12:56 Pornofilme tomaşa etmek aýallara nähili täsir edýär? | |
PORNOFILME TOMAŞA ETMEK AÝALLARA NÄHILI TÄSIR EDÝÄR?
Publisistika
Duýduryş: Makalada ynjalykdan gaçyryp biljek seksual pikirler bolup biler Pornofilmiñ erkeklere ýetirýän täsiri boýunça köp sanly barlaglar geçirilenem bolsa, aýal-gyzlara nähili täsir edişi barada maglumatlar az. "Ilkinji köpçülikleýin porno sahnasyna 12 ýaşymda tomaşa etdim". 24 ýaşly Nilam Teýlor birinji gezek 12 ýaşynda pornofilm görüpdir. Bu ýaşda pornofilm görýänler diñe Nilam bilen çäklenmeýär. 2016-njy ýylda geçirilen barlaglar 11-16 ýaş aralygyndaky gyzlaryñ 53%-i internet saýtlarynda erotiki temaly wideolaty görýändigini subut etdi. "İlk toplu seks sahnesini 12 yaşındayken izledim." Muña garamazdan pornonyñ aýal-gyzlara ýetirýän täsiri barada onçakly kän bilinmeýär we bu boýunça geçirilen jikme-jik barlag hem ýok. Nilam üçin hemme zat seksuallyga bildiren kiçijik gyzyklanma bilen başlapdyr. Nilam Teýlor pornofilm görmäge 11 ýaşynda başlady • Nilamyñ kyssasy "Ilki geñ galdym. Bilýäñiz-ä, çagakak romantiki kinofilmleri köp görýändiris, seksiñ inçe we arassa zatdygy barada adamlaryñ biri-birine aşyk bolýan kinofilmlerinden..." diýende Nilamyñ sesi uýaljyrap çykýar. 11 ýaşyndan 16 ýaşyna çenli her gün diýen ýaly pornofilme tomaşa eden Nilam öz otagyna girip, diwarlaryñ boýdaşlarynyñ fotosuratlary bilen doly, kitaplaryñ we bloknotlaryñ ýerde dagap ýatan otagynyñ gapysyny içinden kiltläp, pornosaýtlarda 10 minutdan 1 sagada çenli wagtyny geçirendigini aýdýar. "Ene-atamyñ bu zatlardan habary ýok diýip pikir edýärin" diýende birden säginip: "Megerem porno adamy duýgusyzlaşdyrýar. Men has azgynçylykly epizodlary görenimde-de geñ galmaýan ýagdaýa gelip ýetdim. Gitdigiçe zorlukly hereletleri görýärsiñiz we beýleki hemme zat bolaýmaly adaty zat ýaly gözüñe görnüp başlaýar" diýýär. "Megerem birinji gezek diñe kinofilmlerde görenz zadym bilen gyzyklanyp, has köp zady öwrenesim geldi. Belki-de, libidom ýokarydy, belki-de, diñe kämillik ýaşyna girýärdim, bilemok. Ýöne belli bir wagtdan soñ has köp erotiki epizodly populýar kinofilmleri elden geçirip başladym". Wagt geçidigi saýy has aç-açan seksual epizodlary görmäge başlandygyny-da şu sözler bilen beýan edýär: "- Porno barada mekdepde eşidipdim. Emma bu zat has köp erkekleriñ etjek işi ýaly görülýärdi we men gyzlar mekdebine gatnaýardym. Bulam meniñ gyzyklanmamy hasam artdyrdy. Emma şol bir wagtyñ özünde utanýardym. Çünki beýleki gyzlaryñ etmejek, adaty däl zadyny edýän ýalydym". Internet şertinde elýeterli wideolar boýunça bilýän zady artdygyça begenjiniñ çägi bolmandyr: "Aýal-gyzlaryñ ytagat edýän, belki-de jynsy gatnaşyk etmäge mejbur bolýan, hatda zorluk ulanylýan pornowideolaryny gözläp başladym. Kämahalam garry adamlar bilen ýaş gyzlaryñ jynsy gatnaşyga girýän wideolaryny gözleýärdim. Nämüçindigini bilemok, ýöne 13 ýaşda hakyky jynsy isleglerimiñ ösüp ýetişendigine ynanmaýaryn, megerem gören zatlarymdan has köp täsirlenýärdim". • Saranyñ kyssasy Hakyky adyny bermekden saklanandygy üçin "Sara" diýip atlandyran başga bir 25 ýaşly zenan gürrüñdeşimiz hem şuña meñzeş ýagdaýlary başdan geçirendigini aýdýar: "13 ýa-da 14 ýaşymda porno görmäge başladym, hepdede azyndan iki gezek görýärdim. Hamana bu ýagdaý ýetmezimi doldurýan ýaly duýýardym. "Şolar ýaly çalt ýagdaýda bu boýunça eserdeñligimi ýitirendim ýadyma düşýär. 