09:21 Rauf Parfi | |
RAUF PARFI
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Rauf Parfi (1943-2005) – şahyr, terjimeçi, Özbegistanyň Halk şahyry (1999), Mahmyt Kaşgary adyndaky halkara baýragyň eýesi (1989), Türkiýäniň döwlet edebiýat baýragynyň eýesi (1996), 1943-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Daşkendiň etegindäki Şuralysaý obasynda eneden doglupdyr. Ol 1960-1965-nji ýyllarda Daşkent döwlet uniwersitetinde (häzirki wagtda: Özbegistanyň milli uniwersiteti) okapdyr. Rauf Parfi häzirki zaman özbek şygryýetiniň täze akymyny esaslandyryjylaryň biri bolup, ol özüniň köp eserlerini – Uztürk tahallusy (edebi lakamy, psewdonimi) bilen ýazypdyr. 1986-njy ýylda Rauf Parfiniň “Sabyr daragty” atly şygyrlar ýygyndysy neşir edilipdir we bu ýygyndy üçin ol Özbegistanyň Ýazyjylar birleşmesiniň her ýylda gowşurylýan Hamid Alimjan adyndaky baýragy bilen sylaglanypdyr. 1990-njy ýyllarda Rauf Parfiniň döredijiligi Türkiýede geçirilýän şahyrlaryň bäsleşiginde birinji orna mynasyp bolupdyr. Ömrüniň dowamynda Rauf Parfi şu aşakdaky şygyrlar kitaplaryny ýazyp, çap etdiripdir: 1. «Карвон йўли» («Kerwen ýoly», 1968); 2. «Акс садо» («Ýaň», 1970); 3. «Тасвир» («Şekil (Teswir)», 1973); 4. «Хотирот» («Hatyra», 1975); 5. «Кўзлар» («Gözler», 1977); 6. «Кайтиш» («Dolanmak», 1978); 7. «Сабр дарахти» («Sabyr daragty», 1986); 8. «Сукунат» («Ümsümlik», 1989); 9. «Тавба» («Toba», 2000); 10. «Сўнгги видо» («Soňky hoşlaşyk», 2006); 11. «Iymon asiri» («Wyždan bendisi (Iman ýesiri)», 2006, «Bilgeoguz» neşirýaty, Gyrgyzystan). Ömrüniň soňky ýyllarynda Rauf Parfi “Шарқ юлдузи” (Gündogar Hakykaty), “Ёшлик” (Ýaşlyk), «Ўзбекистон адабиёти ва санъати» (Özbegistanyň edebiýaty we sungaty) neşirlerinde işläpdir. Rauf Parfi gündogar şygryýetinden tapawutly, günbatar we gündogar şygryýetleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagy esasynda döredilen, täzeçe usulda, görnüşde şygyr ýazmaga ýykgyn edendigi sebäpli, onuň döredijiligi bir tarapdan-a ünsi çekse, beýleki tarapdanam nusgawy şygryýet galyplaryna sygmaýandygy sebäpli tankytlanan, şol birwagtda hem-ä ykrar edilen, hem-de ykrar edilmedik şahyrdyr. Rauf Parfi öz döredijiliginden başga-da Baýronyň “Manfred”. Nazym Hikmetiň “Ynsanyýet panoramasy”, Karlo Kaladzeniň “Deňziň oýlary”, Enwer Salamatyň “Tylla palta” atly eserlerini özbek diline terjime edipdir. Şahyr 2005-nji ýylyň 28-nji martynda Daşkentde aradan çykypdyr. Werlen (werlibr) Ol öwrüldi äpet garaga, Ondan onuň özi akýar. Gyzyl-ýaşyl köýnek geýen Howanyň yzyndan çapýar. Demirbetondan elleri bilen Ol galpyldyly gapyny kakýar batly, Oňa-da asylgy hat çelegi, Onuň ýüregniň. - Eý, kim bar o taýda? Girmedimi ol ýere. Howa, geýnen, Gyzyl-ýaşyl köýnegi?! Ol töweregine bakýar, naýynjar gözli, Özüni synlaýar, öwrülip tene. Uýalýar Ýalaňaç. Ol – kiriş däl, Ol – owazdyr, mümkin. Ol – hatda gussa-da däl, Ol – ýara. Bu-da iň dogrusy. ВЕРЛЕН (верлибр) Он превратился в огромное око, Он сам из него вытекает. Гоняется за воздухом, одетым В красно-зеленую рубаху. Руками из железобетона Он громко стучится в трепетную дверь, Куда повешен почтовый ящик Его сердца. — Эй, кто там? Не заходил ли туда Воздух, одетый В красно-зеленую рубаху?! Он осматривается вокруг умоляющими глазами, Оглядывает себя, ставши плотью. Смущается Голый. Он — не струна, Он — звук, наверное. Он — даже не тоска, Он — рана. Это наверняка. Çeşmesi: https://ziyouz.uz/ru. 06.05.2023ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||