PYHY TEBIP
Pyhy tebip 1909-njy ýylda eneden doglup, 1982-nji ýylda aradan çykýar. Maşgalanyñ körpejesi hem-de düşbüjesi bolany üçin, ol dädesi Eseniñ ýanynda bolup, onuñ tebipçiligini öwrenýär. "Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter" diýlişi ýaly, ol azy ýaran tebip bolup ýetişýär. Esen tutulandan soñ, Pyhylaryñ maşgalasyny serhet boýundan gaýrak - demir ýoluñ ýakasyna göçürýärler. Ahyrynda-da Pyhy Gumdagda ymykly mesgen tutýar. Ol birküç sany at saklap, mal-garasy bilen meşgullanýar. 12 ýyl Hywa argyşa gatnaýar. Ýylda birki gezek gidipdir. Şonda añyrda Aşyr Kakabaýewlere myhman bolýar eken. Uruş ýyllarynda Krasnowodskide işçi batalýonynda işleýär. Şondan beýläk onuñ döwlet kärhanalarynda işlän wagty bolmandyr. Öz öýüne gelýän näsaglara em edipdir we mal-garasy bilen güýmenipdir. Indi bolsa, Pyhynyñ tebipçiligi baradaky gürrüñlere başlalyñ.
Öñem aýdyşymyz ýaly, Pyhy uruş ýyllarynda Krasnowodskide işçi batalýonynda işläpdir. Olar köplenç Bakuwa, Mahaçkala gidýän gämilere ýük ýükläpdirler. Bir gezek Pyhy dagy şäherden uzakda işläp ýörkäler, onuñ aýagyna pürs gaçyp, daraklygyndan döwülýär. Aýagulag ýagdaýy kyn, dogtora haçan eltiljegi belli däl. Şonda Pyhy döwülen ýeriniñ iki tarapyndan agaçdan galyp edip dañýar. Doktora eltenlerinde, pl Pyhynyñ aýagyna seredip geñ galýar: "Sen menden ozdurypsyñ. Bar, git-de, alty aýdan gel" diýip goýberýär. Öýüne pişekli gelen Pyhy şonça wagtdan soñ pişegini taşlap batalýona barýar.
Jebelden Anna ýa Gaýly şyh bolmaly, aýaly ikisi gyzlaryny getirýärler. Gyzyñ goşarynda biri-birinden ýakyn ýerleşen, üç barmagyñ uzynlygy çemesinde iki sany hatja şekilli siññil bar eken, gaty bigelşik bolup durupdyr. Gyzyñ ejesi:
- Pyhy aga, şuña bir, hiý, em bolmazmy? Dogtorlara eltsek kesýärler, şondan soñ siññil ýene-de çykýar - diýip ýüzlenýär.
- Dogrudyr, kesseñ öñküsindenem çalt öser, gögerip oturan agaja suw beren ýalydyr. Siz gaýga galmañ, Alla ýol berse, men siziñ gözüñiziñ alnynda ol siññili aýraryn. Ýöne häzirlikçe diñe birini aýyrmaly bolar - diýip, Pyhy jogap berýär.
Pyhy bir gökje matany gaty berk işýär. "Gyzym, men seniñ siññiliñe ot basjakdyryn, añryñy bak-da, çydajak bol, beter çydamasañ-da aýt" diýip, gyza tabşyrýar. Özüniñ ýakyn kömekçisi we körpe ogly Mämmede gapdalynda matanyñ üstünde tüýkülikläp sakyz ýenjip oturmagy buýurýar. Şondan soñ işilen matanyñ ujuny ýakýar-da, siññile basyp başlaýar. Gyz görgüli köp çydaýar, ýöne edil ýüregine basylyp durlan ýaly bolansoñ, ahyryn mundan artyk çydamajagyny aýdýar. Pyhy ot basmasyny aýyrýar-da, matadaky sakyzy ýañky ýere basýar. Ýarym sagat dagy geçenden soñ, ýañky matany silterläp çekip goýberýär welin, siññil düýbüniñ hatjasy bilen eline gelýär duruberýär. Gyzyñ gözleri ümezläp, oturan ýerinde çaýkanyp gidýär, ýöne özünden gitmän saklanýar, tiz özüni dürseýär.
- Gördüñizmi, biriniñ özi gyzyñ ýüregine agram saldy. Ikisini häzir edip bolmaýar diýýänimiñ sebäbi şol - diýip, Pyhy aýdýar.
Pyhy gyzyñ ene-atasyna ikinji siññili hem özleriniñ edil şeýdip aýryp biljekdiklerini, ýöne emi azyndan ýedi günden soñ etmelidiklerini aýdyp goýberýär.
Soñ bir gün şol gyz Gumdaga baryp, ikinji emi hem edendiklerini, özüniñ siññillerden dynandygyny gürrüñ berip, Pyhy aga minnetdarlygyny bildirýär.
Pyhy aganyñ tebipçiligi bilen bagly onuñ ogly Mämmet şeýle gürrüñleri berýär.
- Bir gün daşarda dädemiñ atlaryna iým-suw berip ýördüm. Golaýymda bir maşyn gelip durdy. Ondan geýnüwli, syratly, çiginleri dagy ýumralup duran bir rus ýigidi çykdy. "Men dogry geldimmikäm?" diýip, maña bir kagyzy uzatdy. Kagyzda dädemiñ ady ýazylypdyr. "Dogrudyr, geliberiñ" diýdim.
- Men Kiýewden, özümem göreş boýunça Ýewropanyñ çempiony. Göreşip elimi agyrtdym. Elimden agyr ýük asylan ýaly, gerşim gaçyp barýar. Barmadyk, görkezmedik ýerim galmady. Daşkentde keselhanada ýatyrkam, tötänlikde bir ermeni adamsyna duşdum. Meniñ düşen ýagdaýymy eşidip: "Türkmenistanyñ Gumdag diýen ýerinde Pyhy tebip bardyr, seni şol bejerer. Bu ýerde ýatma-da, göni şoña git. Meniñ eplenmeýän aýagymy edil üç günde bejerip goýberdi. Ol ýaşula men-ä haýranlar galandyryn" diýdi. Indem size gelşim. Nähili, dost, ýaşuly meni kabul edermikä? - diýip, ýañky pälwan ýigit maña ýüzlendi.
Menem:
- Häzire çenli dädemiñ gelen adamy kabul etmän gaýtaran ýeri ýokdur. Ýör, ýaşulynyñ ýanyna baraly - diýip, ony dädemiñ ýatan öýüne alyp bardym. Dädem körpeçäniñ üstünde ýassyklary ýassanyp, ýüzin ýatan eken. Biz girenimizde yzyna gañrylyp seretdi. Görse, dag ýaly ýigit üstüne abanyp dur. Ýylgyrdy-da: "Tapyp ýören zadyñ näm-aýt señ?" diýdi.
- Däde, bu ýigid-ä elim agyrýar - diýýär.
- Eliniñ agyrýany görnüp dur-a onuñ. Hany, meniñ ýanymda otur-da, bu ýigidiñ aýdýanlaryny terjime et - diýdi. Özi-de azak-tenek orsça bilýädi-dä, ýigide ýüzlendi: - Sadys, synok.
Pälwan gürledi, men terjime etdim, dädem diñledi. Gürrüñ gutaransoñ, pälwanyñ ellerini barlaşdyryp çykdy. "Bä, muña meniñ güýjüm dagy ýetermikä? - diýdi. - Hany, şu ýigitden sora, agyra çydarmyka?
Men terjime edenimden, ýigit janygyp, ellerini hereketlendirip: "Meni şundan gutarsa bolýar, gylyç bilen kellämi kesiñ, çydaryn" diýdi.
Dädem ýigidiñ elinden maña tutdurdy. Ikimiziñ güýjümizi jemlemelidigimizi, aýdan wagty meniñ eli göni aşak däl-de, gapyrga tarap towlabrak çekmelidigimi berk tabşyrdy. Özi bolsa ýigidiñ gerşine dyzyny, ellerini goýdy-da, maña: "Çek" diýdi. Dädem ýokardan basdy, menem towlabrak aşak çekdim. "Hytyrt" edip ses çykanam şol welin, ýañky pälwan ýigit beýleki eli bilen dädemi dolap alypdyr, edil guş göteren ýaly öýüñ içinde aýlap ýör. Özem begenjinden ýaña uçaýjak bolýar. Dädemi eltip, ýerinde goýýar, ýene-de begenji içine sygman, baryp gujaklaýar, göterip öýüñ içinde aýlap başlaýar. Minnetdarlykdan, haýran galmakdan ýaña kellesini ýaýkaýar. Men ahyry: "Ýaşulymyz kän bir oýun göterip ýören adam däldir, indi boldy edäý" diýdim.
Dädem gyşaryp ýatan ýerinden ýigide seretdi:
- Beter ir begeniberme, entek señ eliñ bolanok.
Şatlanyp duran ýigidi gussa basdy:
- O näme üçin bolanok, ýaşuly? Agyry uçan ýaly boldy, elimem gül ýaly, ine, seret - diýip, elini eýläk-beýläk hereketlendiriberdi.
- Oglum, seniñ omaça süñküñ kürekden çala çykyp durupdyr. Eger ol doly çykan bolsa bilerdiler, bejererdiler. Çala çykanda, ilmesi kyn bolýar. Köp wagt geçip, eliñ sim berç ýygnapdyr. Şu wagt saña gowy ýalydyr, ýöne şol sim berçi aýyrmasak, seni soñra gaty horlar. Sen bizde üç gün bol, şondan soñ ýagşyja gutularsyñ.
Şeýdip, şol ýigit bizde üç gün boldy. Özüne bir öý, ýatar ýaly diwan berdik. Iýjek-içjegini kem etmedik. Dädem onuñ eline suwuny alar ýaly kakmajyñ bir ýüzüni duzlap, çalaja bişirip ýapdy. Sim berçini aýyrmak üçin, duz atylan peşewi gyzdyryp ýapdy. Gündizlerine ol ýigit bilen posýologyñ içine gezelenje gidýärdim. Şonda oglanlar bu pälwan ýigide gözleri gidip seredýärdiler.
Üç gün geçdi. Dädem ýigidi ýanyna çagyryp, elini barlap gördi. "Bar, oglum, turnik oýnap gör" diýdi. Öýümiziñ golaýynda turnik bardy. Iki bolup bardyk şoña. Turnikde şeýle bir oýnap başlady, her aşyrylanda dagy ol sarsyp-sarsyp gidýärdi. Oýnap bolanyndan soñ, onuñ 32 kilogramlyk agyrlyk daşyna gözi düşdi.
- Mişa (meniñ adymy şeýle tutýardy), ýaşula aýtma, men şol daşy götereýin - diýdi.
Menem bolýar diýip jogap berdim. Diýseñ güýçli, pälwan ýigit eken-dä. 32 kilogramlyk daşy pyrlaberdi, ilki bir eli bilen, soñra bir barmagy bilen göterip dur-da emgenmän.
Ýene dädemiñ ýanyna geldik. Barlaşdyrdy. "Agyrýarmy?" diýip sorady. "Ýok" diýen jogaby eşidibem: "Indi oglum, arkaýyn gaýdyp bilersiñ" diýdi. Ýigit: "Mişa, baranymda türgenleşip başlabersem bolarmyka?" diýdi. "Ertiriñ özünde başlabersin" diýip, dädem diýseñ ynamly jogap berdi.
Hoşlaşmaly pursat geldi. Ýigit bilen dädemiñ gaşynda otyrys.
- Mişa, ýaşuludan sorasana, bejereni üçin näme bermeli? - diýip, ýigit sorady.
- Dost, bu soragyñy ýaşula aýdyp bilmerin. Henize-bu güne çenli oña şeýle soragyñ berlen ýeri ýokdur. Ýaman gaty görer - diýip, menem oña jogap berdim. Onda-da ýeñ bererli däl: "Maña şeýle ýagşylyk eden adamy boş goýup bilmerin" diýip, şol haýyş edip dur. Ahyry bolmady. Onuñ haýyşyny dädeme aýtdym. Dädem ýigidiñ ýagdaýyna düşünip oturan bolmaga çemeli, gaharlanmadam, ýigidiñ ýüzüne mähir bilen seretdi-de: "Spasyba skažy, synok" diýdi.
Ýigit şondan soñ maña ýüzlendi:
- Meniñ iñ soñky haýyşymy bitir. Şu ýaşulynyñ dünýäde iñ gowy görýän zady näme? Şony bir aýt.
Menem:
- Ýaşulynyñ-a gowy görýän zady ýokary sortly hindi gara çaýydyr - diýip jogap berdim.
Ýigit alkyş baryny aýdyp hoşlaşyp gitdi. Birki aýdan soñ, posylka bilen 10 kilogram gowy çaý iberipdir. Dädeme soñ-soñlaram birnäçe hat ýazdy.
Pyhy tebibiñ adamlara em eden ýerleri sanardan köp. Ýegenberdiniñ ogly Çopanyñ aýaly Ogulbibiniñ hiññildik uçanda bili üzülýär. Şony ýöredip goýberýär. Eýýup hojanyñ aýaly Jereniñ gerşine mäz çykyp erbet horlanda, Pyhy ony şol dertden gutarýar. Haýsy birini aýdyp çykjak.
Pyhy tebip mallaryñ-da dürli syrkawçylygyny bilýär we bejerýär eken. Şolaryñ hem biri bilen tanyşsak kem bolmazmyka diýýäris.
1956-njy ýylda Gumdagda Hajydurdy gara toý edýär. Şol toýda-da uly at çapyşygy bolýar. Toýuñ öñüsyrasynda köp ýerden atlar gelýär. Däneatadan Welinýaz (meşhur Jemer seýsiñ ogly), Şyhy, Nyýazmämmet seýis, Geldimämmet, Nury agsak, Hajydurdy keýik, Taýty kör, Hudy daz ýaly seýisler ýygnanýarlar. Ol wagt topar-topar bolup, biri-birleri bilen bäsleşip, her topar beýleki toparyñ garşysyna haýsy aty çykarmalydygyny maslahatlaşar eken. Şyhynyñ atyndan beýleki toparyñ gorkusy bar eken. Ýöne ertesi çapgy diýlen güni Şyhynyñ atynyñ aýagyna ýüzlük çüý boýa-boý çümüp duruberipdir. Şyhy näme etjegini bilmän, atynyñ daşynda pelesañ urýarka, gapdalyndan geçip barýan Hajydurdy keýik: "Hä, Şyhy, indi seniñ kelläñ meniñ torbamdadyr" diýip, gödek degişmesini oklaýar. Ozalam ahmyrly Şyhynyñ muña hasam jany ýanýar, alaçsyzlykdan ýanynda duran Pyhynyñ ýüzüne seredýär, Pyhy oglanlaryñ birine: "Bar, öýde gara däri bardyr, şony alyp gel" diýýär. Därini getirenlerinden soñ, ol atagzy bilen çüýi sogrup alýar, çüýüñ giren ýerine därini ýagşyja dykýar we oña ot degirýär. Däri gürpüldäp ýanyp gidýär. Pyhy seýse: "Atyñy hiç zat bolmadyk ýaly çapga taýýarlaber, ertir, nesip bolsa çapar" diýýär.
Pyhy ertesi gelip ata syn edýär, eýesine ony sekiz aýlawa goýbermegi maslahat berýär. Şyhynyñ dagy toparyndan iñ uly on aýlawa isgenderli Nury agsagyñ (merhum) garaja atyny goýberýärler. Nury agsak güýçli seýis eken. Aty dört aýlaw geçenden soñ, onuñ suwa ýakylmandygyny bilýär. Atyby saklap, bir bedre suw berýär-de, gaýtadan goýberýär. Suwdan ganan at şondan soñ şeýle bir çapýar, hatda pellehana beýleki atlary bir aýlaw yzda galdyryp gelýär.
Gezek sekiz aýlawa goşuljak atlara gelýär. Pyhy Şyhynyñ atynyñ çapyksuwaryna berk sargaýar: "Men atyñ ýagdaýyny synlap durjakdyryn. Men aty sakla diýsem, hiç kime gulak asman, ony bir gyra çykararsyñ". Atyñ eýesine bolsa adamlary taýýar edip goýmalydygyny, at gelen badyna ony tutmaga häzir bolmalydygyny tabşyrýar.
At pellehana birinji bolup gelýär. Çapyksuwar aty saklandan, Pyhy dagy derrew ony gujaklaýarlar. At janawar aýagynyñ gangny seçelendirip; üç aýak bolup, bir ýanyna agjak-agjak bolup dur diýýär. Onuñ üstüne keçe oklaýarlar. Pyhy bir bedre solýarka getirdip, atyñ çüý geçen aýagyny şoña sokýar we ýarym sagat çemesi saklaýar. Şondan soñ: "Hany, aty on-on bäş ädim ýörediñ" diýýär. Özi bolsa atyñ yzyna düşüp gidýär. Ýaradan akýan gan togtapmy, togtamanmy, şoña seredýär eken. "Baryñ, aty gezmelediberiñ" diýýär.
Pyhynyñ ýakan därisi çüýüñ giren deşiginiñ içini dolduryp, ýel çekmekdrn we yza bermekden goran eken. Aýlawa gitjek atyñ ýarasynyñ ganajakdygyny, ýöne onuñ gyzgynyna sekiz aýlawy geçjekdigini Pyhy oýlanyp-ölçerip bilen eken. Pyhy şol gezek şeýdip, Şyhynyñ atyny çapga goşup bilmän, ahmyrlu bolmazlygyna sebäp bolan eken.
Geliñ, ýene-de Mämmet aganyñ gürrüñlerine dolanalyñ.
Pyhy tebip demirden, agaçdan dürli gurallary ýasamaga-da ussat eken. Yzçylykdan oñat baş çykarypdyr. Bir gezek gumdagly Myray Hojamyrat pälwan oglunyñ gapysynda bakyp oturan goýny ýitýär. Mal eýesi muny gelip Pyha aýdýar. Pyhy haýatdan çykyp giden goýnuñ galdyran yzyna düşýär gidiberýär. Yz obanyñ gaýrasyna alyp barýar. Şol ýerde üç sany adamyñ yzy goşulyşýar-da, ýene oba tarap gaýdýar. Yz bir öýüñ gapysyndan getirýär. Üç sany ýigit eýwanda kart oýnap oturan eken. Olar Pyhy bilen gadyrly görüşýärler, düşege geçmegi mürähet edýärler. Onda Pyhy: "Oglanlar, düşege geçip oturjak däl, alyp gaýdan goýnuñyzy äkitmäge geldim" diýýär. Ýigitler ýeserlik bilen göz gypyşyp, hezik edip gülýärler: "Pyhy aga, o nämäniñ goýny, biz-ä goýun gören däldiris" diýişýärler, "Aý, oglanlar, onçasyny özüñiz görüñ, şol duran üç jübür aýakgab-a: "Goýny biz alyp gaýtdyk" diýýärler". Oturanlar ýene-de gülüşýärler: "Baý, Pyhy aga, ogurlyk edip dagy senden gutulyp boljak däl-ow, gözleýän goýnuñ kümede durandyr", "Ýere basmajak bolsañyz, ogurlyk ediberiñ" diýip, Pyhy-da degişýär. Ýigitler tazygup ýören goýnuñ ýitikdigini bilip alyp gaýdypdyrlar. "Eýesiniñ kimdigi eşidilişer" diýip garaşyp oturan ekenler...
Mämmet aga şeýle ýatlaýar:
- Dädem özüniñ haçan ýogaljagyny-da aýdan adam. 60 ýaşlarynda dädem atdan ýykyldy. Arkasynda dürbüsi bar eken, şonuñ üstüne ýykylypdyr. Bil oñurgasynyñ ýelekleri (süñkleri) döwlüpdir. Dädemiñ döwlen ýerini seýikledim. Bir gün şeýle diýdi: "Ha-aý, men ölsem il-gün şulara galjak-da. Eliñ dagy nähili señ, edil demir ýaly ahyryn". Dädemiñ aýdany dogrudy, onuñ öz elleri em edende edil pamyk ýalydy, syrkawyñ ynjajak gümany ýokdy. "Biz-de indi bir zatlar-a oñarýamykak diýýäs. Göwnüýetmezçilik eden bolýañ, seni-de bejerýän-ä men" diýip, çyna berimsiz garşy çykdym. "Ony häzir bileris. Men saña bir sorag berjek. Seniñ meni bejerşiñde näme kemçilik boldy?" diýip sorady. Men hem: "Hemme zat göwnejaý boldy. Ýöne ýelekleriñ biri gyşaryp, saña ynjalyk bermeýän bolaýmasa" diýip jogap berdim. "Bä, senden-ä bir zat çykaýmagy-da mümkin" diýdi dädem, soñ biraz diñşirgendi-de, sözüni dowam etdi:
- Oglum, aýdýanyñ dogry. Şol ýelek gatyrak hereket etsem, böwrege sanjar durar. Böwrek çişer, gan ýygnar. 12 ýyldan soñ, ol ýarylar, meniñ agzymdan gan geler, şol hem meniñ gutardygymdyr - diýdi.
Ömrüniñ ahyrky günlerinde ýagdaýy ýaramazlaşanda, şeýle diýipdi:
- "Bir böwregi operasiýa edip aýyrýarlar" diýýärler. Ol maña gerek däl. On iki synam sag indimmi, on iki synam sag bolup-da giderin. Bizi dünýä inderen Alladyr, almaly wagtynam özi bilýändir.
Ýykylandan 12 ýyl geçenden soñ, dädem öz aýdyşy ýaly bolup aradan çykdy.
Pyhy tebibiñ Nepes, Arazmämmet, Mämmet, Enetäç, Amanbibi diýen perzentleri bolupdyr. Olardan Nepes ýogalyp, galanlary ýaşap ýörler.
Geldimyrat HOJAMYRADOW.
"Balkan" gazeti, 1996 ý.
Taryhy şahslar