949-njy ýylyň 26-njy martynda, Germaniýanyň Mýunhen şäheriniň golaýyndaky Ambah atly obajykda, ýazyjy, žurnalist Wilgelm Emmanuel Zýuskindiň maşgalasynda dogulýar. Onuň ejesi sport tälimçisi, uly dogany Martin – žurnalist. Zýuskindiň maşgalasynyň asly Germaniýanyň wýurtemberg begzadalary (aristokratlary) bolup durýar. Çagalygynda P.Zýuskind saz bilimini alyp, ol fortepiano çalýar. Orta bilim alandan soň ol harby gullukda bolýar, soňra Mýunhen uniwersitetinde taryh ugrundan ýokary bilim alýar. Ol dürli hünärlerde, ýagny barmen, stol tennisi boýunça tälimçi ýaly işlerde işläp gazanç edipdir. Aýdylyşyna görä, P.Zýuskind bir gezek edebiýat sapagynda mugallymasynyň teýeneli sözlerine jogap hökmünde özüniň adyny ebedilik galdyrjak kitaby ýazjakdygyny aýdypmyş. Ýazyjynyň soňraky terjimehaly hakykatdanam bolan ýa-da onuň biografiýasyna ýöňkelýän bu sözleriň amal bolandygyny görkezýär. P.Zýuskind soňam ýaşlyk ýyllarynda Fransiýanyň Eks-an-Prowans şäherinde okaýar, emma okuwyny doly tamamlaman taşlaýar. Soňra ol Siemens firmasynyň patent bölüminde, tans okuwlarynda tansçy, tälimçi ýaly işlerde işleýär. Soňra ol Pariže gidip şol ýerde ýazyjylyk bilen meşgullanyp ugraýar. Emma, ol çap edilmeýän hekaýalary ýazýar, hiç kimiň kinofilm düşürmek islemeýän ssenariýalaryny taýýarlaýar. Diňe 1980-nji ýylda onuň birsahnaly monology “Kontrabas” çap edilenden soňra P.Zýuskindiň ýazyjylyk işi ugruna bolup ugraýar. 1985-nji ýylda çap bolan onuň “Parfýumer” (Müşkçi) romany bolsa oňa meşhurlyk getirmek bilen birlikde, ilk-ä Ýewropa edebiýatynda, galyberse-de dünýä edebiýatynda-da özboluşly bir fenomen hökmünde ykrar edilýär. Soňra ýazyjynyň “Kepderijik. Üç waka we bir synlama”, “Jenap Zommer hakda kyssa” ýaly meşhur eserleri çap edilýär. 2006-njy ýylda P.Zýuskindiň “Müşkçi” (Parfýumer) romany boýunça režissýor Tom Tykwer “Parfýumer. Bir ganhoryň taryhy” atly dünýä ýaň salan çeper filmini düşürýär. Mundan soň P.Zýuskindiň meşhurlygy edebiýat Olimpine çykýar. Häzirki güne çenli P.Zýuskindiň bu romany 46 sany dünýä dillerine terjime edildi. P.Zýuskind söhbetdeşlikler geçirmeýär, mümkin boldugyndan jemgyýetçilik ünsünden daşdaky durmuşda ýaşamaga çalyşýar. Ol birnäçe gezek edebiýat sylaglaryndan, baýraklaryndan ýüz dönderdi. Çeşmesi: https://ru.wikipedia.org/wiki/Зюскинд,_Патрик. 25.05.2023ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |