REHA OGUZ TÜRKKAN
Reha Oguz Türkkan, meşhur türkçi ideolog, türkolog alym, ýazyjy, taryhçy, antropolog, psiholog, ssenarist, futurist, ýurist, ordinarius professor.
12.10.1920-nji ýylda Stambulda eneden dogulýar, emma doglan günini özi türkçiligiñ güni bolan 3-nji maý diýip üýtgedipdir.
Stambulyñ St.Josef, Kabataş, Galatasaraý liseýlerinde, Ankaranyñ Gazi liseýinde okaýar.
Gazi liseýinde okap ýörkä gizlin türkçi guramasy "Güremi" döredýär.
Atatürkiñ aradan çykan güniniñ ertesi "Ergenekon" žurnalyny çykaryp başlaýar. "Faşizm howpdur" diýen ýazgysy üçin bu žurnal ýapylýar. Žurnal ýapylandan soñra "Kitapsöýüjiler" guramasyny döredýär. Soñra "Bozkurt" žurnalyny çykaryp başlaýar. Meşhur ýazyjy Hüseýin Nihal Atsyz we beýleki öñdebaryjy türkçiler bilen öz aralarynda oñuşmazlyk döräp, olardan aýrylýar hem-de özbaşdak "Gök Böri" žurnalyny çykaryp başlaýar.
Ankara uniwersitetiniñ hukuk fakultetini okap gutarýar, Stambul uniwersitetinde aspiranturada okaýar. Sorbonne uniwersitetinde taryh we türkologiýa ugurlaryndan, Kolumbiýa uniwersitetinde psihologiýadan ylmy barlag işlerini geçirýär.
1944-1945-nji ýyllarda "Milletçilik-Turançylyk" ady berilen sud prosesinde soraga çekilýär. Jogapkärçilikden boşadylandan soñra 1947-1972-nji ýyllarda Kolumbiýa uniwersitetinde, 1975-1976-njy ýyllarda Stambul uniwersitetinde, has soñra 1996-njy ýylda Hoja Ahmet Ýasawy uniwersitetinde işleýär.
1997-nji ýylda Orta Aziýanyñ we Kawkazyñ türki halklary barada ABŞ-da we Kawkazda surat sergilerini gurnady.
Iñlis, fransuz, türk dillerinde neşir edilen 41 kitaby, 9 sany kinofilmi, 6 sany telewizion ssenariýasy bardyr.
Şeýle hem ýazyjy "Medine goragçysy", "Çöl gaplañy" atlar bilen tanalýan Fahreddin Paşanyñ (Omar Fahreddin Türkkan) inisidir.
Reha Oguz Türkkan 17.01.2010-njy ýylda Stambulda aradan çykýar.
■ Eserlerinden
1. "Jemgyýetçilik meselesi" (Stambul, 1939 ý);
2. "Türkçülige giriş" (Stambul, 1940 ý);
3. "Millet daşky sreda garaşlymy?" (Stambul, 1941 ý);
4. "Milliýetçilige tarap" (Stambul, 1943 ý);
5. "Çepçiler we gyzyllar" (Stambul, 1943 ý);
6. "Gyzyl hereket" (Stambul, 1944 ý);
7. "Ileri türkçilik we partiýalar" (Stambul, 1947 ý);
8. "Türküñ daşarda galan mirasy" (dokumental film);
9. "Psihologiýa" (Ankara, 1976 ý);
10. "Maýyl ediji psihologiýa" (Ankara, 1976 ý);
11. "Bilim tehnologiýasynyñ meýilnamasy" (Ankara, 1976 ý);
12. "Täzelenen türk dessanlary we hekaýatlary";
13. "Biz kim?" (Stambul, 1987 ý);
14. "XX asyrda dünýä we Türkiýe" (Stambul, 1988 ý);
15. "Örän çalt okamak" (Stambul, 1989 ý);
16. "Türk milliýetçiliginiñ gysgaça taryhy" (Stambul, 1992 ý);
17. "Türkler we gyzylderililer (indeýler)" (Stambul, 1999 ý);
18. "Uka giden döw - türk dünýäsi" (2006 ý);
19. "Çingiz hanyñ şahsyýetiniñ syry" (2007 ý);
20. "Gözleýän adam" I-II tomluk, (2009-2011 ý);
21. "Atlantisliler, şumerler, etrüstkler türkmi?" (Stambul, 2012 ý) we başgalar...
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly