22:05 Professor Kuran barada | |
PROFESSOR KURAN BARADA
Gurhany öwreniş we Hadys ylmy
Professor Klaus Şwarsenau Germaniyada dörän taze filosofiki akymyň liderleriniñ biri hasaplanýar. Eger-de ýakyn geljekde Ýewropada yslam bilen bitewileşen hakyky manysyndaky we arassa hristiançylyk yüze çykaýsa, onda munuñ ýüze çykmagynda şübhesiz bu adamyň paýy uly bolar. Ylym dünýäsi üçin uly gymmaty bolan bu alym professor Gans Küng bilen bile Bediüzzaman Said Nursiniñ ýarym asyr mundan ön habar beren "Musulman isaýylar" jemgyýetiniñ ylmy esaslaryny goýdy. Bu bolsa hristianlaryň musulmanlara, pygamberimiz Hezreti Muhammede (s.a.w) we Kurany-Kerime garaýyşlaryny taryhy nogsanlyklardan arassalanan görnüşde hakykata ýakynlaşdyrdy. Kurany Kerimi deñi-taýy bolmadyk almaza meñzedýän Şwarsanau: "Onuň ähli ýüzi many yşyklaryny saçýar. Galyberse-de Kuran Allanyň ähli döwürlere ýüzlenýän, ähli döwürlerde güýjüni saklaýan kelamy hökmünde yzygiderli okanyňa degýändir. Eger siz oña doly berilmeseniz, ol hem size syrlaryny doly açmaz" diýýär. Hut özüniń tejribeleri bilen Kuranyň hem ruhum, hem-de bedeniñ şypa çeşmesidigini subut eden alym bu ylahy kitaba "Injiliñ kwadraty bolan bir kitap" diýip baha berýär. Dortmund uniwersitetiniñ geologiya kafedrasynyň professory bolup işleýän Şwarsenau Kuranyň hristianlary, ýahudylary we musulmanlary birleşdir jek ýeke-täk ylahy çeşmedigini aýdýar. Ynha onun Kurana bolan ginişleýin garaýşy: "Men özümi Kurany Kerim barada dime gowy pikir edýän hristian hasaplaýaryn. Öñ hem Kurany birnäçe gezek okamaga çalyşdym, emma hiç zada düşünmedim. (Alymyň düşünmedim diýýän zady Kuranyň özi däl-de terjimesi ýa-da düşündirişli tefsiri bolmaly. Olaryň bolsa Kuranyň ýerini tutmajakdygy hemmä mälimdir.) Şondan birnäçe wagt soň menin ruhy dünýämde nähilidir bir täsin öwrülişigin bolýandygyny andym. Men özümi boşlukda ýaly duýýardym we ähli zat meniň üçin manysyny ýitiripdi. Birden mende Kurany okamaga bolan güýçli isleg döredi. Şol bir wagtda men bu mukaddes kitaba düşünmek üçin ona bütin durkuň bilen berilmelidigine göz yetirdim. Şondan son Kurany örän ünsli we yhlas bilen okamaga başladym. Ony okan halatymda öñünden edýän ýaramaz pikirlerimden özümi saplap, uzak wagtlap yerlikli pikirlenmäge çalyşdym. Ahyrsony Kurany-Kerimiň Allanyň kelamydygyna doly göz ýetirdim. Hawa, Kuran Allanyň kelamydyr. Ol adamlaryň ýüregini açýar, olaryň ruhuna ýagtylyk saçýar, ruhy sarsgynlaryny aradan aýyrýar, şübhelerden halas edýär we ähli ruhy duygularyny kanagatlandyrýar. Stili we manysy taýyndan oňa taý geljek kitap ýokdur. Ol Injilden birnäçe gat ýokardadyr. Diýseň gözel many nagyşlary bilen bezelen, deňsiz-taýsyz göwhere meňzeýär. Men "Kuran ylmy" atly eserimi hem şu hakykaty adamlara beýan etmek we düşündirmek üçin ýazdym. Hristiançylykda howply bir ynanç bar. Bu ynanç Allany diñe öz diniñ üsti bilen tanamak ynanjydyr. Hristianlaryň bu ýaramaz ynançdan ýüz öwrüp, Kurany jany-teni bilen deňlemekleri gerek. Çünki Injilde Allanyñ taryp edilişi yalnyşlyklardyr nogsanlyklardan doludyr. Öñki çeşmelerde aýdylan zatlar bilen täze çeşmelerde aýdylýan zatlaryň arasynda örän uly tapawut bar. Injile düşünmek babatda Kuran nähili rol oýnaýar? Bu sowala jogap bermek üçin Injiliñ häzirki döwre gelip ýetmek üçin nähili yol geçendigini bilmek gerek. Mälim bolşy ýaly, Injil Hezreti Isa pygambere indirilen wagtynda ýaylmady. Ilkinji nusgalary ondan-mundan eşidilen sözlere we hekaýatlara esaslanyldy. Şonuň üçin hem Injilin öz hakykylygyny doly gorap saklandygyny aýtmak örän kyn. Galyberse-de ilkinji hristianlardan galan hekaýatlaryň ählisiniň toplanyp alnandygy-da belli däl. Munuň tersine, Kurany-Kerimiň ýekeje harpy-da bozulmandyr we asly üýtgedilmändir. Ol özünden öñ inen ylahy kitaplarda gürrüň berlen zatlaryň ählisini dolulygyna orta atýar. Adamzadyň geçmişi baradaky rowaýatlardyr kyssalary hiç hili bozman we üýtgetmän bize ýetiren hem-de bizin başdaky tebigatmyzy beyan edýän Kurana minnetdarlyk bildirmelidiris. Kuranda aýdylmagyna görä, Hezreti Isa (a.s) Allanyň guly we pygamberidir. Hezreti Meryem bolsa hormatly aýallaryň biridir we ol Hezreti Isany (a.s) atasyz dogrupdyr. Hezreti Isa (a.s) öldürilmändir, asmana çykarylypdyr. Ol ahyrzamanda täzeden Ýere gaýdyp geler, musulman bolar we dinsizler bilen göreşer. Hut şonuň üçin hem Kurana garşy çykmagymyza hiç hili sebäp ýokdur. (Hezreti Isanyň täzeden Ýere inmegi meselesiniñ göçme manyly tarapy hem bardyr. Ýagny bu oňa tabyn bolan hristianlar käbir ýalñyş ynançlardan saplanarlar, yslama tabyn bolarlar, dinsizlere garşy göreşerler diýmekdir. Hormatly professor munuň aýdyñ mysalydyr. Awt.) Kuranyň "Muhammet Allanyň ilçisi we iñ soňky pygamberidir" diyen aýaty hristianlar üçin nähili manyda gelýär? Muňa menzeş bir jümle Ýuhanna Injilinde-de bar. Onda şeýle diýilýär: "Men size dogrymy aýdýaryn. Meniň gitmegim siziň üçin haýyrlydyr. Çünki men gitmesem Paraklet size gelmez, yöne gitsem geler. Ol size ähli hakykaty ýetirer. Ýöne diñe özüne mälim edilen zatlary aýdar. Özi barada gürrüň etmez. Geljekdäki hakykatlar barada size maglumat berer". (Ýuhanna 16.7.13) Şu zatlary aytmak bilen Hezreti Isa bu ýerde özünden soň geliek pygamber barada habar berýär. Onuň adyny "Paraklet" diýip tutýar. (Paraklet-erbetligi we gowulygy biri-birinden aýyl-saýyl edýän adam diýmekdir. Ol Pygamberimiziň (s.a.w.) Faruk diýen adyna gabat gelýär.) "Paraklet" Kurany Kerimde gürrüňi edilýän Ahmetden başga hiç kim däldir. Wehbi WAKKASOGLY. Suratda: Özbek aýdymçysy Dildara Nyýazowa | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |