07:21 Piruz Dilenji | |
PIRUZ DILENJI
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Piriz Dilenji, eýranly tanymal azerbaýjan ýazyjysy. 1965-nji ýylyñ 16-njy maýynda Tähranda dogulýar. Heniz 14 ýaşyndaka ilkinji kitaby pars dilinde Tähranda neşir edilýär. Tähranda ýaşan ýyllary 7 kitaby pars we azerbaýjan dillerinde neşir edilýär. 17 ýaşynda ýaşlaryñ arasynda geçirilen edebi ýaryşda birinji ýeri alyp, "Eýranyñ iñ göreldeli ýetginjegi" baýragyna mynasyp bolýar. Piruz Dilenjiniñ goşgulary Eýranda, Türkiýede, Azerbaýjanda aýdym edilip aýdylýar. 1991-nji ýylda Azerbaýjanyñ Ýazyjylar Birleşigine kabul edilýär. Günorta Azerbaýjanyñ Milli Garaşsyzlyk hereketiniñ lideri hökmünde şol wagtlar ilkinji bolup Günorta Azerbaýjanyñ garaşsyzlygy we Eýrandan bölünip aýrylmagy pikirini orta atmakdan çekinmeýär. Ol öñe süren pikirleri bilen dünýäniñ syýasy arenasynda-da çykyş etmekden çekinip durmandyr. Onuñ pikirleri şol wagtyñ tanymal syýasatçysy Ebulfeýz Elçibeý tarapyndan giñden goldanylýar. Günorta Azerbaýjanyñ garaşsyzlygy we Eýrandan bölünip aýrylmagy baradaky pikirler ilkinji bolup Piruz Dilenji tarapyndan orta atylanam bolsa, uzak ýyllaryñ dowamynda Azerbaýjana ýolbaşçylyk eden Geýdar Alyýew tarapyndan hem oñyn garşylanýar. Hut şonuñ üçin Geýdar Alyýew Piruz Dilenji barada doly öwrenenden soñra çykyşlarynyñ birinde "Men Eýran diýenimde Günorta Azerbaýjany göz öñüne tutýaryn" diýipdir. Günorta Azerbaýjanyñ Garaşsyzlygy ugrunda indi Eýranyñ içinde we daşary ýurtlaryñ birnäçesinde birnäçe syýasy partiýalar we guramalar hereket edýär. 2004-nji ýyldan bäri BMG-sy hem bu pikire milletiñ talaby hökmünde garaýar. ♣ Syýasy hereketleri 1991-nji ýylda düýbi tutulan CAMAH-yñ 1999-njy ýyla çenli başlygy wezipesini ýerine ýetirýär. 1999-njy ýylda Töwrizde milli hereketiñ gerimi giñänden soñra Piruz Dilenji CAMAH Merkezi Komitetiniñ başlygynyñ birinji orunbasary, şol bir wagtyñ özünde guramanyñ Baku komitetiniñ başlygy wezipesine saýlanýar. Piruz Dilenji 2000-nji ýylda üç müñe golaý ses toplap Azerbaýjan Respublikasynyñ Milli mejlisiniñ soñky saýlawlaryna gatnaşmak üçin dalaşgärligini görkezýär. Gerekli maglumatlaryñ we resminamalaryñ tabşyrylmagyndan soñra onuñ dalaşgärligi kabul edilen bolsa, saýlawlara birnäçe gün galanda Merkezi Saýlaw komissiýasy açyk bir zat aýman onuñ dalaşgärleriñ sanawyndan çykarylýandygyny mälim edýär. 2002-nji ýylyñ 5-nji dekabrynda Piruz Dilenji birnäçe howpsuzlyk gullugynyñ işgäri tarapyndan saklanylýar. 21 gije-gündizläp gizlin saklanandan soñra metbugat serişdeleriniñ aýaga galmagy netijesinde Içeri Işler ministriniñ metbugat habarçysy Piruz Dilenji barada çykyş etmãge mejbur bolýarlar. Piruz Dilenji bir hepde zamun saklanyp fiziki we ruhy taýdan sütem edilýär, yzyndanam 38 gün hiç bir sebäpsiz tussaglykda saklanýar. Has soñra öý tussaglygynda bolmak şerti bilen azatlyga goýberilýär. Üç aý geçenden soñra öý tussaglygy hem tamamlanýar. Häzirki wagtda Kanadanyñ Wankuwer şäherinde ýaşaýar. 2008-nji ýylyñ maý aýynda Kanada hökümeti tarapyndan Piruz Dilenjä we maşgala agzalaryna Kanadanyñ raýatlygy berilýär. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |