02:00 Putin we dollaryñ ýaraglaşdyrylmagy | |
PUTIN we DOLLARYÑ ÝARAGLAŞDYRYLMAGY
Maliýe we ykdysadyýet
Dollaryñ ýaraga öwrülmegi ABŞ-nyñ we smerikan kanunlarynyñ, syýasatynyñ gurşawyny regional çäkleriniñ añyrsyna giñeltmek üçin walýuta birliginiñ häkimiýetinden peýdalanýandygynyñ aýdyñ subutnamasydyr Russiýanyñ prezidenti Wladimir Putin "X" platformasynda Taker Karlson bilen Russiýa-Ukraina uruşy boýunça dürli meseleleriñ üstünde iki sagatlap pikir alyşdy. Ol taryhy nutuk bilen sözüne başlady, ykdysadyýet hakda aýtdy, yzyndan amerikan prezidentleriniñ we ABŞ-nyñ garşysyndaky pozisiýalary hakda pikir alyşdy. Putin gürrüñdeşligiñ dowamynda Russiýanyñ ykdysady ýagdaýyna buýsanýandygyny gizläp durmady. Ol Günbataryñ rus ykdysadyýetini paltalamaga gönükdiren ähli synanyşyklarynyñ şowsuz gutarandygyna begenýärdi we muny aýtmak bilen ABŞ-nyñ prezidenti Jo Baýdeniñ rus ykdysadyýetiniñ "ezilendigini" aýdýan çykyşyny göz öñüne tutýardy. Emma Putin has möhüm bir meseläniñ üstünde durup geçdi: ABŞ-nyñ dollary ýarag hökmünde ulanýandygy ýa-da "dollary ýaraglaşdyrýandygy" diýilýän ýagdaý. Putiniñ by syýasat hakdaky garaýşy nähilidi? Onuñ bu boýunça ykdysady we syýasy pikirleri nämeler? Ilki bilen "dollaryñ ýaraglaşdyrylmagy", ýagny syýasy peýdalary gazanmak üçin gural hökmünde ulanylmagy añladýar we bu ýagdaýda dollaryñ, dollar bilen baglanyşykly töleg geçiriş sistemasynyñ (SWIFT) ýaraga öwrülmegini görkezýär. Dollaryñ ýaraga öwrülmegi ABŞ-nyñ we smerikan kanunlarynyñ, syýasatynyñ gurşawyny regional çäkleriniñ añyrsyna giñeltmek üçin walýuta birliginiñ häkimiýetinden peýdalanýandygynyñ aýdyñ subutnamasydyr. Bu syýasat duñe Baýdene degişli däl. Tramp hem Eýrana şuña meñzeş sanksiýalar girizip, mundan öñ käbir hemleleri edipdi. Diñe şulam şeýle syýasatyñ bir prezidentiñ ýa-da partiýanyñ däl-de, döwletiñ boýnuna ýüklenendigini añladýar. ABŞ has öñem "ylymyñ we tehnologiýanyñ ýaraga öwrülmegi" diýlip bilinýän wakada Hytaýdan käbir tehnologiýalary almagy gadagan edende, şolar ýaly ýaraglary ulanypdy. Uzaga çeken gürrüñdeşlikde, Putin ABŞ-nyñ dollary özüne garşy ýarag hökmünde ulanma taktikasyny "akmaklyk we uly strategiki ýalñyşlyk" hasaplady. Mundan öñ ol ABŞ-nyñ "özüni saklap oturan eli dişländigini" aýdyp, ABŞ-nyñ töwereginde aýlanýan sistema bolan ynamy gaçyrandygyny nygtapdy. Putiniñ aýtmak isleýän zady, uzak wagtlaýyn dollaryñ ýaraglandyrylmagyndan iñ uly zyýany ABŞ-nyñ özüniñ görendigidi we ABŞ-nyb global güýjüniñ esasy sütüni bolan pul birligini paltalanlygydy. Putin birnäçe mysal bermek arkaly sözüni delillendirdi. Birinji mysal öz ýurdundady. Ol 2022-nji ýyla çenli rus translýasiýalarynyñ 80%-e golaýynyñ amerikan dollary we euro bolandygyny mälim etdi. Şol mahallar dollar Russiýa bilen (ABŞ-nyñ daşyndaky) beýleki ýurtlaryñ arasyndaky translýasiýalary ýarsyna golaýyny düzýärdi. Bu görkeziji edil häzir 50%-den 13%-e çenli pese düşdi. Uruşdan öñ hytaý ýuany bilen edilen söwda 3%-denem azdy, häzir bolsa 34%-denem köp we rus rubly bilen edilen söwda deñleşdi. Putin Russiýany bu öwrülişige itereniñ ABŞ-dygyny, gürrüñi gidýän öwrülişige garamazdan Russiýanyñ geçen döwürde ykdysady taýdan zyýan çekmändigini, tersine halkara guramalar tarapyndanam hasaba alynyşy ýaly ykdysady mümkinçiliginiñ "G7" ýurtlaryndan has gowudygyny nygtady. Putin ABŞ-nyñ "dollaryñ ýaraglaşdyrylmagy" syýasatyndan zyýan çekendigine degişli birnäçe ýurduñ dollara garaşlylygyny azaltmak üçin rezerwlerini berkitmäge synanyşmagy we Hytaýa nebiti dollaryñ ýerine ýuandan saymagy ýaly başga mysallaram bardy. Bu diñe Putiniñ pikiri däl. Garward, Prinston, Berkli, Ýel, Stanford we ABŞ-nyñ abraýly beýleki ýokary okuw jaýlaryndan jemi iki müñ ykdysatçynyñ gatnaşan pikir soralşygynda gatnaşyjylaryñ 16%-i "dollaryñ ýaraglaşdyrylmagynyñ" ýurtlary dollardan daşlaşdyryp biljekdigini aýtdy. 42%-i bu syýasatyñ täsirini bilmeýändigini aýtsa, 28%-i bu üýtgeşmäniñ bolmajakdygyny çak etdi. Edil häzir dollaryñ alternatiwasy ýok. Emma Russiýa mysalynda bolşy ýaly käbir ýurtlar kynçylyk çekiberse, alternatiwanyñ gözlegine çykyp biler. Käbir bankirler Russiýanyñ şeýdip jezalandyrylmagyny maliýe taryhynda öwrülişik sepgidi hökmünde baha berdi. Bu sanskiýalar ABŞ-ny garşydaşlaryna beýleki walýuta birliklerini ulanmaga başlamagy üçin täze synanyşyklara iterdi. Hytaý, Hindistan, Braziliýa ýaly beýleki ýurtlaram eýýämden BRICS toparymyñ üsti bilen alternatiwanyñ gözlegine çykdylar. Hatda Fransiýanyñ prezidenti Emmanuel Makronyñ özem Ýewropa amerikan dollarynyñ regional agalygyna bolan garaşlylygyny çäklendirmäge çagyrdy! Dollaryñ ýaraglaşdyrylmagy syýasaty käbir ýurtlary alternatiwa bolmandygy üçin dollar ulanmaga mejbur etse, ykdysady agyrlygy bolan beýleii ýurtlary bolsa alternatiwa gözlemäge iterdi. Bu ýurtlaryñ käbirleri ABŞ-nyñ ýarany. ABŞ-nyñ ýeke-täk ýapyşalgasy edil häzie dollaryñ ýerini dolduryp biljek alternatiwanyñ ýoklugydyr. Munuñ özi sterlingiñ onlarça ýyllap agalyk eden we ondanam öñ birnäçe pul birliginiñ we ykdysady sistemanyñ agalyk eden taryhynyñ şowsuzlyga uçran lotoreýasydyr. Häzir sifrowoý pul birlikleri taýdan hödürlenen tehniki çözgütler söwda alyş-çalşy üçin gyýtaklaýynam bolsa dollara bolan mätäçligiñ ýerini doldurjak çözgütleri döredip biler. Ýogsa-da, dollar hökmürowanlygynyñ soñy ABŞ-nyñ öz elinden bolaýarmyka? Abdylla RADDADI, Saud Arabystanly žurnalist, ykdysatçy hünärmen. Sişenbe, 13.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |