14:35 Psihologiki uruş näme? | |
PSIHOLOGIKI URUŞ NÄME?
Publisistika
Uruşlar diñe gyzgyn frontlarda bolup geçenok. Uruş - islendik wagt, islendik ýerde we islendik serişde bilen bolup biler. Urşuñ iñ howply görnüşierinden biri bolan psihologiki urşuñ nämedigini bilmąge synanşalyñ. Urşuñ birnäçe görnüşi bar. Olar: ýadro urşy, biologiki uruş, tehnologiki uruş, ykdysady uruş, howa urşy, medeniýet urşy, psihologiki uruş. Psihologiki uruş - garşydaş tarapyñ düşünjesiniñ, hereket ediş terziniñ, oý-pikirleriniñ, duýgylarynyñ, ýörelgesiniñ we ynanjynyñ üstünde köplenç zorlukly çäreleri ulanmak arkaly psihologiki güýji ýok etmegi maksat edinýän uruş formasyna aýdylýar. Netijede psihologiki uruş formasyny ýarag serişdesine öwren tarap garşydaş tarapyñ psihilogiki güýji gowşadyp, özleri gegemoniýalyk sürýän güýje öwrülýär. Şu maksat bilen amala aşyrylýan ähli operasiýalara psihologiki uruş diýmek mümkin. Psihologiki uruş formasyny dünýäniñ iñ ösen imperial döwletleri ýygjam ulanýar. Olar hernäçe özlerini parahatçylygyñ goragçysy ýaly görkezmäge çalyşýanam bolsalar, aslynda biri-birlerini içinden opurýan teoretiki we psihologiki garpyşygyñ içindedir. Özlerini parahatçylygyñ wekili hasaplaýan bu döwletler "parahatçylyk" sözüne duwlanyp, jeñbazçylykly syýasatlaryny durmuşa geçirýärler we şoña görä hereket edýärler. Mysal üçin Orsyýet patyşalygynyñ habar beriş serişdeleri rus basybalyjylaryny 1873-nji ýylda Gazawatda, 1881-nji ýylda Gökdepede eline hyrlydyr gylyç, taýakdyr gyrkylyk alyp watanyny goramaga çykan türkmen watançylaryny paýhynlap bildigiçe paýhynlap, yzyndanam bulagaýlyk döretmäge çalyşan birtopar garakçylary ýoguna ýanan ýaly görkezipdiler, ýa bolmasa geçen asyryñ başlarynda Jüneýit hanyñ, Eziz hanyñ daşyna jemlenen ildeşlerimize ýetmiş ýyllap basmaçy, halk duşmany we ş.m. ýalan-ýaşryk töhmetler atyp, halkymyzy aldap geldiler. Elbetde, bularam bir halky psihologiki taýdan çökerip, gysaja almagyñ iñ köp ulanylan ýoly boldy. Psihologiki uruş garşydaş tarapyñ syýasy, ykdysady gurluşyny we sosial-medeni sütünini zäherläp, şoña görä hem urşuñ jylawyny öz eline almaga çalyşmakdyr. Psihologiki uruş wagyz-nesihat ýoly arkaly amala aşyrylýar. Ikinji jahan urşunda, Owgan urşunda, Wýetnam urşunda, Liwanda, Ysraýyl-Müsür urşunda munuñ her dürli wersiýasyna gabat gelindi. Psihologiki urşuñ täsiriniñ iñ ýiti görülen ýeri Pars aýlagy urşudyr. Psihologiki uruşda ýalany hakykat ýaly görkezmek, adamlaryñ añyny ýalan näme-hakykat näme, seljerip bilmez ýaly derejede bulaşdyrmak, howsala ýaýmak ilkinji wezipe bolup durýar. Gitleriñ wagyz-nesihat işleri boýunça ministri Gebbels "Ýalan näçe uly boldugyça ynandyryjylygy şonça güýçli bolýar" diýýän eken. Şonuñ üçin daşary ýurt teleýaýlymlarynda eşidýän we dürli internet sahypalarynda okaýan zatlaryñyza dessine ynanjak bolman, ony kimiñ ýazandygyna we kimiñ näme diýmek isleýändigine intipis etmek gerek. # Internet maglumatlary boýunça taýýarlandy. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |