01:28 Psihologiýa ýalany | |
PSIHOLOGIÝA ÝALANY
Psihologiýa
Psihologiýasy iň bozuk jemgyýet jahylyýet döwründäki arap jemgyýeti bolupdy. Adamlar atasynyň mirasyna ir eýe çykmak üçin öz atasyny öldürip, jesedini duşmanynyň ýa-da dawalaşan ynsanynyň meýdanyna taşlaýardy. Soňra Pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna gelip, "Atamy biri öldürdi, jesedini meýdanda tapdym" diýip, aýdýardylar. Pygamberimiz (s.a.w) olaryň sözlerine ynanýardy. Käbir alymlar "Zümer" süresiniň 19-njy aýatynyň inmeginiň sebäbini şular ýaly wakalar bilen baglanyşykly diýip, şeýle düşündirýärler: "Alla, gözleriň hyýanatyny we ýürekleriň içindäki gizlin zatlary hem görýär". Bu gün ýalan enjamy adamzadyň ýalanlaryny we hyýanatlaryny dolulygyna ýüze çykarýar. Göz we gaşlaryň hereketlerinden peýdalanyp, näme diýilýänini analiz edýär. Biz jahylyýet döwrüniň psihologiki bozulmalarynyň esaslaryna dolanyp gelýäris. Jahylyýet döwri "Sen meniň duşmanym!" diýip, birek-biregi öldürýänler, öz gyzlaryny diri halda jaýlaýanlar, aýallaryny bir erkekden başga erkeklere tabşyrýan bozuk bir jemgyýet bolupdy. Şol döwürde pygamberimiz (s.a.w) bu bozuk halky nähili tälim-terbiýe bilen maslahatlandyrdy? • Pygamberimiz (s.a.w.) olara şu dört ýörelge bilen ýüz tutdy: 1. Allaha we ahyret gününe ynanan adam gowulyk bilen gürlesin ýa-da dymyp otursyn. 2. Gowy ahlakly musulman özüne degişli bolmadyk zatlara goşulmasyn. 3. Gazaplanmasyn. 4. Özüne halan zady doganyna hem halal görsün. Bu dört ýörelge özüňi terbiýelemek üçin ajaýyp nusgalar bolup durýar. Biraz oýlansaňyz, bu gün biziň ähli etýän işlerimiziň tersi edilýär. Biz psihologiýany öz dini bähbitlerimize garşy ulanýarys we din bilen baglanyşykly bar zatlary Ýewropadan öwrenýäris. Fatih Soltan Mämmediň goşunyndaky esgerleriň ýaşlary 16-22 ýaş aralygyndady. • Psihologiýanyň "geçiş döwri" baradaky ideýasy hakynda hiç oýlanýarmysyňyz? Psihologlar 14-20 ýaş aralygyndaky ýaşlary "geçiş döwri" diýip atlandyrýarlar. Käte bu döwürdäki wakalara "häzir ol geçiş döwründe ahyryn" diýip bahana tapýarys. Bu bolsa şol ýaşlaryň jogapkärçiligini azaltmak we olaryň işlerini ýeňilleşdirmek maksady bilen öňe sürülýär. Emma Kurany Kerim we hadyslarda beýle döwrüň bardygy barada hiç hili ýatlama ýok. Yslam taryhyndan mysal getirsek: - Abdyrahman Nasr ýigrimi bir ýaşynda Andalus döwletini dolandyrýardy we döwlet üýtgetmelerini amala aşyrdy. - Fatih Sultan Mämmet ýigrimi iki ýaşynda döwüriniň iň uly hökümdarydy we Konstantinopoluň ýeňilmezek hasaplanýan gala diwarlaryny böwsüp ýeňiş gazandy. - Usama ibn Zeýd on sekiz ýaşynda bolup, Ebu Bekir Syddyk we Omar ibn Hattabyň özünden ululygyna garamazdan, yslam goşunynyň serkerdesi edilip bellendi. - Muhammet Kasym on ýedi ýaşynda Päkistan bilen Hindistan araçägindäki Sind welaýatyny ýeňip aldy. - Sagd ibn Ebu Wakgas on ýedi ýaşynda Pygamberimiziň (s.a.w.) maslahat geňeşiniň alty agzasynyň biri boldy. Pygamberimiz (s.a.w.) oňa "Men özümiň kömekçimi Sagdy saýlap alýaryn" diýip, berk ynam bildiripdi. - Erkam ibn Ebu Erkam on alty ýaşynda öýüni Pygamberimize (s.a.w.) berip, oňa on üç ýyllap hyzmat etdi. - Talha ibn Ubeýdullah on alty ýaşynda uruşlarda Pygamberimiziň (s.a.w.) janyny gorap, ähli garşy durmalara garşy söweşdi. - Zubeýr ibn Awwam on bäş ýaşynda bolup, pygamberimiz (s.a.w.) oňa "Meniň ýakyn kömekçim we yslam üçin söweşijim" diýip ýatlaýardy. - Amr ibn Jumuah on üç ýaşynda we Muaz ibn Afra on dört ýaşynda Bedr söweşinde Ebu Jehli öldürip, taryh ýazdy. - Zeýd ibn Sabit on üç ýaşynda wahyý kätibi bolup, on ýedi günüň içinde sürýany we ýewreý dilini kämil derejede öwrenip, Pygamberimiziň (s.a.w.) terjimeçisi boldy. - Ymam Mälik ibn Enes fetwa bermäge on ýedi ýaşynda başlady. Ol "Medinede ýetmiş alymyň pikirine goşulmazdan fetwa bermedim" diýip aýdypdyr. Geçiş döwrüniň ýalňyşlygyndan çykyp, çagalaryň özüne bolan ynamyny we mertebesini ösdürmegiň wagty geldi. "Geçiş döwri" diýilýän düşünje uly bir howsaladan başga zat däl. Bu düşünjäni Ýewropalylar yslama garşy ýörite strategiýa hökmünde girizdi, maksady bolsa ýaşlary öz maşgalasyndan we jemgyýetinden üzňe edip, ýok ediş strategiýasyny durmuşa geçirmekdi. Netijede, bu strategiýalar bilen üstünlik gazanyldy. Psihologiýany öwrenmek üçin hiç haçan yslamdan başga çeşme gözlemäliň. © Marziýa SAÝDAM. Terjime eden: Baýramgylyç SAPARGYLYJOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |