18:08 Rembonyñ Talibany | |
REMBONYÑ TALIBANY
Teatr we kino sungaty
Owganystanyñ edermen halkyna bagyşlanyp düşürilen çeper film: "Rembo -3" Ýörite operasiýa arkaly Wýetnama ýollananda, satylandygyna gahar edip ABŞ-nyñ dünýäniñ çar künjüne demokratiýa äkitmek missiýasynyñ bir parçasy bolmakdan ýüz dönderen baş gahryman Jon Rembony çeper filmiñ başynda Taýlandiýanyñ paýtagty Bangkokda bir ybadathananyñ gurluşygynda bir döwüm üçin hakynatutma işlerde işläp ýörkä görýäris. Boş wagtlarynda Bangkokyñ döwüş klublarynyñ birinde ýumrugynyñ zoruny görkezip pul gazanýar. Rembony Taýlandiýada-da tapýarlar. Onuñ bu gezekki missiýasy sowet okkupasiýasy astyndaky Owganystana demokratiýa äkitmek... Missiýanyñ şefi Rembony gižželeýär: - Owganystan hakda näme bilýäniñizi bilemok, köp adam-a kartada onuñ nirde ýerleşýändiginem görkezip bilenok. Köpüsi daýhan maşgala bolan iki milliondan gowrak owganystanly rus goşuny tarapyndan öldürildi. Köp sanly täze öndürilen himiki ýaraglar bu adamlary ýok etmek üçin ulanylýar. Bu babatda olar öñdeligi elden berenok. Dokuz ýyl dowam eden uruşdan soñ Owganystan howa hüjümlerinden goranmak üçin "Stinger" raketalaryny aldy. Ol ýerdäki rus serkerdesi diýseñ merhemetsiz birine meñzeýär. Daşardan gelen islendik kömegiñ öñüne bent bolýar. Şonuñ üçinem meseläni gönüden-göni özümiz çözjek bolýarys. Rembonyñ öñünde owgan mojahetlerine, ýagny, Talibana "Stinger" raketalaryny äkitmek wezipesi goýulýar. Ol missiýanyñ şefiniñ sözüni kesip: - Munuñ maña näme dahylly bar? Meniñ uruşym bireýýäm gutardy - diýýär. Polkownik Trautman razy edip bilmänsoñlar, Rembosyz Owganystana gitmeli bolýar. Gitmesine gidýärem welin, ruslara ýesir düşýär. Missiýanyñ şefi ýene Rembonyñ ýanyna gelip, polkownigiñ ýesir düşendigini aýdýar. Rembonyñ Owganystan başdan geçirmesi polkownigi halas etme operasiýasy bolup başlaýar. Päkistan-Owganystan serhedindäki Peşawer... Ol bu ýerde amerikan ýesirleriniñ saklanýan sowet garnizonyna gidip bilmek üçin Musa Gani bilen duşuşmaly. Onuñ Musa Gani bilen duşuşan dükany diýseñ täsin ýer. Dükanda hem-ä ruslaryñ düşän minalarynyñ üstünden basyp, goldur aýaklaryndan jyda düşen owganlar üçin protez gol-aýak, hemem her dürli ýaraglar satylýar. Çeper filmiñ surata düşürilen ýyly 1988-nji ýyl... Sowet serkerdesi polkownige: - Owganystanda ýesir düşen birinji amerikan siz bolduñyz - diýýär. Olaryñ arasynda şeýle gürrüñ geçýär: - Näme islegiñiz bar? - Hyzmatdaşlyk. Bu sebit bäş ýyl bäri biziñ gözegçiligimiz astynda. Dogrymy aýtmaly bolsa, bärde indi meñ edip biljek zadym ýok. Eger siz maña meýilleşdirilen "Stinger" raketalaryny gowşuryş işleri boýunça maglumat berseñiz, ikimizem bärden gidip bilerdik. Ahyrynda ikimiziñem isleýän zadymyz şobir zat: Parahatçylyk... - Kremldäki adamlar dogrudanam degişgen eken... Parahatçylykdan söz açanyñyzda bärdäki adamlaryñ tohum-tijini gyrýarsyñyz. - Biz hiç kimiñ tohum-tijini gyramzok. Siz bu propaganda ynanyp biljek derejede akylly adam. - Bu uruşyñ başyny siz başladyñyz. - Ýeñiş biziñ tarapymyzda. - Hiç wagt ýeñiş bolmaz. Esgerleriñiz her gün ýaraglandyrylan azatlyk urşujylaryna (ýagny Talibana) ýer giderýär. Siz garşydaşyñyzy äsgermediñiz. Siz taryhy okamadyñyzmy? Bu sebit hemişe garaşsyzlygyny saklap geldi. Basybalyjylara gul bolanlaryndan ölenlerini gowy görýärler. Bir halky beýdip ýeñebilmersiñiz. Birwagt biziñ Wýetnamymyz bardy. Şindi siziñki-de bar. Rembo kert gaýaly owgan daglarynda sowet garnizonyna bakan at çapdyryp barýarka, Musa Ganiden sapak alýar: - Bu ýerlere Owganystan diýerler. Aleksandr Makedonskiý bärini eýelemek isleýärdi. Soñ Çingiz han, iñlisler eýelejek boldy, indem ruslar eýelejek bolýar. Emma owgan halky hiç wagtam ýeñilmez. Köne duşman bize diýseñ gowy bir doga ýazypdyr. Onda şeýle diýilýär: "Hudaý bizi kepjebaşyñ zäherinden, owganlaryñ ar alyşyndan gorasyn". Sowet serkerdesine Rembonyñ gelendigini habar berýärler. Olam polkownik Trautmandan soraýar: - Ony tanaýañmy? Käbir topalañçylaryñ (Talibany göz öñüne tutýar) kömegi bilen halas ediş operasiýasyny meýilleşdirendigi aýdylýar. Oña bir "hoş geldiñ" diýeliñ. Rembo araçäkdäki Taliban mojahetleriniñ ýaşaýan obasyna gelýär. Musa Gani oña ýene maglumat berýär: - Bu jülgäniñ ugrundaky iñ soñky oba we 100-e golaý adam ýaşaýar. - Çaga köp eken. - Hawa, ýöne olaram eýýäm urşuñ abyny-tabyny ele alan ezber urşujylardyr. Bular "halkyñ mojahetleridir" (Taliban diýmejek bolýarlar). Çäkde garaşyp duran urşujylaryñ ýene 10 müñ sanysy bar. Onuñ ýanynda sowet goşunyndan gaçan Ýuriý atly ýene bir rus lukmany bar. Olam Taliban bilen bile hereket edýär. Rembonyñ Taliban bilen birinji ýygnagynda Ýuriý sowet garnizonyna nähili girip-çykmalydygynyñ maglumatlaryny berýär. Şol sahnada bir mojahet lideriniñ Rembo ýüzlenip aýdanlary diýseñ ünsi çekiji: - Meniñ adym Masut. Ilki bilen saña nämüçin kömek etmändigimizi aýdaýyn. Çagalarymyz keselçilikden, minadan we zäherli gazlardan ölýär. Aýal-gyzlarymyz jynsy zorluga uçrap öldürilýär. Geçen ýyl iñ soñky oturylan Legman obasynda alty müñ owgan öldürildi. Göwreli aýallaryj garynlaryny ýaryp, içindäki bäbeklerine çenli oda atyldy. Muny gelejek nesiliñ owganystanlylary söweşmesin diýip etdiler. Ýöne muny hiç kim görenok we žurnalistler bulary ýazanok. Siziñ bärde görýän erkekleriñiz mojahetler - mukaddes urşujylar. Bu uruş biziñ mukaddes urşumyz... Bir mojahet üçin ölüm ýokdur, çünki biz ylalaşygymyzy Hudaý bilen baglaşdyk we özümizi öli saýýarys. Ýurdumyzyñ we Hudaýyñ ýolunda ölmek biziñ üçin mertebedir. Dostum, şonuñ üçinem aýal-gyzlarymyzyj we çagalarymyzyñ öldürilmegine ýol bermäliñ. Eger halas etjek adamymyz şu taýda bolýan zatlary bütin dünýä aýdyp berse we urşumyzyñ gereklidigini dogry düşündirse, elbetde, kömeo ederis. Geliñ, häzir öz aramyzda bu adamy halas etmegiñ ýollaryny ara alyp maslahatlaşalyñ. Olar gürrüñleşip durkalar, Rembo owgan milli oýny burkaş oýnaýar. Oýun gidip durka "Hoş geldiñ" hereketi - sowet wertolýotlary obany bombalamaga başlaýar. Rembo bir wertolýoty urup ýykyp, talibanlaryñ alkyşyna mynasyp bolýar. Rembo Musa Gani we maşgalasy ruslar tarapyndan öldürilen bir çaga mojahet bilen bile polkownigi halas etmek üçin sowet garnizonyna aralaşýar. We ekşn... Polkownik halas edilýär, çeper filmiñ iñ soñky minutlary... Musa Gani Rembo ýüzlenip: - Galasyñ gelenokmy, bir turist üçin-ä diýseñ gowy uruşýan ekeniñ. Rembo şeýle jogap berýär: - Ýa nesip, ýene bir gezekde... 23.08.2021 ý. Rejep ÝAZGAN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |