10:11 Pirbaba aganyñ öwütleri | |
PIRBABA AGANYÑ ÖWÜTLERI
Pedagogika we edep-terbiýe
2004-nji ýylda Türkmenistanyñ Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy türkmeniñ milli medeniýetine gelişmeýän, ynsanyñ saglygyna şikes ýetirýän zyýanly endikleri ýazgaryp, ýörite bellenilen ýerlerden başga ýerlerde nas satmagy, jemgyýetçilik ýerlerinde nas atmagy gadagan etmek hakynda Perman çykarypdy. Adamlaryñ saglygyna şikes ýetirýän zyýanly endikleri ata-babalarymyz hem mydama-da ýazgarypdyrlar, ondan gaça durupdyrlar. Türkmen halky ençeme müñýyllyklaryñ dowanynda berk bedenli, sagdyn ruhly, merdana nesilleri ýetişdirip gelýän halkdyr. Şunuñ bilen baglylykda sowet döwründe işan-mollalara ýöñkelen töhmetçilikli sypatlardan gaty daşda bolan, 103 ýaşap, dünýäden gaýdan Pirbaba ahunyñ durmuş mysallaryndan käbir zatlary aýdasym gelýär. Ruhnamada: "Din türkmende hemişe şahsy ynanjy berkitmegiñ hem adamkärçilik sypatlaryny terbiýelemegiñ usuly bolupdyr" diýip, jaýdar bellenilýär. Pirbaba ahun öz bagtyny halal zähmetden tapan adam. Ol durmuşyñ elhenç horluklaryny görende-de, sowet döwründe işan-mollalara gönükdirilen ajal belasy onuñ yzyndan köp gezek "ýetdim-ýetdim" edende-de, onuñ-munuñ gapysynda biçäre günlükçi ~ talaban bolup işlände-de, ejizläp, ýigrenilýän ýaramaz endiklere ~ çilime, nasa özüni aldyraýmandyr, ondan delalar gözlemändir. Döwran dolanyp, kemsiz-köstsüz elpe-şelpe durmuşa ýetende-de, şol bolşuny saklapdyr. Doklugy göterinip bilipdir. Il içinde halallygyñ, arassalygyñ nusgasy bolup ýaşapdyr. Ol ile-güne özboluşly öwüt-nesihatyny gysganmandyr. Häli ~ şu güne çenli obadaşlary Pirbaba ahun şeýle diýerdi diýşip, şondan görelde alýarlar. * * * Günleriñ birinde bir kişi arakhorlugyny tasa getirjek bolup, märekede Pire sowal beripdir: - Pirim, näme üçin araga haram diýýäñiz? Ol bugdaýdan ýasalýar-a? Pir oña: - Zyýany ýok, ony içibermeli. Ýöne hajathanadakylaryñam köpüsi bugdaýdan bolýar - diýipdir. * * * Bir kişiniñ owadan nasgaby hajathana gaçypdyr. Ol "nasgabym haram bolandyr" diýip, gaty gynanyp, ony anyklamak üçin Pire ýüzlenipdir: - Pirim, şeýle-şeýle ýagdaý boldy. Meniñ nasgabym haram boldumyka? - diýipdir. Pir ondan: - Nasgabyñ agzy açykmydy? - diýip sorapdyr. Ol hem: - Hawa, nas atjak wagtym gaçdy - diýipdir. Onda Pir: - Agzy açykka hajathana gaçan bolsa, onda bütin hajathana haram boldy - diýip, jogap beripdir. Nasgabyny halallatjak bolup oturan adam agzyny öweldip galyberipdir. Mahmyt PIRBABAÝEW. "Adalat" gazeti, 1999 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |