11:08 Putin boýun aldy: Moskwa "Wagneriñ" urşujylaryna ýylda 800 million sterling tölän eken | |
PUTIN BOÝUN ALDY: MOSKWA "WAGNERIÑ" URŞUJYLARYNA ÝYLDA 800 MILLION STERLING TÖLÄN EKEN
Publisistika
"Wagner" toparynyñ lideri topalañy soñlandyran ylalaşygyñ çäklerinde Belarusa gitdi, birnäçe ýyllap boýun alman gelenem bolsa, Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy hakynatutma harby topary döwletiñ maliýeleşdirendigini aýtdy. Wladimir Putin Ýewgeniý Prigožiniñ ýolbaşçylyk edýän hakynatutma "Wagner" harbylarynyñ başlan topalañy wagtynda rus howpsuzlyk gulluklarynyñ "graždanlyk urşunyñ" öñüni alandygyny aýtdy. Şol sanda ol Moskwanyñ "Wagner" toparynyñ aýlyklary we goşmaça hak-heşdekleri üçin diñe geçen ýylyñ dowamynda 800 million sterling berilendigini boýun aldy. Belarusyñ döwlet ýolbaşçysy Aleksandr Lukaşenkonyñ "Wagner" lideriniñ adatdan daşary döwlet agdarlyşygyny gurnamaga eden synanyşygyny soñlandyran iñ soñky minutdaky ylalaşygynyñ çäginde ýurduna gelendigini tassyklan wagty geldi. Lukaşenko Prigožiniñ we onuñ harbylarynyñ öz çykdajylarynyñ hasabyna Belarusda "belli bir wagta çenli" galyp biljekdigini aýdypdy. Aleksandr Lukaşenko Putin bolsa şenbe güni bolup geçen hadysalaryñ düýpli zyýan ýetiren abraýyny dikeltmek maksady bilen harbylaryna minnetdarlyk bildirmek üçin Kremliñ daşyna çykdy. Ýüzlerçe harby gullukçynyñ öñünde çykyş eden Putin ýurduñ ýaragly güýçleriniñ "ata watany we onuñ geljegini" gorap, "rus halkyna wepalylygyny" ýene bir gezek subut edendigini aýtdy. Moskwanyñ Ukrainadaky goşun bölümlerini yza çekmägr mejbur bolmandygyny aýdýan rus lideri "Wagner" güýçlerini Moskwa tarap süýşende arasynda wertolýotlardyr bir aragatnaşyk uçarynyñam bolan rus harby uçarlaryny urup ýykmagy netijesinde wepat bolan esgerler üçin bir minutlyk dymyşlyk yglan etdi. Hakynatutma harbylar paýtagta 200 km golaý gelipdi. Sergeý Kujuget ogly Şoýgu Putine Russiýanyñ Goranmak ministri Sergeý Şoýgu hem goşuldy. "Wagner" lideri bilen Russiýanyñ harby komandowaniýasynyñ arasynda birnäçe aýlap dowam eden düşünişmezlikden soñ Şoýgunyñ wezipeden gitmegi Prigožiniñ esasy talaplarynyñ birine öwrüldi. Rus ygtyýarlylar Prigožiniñ "Wagner" toparyna garşy açylan jenaýat işini ýatyrmagy (görnüşe görä şeýtmek bilen Lukaşenkonyñ araçylyk eden ylalaşygynyñ biri ýerine ýetirildi), Putiniñem Prigožiniñ hojaýynlyk edýän toparyna garşy maddy aýyplamalaryñ orta atylmagyna mümkinçilik berene meñzeýär. Putin Kremliñ daşynda eden çykyşynyñ yzyndan geçiren harby ýygnagynda Prigožiniñ "Concord" toparynyñ goşuny azyk bilen üpjün etmek boýunça şertnamasyndan 80 milliard rubl gazanandygyny, "Wagneriñ" 2022-nji ýylyñ maýy bilen 2023-nji ýylyñ maýy aralygynda aýlyk we goşmaça hak-heşdekler üçin 86 milliard rubl alandygyny mälim etdi. Şol summa goranmak ministrligiginden we döwlet býužetinden bölünip beelipdi. Sişenbe günündäki çykyşdan öñ birnäçe ýyllap Kreml "Wagner" topary bilen baglanyşygynyñ bardygyny boýun alman gelipdi. "Şeýdenlerinde hiç zat ogurlan däldirler ýa-da has köp ogurlan däldirler" diýen Putin ygtyýarlylaryñ "Concord"-yñ şertnamasyny ýakyndan derñejekdigini sözüniñ üstüne goşdy. "Wagneriñ" başlygynyñam tassyklan habarlaryna görä şenbe güni Prigožiniñ Sankt-Peterburgdaky ofisinde döküş geçiren polisiýa işgärleri öýüñ daşyndaky ýük awtoulaglarynda 4 milliard rubl tapylandygyny mälim edipdi. Prigožin bu puluñ harbylaryñ maşgalalaryna bermek maksatlydygyny aýtdypdy. Dmitriý Peskow Beýleki bir ýandan Kremliñ press-sekretary Dmitriý Peskow Kremliñ "Wagneriñ" lideri bilen gelen ylalaşygynyñ jikme-jikliklerini aýdyp durmady. Press-sekretar diñe Putiniñ "iñ ýaramaz ýagdaý senarisinden" gaça durmak maksady bilen Prigožine "käbir kepillikleri" berendigini aýtdy. "Wagneriñ" ýaragly güýçleriniñ düýpli garşylyga uçraman Moskwanyñ alkymyna baryp diremegine nämüçin ýol berlendigi hakda soralanda Federal Halk gwardiýasy gullugynyñ direktory Wiktor Zolotow bolsa žurnalistlere şeýle diýdi: "Güýçlerimizi Moskwanyñ golaýynda bir ýere jemledik. Eger güýçlerimizi ýaýrañ ýagdaýda goýan bolsak, topalañçylar mesgäni kesip geçen pyçak ýaly gelip bilerdiler". Zolotow şeýle-de gwardiýaçylaryñ söweşjeñ tanklaryñ we beýleki agyr ýaraglarynyñ ýokdugyny, mundan beýläk olaryñam doly üpjün ediljekdigini nygtady. Wiktor Zolotow Beýleki bir ýandan käbir rus harby bloggerleri Prigožiniñ we onuñ harbylarynyñ rus harby gullukçylaryny öldürendikleri üçin jezalandyrylmagyna gaharly. "Wagner" toparyna edilen göz ýumuşlyk Russiýanyñ Ukraina çozmagyny tankyt eden oppozision aktiwistlere berlen agyr türme jezalary bilen doly çapraz gelýär. Belarusda bolsa Lukaşenko Prigožin bilen geçen tolgunmaly we sögünçli telefon gepleşiginiñ dowamynda topalañy soñlandyrmaga yrandygyny mälim etdi. Belarus lideri Prigožiniñ "Wagneriñ" topalañyñ başynda ele salan günortadaky rus şäheri Rostowa "ýarym dälirän ýagdaýda" gelendigini, ony pälinden gaýtarmak üçin telefonda sagatlap gürleşendigini aýtdy. "Wagneriñ" başlygy harby komandowaniýäni agsadýan korrupsiýa we geleñsizlige gaharynyñ gelýändigini, rus goşunynyñ Prigožiniñ adamlaryna garşy gurnandygy aýdylýan hüjümiñ aryny almak isleýändigini aýdýardy. Belarus respublikasynyñ döwlet ýolbaşçysy telefon gepleşiginiñ adaty dilden on esse beter hapa-paýyş sözli geçendigini aýtdy. Lukaşenko şol sanda şenbe güni ir bilen Putiniñ özünden kömek sorandygyny ww Prigožiniñ telefona çagyrylanda gelmändigi üçin nägile bolandygyny aýdyp, Putine topalañçylary basyp ýatyrmak üçin "howlukmazlygy" maslahat berendigini hem sözüniñ üstüne goşdy. Belarus lideri şeýle-de ýurduna gelmek isleýän "wagnerçileri" myhman aljakdygyny, emma olara aýratyn ýatakhana gurup bilmejekdigini duýdurdy. Döwlet mediýasynyñ habar bermegine görä, Lukaşenko "olara taşlanan harby bölümlerimiziñ birini hödürledik. Haýyş, haýatymyz bar, hemme zadymyz bar, çadyrlaryñyzy dikiñ" diýdik" diýipdir. Beýleki bir ýandan bu ähtimallyk Belarusa goñşy ýurtlary aýaga galdyrdy. Latwiýa bilen Litwanyñ ikisi-de muña jogap edip, NATO-nyñ gündogar çäklerini güýçlendirmäge çagyrsa, Polşanyñ prezidenti Anjeý Duda bu hemlä "ýakymsyz signal" hökmünde baha berdi. Anjeý Duda Ukraina topalañyñ sebäp bolan başagaýlygyndan peýdalanyp garşylyklaýyn hüjümini güýçlendirmegubwe elden gideren ýerlerini Russiýadan gaýdyp almagy umyt edýär. Urşy gözden sypdyrman synlap duran ABŞ-nyñ "Institute for the Study of War" (Институт по изучению войны - Аналитический центр) seljeriş merkezi Putiniñ "Wagner" birlikleriniñ rus goşuny bilen şertnama baglaşmagyna mümkinçilik berme teklibiniñ "bolup biläýjek" ukrain urşunda "olary elde saklama tagallasy" bolandygyny nygtady. Institutyñ aýtmagyna görä, Ukrainanyñ garşylyklaýyn hüjümine uçran Moskwanyñ "taýýarlykly we täsirli adam güýjüne" mätäçlik duýmagyndan gelip çykýar. ABŞ-da bolsa Pentagon Ukrainanyñ söweşjeñ taýýarlygyny goldamak üçin 500 million dollara barabar täze harby goýum süýşüriljekdigini mälim etdi. Beriljek kömegiñ çäginde "Bradley" söweşjeñ enjamlarynyñ, "Stryker" bronemaşynlarynyñ hem bolan gury ýer ulaglary we howa goranyşyny goldamak üçinem ýokary tizlikli hemmetaraplaýyn topçy raketa sistemasy (HIMARS) hem bar. Kris STEWENSON. Çarşenbe, 28.06.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |