EDEBI AKYMLAR
▶ REALIZM
"Realizm ~ edebiýatyñ esasy usullarynyñ biri bolup, onuñ baş prinsipi durmuşy bolşy ýaly, dogry hem köp taraply we çylşyrymlylygynda görkezmeklikdir."[1]
Realizm akymy (hakykaty bolşy ýaly beýan etmek metody) estetiki we edebi kesgitleme hökmünde XIX asyryñ ortalarynda Fransiýada ýüze çykdy.
Realizm hernäçe klassizme garşy goýulsa-da, romantizme hem şol derejede garşydyr.
Realizmiñ maksady klassyky we romantiki akymlaryñ ýüzleýliginden halas bolmak, täzeçe eserleri döretmek we gozgaýan meselelerini diñe ýokary gatlaklar we temalar bilen baglanyşykly däl-de, jemgyýetiñ dürli gatlaklarynyñ we temalarynyñ arasyndan saýlap almakdyr.
Şeýle hem realizm gündelik durmuşyñ ikirjiñlenmesiz, ylmy nukdaýnazardan seljerilmegini we çeper eserleri bir alymyñ kliniki açyşlaryna çalymdaş garaýyş bilen seredilmegini öñe sürýär. Muña mysal edip Gustaw Floberiñ "Hanym Bowari" romany bilen Emil Zolýanyñ "Nana" romanynda jynsylygy we ýowuzlygy çeper mikroskopyñ astyna alyp, şol durşuna suratlandyrmagyny görkezmek bolar.
Fransuz edebiýatynda Flober bilen Zolýanyñ yzysüre O.Balzak, Stendal, Russiýada L.Tolstoý, I.Turgenew, F.Dostoýewskiý, Saltykow-Şedrin, A.Çehow, Angliýada Ç.Dikkens, A.Trollop, Amerikada T.Draýzer, M.Twen, E.Hemingueý, Irlandiýada J.Joýs realizmiñ iñ görnükli wekilleridir.
"Realistik edebiýatyñ materialy adam, onuñ durmuşy we ykbalydyr. Adamy, onuñ ykbalyny dogry bermek birinji nobatda onuñ töweregi bilen baglanyşykda we gatnaşykda görkezmekligi talap edýär. Adam indiwid hökmünde çykyş edýän bolsa-da, ol ykdysady hajatlary, ruhy talapary üçin, bir söz bilen aýdanyñda, ol ykdysady hajatlary, ruhy talaplary üçin, bir söz bilen aýdanyñda, ýaşamak üçin beýleki indiwidler bilen baglanyşykda bolmaga, olar aragatnaşyk etmäge mejburdyr. Ösüşiñ konkret bir taryhy ýagdaýynda hereket edýän indiwidleriñ aragatnaşygyndan şol taryhy ýagdaýa mahsus gündelik durmuş emele gelýär. Durmuşyñ, ýaşamagyñ şu kanunyny özüniñ iñ doly we çylşyrymlylygy bilen realistik prozada we realistik romanlarda görmek bolýar. Türkmen realistik prozasynyñ iñ oñat eserlerinden biri "Aýgytly ädim" romanynda indiwidleri alyp göreliñ. Artyk romanda gatnaşýan ähli indiwidler bilen: Halnazar, Hojam, Arutýun, patyşa çinownikleri, Çernyşew, Aşyr, Güljahan, Aýna we başgalar bilen baglanyşykda we aragatnaşykda. Şu gatnaşyklaryñ her biri gaýtalanmaýar. Artyk şularyñ her biri bilen aragatnaşygyñ anyk formasyny alyp barýar. Öz gezeginde Halnazar, Arutýun, Çernyşow, umuman kitapdaky ähli indiwidler beýlekiler bilen belli bir baglanyşykda we aragatnaşykdadyrlar. Şeýlelikde, roman tutuşlygyna adamlaryñ aragatnaşygy, şol gatnaşyklaryñ ösüşi, ýagny hut durmuşyñ özi bolup durýar. Durmuş näme? Gündelik durmuş gaty köp çylşyrymly formalarda ýüze çykýan adam gatnaşygydyr. Gatnaşyklaryñ prosesinde her bir indiwid beýleki indiwidiñ içki mazmunynyñ bir ýa birnäçe tarapynyñ ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Gatnaşyklaryñ ösüş taryhynda jemgyýetdäki aýry-aýry synplaryñ, toparlaryñ aýnasy bolan indiwidler öz synpynyñ, öz toparynyñ ahlagyny, meýlini, maksadyny, medeniýetini, jemgyýetdäki ornuny, maddy durmuşyny görkezýän, durmuşa akyl ýetirijilik ähmiýetli tipler guraýar...
Indiwidleriñ gatnaşygyny, durmuşy, jemgyýeti real görkezmeklik ony özüniñ taryhylygynda görkezmekligi talap edýär. Şunuñ üçin hem realizmiñ esasy aýratynlyklarynyñ biri taryhylykdyr (историзм). Bu bolşuny hemişelik saklap duran jemgyýet we jemgyýet adamsy ýok. Jemgyýet adamsy haýsy we nähili konkret-taryhy şertleriñ içinde hereket edýän bolsa, diñe şol şertleriñ içinde görkezilen mahalynda, real bolup biler. Durmuş dyngysyz hereketdäki taryhdyr. Eger edebiýat birinji nobatda durmuş bolup, soñra sungat bolup durýan bolsa, sungatyñ özi durmuşyñ sungat formasynda ýüze çykyşy bolsa, onda ol ýaşaýşyñ taryhylygyny göz öñünde tutman durup bilmezdi."[2]
Realizmiñ baş şerti bolan tipiklik düşünjesinde umuman rehimsizi, dönügi, zalymy, mugthory, aldawçyny görkezmek bolman, şu tipleri hereket etdirýän ýagdaýyñ içinde görkezmek şertdir. F.Engels Margarita Garknesiñ "Şäherli gyz" hekaýasyna baha berende: "Şäherli gyzda" işçi synpy hatda özüne kömek edip bilmeýän ejiz, passiw massa hökmünde görkezilýär. Bu 1800 we 1810-njy ýyllar üçin dogry bolsa-da, 1887-nji ýyl üçin, 50 ýyl söweşjeñ proletiariatyñ hatarynda göreşe gatnaşan işçi üçin dogry däldir"[3] diýip görkezilipdi.
Realizmiñ esasy aýratynlyklarynyñ biri jemgyýeti we adamy diñe bolşy ýaly, häzirki ýagdaýynda görkezmek bolman, eýsem ony özüniñ položitel mümkinçilikleri bilen-de görkezmekligi öz içine alýar. Filosofiýadaky hakykat we mümkinçilik diýen durmuş kanuny edebiýatda hökmany suratda özüniñ çeperçilik beýanyny tapmalydyr. Geljekde ornaşyp biljek jemgyýet hadysasynyñ esaslary höküm sürüp duran durmuşyñ içinde döreýär. Häzirki durmuşda mümkinçiligi döremedik hiç bir hakykatyñ geljekde bolup bilmegi mümkin däl. Şu günki mümkinçilikleri dogry, doly we gowy bilmeklik geljekde nähili hakykatyñ boljakdygyny bilmekde bize kömek edýär. Jemgyýete dogry çemeleşmegiñ şu kanuny konkret-taryhy ýagdaýda jemgyýetiñ bir çleni hökmünde hereket edýän bir adama real çemeleşmekde hem realistik edebiýat üçin, realizm üçin zerur şertdir. Realizm adamyñ ýeke bir edip ýören işini we häzirki ýagdaýyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem şol adamyñ näme edip biljegine-de, nähili işlere mümkinçiliginiñ bardygyny-da ýüze çykarýar. Realizmiñ şu aýratynlygy eýýäm rus klassyklary tarapyndan rus edebiýatynyñ klassyklary tarapyndan rus edebiýatynyñ tejribeleri esasynda işlenilipdi. Saltykow-Şedrin şeýle diýýär:
"Edebi derñewçiniñ wezipesi adamyñ ýeke bir hiç bir päsgelsiz edýän işlerini we hereketlerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, onuñ başarsa edip biljek zatlaryny-da görkezmekligi öz içine alýar. Adamyñ gollarynyñ bagyny çözüñ, öz pikirlerini aýtmaga oña mümkinçilik beriñ ~ ine şonda siziñ öñüñizde adaty durmuşda görýän adamyñyz durman, başga hiliräk adam durar. Adamy çäklendirýän zatlaryñ ýok edilmegi onuñ owalky gizlin ýatan, göze ilmeýän aýratynlyklaryny has aýdyñ ýüze çykarýar, ýüzleý garalanda, adamyñ baş aýratynlyklaryny ýaly bolup görünýän taraplary yzky plana geçýär. Munuñ özi ulaltma ýa-da hakykaty galplaşdyrma däldir. Tersine, adaty faktyñ perdesi astynda gizlenmegi halaýan beýleki hakykatyñ paş edilmegidir. Şonsuz adamy tutuşlygyna suratlandyrmak, oña dogruçyl baha bermek mümkin däldir... Erkli ýa-da erksiz haýsydyr bir işi durmuşa geçirmekden subýektiñ saklanýanlygy bilen biziñ işimiz ýok, bize onuñ şol işi şu wagt etmeýänligi ýeterlik diýip bilersiñiz... Emma ahmal bolmañ!.."
Roman realizmiñ ýüze çykmagynyñ iñ belent formasydyr. Näme üçin? Eger indiwidleriñ aragatnaşygyny, jemgyýeti bütin çylşyrymlylygynda, konkret bir taryhy şertlerde, içki garşylyklary we položitel mümkinçilikleri bilen doly görkezjek bolsañ, ony kiçijik bir liriki esere ýa-da hekaýa sygdyrmak mümkin däl. Romanyñ göwrüminiñ ululygy, oña gatnaşýan personažlaryñ sanynyñ köplügi awtoryñ hoş niýetinden gelip çykýan zat däl-de, durmuşyñ baý, köptaraply we çylşyrymlylygynda, bütewiliginde görkezmek diýen realizmiñ baş aýratynlygy romanyñ hem esasy alamaty bolup durýar. Türkmenistanda rewolýusiýadan soñky döwürde bolup geçen graždanlyk urşy hakynda ençeme ownuk liriki eserler, birnäçe ownuk poemalar döredildi. Emma şu eserler temany doly göz öñüne getirip bilýärdiler diýip aýtmak bolmaz. Şeýlelikde, durmuşy tutuş baýlygynda, bütewiliginde görkezmekde roman we realizm predmetleriniñ ýönekeý jemgyýet adamsy bolup durýanlygy bilen-de birleşýär.
"Gadym dünýäde jemgyýet, döwlet, halk bardy, emma hususy, indiwidual şahsyýet hökmünde adam ýokdy. Şunuñ üçin hem grekleriñ epopeýalarynda, şeýle hem dramalarynda halkyñ wekili hökmünde ýarym hudaýlar, gahrymanlar, patyşalar çykyş edýärdiler. Roman üçin bolsa ýaşaýyş adamdadyr. Adam ýüreginiñ syrlary, adam ruhy, adamyñ ykbaly, halk ýaşaýşyna onuñ ähli gatnaşyklary roman üçin baý predmetdir. Roman Rewenkanyñ patyşa aýal ýa-da Ýudifi ýaly fantastik gahryman aýallaryñ bolmagynyñ asla geregi ýok. Oña şularyñ diñe ýönekeý aýal bolmagy gerek"[4] diýip, Belinskiý görkezýär. Eýsem, roman we realizmdäki birligi şu ýerde görmek bolmaýarmy? Realizmiñ iñ häsiýetlendiriji alamatlarynyñ biri onuñ edebiýatyñ predmetini fantastik gahrymanlardan, şa we şazadalardan, uçýan döw-perilerden we şuña meñzeşlerden konkret taryhy şertlerde jemgyýet adamsy hökmünde hereket edýän indiwidual şahsyýete, ýönekeý adama öwrenligidir. Eýsem-de hut şu häsiýet romana-da degişli dälmi? Realizme, hut şonuñ ýalt hem romana Tahyryñ Artyk, Zöhräniñ Aýna bolmagy gerek. Roman taryhy şahslary, patyşalary görkezen mahalynda-da, ony ýeke bir altyn tagtynda, başy tylla jygaly, dergazaplylygynda görkezmän, eýsem onuñ içki mazmunyny açyp görkezýär. "Bizi onuñ kabinetine, ýatakhanasyna eltýär, onuñ maşgala syrlarynyñ, öýdäki ýaşaýyş ýagdaýynyñ şaýady edýär. Ony bize ýeke taryhy parad mundirinde görkezmän, eýsem öýde egni donly, başy telpekli ýagdaýynda hem görkezýär. Ýurt we zamanyñ koloriti, olaryñ däp-dessurlary, gylyklary, taryhy romanyñ her bir alamatynda ýüze çykýar."[5]
Romanyñ şu aýratynlyklary realizmiñ aýratynlyklarydyr. Roman Gündogarda sowet hökümeti ýyllarynda döredi. "Aýgytly ädimde", "Abaýda", "Nowaýyda", "Gullarda", "Doganlarda" türki halklaryñ geçmişiniñ çeper taryhy emele geldi. Soltansöýüni, Kunanbaýy, Eziz hany, Jüneýit hany resmi eşiginde, hem çaýyñ, şerabyñ başynda, hem haremhanasynda, ýagny patyşalygyndan başga-da, şahsyýet hökmünde görkezen şol romanlardyr. Realizmden edilýän talaplar hem şeýledir. Durmuşyñ hökümi boýunça realizm edebiýata halkyñ durmuşy bilen ysnyşykly baglanyşmagy, ony dogry we doly görkezmegi buýurýar. Şu buýrugy bolsa roman beýleki žanrlaryñ hemmesinden oñat, doly we dogry ýerine ýetirýär. Şunuñ üçin hem roman realizmiñ iñ doly formasy bolup durýar. Romanyñ göwrümi, onuñ mümkinçiligi çäksizdir. Ol ähli žanrlaryñ aýratynlyklaryny özünde birleşdirýär.
"Romanyñ ösüş döwri realizmiñ ösüş döwri bilen bir we paralleldir. Bu ýagdaý realizm bilen roman biri-birine berk baglydyr, realizm diýen düşünjäniñ özi romandaky spesifik çeper mazmundan ybaratdyr, onsuz roman hereketsiz drama, duýgusyz liriki ýalydyr diýen pikire getirýär. Romanyñ maksady durmuşyñ obýektiw hakykaty, onuñ ýoly realizmiñ ýoludyr"[6] diýip, Belinskiý realizm duýen düşünjäniñ roman bilen berk baglydygyny belleýär.[7]
♣ Tankydy realizm
Realizm XIX asyrda esasan tankydy häsiýetdedi. Kapitalistik eksplutasiýa halk köpçüliginiñ mätäçligini we betbagtçylygyny görlüp-eşdilmedik güýç bilen ýitileşdiren mahalynda, öñde baryjy ýazyjylar feodalçylyk düzgünleri tankyt etmekden baýlygyñ häkimiýetini paş etmeklige, halk köpçüliginiñ agyr ýagdaýyny görkezmeklige, ýagny kapitalistik jemgyýetiñ nogsanlyklaryny paş etmeklihe geçdiler. Jemgyýetiñ durmuşyna çuññur aralaşmak köp ýazyjylard buržuaz jemgyýete hökman tankydy garamak we şol bir wagtyñ özünde hakykaty dogruçyl şekillendirmek meýlini döredýärdi. XIX asyryñ 30-njy ýyllaryndan başlap Ýewropa edebiýatynda tankydy realizm ugry döreýär. Şol ugra degişli ýazyjylar öz eserlerinde kapitalistik jemgyýetiñ birentek garşylyklaryny dogruçyl şekillendirýärdiler. O.Balzagyñ "Gorio ata", "Ýewgeniý Granda", Ç.Dikkensiñ "Pikwik klubynyñ wepat bolandan soñky ýazgylary", "Dewid Kopperfild", "Iki şäher barada hekaýa", "Dombi we ogly" romanlary tankydy realizmiñ iñ ajaýyp nusgalary bolup durýar.[8]
♣ Realizmiñ tanymal wekilleri
Onore de Balzak;
Stendal;
Pýer Bomarşe;
Žan Batist Molýer;
Gustaw Flober;
Fýodor Dostoýewskiý,
Anton Çehow;
Maksim Gorkiý;
Daniel Defo;
Çarlz Dikkens;
Fridrih Şiller;
Genrih Geýne;
Ernest Hemingueý;
Jek London;
Mark Twen;
Iwan Turgenew;
Halid Ziýa Uşakligil;
Berdi Kerbabaýew;
Ata Gowşudow;
Hydyr Derýaýew.
♣ Peýdalanylan çeşmeler:
[1] R.Rejebow "Edebiýat ylmyna degişli terminleriñ sözlügi", 153-nji sahypa; "Türkmenistan" neşirýaty, Aşgabat-1966;
[2] Ady agzalan kitap, 154-nji sahypa;
[3] K.Marks, F.Engels "Sungat hakynda", 11-nji sahypa, Moskwa-1957;
[4] W.Belinskiý "Eserler ýygyndysy", 212-nji sahypa, Moskwa-1950;
[5] W.Belinskiý "Eserler ýygyndysy", 213-nji sahypa, Moskwa-1950;
[6] "Edebiýat teoriýasynyñ problemalary", 229-njy sahypa, Moskwa-1958;
[7] "Täze taryh 1640-1870", 288-nji sahypa, "Magaryf" neşirýaty, Aşgabat-1988.
@Kitapçy
Edebiýaty öwreniş