10 erkek bilen aýalyñ ikiýana çarp urýan synalarynyñ bolan toparlaýjyn jynsy gatnaşykly epizodlar, aýallary urýan ýa-da başga bir görnüşde masgaralaýan wideolar... Üstesine bütin bu zatlaryñ barsyny entek ýeke gezek jynsy gatnaşyga girmedik döwrümde görüp bilýärdim. "Häzirem görýärin, elbetde indi öñküsi ýaly köp däl. Emma eýýäm on ýyldan gowrak wagt pornowideolary görüp gelemsoñ indi wibrator ýaly ýokary tizlikli oýaryjylary ulanmasam, añsat-añsat bilen orgazm hem bolup bilemok". • Porno we erkegiñ beýnisi Erkekleriñ aşa köp pornowideo görmegi barada habarlarda we dürli ylmy işlerde köp zatlar aýdyldy. 2016-njy ýylda jynsy içki meýliniñ psihologiýasy boýunça Angliýanyñ döwlet hassahanalarynda işlän alym Anžela Gregori pornofimleriñ elýeterliligiñ jynsy güýç-kuwwatyny ýitirendigi üçin özüni bejertmäge gelýän erkekleriñ sanyndaky artyşyñ sebäbidigini "BBC"-ä gürrüñ beripdi. Angliýanyñ bilim edaralarynyñ biriniñ geçiren barlagynyñ netijesi 2000-nji ýyllaryñ başynda jynsy güýjüni ýitirme wakalary üçin 2-5% aralygynda üýtgäp duran pornofilmler sebäp görkezilen bolsa, öýlere internet gelmegi bilen birlikde bu görkezijiniñ 30%-e ýetendigini anyklapdy. Pornonyñ täsiri diñe jynsy güýç-kuwwatyñ dowamynda görlenok. Ýaş başyndan porno görýän erkekleriñ patriarhal çemeleşme formalaryna esaslanýan pikirlere golaýdygy, "öñdelik erkeklerde bolsa hemme zadyñ gowy bolýandygy" garaýşyndadygy görülýär. Kognitiw çemeleşme terapisti we seks baknalygynyñ bejergisi boýunça terapistlere bilim berýän ilkinji programmany işläp düzüji doktor Tadeuş Birçard "Jemgyýetimizde porno köplenç erkek güýmenjesi we käwagtam neýrologiýany gyzyklandyrýar. Aýal-gyzlar jynsy taýdan oýandyrylanda beýnä köp möçberde oksitosin (süýt çykmagyny we ýatgy bogunlaryny üpjün edýän gormon) ýollanýar. Munuñ özi iýmitlenme we adamlar bilen baglanyşyk gurmagyñ himikatydyr" diýýär we erkekler bilen deñeşdirýär: "Erkekler bolsa köp möçberde wasopressin gormona ýakyn bolýar, bulam beýniñ dowamlylyk we üns berme himikatydyr. Munuñ özi erkekleriñ internete girip, şol ýerde birnäçe sagatlap güýmenup bilmeginiñ sebäplerinden biridir, olar muña şoñ ýaly üns berýärler welin, daş-töwereginde nämeleriñ bolup geçýändigini bilmeýärlerem". Birçardyñ pikirine görä pornonyñ erkeklere hasam özüneçekiji bolmagynyñ sebäbi köp aýalyñ adam bedenine onçakly gyzyklanma bildirmeýändigi". • Pornonyñ aýalyñ beýnisine ýetirýän täsiri boýunça kimler iş alyp barýar? 11-16 ýaş aralykdaky porno görmäge başlan oglan-gyzlaryñ 94%-i birinji pornosyny 14 ýaşynda görýän eken. Iñ köp tomaşa edilýän pornosaýtlaryñ biriniñ statistiki görkezijisi aýal-gyzlaryñ erkeklere garanda has az porno görýändigini aýdýar. Şu sebäpden bu makala boýunça sorag-ideg edip başlanymda, pornonyñ aýallara ýetirýän täsiri barada kän maglumat tapyp bilmerin öýdüpdim. Emma edil beýle hiç zat tapman oturmajagymy-da çak edemokdym. Men (akýagyz we geteroseksual bolandygym üçin) aýratyn pozisiýada durýaryn, ýöne şonda-da öz tejribämi görkezip biljek ylmy-barlag işine gabat gelmedim. Menem özüm ýaly populýar pornosaýtlary dörüp ýören başga adamlar bilen habarlaşyp, munuñ olara nähili täsiriniñ bardygyny bilmäge synanyşdym. "BBC Three" üçin 18-25 ýaş aralygyndaky 1000 adam boýunça geçirilen barlagyñ netijesi aýal-gyzlaryñ 47%-niñ soñky bir aýyñ dowamynda porno görendiklerini subut etdi. Ylmy-barlaga gatnaşan aýallaryñ 14%-i belli bir derejede pornofilmlere bakna bolup galjagyny pikir edýär. Şeýle-de barlagy geçiren hepdelerimde we aýlarymda hünärmenler maña şobir jogaby berdiler: "Aýallar pornony mejbury isleg bilen görenok. Şeýdip görýänlerem mundan onçakly täsirlenip durmaýar". Emma gürleşen aýal-gyzlarym maña başga zatlary gürrüñ berdi. • Aýal-gyzlar näme diýýär? Nilam 16 ýaşyndaka özünde galdyrýan fiziki täsiri sebäpli porno görmegi taşlapdyr: "Birinji gezek bir erkek tanşym bolupdy, men onuñ bilen jynsy gatnaşyk eden wagtymda hiç hili höwesimiñ ýokdugyny duýdum. Meniñ pikirimçe porno tutuşlygyna bitertip isleglerden ybarat, aýratynam kompýuteriñizde şol bir wagtyñ özünde 10 dürli wideo açyk duran wagty. Eýse haýsy hakyky adam muny edip biler? Porno görenimde başdan geçirýän fiziki synagym bilen hakyky jynsy gatnaşyga girende başdan geçirýän zadymy deñeşdirenimde hakykaydanam gorkup başladym. "Jynsy gatnaşyga girmezden öñ özümi gyjyndyrmak üçin hajathana girup birsellem porno göräýmeli bormukam?" diýip öz-özüme sorag berdim". Şondan soñ porno görmegi taşlan Nilam "Şobada mundan el çekdim we gaýdyp ýeke gezegem göresim gelmändigi üçin "şoña garaşlydym" diýerin öýdemok" diýýär. Hakyky adynyñ ýerine Hanna adyny ulanan 28 ýaşly zenan hem köp porno görmegiñ duýgylary öldürýändigi bilen ylalaşýar. Ýöne bu islegiñ ýüze çykmagy Hannanyñ peýdasyna bolupdyr: "Men teletinbaz (lezbiýanka). Heniz 8-9 ýaşlarymdaka zenanlardan täsirlenýändigimi bilýärdim. Ýöne ilkinji teletinbaz seks sahnasyna tomaşa edýänçäm "hawa, dogry, indi bildim" diýip bilmändim". Hanna munuñ özünu gowy duýmagyna kömek edýändiini aýdýar we "12 ýaşymdakam ilkinji gezek jynsy meýillerim oýanyp başlady" diýip sözüniñ üstüni ýetirýär: "Jynsy meýillerimi başga bir zenan bilen bile kanagatlandyryp biljegimi görmek meniñ üçin juda gyzykly bolup göründi. Ine, şol sebäpdenem mende porno oñyn täsir döredip biljekdi. Çünki özüñ ýaly birini tapmasañ ýa-da öz başdan geçirýän zatlaryñy başdan geçirýän biriniñ bardygyny bilmeseñ özüñi çetleşdirilen ýaly duýýarsyñ". Muña garamazdan teletinbaz pornosy Hannada lapykeçlik döredipdir: "Populýar internet saýtlaryndaky köp teletinbaz pornost aslynda geteroseksual erkekleriñ fantaziýasy, olar iki aýalyñ nähili seks gatnaşygyny etmelidigini pikir edýän bolsa, şonuñ ýalam surata düşürilýär. Bulam meniñ ýaly adamlary kökenek edýär. Hawa, porno bizi - teletinbaz zenanlary agressiýanyñ nyşanasyna öwürýär. Kämahal kafe-barlarda erkekler agressiwleşýär, ýanymdaky joram bilen ýakynlaşyp durkam göresiniñ gelýändigin8 aýdýar. Hatda käte geteroseksual aýallaram bizi duýgylary we öz islegleri bolan zenan hökmünde däl-de, özleri üçin eksperiment hökmünde görýär". • Porno, jynsy tejribeler, utanç-haýa Ginekolog we jynsy meýiller psihologiýasy institutynyñ press-sekretary doktor Leýla Frodşam "Ýigrimi ýyl bäri adamlary bejerip gelýärin. Aýallaryñ arasynda "porno bilen meselesiniñ bardygyny" aýdýan ýekesine duş gelmedim" diýýär: "Bu boýunça geçirilen birnäçe ylmy-barlag işleri bar. Ylmy-barlaglaryñ birinde diñe 48 adam bilen gepleşipdirler we aýallaryñ jynsy taýdan gyjyndyrylmagynyñ erkeklerden hiç hili tapawudynyñ ýokdugy belli bolupdyr. Beýlekisinde Ýakyn Gündogardaky 200 aýaldan soralypdyr. Aýallaryñ jynsy ýakynlaşma ýygjamlygy taýdan tapawutly ýerleri ýok. Emma jynsy islegleriñ we libidonyñ arasynda tapawutlar bar, aýallar muny "seksden bizar bolmak" diýip atlandyrýar". Frodşamyñ pikiriçe porno jynsy tejribelerde üýtgeşme döredip bilýär. Şeýle-de adamlaryñ ýüz-gözünde jynsy ýollar bilen ýolugan infeksiýalaryñ ýüze çykma derejesiniñ artýandygyny, munuñam porno görme derejesiniñ artmagy bilen baglanyşyklydygyny aýdýar: "Ýigrimi ýyl mundan öñ beýle zatlara seýrek duş gelerdik. Indi bolsa gün geçdigiçe artýar. Munuñam bir sebäbi erkekleriñ dölüni aýallaryñ ýüzüne dökmegi. Erkeileriñ jynsy problemalarynyñ köpüsiniñ porno bilen baglanyşyklydygy aýdylanda, aýallar babatda bu meseläniñ üstünde durlup geçilmezligi diýseñ täsin. Ýogsam bolmasa, olaram ir wagtlardan başlap pornonyñ berýän ejirlerine sezewar bolýarlar ahyryn. Şu boýunça geçirilen ylmy-barlaglar köpdür öýdemok. Ýeterlik derejede ylmy-barlaglaryñ ýok ýerinde-de şuny pikir etmeli bolýarys: Aýallar fiziki we ruhy problemalary başdan geçirenlerinde lukmanlaryna muny aýtmaýarlarmyka? Şeýle temalarda gürleşmäge utanýandyklary üçin şeýlemikä? Ýa hakykatdanam hiç hili problemalary ýokmuka?" Erika Garza sekse bolan baknalygy sebäpli bejergi aldy • Erikanyñ kyssasy 36 ýaşly amerikan ýazyjysy Erika Garza gije ýarymdan soñ telewizorda "ýeñiljek porno" görmäge başlanda 12 ýaşynda eken. (Şol wagt 1994-nji ýyl bolansoñ, internet ýañy-ýañy ýüze çykyp başlapdy). "Oñurgamda gyşyklyk bardy we arkama direg goýup mekdebe gidýärdim. Klasdaşlarym üstümden gülýärdiler, erbet kemsinýärdim. Pornografiýa we öz-özümi begendirmek ýoly bilen mundan gaça durup, özümi gowy duýmagyñ ýoluny tapdym". Nilamda bolşy ýaly, Erika hem düýpde ýatan utanç duýgusy bilen bu işi bukulyp edipdir: "Munuñ doly nireden çykandygyny bilemok, ýöne aklyma gelen birnäçe zat bar. Katolik gyzlar mekdebine gatnaýardym we seks diñe biri-birini halaýan aýaldyr erkegiñ arasynda diñe köpelmek üçin edilýän iş hökmünde gürrüñ berilýärdi". Erika ýetişdirilende-de jynsy ýanaşmanyñ gomoseksuallyk ýa-da biseksuallyk bilen galtaşygynyñ ýokdugyny pikir edip ulalypdyr. Emma ol hemişe özüniñ biseksualdygyny (hem öz jynsyna, hem garşydaş jynsa jynsy meýil duýmak) bilýärdi: "Meniñ duýýan zatlarym boýunça hiç zadyñ ýoklugy özümi erbet duýmagyma sebäp bolýardy. Şonuñ üçin maña hemişe jynsy höwesde ýaşamagyñ "dogry" ýoly şo ýaly duýulýardy. Şol bir wagtyñ özünde zenan bolmagam (zenan köplenç özünde nämäniñ jynsy meýil döredýändigi barada aýtmaýar, sebäbi aýtsa, "künti", "bozuk" ýa-da ondanam has erbet atlar dakylýar) bu höweslerimizden utanma müddetiniñ bir parçasy, şol sebäpden mejbury endiklerimizi ösdürýäris". Erkika her gün porno görmese-de, munuñ şahsy durmuşyna we gatnaşyklaryna täsiri uludy: "Haçanda azarlasam ýa-da özümi ünjüli duýsam porno görýärdim. Bulam meni başga hili gatnaşyklardan daşlaşdyrýardy. Özümi jemgyyetden çetleşdirmäge, erbet duýmaga başladym. Bir problemamyñ bardygyny bilýärdim we syrymy özümden başga hiç kime dökemokdym". 2014-nji ýylda "Salon" žurnalynda çap etdiren makalasynda, ol sekse bolan baknalygyndan gutulmak üçin bejergi almagy makul bilendigini aýdýardy. Ol makalada şeýle diýýärdi: "Köplenç köpçülikleýin jynsy gatnaşyga girýän wideolar gowy gaçalga bolýardy. Emma indi beýle däl. Gözlege, has köp keýp aljak wideogalareýamy döretmäge dowam etdim. Birinden doly manyda täsirlenmäge garaşýardym. Ahyrsoñunda tapdym. Endamymy lerzana salýan, ýüregimiñ urgusyny çaltlandyrýan, tolgunmadan ýaña burçak-burçak der akdyrýan heýjany başdan geçirdim. 90-njy ýyllaryñ ahyryndan galan köne wideody, ýöne gowudygyna söz ýokdy. 500-den gowrak erkek bardy. Bir gezek, soñ iki, soñ üç gezek bu wideony ulandym. Soñra ýene ulanmak üçin ýazgy edip goýdum. Kompýuterimi açyp-ýapanymda, hemişe alýan orgazmymdan soñky duýgyny başdan geçirmeýärdim. Ýüregim bulanýardy, özümi günäkär duýýardym. Hamana hemme zadyñ tapawudyny bilýän ýalydym". Bu tejribe Erikasa dürli hili täsirleri döredipdir. "Bu ýagdaý dürli jynsy senarilere gyzyklanmamyñ artmagyna getirdi, başga hili bolanda bular ýadyma-da düşmezdi. Mysal üçin, düşekde biriniñ maña gödek çemeleşmegi, degnaña degiji sözler bilen gürlemegi... Şol bir wagtyñ özünde erkekleriñ aýallardan has uly bilan birnäçe pornowideolary gördüm, ahyrynda erkeklerden agressiw hereketlere garaşmaga we muny islemäge başladym. Ýene bir zat bardy: nähili teniñ bolmalydygyny-da pikir edip başlapdym. Tenimdäki ähli tüýleri ýolup aýyrdym, çünki ekranda görýän zadym şudy". • Porno seksual durmuşyñyzdaky garaşýan zatlaryñyzy özgerdýärmi? Nilam ýyllar geçdigiçe pornonyñ seksual arzuw-isleglere nähili täsir edýändiginiñ pikirini edip başlady: "Kem-kemden dürli aýal-gyzlara pornowideolarda nähili çemeleşilýändigini gördügimçe aýal adam bolmakdan has zyýat adamlaryñ isleg bildirýän, yzyñda ser-sepil bolýan "närsesidigimiz" pikirine geldim. Şol bir wagtyñ özünde şaýatlyk eden güýç dinamikalarymy öz durmuşymda amala aşyrmaga synanyşdym. Birnäçe ýyllap ýaş gyzlar bilen garrt erkekleriñ jynsy gatnaşyklaryny görenimden soñ 17, 18, 19 ýaşymdakam ýaşy has uly adamlar bilen ýatyp-turmaga başladym. Bir ýöne bir tötänlikmi, bilemok. Haýsysynyñ düýp sebäbidigini hem hiç wagt bilip bilmerin, eýsem bu meniñ seksuallykdan garaşyan zadymmy, ýa bolmasa porno muña sebäp boldumy?" Munuñ özi gürrüñdeş bolan birnäçe aýal-gyzymdan soran soragym boldy. Menem munuñ bilen hemişe gyzyklamyp geldim. Mysal üçin, has ýaşkam jynsy gatnaşyk pursatynda hemişe passiw bolmagyñ gerekdigini pikir edýärdim, çünki seks "maña" ediläýmeli zatdy. "Etdirmek" meýli hemişe içimde barmydy ýa-da men muny pornowideolardan öwrendimmi? • "Hiç kimse, aýratynam ýaş gyzlar jynsy gatnaşyga bolan pikirini pornowidelardan edinmeli däl" 2010-njy ýylda 300 pornowideo boýunça geçirilen barlagda pornowideolaryñ 88%-njiñ fiziki zorluk ulanýandygy anyklandy. Edil şol barlaglaryñ netijesi zorlukly hereketleri amala aşyrýanyñ erkeklerdigini, zorlukly hereket edilýänleriñem aýallardygyny we aýallaryñ bu zorlukly hereketleri tebigy ýagdaýda kabul edip keýp almaga başlaýandygyny görkezýär. Şuña meñzeş barlaglar zorlukly hereketlerden doly pornowideonyñ erkeklere ýetirýän täsiri entek döremänkä netijelenýändigini öñe sürýänlerem pornofillere gyzykmak bilen zorlugyñ arasyndaky baglanyşygyñ juda azdygyny subut edýär. Şol bir zadyñ aýal-gyzlara ýetirýän täsiri barada juda az maglumatlar bar. Nilam "Her näme bolanda-da, meniñ pikirimçe mekdepler çagalara seksuallyk boýunça bilim berme babatda has aktiw bolmaly" diýýär: "Menin pikirikçe seksuallyk we porno şindizem tabu ýaly bolup görünýär. Eger mekdep bu wezipäni ýerine ýetirmese, çagalary porno hökman tapýar. Hiç kimiñ, aýratybam ýaş gyzyñ jynsy gatnaşyklar boýunça düşünjäni pornodan almaly däldigine ynanýaryn". Käbir aýallar bolsa pornony jynsy meýillerini kanagatlandyrmak üçin, ýadawlykdan we trawmalardan ünslerini sowmak üçin görýär. Ýazyjy Jessika Walentiş öz jynsy baknalyklary barada kitap ýazypdyr. Ol pornony garşysyna çykan kynçylyklara garşy göreşmegiñ usuly hökmünde we geçmişdäki ajy tejribelerini basgylap geçmek üçin nähili ulanandygyny gürrüñ berýär. Doktor Birçardyñ hem aýdyşy ýaly, "Pornont bular ýaly formada impulsiw ulanýanlar üçin aslynda munuñ sekse dahylly ýeri ýok. Onuñ aýdýan zady gözegçilik edip bolmaýan kynçylyklary kiparlarmak bilen baglanyşykly... Bu çakdanaşa gaýgy-gussa, ýadawlyk, depressiýa bolup biler. Ýalñyzlyk bolup biler. Erkekde-de, aýalda-da eger jynsy çemeleşmeler impulsiw we mejbury ýagdaýa öwrülen bolsa, bu ýagdaý gaçybatalga gözlemek bilen baglanyşyklydyr". Ýakynda Angliýada güýje girmeli 18 ýaşdan aşakdakylara porno görmek gadagançylygy çagalar üçin gödek porno epizodlarynyñ elýeterliliginden gelip çykýan problemalara garşy göreşmegi göz öñüne tutýar. "Porno gadagançylygy" diýlip at berilen kanunyñ çäklerinde indi ulanyjylar resmi maglumatyny (mysal üçin pasport seriýasyny) bermek ýa-da gazet satylýan kiosklardan ýaşlaryny subut edýän kart almaly bolarlar. Häzire çenli bu kanunyñ haçan güýje girjegi barada hiç hili beýanat berilmedi. Hökümetiñ press-sekretary "BBC Three"-niñ habarçylaryna "Bu bütin dünýäde ilkinji gezek bolýan, çagalarymyzy internetde görmesi has elýeterli uly ýaşlylara degişli wideolardan goramak üçin ädilen ädimdir. Hökümet we düzgünleşdiriji "Iñlisfilm" kategoriýalandyrma topary muny iñ dogry görnüşde amala aşyrmak üçin işleýär. Başlanjak wagtyny ýakynda habar bereris" diýdi. • "Günäsiz" porno Erika "Porno görmek aýyp zat däl. Arak ýaly-da bü, käbirleri bir bulgur içensoñ bes edýär. Käbirleri bolsa bir çüýşäni başyna çekmese oñmaýar" diýýär. Erika bu boýunça gören-eşiden, başdan geçiren zatlaryny kitaba geçirdi. Onuñ ýazan kitaby dünýäniñ birnäçe ýerinden özi ýaly aýal-gyzlaryñ Erika bilen habarlaşmagyny üpjün etdi. "Megerem bu üstünde aýratyn durlup geçilmäge mätäç utanç duýgusy. Bu duýgy aýal-gyzlaryñ öz başdan geçirmeleriniñ arasynda gysylyp galmagyna sebäp bolýar. Meñkä meñzeş zatlary başdan geçiren köp aýal-gyza duş gelmändim. Megerrm şu sebäpden ýazanlarym çalt ýaýyldy, megerem bu barada hiç kimde aç-açan gürlemeýär. "Gelip özüñiz görüñ, başdan geçirenlerimi ýazyp hemme zady orta atanymda alys Singapurdaky 14 ýaşly gyzdan başlap, orta-günbatar Amerikadaky 45 ýaşly aýala çenli meniñ bilen habarlaşdy. Olaram şuña meñzeş zatlary gürrüñ berýärdiler, erk-ygtyýarlaryny elden giderendiklerini, internetdäki şeýle zatlary iñ amatly formada nädip ulansa boljakdygyny öwrenmek gerekdigini aýdýardylar. Şonda men şu meselede aýal-gyzlar bilen erkekleriñ arasynda onçakly uly tapawut ýokdugyny duýdum. Ýeke uly tapawut aýal-gyzlaryñ bu barada aýdyp ýörmeýändigi". Mysal üçin, Nilam özi boýunça anyk netijä gelipdir: "Birküç ýyl öñ täzeden pornofilme tomaşa etmäge synanyşyk etdim, nähili täsir edýändigini bilesim geldi. Hiç keýp almadym, meniñ üçin mundan beýläk pornofilmiñ gyzygy gutarypdy". Hanna wagtal-wagtal pornofilm görmegini dowam etdirýär, emma ol wideolary saýlap-seçip görýär, çem gelen zady görenok: "Populýar porno saýtlarynda meniñ adymdan çykyş edilmeýändigini pikir edýärin, şol sebäpden has kiçi, etiki prodýuserleri tapmaga synanyşýaryn, bular ýalysy-da bar. Käwagtam är-aýalyñ öýde öz düşüren wideolaryna seredýärin. Has hakykata ýakyn görenlerim maña gowy keýp berýär Hiç kimi pornofilmleriñ formasy üçin tankytlap bilmerin, emma meniñ pikirimçe her dürli jynsy gatnaşyk formalaryny görkezýän sýužetleri taýýarlajak bolmaly. Meniñ özüm akýagyz tenli we fiziki taýdan örän hyjuwly teletinbaz (lezbiýanka). Emma populýar porno saýtlarynda meniñ ýaly görünýän we hereket edýän hiç kimi göremok. Has marjinal toparlaryñ näme duýýandygyny pikir edenimde inim düýrükýär". Meniñ özümem Erikanyñ aýdýanlaryny makullaýaryn, porno görmek aýyp zat däl. Emma uzak wagt bäri birnäçe aýal bilen bu baradaky başdan geçirenlerimi gürrüñ edip durkam bir zady duýdum, has güýçli organizmleriñ we partnýorlaryñ arasynda hakyky ýakynlykda görjek formamyzda has köp dürli sýužetleri taýýarlamaly bolarys. Ýagny has keýp beriji, pozitow taraplarymyzy otta çykarýan, seksuallygy has mazaly pursatlara öwürýän pornofilmlere. Bu şolar ýaly kyn bolarmyka? Aleksandra JONS. "BBC Three", 20.03.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |